Kosmiki agentlik ASTHROS obserwatoriýasyny 2023-nji ýylyň dekabrynda Antarktikanyň territoriýasyndan uçurar. Missiýanyň wezipesi Ýerden elýeterli bolmadyk uzyn ýagtylyk tolkunlaryna gözegçilik etmekden ybarat bolar. Bu barada 21mm.ru habar berýär.

Astrophysics Stratospheric Telescope for High Spectral Resolution Observations at Submillimeter (ASTHROS) 2,5 metrlik parabollik tarelkadan ybarat bolan ykjam teleskopy hem-de aýnalaryň, linzalaryň we detektorlaryň toplumyny öz içine alar. Obserwatoriýa alymlara Äleme ýaş ýyldyzlaryň gowy görünýän uzak infragyzyl diapazonynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Missiýanyň çäginde ASTHROS Ýeriň atmosferasy bilen kosmosyň arasyndaky serhet hasaplanylýan Karman çyzygyndan biraz pese 40 km beýiklige galýar. Teleskopy galdyrmaga geliý bilen doldurylan 150 metrlik howa şary kömek eder. Ol obserwatoriýany buzly günorta yklymyň üstündäki howa akymynda üç hepdäniň dowamynda saklamaga mümkinçilik berer. Teleskopy taýýarlamak işi ýakynda tamamlandy. Ähli bölekleriň bolmalysy ýaly işleýändigine göz ýetirmek üçin indiki aýda ol barlagdan geçirilip başlanar.

ASTHROS Akmaýanyň ýolunda Kil ýyldyzlar toplumyndan başlap, ýyldyzyň işjeň ýagdaýda emele gelýän dört ýerinde gazyň hereketini öwrener we alnan maglumatlaryň kömegi bilen astronomlar bu sebitlerde gazyň dykyzlygynyň, tizliginiň we hereketiniň ilkinji üç ölçegli kartasyny dörederler, bu bolsa täze doglan asman ýagtylandyryjylarynyň gurşap alýan madda bilen özaragatnaşygynyň tebigatyna has gowy düşünmäge kömek eder.

Başlangyç meýilnama laýyklykda, ASTHROS 2023-nji ýylyň dekabrynda uçurylar, şonda obserwatoriýa Antarktidadan uçup, 21-28 günüň dowamynda Günorta polýusyň daşyndan üç ýa-da dört aýlaw eder. Soňra ylmy enjam şardan aýrylar we Ýere paraşýutda düşer.

“ASTHROS ýaly howa şarynda uçuşlar kosmiki uçuşlara garanda has töwekgelçilikli, ýöne az çykdajy bilen köp zady öwrenmäge kömek edýär” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, JPL inženeri Hose Saýles belleýär.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir