SEN HEM SIZ
Siz diýen boş sözi sen diýen eziz
Söz bilen çalyşdy özi-de duýman.
Ýesir ýüregimde tämizden tämiz
Bagtly arzuwlary oýatdy dünýäm.
Durun huzurynda gowşuryp elim,
Gyrpylman bakyp dur garaga garak.
''Siz neneñsi eziz!'' diýse-de dilim,
''Seni söýýän!'' diýip gygyrýar ýürek.
Terjime eden: K. GURBANNEPESOW
* * *
1828-nji ýylyñ 26-njy maýy
Bir säwlik boluban, biderek ýerden
Nämüçin sen maña berildiñ, ömür!
Şum täleý bildirmän geldi-de irden,
Neçün seni ölme etdi ol emr?
Kim ol duşmançylyk odun lowladyp,
Meni gözläp tapan, ýokdan bar eden?
Kim ol ýüregimi beýle howladyp,
Huşumy dargadan, dünýäm dar eden?
Ýok meniñ öñümde maksadym bir-de:
Kalbym öýi boşap, akylym çaşdy.
Galmagal-gowgadan ulaşdym derde,
Gam-gussa basmarlap, hetdinden aşdy.
* * *
Öwüsýär henizem dazlawuk ýeller,
At salýar ertirne şatlawuk aýaz.
Erän gar astyndan gözün çüýjerdip,
Ir bahar gülleri göründi ýañy.
Hamana ajaýyp mum şalygyndan
Çykan dek, hoş ysly bal hüjresinden
Çykyp, uçdy güle tarap balary.
Çykdy barlamaga: gelmedimikän
Al-elwan geýinen bahar pasyly?
Eýsem tiz gelermi ol eziz myhman?
Meýdan gök begresin haçan geýerkä?
Buýrabaş berýoza buýsançly bakyp,
Şireli ýapragny çykarmazmyka?
Hoşboý çerýomuha gül açmazmyka?
* * *
Kawkaz görki, baýtalçam, sen
Tezligiñ goýmaly borsuñ;
Myçma beýle, boldy birçen,
Erkime uýmaly borsuñ;
Gyýa-gyýa bakan bolup,
Al-howa sen toýnak atma;
Belent-pesden böken bolup,
Indi ýüzüñ ýele tutma.
Seredip dur: öwredip baş,
Tez gylygñy soñlaryn men;
Kä gowurdyp, käte ýuwaş,
Jylawyñy deñlärin men.
Terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW
Aleksandr PUŞKIN