Döwlet daşary ykdysady iş banky häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, “Milli VISA karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizmäge taýýarlanýar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Wise-premýer täze bank kartynyň ýurduň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Şeýle-de Müşşikow halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurduň karz beriji edaralary tarapyndan döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank önümlerini halkara derejä çykarmak arkaly olaryň sanyny artdyrmak, ugurdaş edaralaryň işine öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip belledi.

Döwlet Baştutany “Milli VISA kartyň” täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet daşary ykdysady iş banky geçen ýylyň 1-nji noýabrynda “VISA Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” täze halkara bank kartlaryny ulanyşa girizipdi.

Täzelikler, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir