Sowet goşunynda edemde gulluk,
Bir waka ýadymda galdy ömürlik.
«Saga», «Çepe»,
«Ýarym saga-dan» ýadan,
Gullugyň bir aýlyk tagamyn dadan
Esger «Pamirini» otlanja bada,
«Agşam naharyna!» çykdy komanda.
Bu ýerde minut däl, göz-açym salym,
Esgerem howlukdy zyňyldy çilim.
Hatar bile, aýdym bile gidildi,
Esgerimiz pälwan deý nahar edindi.
Nahardan soň ýene rota gaýdyldy,
Şireli, ýumorly aýdym aýdyldy.
Soň agşamky barlag,
bolanda tamam,
«Ýatmak bar eken-ow
— diýdik — sag-aman!»
Komanda eşdildi (buzmy ýa-da ot)
«Ýerinde galmaly üçünji wzwod!»
Ýaňy ýatmak hakda gurlanda hyýal,
Geldi otuz üç pil, ýeke odeýal.
Odeýalyň dört burçundan tutdular,
Üstüne şol zyňlan çilmi atdylar.
Başda ýatmak bilen bolan inerler
Munuň sebäbine düşünmediler.
«Ýol nirä?» — diýdiler ilki bada şat,
«Çilim gabrystanna» — güldi leýtenant.
Sesimiz şadyýan çyksa-da başdan,
Soň peselip gitdi ýuwaş-ýuwaşdan.
Ilki kilometr, soň ýene biri,
Düşekden daşlaşýar esgerleň bary.
Emma soň seretsek — işler ne ýeser!
Otuz kilometr barylmaly ýer.
Diňe şol çilimi zyňan gahryman,
Bu zatlaň sebäbin bilýärdi aýan.
Çydam edip ýoldaşlarnyň kötegne,
Dymyp barýar ýüzün salyp etegne.
...Ýigrim dörtden, ýigrim bäşden
ötdüler.
Ahyr otuzynja baryp ýetdiler.
Otuzynjy bolsa garaňky baýyr,
(Bu işleriň soňy haýyrmy-haýyr).
Ine, öňe çykdy juwan leýtenant,
Çasly sesi bilen buýruk berdi şat:
«Ini-boýy iki metr» — diýdi ol,
«Çuňlugy-da iki metr» — diýdi ol.
«Arassaja gazyň kyn bolsa-da, kyn,
Içinde ýatjagyň sylagy üçin».
Leýtenant şeý diýip, çykdy bir çete,
Gyssyrdy agzyna neşeli «B–T-e».
Soň gazuw başlandy. Şeýle bir gazuw,—
Waspyn ede biler ne dil, ne ýazuw.
Firdöwsiň galamy, Puşkiniň eli,
Maýakowskiniň gazaply dili.
Bir gapdalda ýatan betbagt çilim,
Soňky ýol öňünde alýardy demin.
Biziň esgerimiz demin alanok,
Ýer-ä ýarylanok, olam ölenok.
Onuň hor egninde misli hersi şir
Otuz iki ýigdiň ukusy ýatyr.
Esgeriň ýüregne boldy bir ünji
Otuz ikiň igenmedik igenji.
Ahyr gazuw işi gutaran zaman,
Täze buýruk aldy biziň gahryman.
Çilmi emaý bilen almalydy ol
Hem baky jaýyna salmalydy ol.
Ýöne ol çilimi göterende şat:
«Ynjytmaň merhumy» — diýdi leýtenant.
«Çünki, indi bu çilime dar jahan,
Rotaňam öňünde ýatmaz hiç mahal.
Ýalňyz mazaryna ýoda çekilmez,
Hiç wagt zyňylmaz, hiç wagt çekilmez.»
Soň çilimi emaý bilen gömdüler,
Hormat edip, biraz salym dymdylar.
Ýöne şol dymyşlyk tä rota çenli,
Bozulman, bölünmän sag-aman geldi.
«Podýom!» — diýip, rotadan çykdy
komanda.
Otuz üçler polka girenje bada,
...Bu waka ýadymda galmazdam weli,
Ine şo «weliniň» sebäbi uly.
Häzir boýun aljak, pursatym barka:
Mendim sebäpkäri şol tukat wakaň.
Gurbannazar Ezizow