Şer, erbet işleri edýän adamlar bilen ýoldaş bolmaň, olardan dost tutunmaň. Şeýle ýoldaş ýa-da dost tutunan ynsan salamatlygyny we rahatlygyny ýitirer.* * *
Eger döwleti dolandyranyňda akyldarlara ýüz berip, olar bilen maslahatlaşsaň, ähli aýşy-eşret we lezzet saňa gulluk eder. Ylym eýelerinden ýüz öwürseň bolsa, döwlet–aýşy-eşrete we pyssy-pyjurlyga gulluk eder. * * *
Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, sebäbi olar başga döwürde ýaşaýandyrlar.* * *
Hiç haçan işiň tiz wagtda ýerine ýetirilmegini talap etmäň, onuň gowy ýerine ýetirilmegini talap ediň. Sebäbi adamlar senden ol işiň näçe wagtda ýerine ýetirilendigini däl-de, nähili ýerine ýetirilendigini talap ederler.* * *
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçiadamy ýazgarmaň.* * *
Eger ynsan erbet gylyk-häsiýetlere endik eden bolsa, onda bugylyk-häsiýet onuň ömrüniň ahyryna çenli ýaran bolar.* * *
Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.* * *
Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýäni şiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar saňa hyzmat ederler. * * *
Ynsanyň ylym bilen gazanan gazanjy aýdymçynyň aýdym aýdyp ýa-da tansçynyň tans edip gazanan gazanjyndan köp esse lezzetlidir.* * *
Haýyr-yhsanly iş etmäge çalyşýan adam–dost tutunar. Şer, erbet işleri etmäge çalyşýan adam–duşman tutunar. * * *
Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da berlip biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söýen ynsanlaryna berilýändir.* * *
Eger kimdir biri seniň ondan garaşmaýan hereketiňi etse, onda ol adam babatyndaky garaýşyňa täzeden sersal.