Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşynda Orýol şäherinde wepat boldy. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlady. Okuwynyň arasynda iki ýyl Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etmek bilen 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlady. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine Moskwa şäherine işe ýollady we şol ýerde ol 1993-nji ýyla çenli, Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.

Atajan Tagan türkmen, rus, bolgar, täjik, gyrgyz dillerinde jemi 620.000 ekz. tiraž bilen çap bolan 15-den gowrak kitabyň awtory. Onuň iň gowy powestleri we hekaýalary “Družba narodow”, ”Ogonýok”, “Znamýa”, ”Oktýabr” ýaly meşhur jurnallarda çap edildi, hekaýalarynyň birnäçesi ( esasanam “Uruş haçan gutarýar” hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Hekaýa janrynyň ussady hökmünde A.Taganyň Berlinde, Budapeştde ýörite “Hekaýa agşamy” geçirildi.

A.Taganyň eserleriniň esasynda “Babagambaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”,”Tentek”,“Ogul”(“Ak maýanyň ýoly”) çeper filmleri surata düşürildi, ”Söýgüniň haky üçin” (“Uruşdan soňky söweş”), “Padymanyň tallary”, “Gaýnene“ (“Gaýnene” Gyrgyzystanda hem oýnaldy), “Iň owadan gyz” spektakllary teatrlaryň sahnasynda goýuldy. Onuň “Keseki” (“Pereňli ýesiriň ýatlamasy”) taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda sahnadan düşmän gelýär.

Atajan Tagan Jek Londonyň, E. Hemingueýiň, Ç. Aýtmatowyň, W.Rasputiniň, I.Turgenewiň, M. Lukoniniň, W. Şukşiniň hem başga-da birnäçe rus ýazyjylarynyň eserleri bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy.

A.Tagan Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy. Ol türkmen-rus medeni gatnaşygynyň ösmegine goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň permany bilen “Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at berilen ilkinji türkmenistanlydyr. Kino hem teatr suhgaty ugrunda bitiren işleri üçin Tükmenistanyň Prezidentiiň permany bilen A.Tagana “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly at berildi. Häzirki wagtda ýazyjy "Dünýä edebiýaty" žurnalynda işleýär. Bu ýerde häli-şindi onuň dünýä edebiýatynyň dürdäne eserlerinden eden terjimeleri çap edilýär. Ýakyn wagtda ýazyjy Özbegistanyň "Johon edebiýoty" žurnalynda özüniň "Keseki" atly täze döreden taryhy-dokumental eserini çap etdirdi. Bahym bu eser kitap bolup, türkmen okyjylaryna-da ýetiriljekdigi şübhesiz. Ondan daşary hem Garagum žurnalynda ýazyjynyň "40 ýylda ýazylan kitap" atly gündelik-essesinden parçalar çap edilýär.

Eserleri
Sallançak mukamy, powest
Lal perişde, powest
Aglasy gelýäň ak bulut, powest
Aýylganç baharyň jybarly güni, powest
Serwi gelin ( “Uruşdan soňky söweşiň” täzeden ýazylan nusgasy) powest
Ýalňyzlyk, powest
Jennet derwezesiniň açary, powest
Ogul, (Gyzdurdy enäniň ogly) powest
Hasaplaşyk pursaty, powest
Mähnet dünýädäki kiçijik jaý, powest
Keseki (Pereňli ýesir), roman
Gowşut han ( “Saragt galasynyň” täzeden işlenen nusgasy)
40 ýylda ýazylan kitap, ýatlama—esse
Hekaýalar:

Uruş haçan gutarýar
Ýekşenbe güni öýleden soň
Sazyň piri nirede
Ýedi derýanyň aňyrsynda
Kim günäkär?
Goňşy gelin
Hojaýyn
Şol agşam ýagyş ýagypdy
Awda
Goja, çoluk, Garagöz
Wekil ýegen ogul öýerýär
Gara garganyň gözlegi
Possun
Nowruzda satylan gyzyl alma
Çekir Goşanyň aladay
Leksiýa
Sergin şemal
Gara pagta
Ülker bireýýäm ýaşypdy
Gara seçekli arzan ýaglyk
Hajy aga
Ak çeşmäniň aýdymy
Annagül
Gara dogan
Ýazylmadyk hat
Bossan ene
Üç aýlyk bagt
Ykbal köçesi
Galada
Köne goňşy
Ýekegöz
Halanmaýan adam
Ajal bilen duşuşyk
Gijeki waka
Hassalyk
Süýji kekre
Iň soňky kempir
Gök derwezä barýan köçe
Toýçy
Otly geçip barýar
Ägä
Tersmaňlaý
Bugdaýreňk gyz
Ahyrzaman
Sähra balasy
”Tamdyr”
”Kleptomaniýa”

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir