Bir gezek Marýa bilen Baýew ýene gije üçe çenli dagy oturdylar. Baýew galanja temmäkisini ysgap, gitmäge häzirlenip durka, Marýa kimdir biriniň magaziniň eýwanyna çykyp barýanyny gördi. Ol adam magaziniň gulpuny elleşdirdi, töweregine garanjaklady. Marýa zöwwe ýerinden galdy-da:—Ferapontyç! —diýip, ýüregi ýarylan ýaly içini çekdi. —Seret oňa!Daşaryk sereden Baýewiňem agzy öwelip, eňegi süýnüp gitdi. Eýwana baran adam eýläk-beýläk gezmeledi, ýene gulpa elini ýetirdi. Demriň şaňňyrdysam eşidildi.—Tüpeňle! —diýip, Baýew pessaý ses bilen Marýa ýüzlendi. —Tüpeňle. Äpişgeden güwlet-de goýber.Marýa daşaryk seredip, gymyldaman durdy.—Näme aňk bolup dursuň? Tüpeňle ahyryn!—«Tüpeňle! Tüpeňle!». Janly adamyny tüpeňläýmek oýun zatmy? Sen akylyňdan azaşdyňmy?Eýwandaky adam garawulhananyň aýnasyna tarap seretdi-de, bärligine gaýdyberdi.—Eý, Taňrym, senden medet! —diýip, Marýa pyşyrdady—Sanalgymyz dolaýdy öýdýän.Baýewiň-ä dilem tutuldy. Ol pyşyrdabam bilmän, «Tüpeňle» diýen manyda ýaraga tarap barmagyny çommaltdy.Aýnanyň aňyrsyndan aýak astynda galyp owranýan garyň goýurdysy geldi. Eýwandan gaýdan adam aýak çekdi-de, penjireden içerik seretdi. Şol mahalam geleniň kimdigini tanan Marýa içini çekdi.—Wah, bi Petka ahyryn! Petka Sibirsew! Giriber, giriber, —diýip, Marýa oňa el bulady. —Häh, köpeý ogly. Ýüregim bölek-bölek bolup ýarylarmyka öýtdüm. Muňa serhoşlykdan ýaňa gije bilen gündizi bulaşdyran adam diýerler.Petka içerik girdi-de:—Şu mahal gündizmi ýa gijemi? —diýip sorady.—Mahow diýsänim! —diýip, Marýa gargyndy. —Sen magazine arak almaga gelensiň. Şeýlemi?Petka wagtyň gündiz däl-de, gijedigine örän kynlyk bilen ynandy.
—Ýatyp galaýypdyryn.Baýewem ahyr özüne gelip, janlandy. Ol burnuna temmäki degirdi, ýöne asgyryp bilmän, elýaglygyna sümgürindi.—Bä, gije bilen gündizi bulaşdyrdym diýsene! Içeniňe görä şeýdip içäýseň.Petka Sibirsew oturgyja geçdi-de kellesini gaşady.—Gör-ä bolup ýören zatlary!—diýip, Marýa Petkanyň ýagdaýyna henizem geň galýandygyny duýdurdy. —Ýeri, ataýan bolsam näderdiň?Petka ýüzüni galdyryp, Marýa tarap äňetdi. Ýa-ha ol Marýanyň aýdanlarynyň manysyna düşünmedi ýa-da oňa pisindem etmedi.—Petkanyň kellesi şatlap durandyr —diýip, Baýew halys ýürekden duýgudaşlyk bildirdi. —Ah, adamlar, adamlar! —Ol ýaglygyny çykaryp dodagyna ýelmeşen temmäki owuntygyny, soňam gözüni süpürdi. —Häli, agtygym maňa kitap okap berýä. «Aleksandr Newskiý rus topragyny duşmandan halas etdi» —diýýä. Ýazyşlary erbedem däl, ýöne men ol sözleň ýekejesine-de ynanamok.Marýa bilen Petka goja tarap üşerlişdiler.—Asyl ynanamok —diýip, Baýew ýene bir gezek tekrarlady. —Howaýy sözler. Ýöne şol sözler üçinem ýazan adam dünýäň puluny alandyr.—O nähili howaýy sözler? —diýip, gojanyň aýdanlaryna oňly düşünmedik Marýa geňirgendi.—Jypydypdyr-da. Nä ýalan sözleýän gytmy?—Ol taryhy hakykat ahyryn —diýip, Petka-da söze goşuldy. —Taryhy ýazýan adamlar asyl ýalan sözläp bilmez. Ýöne bolan wakany birneme owadanlamaklary mümkin.—Olar ýaly taryh hakykat bolanok... Newskiý kime syrtyny diräp, rus topragyny gorapdyr? Seň ýalylaramy?Petka ýene gojaň ýüzüne çiňerildi, ýöne sesini çykarmady.—Şu mahal dumly-duşdan gulagyňyza guýup, akyl öwretjek bolup, azar edilende-de, sizi terbiýeläp bolanok. O mahallar dagy bular ýaly terbiýe berýän barmydy?Petka kiselerini sermeşdirip, çilim gözledi. Ýöne ol ne çilim tapdy, ne-de otluçöp, ahyram ýaşula:—Gazete ýaz-da, taryhyň ýalňyşyny çykar —diýip, ýerinden turdy.
Marýa bilen Baýew äpişgeden Petkanyň yzyndan seretdiler. Ýaş ýigidiň aýagynyň astynda galan doň gar owranyp, üýtgeşik ses edýärdi. Ol ses Petka magaziniň gapdalyndan aýlanyp, gözden ýitensoňam eşidildi durdy.—Megerem, olar bu gün toý edýändirler —diýip, Marýa öňürti gepledi. —Petkaň aýal dogany nemä... otükä äre çykýar ahyryn. Kim-äol? Adyny tapsana. Agronom aýalyň yzyndan gelen doganynyň ady nämedir-ä? Tapsana...—Men näbileýin oň adyny. Bilesimem gelip duranok. Bir topar ýygyndydan ýygnananyň haýsy biriniň adyny bileýin men. —Baýew özüniň ýadawlygyny duýdy, aýagam gurşdumy-nämemi, doňan ýaly boldy. Petkaly wakadan ol gorkmanam durman ekeni.—Gije bilen gündizi bulaşdyryp... Heý, o derejä ýetinçäňem bir içmek bormy?..—Gije-de süýt ýaly ýagty. Ukudan oýanyp, daş çykandyr-da, ýagty bolansoň magazine gaýdyberendir.—Nä Gün bilen Aýy tanamaýamyşmy?Marýa güldi.—Köpräk içendir-dä.Baýewiň içinde bir jugurdy peýda boldy. Ol derrew temmäki gutujygynyň agzyny ýapdy-da ýerinden turdy.—Men gideýin. Sag otur.—Sag bol, Ferapontyç. Ertirem gelgin. Men ertir kartoşka-da getirjek. Oda gömüp iýeris. Gelgin.—Iýeris, hökman iýeris —diýen, Baýew tizräk jaýdan çykmak bilen boldy.Marýa Baýewiň meýdançany kesip, köçä geçişini synlap durdy. Aýagynyň burnuna garaýan goja howlukmaç gidip barýardy. Onuňam aýagynyň astynda galangarlar owranyp, ses edýärdi. Ýöne Petkanyň aýagynyň astyndaky ýaly onçakly şatyrdamaýardy. Sebäbi Baýew keçe ädiklidi.Töwerek şeýlebir ýagty, şeýlebir ümsümlik, şeýle bir nuranady welin, ol gözellige gowy edip üns berseň, öz-özüň birhili boluberýärdiň. Tolgunýardyň. Aşakdan bir ýerden dörän gyzgyn çümşüldi ýüregiňe tarap ýönelýän ýaly bolýardy-da, çekgäň çalarak titreýärdi. Gulagyňda bolsa, beýnä baryp urýan ganyň sarsgyny ýaňlanýardy. Bar bolan waka şol. Jahanda şol sesden, şol sarsgyndan gaýry zat ýokdur hemem ýüpden asylyp, sallanyp duran Aý bardyr

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir