—Bolmandy... —diýip, Baýew uludan dem aldy... —Gözünden nadyly bolmandy, ýöne tohumymyzda akyllysam ýokdy. —Ol temmäki çüýşejigini kisesine saldy-da, oýa batdy. —Meni kakam pahyr nätdi? Oň edeni akyla sygjak zat däl. Mekdebe goýbermejek bolup, elinden gelenini etdi. Ýogsam men öljek okajakdym, Mekdebiň kethudasy telim gezek öýümize-de geldi. «Şunyň ýöne däl, hökman bir zat bolup çykar. Okat.» Kakama bolsa geregi meň okuwym däldi-de... Dünýäden öteniň günäsini ýatlamak gowy däl-dä. Öňünde dyza çökup, möňňürip ýalbardym. Ähli yhlasym edil daşa damja damana döndi. «Geç otur ojak başyna, hyýal etme daşyňa.» Ana, kakam pahyryň ähli heňi şoldy.Bolsa-da, gijelerine kakamdan gizlenip, alagaraňkyda kitap baryny okap çykdym. Ana onsoň, alagaraňkyda kitap okan gözüň soňy ibaly bolarmy?—O nä seň okuwyňa beýle garşy durduka?—Ony özünden sora. Nämemiş, okuw daýhan adamyň pişesi dälmiş. Pahyr hem düşünjesizdi, hem hötjetdi. Ondan ýaňa ýüregimde ömürlik kitüw galdy, Ýadyma düşýä, bende öljek bolup ýatyrka: «Kolýa, günämi öt, men seň okamagyňa..!» —diýipdi. Näme diýmelidigi-hä bellidi welin, nä olar ýaly pursatda gaty-gaýrym söze diliň aýlanýamy. «Suw seňrikden agansoň...» —diýýäň-de, öz-özüňi köşeşdiren bolýaň. Ýogsam meň kelläm edil täze sagat ýaly işleýädi. Goşgy dagy iki gezek okalar welin, gylyny gymyldatman ýatdan gaýtalap oturandyryn. Kelle bardy-da.—Kakaň pahyr ahyr öz ýalňyşyna düşünip, «bagyşla» diýipdir-ä.—Soňundan düşündem welin... «Hudaýyň haky üçin, gaýrat et-de, bir arzajyk ýazyp ber» —diýip, ýa şoňa meňzeş haýyş bilen üstüme geler durardylar. Ýumuşlaryny bitirersiň welin, aklyk diýip ýumurtgajykmy, towujakmy, käte eslije ýüňmi,garaz, geler durardy. Arza ýazmak dagy meň üçin bir owurt suw içençe-de ýokdur. Mekirräk ýazmaly ýerinde mekir, ejizlemeli ýerinde gözýaş döküp, möňňürip, başga, ýokarrak ýazmaly bolsa adresini üýtgedip... Aý, garaz elimden gelýärdi-dä. Şeýdip, oňaryp ýazaýmagam her kişiň işi däl. Ýazarsyň-da «Bar, işiň oň bolsun!» diýip goýbärsiň. Ol bende hoş bolup gider. Ýöne, aňyrsy ýarym sagadyň içinde men bir towuk ýa jüýje gazanýanymdan habarsyz ýaly, alkyş baryny ýagdyryp gider. Kakam pahyram meň mekdepde okamadyk halyma şonça eklenç edýänimi görüp, sümügini çekip oturandyr. Özüniň günäkärdigini bilýä-dä.
Il deňinde partada oturyp okaýan dagy bolsam men dag opurjak ahyryn. Aý, bolýa-da. Şu ýagdaýyma-da şükür. Öz-özümden okap ýarym hasapçylyga, soň buhgalterlige ýetdim. Şu mahalky paňkelleleňki ýaly on ýyl dagy okadylaýan bolsam, men bu jelegaýlarda durmazdym. Wah! Aý, bolýa-da. —Baýew çyny bilen hasrat çekdi. Hatda onuň gözlerem nemlendi. Ol jaýtarylyp duran süýem barmagy bilen gözlerini süpürdi. —Indiki ökünçden peýda ýok. Geçen geçdi, bolan boldy. Ýöne, oýlanyp görýän welin, meň elime degen işleň hetdi bar-da, hasaby ýok. Baý-ba! Meni barlagçy edip, başga raýonlara-da iberýädiler. Ýat raýona gidip barýansyň, içiňden bolsa «Barjak ýerimde meň bary-ýogy üç klas bilimimiň bardygyny biläýseler nädip bor? —diýip, pikir aýlaýansyň. Ähli okanyňy jemleseňem dört ýarym aý bolýar. Özüňem derňewçi bolup barýaň.»—Alla saňa okamaga yhlas-ha beren ekeni —diýip, Marýa gara çyny bilen gojanyň sözlerini tassyklady. —Beýle yhlas adamda nädip döreýäkä?—Ol iniş-çykyşa düşünmekden döreýär —diýip, Baýew düşündiriş berdi. —Men asyl özümi bilelim bäri barypýatan synçydym. Heniz oglanjykkam dyza ýetip duran suwa dagam giräýýädim. Ýadyňa düşýämi, obaň ýeňsesinde bir köljagaz bardy? Ramen köli diýerdiler. Şoňa girip, gazyk ýaly bolup durandyryn. Bir sagat däl, iki sagat däl. Tutuş ýarym günläp durandyryn. Özem suwuň düýbünde näme bolup geçýänini seljerýändirin. Bu zatlar Hudaý tarapyn bolýan zatlar-da. Kakama galsa-ha edep-ekrama derek şelpeli şarpyk beräýmese. Boljagymdyr-da. Boljak oglan bolşundan belli diýip eşitmänmidiň?—Şo-da. «Boljak oglan bolşundan belli» diýleni-dä. Men welin, başga iş bilen pişäm bolman, uzynly güni daşarda oýnap geçirerdim.—Günä-de göterýän bolmagym mümkiň welin —diýip, Baýew töweregine garanjaklady-da, sesinem pessaýlatdy. —Ýatan ýeri ýagty bolmuş, ejem pahyr meni başga birinden alan bolaýmasa.—Hudaý diýeweri! —diýip, Marýa tisgindi-de, edil Baýew ýaly töweregine garanjaklap, sesini peseltdi. —Seň ejeňmi? Anisýamy? Hudaý diý, Baýew. O pahyr beýle iş edip biljek adama çalymdaş däldi. Sen kakaňa meňzeýäňem ahyryn. Sakgalsyz diýäýmeseň, jortmagrak diýäýmeseň, başga sypatlaňňa kakana meňzeýä. Agzyňy haýyr aç. Ejeň pahyr seni kimden alyp bilsin?Baýew ýene temmäki çüýşesine ýapyşdy.—Ejem meni başga kişiden almadyk bolsa, onda men kime çekip beýle kelleli bolýamyşym? Şo ýyllar şu töwerekde amerikanlar bardy. Dagdan bir zat-ha gözleýädi özlerem. Kim bilýär. Megerem, ejem pahyr şolar bilen dagy arasyny sazlan bolaýmasa. Amerikanlar jalaýrak milletdir öz-ä...—Onda näme sen amerikanly däl-de...—«Duza gaçan duz bolar». Kimiň elşnde össeň, şoňa-da çalymdaş borsuň-da. Adam dagy näme, hol-ha item öz eýesine çekýär ahyryn. Günä götermek-hä gowy däl welin, ejem pahyr meni şol amerikanlylardan alandyr-la. Daýhan
tohumyndan däldigimi ýüregim syzyp dur. Ýer sürmek, ekin ekmek diýen ýaly daýhançylyk hysyrdysyny oglanlykdanam sulhum almaýady. Çakyr-şerap bilenem il däl men. —Baýew özüni daýhan neslinden däl edip görkezmäge dyrjaşsa-da, içinden öz aýdanlaryna müňkür bolýardy. —Oýlanyp görýän-de: «Daýhan tohumyndan bolsam, daýhançylyk gylyklary nirä ýitirim boldy menden?» —diýen netijä gelýän. Ýer depesim gelmese-de, içgini halamasamam, baýramçylyklarda-ha bir çaýkanardym-da. Mellegiň-ä gyrasyndan barsam keýpim gaçýa. Içgidenem men daş. Ýöne kontorda otursam welin, keýpim uçýa...—Kanturda oturmagy hiç kimem kem görýän däldir —diýip, Marýa ýanjady. Kantur hem ýyljajyk, hem abraýly ýer.—Kantur beýle gowy ýer bolsa, hany oturjak bol-da. Özüňem erkek adamyň etmeli işine baş goşup, uzyn gijäňi garawulçylykda geçirýäň. Kim saňa kanturda oturma diýýä? Bar, otur-da.—Otur-da...—Kanturda-da her öňýeteni oturdanoklar. Oňa-da kelle gerek, kelle. Men şo kanturagerek kelle hakda-da gürrüň edip otyryn-da. Eger men daýhan atadan dörän bolsam, kelläm ne sebäbe daýhan kellesi bolmandyr?—O döwurde obada erkek göbekli galdymy? Çorba çykjagyny urşa çagyrdylar. Uruş...—Uruş... —diýip, Baýew Marýanyň sözüni böldi.—Urşa gidenlerem göre-göre gelýäs. Eliňe nagan alyp, bokurdagyňy ýyrtanyň bilen kelekden kelle getirdigiň bolýamy? Bizde eýsem bokurdagyny ýyrtyp galmagal edýänler azmy? Hol Wanýa Kysany alyp gör. Oglanlykdan eli pyçakly ösdi, türmedenem gözi açylmady. Ana, şonam edermen, gahryman hasap edýärdiler...—Tapdyň gahrymany!—Gahryman kemi ýok. Eýsem şondan batyr adam barmy? Hany, tap-da.—Wanýa Kysa gahryman däl, galtaman. Galtamanam galtaman bolýa. Men watan goraýan mert adamlar hakda aýdýan. Ana, Iwan Kozlow. Soldatlykdan komandirlige ýetdi. Döşi orden-mydaldan doludy. Ýadyma düşýä, hemmämiz şoň suratyny görmäge ylgapdyk.—Ol aýdýanyň dogry —diýip, Baýew iki egninden demini aldy. Ol çalasowat Marýanyň jedelde özüne taý däldigini gizlejegem bolup durmady. Onuň pikiriçe, Marýanyňky ýüzleýräk gelýärdi. —Kamandir bolmak, orden dakynmak, jarkly ädik geýmek... Elbetde, olaňňam adama täsiri bardyr. Ýöne, kelläni welin hiç hili orden bilen çalşyryp bilmersiň. Aslynda bolmasa, kelle diýilýän zat näme etseňem diňe telpek üçin ýaradylan boş kädiligine galar.Baýew bilen Marýa şeýdip gije üçe-dörde çenli gürrüň edip oturdylar, pikirleriniň deň gelen ýerem boldy, sözleriniň azaşan ýerem. Her niçigem soňy düz boldy,
tersleşmediler.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir