Marýa Seleznýowa kiçeňräk bakjada işleýärdi welin, onda bir keseltapdylar-da, başga işe geçmegi maslahat berdiler. «Bu ýaşdan soň indi men nädip başga işe geçeýin? —diýip, ol uly alada galdy. Onuň pensiýa çykmagyna-da bary-ýogy ýyl ýarym wagt galypdy. —Başga bir hünär öwren diýmek dilde aňsat. Hünär öwrenäýmek sagyňdan çepiňe agdarynyp ýataýan ýaly däl ahyryn».Gürleşdiler, gülüşdiler, ahyram oňa oba magazininiň garawullygyny hödürlediler. Marýa Seleznýowa oturdy, pikir etdi, oýlandy, iň soňunda-da ol işe razy boldy. Şeýdibem täze işe başlady.Garawulam-a bolsa boldy welin, Baýew atly bir goja-da her agşam Marýanyň ýanyna gatnamagy çykardy. Baýew ömrüni kä oba sowetiniň, kä kolhoz prawleniýesiniň, kä deri edarasynyň kontorasynda işläp geçiren adamdy. Ol tutuş ömri boýy çot kakdy. Onuň kakan düwmejikleriniň baryny birýere ýygnasaň, uly tam ýaly boljakdygyna şübhe ýokdy. Özem gaty ümsüm adamdy. Sokulmasyz ýere sokulyp, geplemesiz ýerinde samsyklaç gepläp ýörenlerden däldi. Oňa garamazdan, Baýewiň akylly söz aýdan pursatyna-da gabat gelen ýokdy. Şeýdip, orta-miýana bolup, ol altmyş üç ýaşy orta atdy, iki sany gyz ýetişdirdi, oglunyň üstüne kaşaň öý dikdi. Ol ümsüm adamynyň basyrylgydygyna adamlar gaty giç düşündiler. Baýew ömrüni biderek geçirmedi, köp iş etmäge ýetişdi, durmuşynda-da kem zady ýok. Akylsyz adam däldiginesoňabaka Baýewiň özem ynandy, gepinde-gürrüňinde-de akmak däldigini syzdyryberdi. Ozallar akylly-başly adamlary onuň sulhy almaýardy, olar bilen jedelleşmeýärdi, olaryň artykmaçdyklarynam boýun alýardy. Indi welin, ol akyllylardanam çekinmegini goýup, ömrüniň ahyrynda, özüni barypýatan akylly hasaplaýardy. Soňky wagtlarda Baýew ukusyzlyk derdine ýolukdy. Şonuň üçinem ol gümür-ýamyr edip, wagt geçirmek niýeti bilen magaziniň täze garawulynyň ýanyna gatnamagy çykardy.Marýa garawulçylygyny gündiz dellekhanabolýan jaýjagazda geçirýärdi. Dellekhananyň penjiresinden magaziniň çar töweregi görünýärdi.Gündizlerine dellekhana öwrülýänligi zerarly, ol jaýdan gijelerine-de atyr ysy burk urýardy. Hezillikdi. Hiç hili howpam ýokdy. Dumly-duşda elektrik çyrasy ýanýanlygy sebäpli daş-töwerek gündizlik ýalydy. Üstesine, ilkagşamdan Aýam ýalbyrap dogýardy. Parlak Aý gyrasyndan ýüp dakylyp sallanan ýaly ýere şeýlebir golaýdy welin, hut eliňi uzadyp tutaýmalydy. Gündiz az-kem eräp, agşam sowugynyň düşmegi bilen birneme gyrpaklan gar hem Aý nurunyň astynda kümüş ýaly lowurdaýardy.Garawulhanada çyra ýakylmaýany üçin penjireden içerik girýän şöhle diwaryň, potologyň ýüzünde oýnaýardy, dürli reňkli keşde çekýärdi, ol keşdelerem hereket edýärdi. Şeýle gözel görke girýän jaýjagazyň içinde ikiçäk oturyp gürleşmek, äpişgeden görünýän ajaýyp dünýä syn etmek, şol dünýäň içinde özüňiňem bardygyňy duýmak örän ýakymlydy. Ýene daň atar, ýene täze gün başlanar. Täze
günde-de sen bolarsyň. Belkem, ertirki gün bu günküden bähbitli bolar. Ýaşamagy başarsaň, bähbitli güne-de garaşybermeli-dä.—Adamlar nähili ýaşaýarlar diýsene. Olar diňe şu günüň aladasy bilen ýaşaýarlar. Ertiriň gamyny iýýän ýok —diýip, Baýew adamlaryň ýaşaýşyna bolan garaýşyny seljerýärdi. —Ömür diýilýän zadyň bolsa iňsoňky nokady hakda-da oýlanmak gerek. Ölçeg gerek, ölçeg! —Şuny diýen Baýewiň ýüzi aladalandy, ýokarky dodagy bolsa süýnüp, tas burnuna ýetipdi, gözi çakgyň çüýüne döndi. —Akylly adam malyny ölçäp-döküp görmän, jaý salmaga başlamaz. Hasap-hesip işinde oňa smeta diýilýär, ýagny ölçeg. Käbirleri ýorganyna görä aýak uzatman, islän ýerine elini uzadyp ýaşamak isleýär. Şeýtjek bolup, ähli zadyny orta dökýä. Beýle bol-telkiçiligem gaty uzaga gitmeýär. Otuz ýaşa çenli tarhan bolup ýaşaýa, otuzdan soňam pyrk bolýa. Ähli zady gutarýa.Marýa ol sözleri baş atyp tassyklady. Ömrüni kontorlarda oturyp geçiren, bil agyrtmadyk, gazananyny ýygnap-düýrüp saklan, emlägi ýene azyndan ýigrimi ýyla arkaýyn ýetjek tyňkyja Baýew dogrudanam akylly bolup göründi.—Bir gezek men şäher keselhanasynda ýatdym. Newerow äkidip ýerleşdiripdi. Uruş döwründe ispolkomyň başlygy bolup işlän Newerowy tanaýaňmy?—Ýadyma düşenok. Olaň haýsy birini tanajak. Her ýyl biri başlyk bolýady ahyryn.—Wasiliý Iliç Newerow... O mahal süýt plany dolmaýardy. Plan dolmasa-da, Newerowyň iki aýagyny bir gonja sokýardylar. Döwür şeýledi. Men oň kabinetine bardym-da: «Wasiliý Iliç, plan dolmagyň syryny öwredeýinmi?» —diýdim. «Hany öwret!». «Kolhozçylar sagan suýtleriniň baryny tabşyrýalarmy?». «Tabşyrýanbolsalar gerek. Näme diýjek bolýaň?». «Siz gowuja edip derňäň, süýdüň hemmesi geçýän däl bolaýmasyn».—Baý, şonda heläk edipdiler-ä, —diýip, Marýa geçmişi ýatlady. —Sygyry sagaga-da, ähli süýdi geçirersiň. Zor etseň, çagajyklara bir kürüşge alyp galarsyň. Süýt plany şeýlebir agyrdy welin, akyla sygar ýaly däldi.—Sen yzyny diňle! —diýip, geçmiş ýatlalanda, öz teklibini göz öňüne getiren Baýew janlandy. —«Süýdüň baryny ýygnadyňyzmy ýa ýok?». Ol bir gyzjagazy çagyrdy-da: «Hany, swodkany getir» —diýdi. Swodka seretdik. Ýygnalman galan süýt ujypsyz ekeni. «Aý, ugurly zat galmandyr-la». Men oňa: «Indi gulak as —diýýän. —Hany, ölçerip-döküp göreli. Döwlete şunça, näçedigi häzir ýadymda däl, süýt bermeli. Şeýlemi? Kolhozçylar-a baryndan beripdir. Galan süýdi nireden almaly?» Ol maňa: «Sen meň beýnime nemetme-de... ibaly maslahat ber» —diýýär. Agzy gaty hapady bidöwletiň. Men «Hany, hasaplaly» diýen manyda maglumat ýazylan kagyzy elime alýan-da: «Aýdaly, sen bäş ýüz litr süýt tabşyrmaly» diýýän. —Baýew göz öňüne getirýän çotunyň bäş sany düwmesini hyýalynda kakyp goýberdi-de, assyrynlyk bilen Marýanyň ýüzüne seretdi. —Şeýlemi? Bu sygyrlaň süýdüniň ýaglylygy şunça prosent diýen hasapdan. —Baýew hyýaldaky çotunyň ýokarky düwmelerinden birnäçesini kakdy. —Indi seň sygyrlaň süýdüniň ýaglylygy bäş ýüz litre däl-de, pesiräge erjeşýändigi aýdyňlaşýar. Şeýlelmkde ýaglylyk derejesini doly gazanmak üçin, aýdaly, bäş ýüz
litre derek bäş ýüz ýetmiş bäş litr süýt geçirmeli. Düşünýäňmi?Marýa häzirlikçe Baýewiň hasabyndan baş çykaryp bilmeýärdi.—Olam şol mahal seň şumatky bolşuň ýaly hiç zada düşünmän, ýüzüme mölerip seredip otyrdy. «Ýaglylyk derejesini bir prosent aşak düşürseň, goşmaça süýt gazanarsyň» diýýän. Kolhozçylaň beren o süýdüni nädip döwlete geçirjek?Kagyz ýüzünde süýt bolsa, ony geçirmegiň ýagdaýy tapylýa-la. Wasiliý Iliç muňa şeýle bir begendi welin, heý goýaý ýöne! «Eden hyzmagyň üçin diliň geplän zadyny bereýin» —diýýär. Men oňa «Zat berme-de, meni şäher keselhanasyna elt-de ýerleşdiräý» —diýýän. —Ýatyp dynç alar ýaly. Äkitdi.Döwlete süýt tabşyrmak planyny doldurmagyň bulaşyklygyndan Marýa henizem baş alyp çykyp bilmeýärdi.—Dile düşmez ekeniň-aýt! —diýip, Baýew ýagdaýy düşündirmäge durdy. —Ine, sen tabşyrmaly bäş ýüz litr süýdüňi geçirdiň. Saňa bolsa «Graždanka Seleznýowa, borjuňyzy berjaý etmek üçin siz ýene ýetmiş bäş litr süýt geçirmeli» diýýärler. Sen, elbetde, oň sebäbini sorarsyň. Men ýaly hasapdanyň biri çotuny eline alar-da: «Ynanmaýan bolsa, gel, bileje hasaplap göräýeli» diýer welin, diliňi ýuwudan ýaly bolup duransyň-da. «Ýalňyşlyk goýberilipdir. Süýdüň ýaglylyk derejesi nädogry ölçelipdir. Hasapçy ýalňyşypdyr. Özem şu mahal keselhanada ýatyr...» Özüň obaly bolsaň, o keselhana düşäýmek häzirem hyllalla. Men bolsam, şo mahallaramdüşdüm oňa.—Näme üçin keselhana düşdüň? Näsagladyňmy?—Saňa men nädip düşündirsemkäm?.. Kesellämok. Umuman kemim-ä bardy, gözüm şo ýyllaram... Zordan ýolumy aňşyrýadym. Gözüm üçin meni urşa-da almandylar. Ýöne, o gezek göz üçin ýatmadym. Nädip aýtsamkam saňa... Gepiň küle ýeri, şäher keselhanasynda ýatasym geldi-dä. Jahylkamam şäher keselhanasynda ýatmagy arzuw ederdim. Ahyr amatly pursat geldi-dä... Hawa, keselhana bardym. Jygyldap duran ýaýly kerebat, päkize ýorgan-ýassyk, ak gar ýaly ýapynja,gapdaljygynda-da tompuçka... Nirede gören zadyň! Dogry, jaýda ýeke özüm däl. Menden başga-da dört sany degenek pyýada. Her haýsynyňam öz derdi bar. Biriniň eli saralgy bolsa, beýlekisiniň maňlaýy daňylgy. Bir traktorçy ýatyrdy welin, arkasynyň ýary ýanaýan ekeni. Benzin döküläýse nätjek. Bolsa-da men ahyr öz maksadyma ýetdim.—Keselsiz-dertsiz hassahanada ýatmakdan görýän peýdaň näme? —diýip, aýdylýan zatlara akyl ýetirip bilmeýän Marýa sorag berdi.—Ullakan peýda-ha ýok welin... Näsaglara nähili hyzmat edilişini biljek boldum. Şäher keselhanasynda ýagdan düýpden başgamyş, näsaglara hyzmat edilişem üýtgeşikmiş diýýärdiler. Aý, men-ä üýtgeşik hyzmat görmedim. Gaýtam «Niräň agyrýar?» diýip, bizar-petiňi çykarýarlar. «Ýüregim agyrýar» diýýän. Nä seň ýüregiňi açyp görýän barmy. Endam-janymy pitikläp çykdylar, diňläp gördüler. Başaran goşlary bolmady. Keselhana, adamlar hakdaky gürrüňe biz näme üçin başladyg-a?.. Hä, palata girdim. Şo pyýadalar ýatyrlar. Men adam şekilli salam
berdim-de, ornuma geçip gyşardym. ýol uzak, ulagam siltäp-siltäp janymy aldy halys, uklaýsamam kem görjekgä. Ýatyp turdum welin, ýaňky haýwanlar maňa «Analiz tabşyrmaly» diýýarler. «O nähili analiz?». «Ilk-ä bäş-on damja der tabşyrmaly, soňam tezegiňi. Özem dokuz ýüz gram bolmaly». Elbetde, men o habara geň galdym. Ýöne...Şu ýerde Marýa şeýlebir güldi welin, gözleri ýaşaryp gitdi. Baýewem birbada gülen boldy, soň ol gürrüňdeşi gülüp bolýança garaşdy.—Nätdiň onsoň? —diýip, ýaglygynyň ujy bilen gözüni süpüren Marýa sorag berdi. —Ýygnadyňmy?—Der ýygnap başladylar, —diýip, durmuş sapagy hökmünde aýdýan gürrüňiniň gülkä öwrülmeginden närazy bolan Baýew tutuk jogap gaýtardy. —Üstüme iki-üç sany ýorgan basdylar. Boş çüýşänem goltugymda saklamagy öwretdiler. Goltugymdan şol çüýşä der akmalymyşyn. Edýän oýunlaryny gör olaň. Özlerem näsag diýjeksiň. Jahanda şeýle aýylganç uruş gidip durka, mehanizator bolanyň sebäpli jeňden alyp galanlary üçin, bardygyňam duýdurman ýatmaly welin, olaň ýadyna oýun düşýä. Adamzadyň gurluşy şeýleräk-dä. Olar bar zady tersine edýärler. Kellä gelmejek güýmenje tapýarlar. Ertirki günüň bardygynyň, ol güni nädip ýaşamalydygynyň, harç-harajatyň aladasyny edýändirler öýdýäňmi? Et nire! Beýle döwletli pikir edenlerinden, diş gyjap ýatanlaryny gowy görýärler.Dokuzýüz gram tezegi ýatlap Marýa ýene güldi. Baýewiň soňky asylly gürrüňlerini eşidensoň, gülmegiň ýerliksizdigine düşünse-de, ol saklanyp bilmedi.—Nätdiň? Onsoň ony ýygnadyňmy? —Marýa ýene gözüni süpürdi. —Meni bagyşla, Nikolaý Ferapontýewiç, özüme erk edip bilemok. Gaty gülkünç-dä. Dokuz ýüz gramy nätdiň onsoň?—Ähli gepem biziň özümize erk edip bilmezligimizde-dä —diýen, Baýew Marýanyň özüni alyp baryşyny halamady. —Ýagşa-ýamana parh goýman ýaşaýas, sebäbi özümize erk edip bilemizok. Içýäs, gezýäs,enteýäs... sebäbi, özümize erk edip bilemizok. Anha, meň giýewim maşgalasyndan aýrylyşmaga çenli baryp ýetdi. Nämemiş, özüne erk edip bilmeýämiş. Bir topar haýwan! —Baýew örän gaharlandy... —Elime pilsap alaga-da kluba baraýsam-a bilýän... «Bokurdak ýyrtmagy öwrenýäňizmi? Satanyňyzy ýirip, tans etmegi öwrenýäňizmi? Hany indi boş kelläňizi şu taýagyň aşagynda goýmagam bir öwreniň. Şeýdip men size durmuşyň nämedigini okadaýyn.» Haýwança ýok haramzadalar.Ikisem dymdy. Marýa-ha uludan demem aldy. Sebebi, oňam gyzy bardy, oňam durmuşy bişeýkeldi.—Düzedip bolsa, oňa ýetesi zat ýok welin. Olara nädip kömek etjek?—Kömek edip bolmaz —diýip, Baýew kesgitli gepledi. —Goý, özleri düşünişsinler. Ýene dymdylar.Baýew kisesinden çykaran çüýşesinden bir çümmükysgalýan temmäki aldy-da,
burnunyň deşigine taýly gezek eltdi, körjümek gözlerini gyrpyldadyp, keýp bilen yz-yzyna asgyrdy.Temmäkili çüýşä tarap ümlän Marýa:—Gözüňe nepi degýämi? —diýip sorady.—Wah, şuň güýji bilen yra-dara ýolumy aňşyrýan. Ýogsam birçak kör bolup gitmeli ahyryn.—Seň gözüň nädip zaýa boldy? Ýogsam tohumyňyzda-da garagyndan nadyly bolmandy.—Bolmandy... —diýip, Baýew uludan dem aldy...

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir