Ene Baýramberdiýewa
Ene Baýramberdiýewa 1939-njy ýylyň 9-njy fewralynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde eneden bolýar. Onuň sungata sary uzaýan ýollary Magtymguly etrabynyň çagalar öýünden başlanýar. Ol ýaşlykdan aýdym aýtmaga, tans oýnamaga ezber gyz bolup kemala gelýär. Ol ýörite çeper höwesjeň gözden geçiriliş esasynda ýörite saýlanyp, 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň 10 günlügine gatnaşýar. Ene Baýramberdiýewa Moskwada geçirilen festiwalda hor toparynda çykyş edýär. Bu şowly çykyş onuň hünär saýlamagyna täsir edýär. Şol ýylyň özünde ozalky Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň kitaphana bölümine okuwa girýär. Talyp döwürleri opera we balet teatrynda hor toparynda çykyş edýär. 1958-1963-nji ýyllarda Moskwanyň A.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral sungat institutynda teatr we kino artisti hünäri boýunça bilim alýar. 1963-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. 1964-nji ýylda Ýaş tomaşaçylar teatrynyň açylmagy bilen, şol teatra işe geçýär. Öz döwrüniň meşhur sahna eserlerinde, esasan, baş keşplerde: «Çandunyň başdan geçirenleri» oýnunda Puştanyň, «Maşgala» oýnunda Olganyň, «Ökünç» oýnunda Kümüşiň, «Aý tutulan gijesi» oýnunda Zümerrediň keşbini döredýär. 1990-njy ýylda Aşgabatda açylan «Jan» teatryna işe geçýär. Ene Baýramberdiýewa bu teatrda «Jan», «Däli Domrul», «Aman daýy», «Suwulgan» ýaly oýunlar bilen Russiýa, Türkiýe, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Özbegistan, Gruziýa ýaly döwletlerde çykyş edýär.
Ene Baýramberdiýewa kinoda hem birnäçe keşpleri döretmäge gatnaşýar. Ähli düşen filmlerinde enäniň keşbiniň ynsanýete mähribanlygyny, ezizligini, hamraklygyny öz ussatlygy bilen açyp görkezýär. Ol «Gämiçiniň jany bir» filminde Gözeliň, «Ýyldyzlar öçmeýärler» filminde Aýjan ejäniň, «Mollatorgaý» filminde How enäniň, «Muňa durmuş diýerler» filminde Mähri enäniň, «Ak maýanyň ýoly» filminde Gyzdurdy enäniň, «Gülýaka» filminde Gülnäz enäniň keşbini döredip, özüniň eneligini bütin manysy bilen tomaşaça ýetirýär.
Ene Baýramberdiýewa Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe bolýar. Ol 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.