Alty Garlyýew 1909-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda eneden doguldy.
A.Garlyýew Türkmen milli drama teatrynyň döredilen ýyly hasaplanýan 1929-njy ýylda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň studiýasyny ilkinjileriň hatarynda tamamlaýar. 1931-nji ýylda bolsa häzir Azerbaýjan döwlet medeniýet we sungat uniwersiteti bolan Baku teatr tehnikumynda režissýorlyk bölümini tamamlaýar. Ol bu okuw jaýyny tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Teatrda işläp başlandan soň, onuň ilkinji döreden täsirli keşbi «Doňuzlar» spektaklynda demir ýol bekediniň başlygynyň keşbi bolup, ol özüniň döreden bu keşbinde ýiti degişme äheň çaýmagy başarýar. Ondan soň A.Garlyýew W.Kirşonyň «Ýeller şäheri» atly oýnunda Listikowyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
XX asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap A.Garlyýew režissýorçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Ol akademiki drama teatrynyň sahnasynda režissýor hökmünde «Pagta», «Aýna», «16-njy ýyl», «Japbaklar», «Başlyk» ýaly oýunlary sahnalaşdyrýar. 1941-nji ýylda ol opera we balet teatrynyň baş režissýory bolýar. Opera we balet teatrynda işlän döwründe A.Garlyýew «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr» operalaryny sahnalaşdyrýar. 1955-nji ýyldan başlap A.Garlyýew Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň baş režissýory hem-de aktýory bolup işleýär. Teatryň işi bilen bilelikde ol hem kinostudiýada döredijilikli işleýär.
A.Garlyýewyň «Iki hojaýynyň hyzmatkärinde» Trufoldinonyň, «Derňewçide» Hlestakowyň, «1905-nji ýylda» Aýwaz Asrýanyň, «Ýarowaýa söýgüsinde» Ýarowaýyň, «Pitneçilerde» Furmanowyň we başga-da dürli halklaryň wekilleriniň keşplerini, nusgawy dramaturgiýanyň gahrymanlaryny öz zehininde taplamagy başardy. Türkmen dramaturgiýasynyň ilkinji kerpijini goýan «Kel» atly sahna eseri şol döwürde halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Alty Garlyýew bolsa onda baş gahryman Keliň keşbinde çykyş etdi. Alty Garlyýew F.Şilleriň «Garakçy» alty perdeli oýnunda graf Karl Mooryň durmuşyny açyp görkezişi ýaly, Gogolyň «Derňewçi» oýnunda rus edebiýatynyň oýnamasy iň kyn bolan keşbini, Hlestakowyň keşbini döretdi. Ol A.Ostrowskiniň «Bigünä günäkärler» dramasynda baş keşp Neznamowyň keşbini döretdi. Bu hem Hlestakow ýaly halkyň göwnünden turan keşpleriň biri boldy. A.Garlyýew teatr sungatynda uly üstünlik bilen görkezilen «16-njy ýyl», «Aýna», «Saýatly-Hemra», «Japbaklar», «Agalar hem çagalar», «Başlyk» ýaly ençeme drama eserlerini hem ýazyp tomaşaça ýetiren ussatdyr. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik bilen görkezilen «Magtymguly» operasynyň hem awtorydyr.
Kino sungatyndaky döredijilik ýoluna 1935–nji ýylda başlan Alty Garlyýewiň döreden gahrymanlary şadyýan, täsirli milli öwüşgüne bürenen keşplerden ybarat bolup durýar. Muňa mysal hökmünde Aşgabat kinostudiýasynda surata düşürilen, şol döwürdäki tomaşaçylaryň arasynda tanalýan Aman Gulmämmedow, Ata Durdyýew we Sary Garryýew ýaly ussat artistler bilen bilelikde surata düşen «Dursun» kinofilminde ýerine ýetiren Nurynyň keşbini agzap geçmek bolar. Ol ilkinjileriň hatarynda türkmen artistlerinden kino surata düşüp, talapkär tomaşaçylaryň ýüreklerini awlap bilen ussatdyr. Şunlukda ol türkmen kinosynda ençeme ajaýyp keşpleri döretdi. «Watançydaky», Kelhany, «Dursundaky» Nurysy, «Prokurordaky» Çarysy, «Jadyly dürdäki» Aldar kösesi artistiň ilki döreden keşpleridir. Alty Garlyýew «Maşgalanyň namysy» atly çeper filmde Baýramyň, «Uzakdaky gelinlikde» Kerimiň, «Çopan oglunda» Gadamyň, «Aýratyn tabşyrykda» Mergeniň, «Aýnada» Tahyrowyň, «Aýgytly ädimde» Gully hanyň, «Derýanyň aňyrsyndaky serhetde» Çarynyň, «Mukamyň syrynda» Sarman atanyň keşpleri tebigy zehini bilen göwnüňi awlaýan artistiň kino sungatyndaky uly üstünligidir.
Türkmen kino sungatyna milliligi getiren ilkinji režissýor hökmünde tanalan Alty Garlyýew «Aýgytly ädim» atly çeper filmde Gully hanyň keşbini janlandyrandygy üçin 1966–njy ýylda Türkmenistan Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.
Alty Garlyýew «Aýna», «Başlyk», «Agalar hem çagalar» ýaly sahna eserlerini ýazyp, milli edebiýatymyza hem öz goşandyny goşdy. Artist, režissýor, dramaturg Alty Garlyýew türkmeniň teatr, kino sungatynyň ösmegi üçin bitiren aýratyn hyzmatlary üçin ol 1942-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Şeýle hem ol 1944-nji ýylda «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni, 1949-njy ýylda «Lenin» ordeni, 1945-nji ýylda «Zähmet edermenligi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir