Men segseniň onuny arka atdym. Şonuň altmyş ýylyny medeniýete hyzmat edipdirin. Nesip bolsa, ol hyzmaty dowam ederis.
Altmyş ýyl az-küjem zat däl. Bir adamyň ömrüne barabar. Şol ýyllaryň dowamynda işleşen, duşuşan döredijilik işgärlerini sanap geçjek bolsaň-da, esli wagt gerek. Olar bilen bolan duşuşyklar, edilen söhbetler, alnan maslahatlar, jedeller, dynç alyşlar... diýseň ýakymly.
Berdi Kerbabaýew, Alty Garlyýew, Daňatar Öwezow, Yzzat Gylyjow, Guseýin Muhtarow, Gara Seýitliýew, Sahy Jepbarow, Grigoriý Arekelýan, Hydyr Allanurow, Feldman Ýakow, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow, Ataköpek Mergen, Çary Aşyrow, Çary Myradow, Kakajan Aşyrow... ýene onlarça ussatlar, ýaňy adygyp başlan aýdymçylar, kompozitorlar, artistler, bir söz bilen aýdanyňda ýüzlerçe... medeniýet işgärleri bilen duşuşyldy, iş salşyldy.
Meniň hakyky adym Hudaýberdi Bäşimow, ýöne meni Berdi Bäşim diýip tanaýarlar. Berdi Bäşim lakamy bilen köp makalalar ýazdym, terjimeler etdim, ululy-kiçili sahna eserlerini döretdim. Maňa käte Berdi Mämmedowiç diýip hem ýüzlenýärler. Onuň hem öz sebäbi bar. Gürrüňi şondan başlaýyn.
1964-nji ýylyň ortalarydy. Biz Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Öwezow, tans goýujy Enwer Azizow dagymyz Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda iş saparynda bolduk. Daňatar aga çeper höwesjeňlere aýdym öwretse, Enwer Azizow tans goýýardy. «Kyrk baharyň gülleri» atly aýdym-sazly, tansly sýuita taýýarlanýardy. Daňatar Öwezow öz ýazan sazyny özi çalýardy. Enwer aga bolsa ol saza tans goýýardy.
Howa yssydy. Jaýyň içi derledýärdi. Ol döwürde häzirki ýaly sowadyjy enjamlar ýokdy. Biz Daňatar aga gaty kartondan ýelpewaç ýasap beripdik. Ol zol ýüzüni ýelpäp, derini sylýardy. Bir gezek şol ýelpewaç pioninaň üstünde goýlan ýerinden aşak gaçypdyr. Daňatar Öwezowyň görüşi ýagdaýly bolansoň, ony tapmandyr. Men bolsa, daşarda, agajyň saýasynda otyrdym. Birden Daňatar aga «Berdi Mämmedowiç» diýip gygyryp başlady. Maňa şu wagta çenli hiç kim beýle ýüzlenmänsoň, özüme diýilýändirem öýtmedim. Atamyň ady Mämmet bolsa-da, ony bilýänler gaty azdy. Pasportymda bolsa beýle ýazgy asla ýok. Onda-da «Näme boldy?» diýip bardym. Daňatar Öwezow: «Saňa näçe gygyrýan welin, geleňok» — diýdi. Men: «Sen Berdi Mämmedowiç» diýýäň-ä» diýsem, «Eýsem, köpçüligiň içinde «Berdişka» diýip gygyraýynmy. Ataň adynyň Mämmetdigi ýadyma düşdi-de, Mämmedowiç diýip çagyraýdym» — diýdi.
Daňatar Öwez diýilýän adam gaty edeplidi, ula-kiçä hormat goýýardy. Özem ýaş wagty biziň obamyzda, Marynyň Goňur obasynda ýaşansoň (ony Goňurly Tuşyýewler soň internada beripdirler. Ýanynda gyz jigisi Gerek hem bar ekeni), kakamy, Bäşim Mämmedowy tanaýan eken-de, maňa «Mämmedowiç» diýip ýüzlenipdir. Ana, şondan soň köp adamlar maňa şeýle diýip ýüzlenip başladylar. Daňatar aga bolsa, maňa köpçülikde diňe «Berdi Mämmedowiç» diýip ýüzlenerdi.
Meniň ýaşlygym Mary raýonynyň Goňur obasynda (kakamy 1941-nji ýylda şol oba işe ýollapdyrlar, onsoň biz Goňura göçüp barypdyrys) geçdi. Men Mary etrabynyň 20-nji mekdebinde okadym. Şol döwürde obamyzda ýediýyllyk mekdep bardy, orta mekdep ýokdy. Şonuň üçin men sekizinji synpdan başlap şäherde, Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebinde (onuň ýanynda internady hem bardy) okadym. 1957-nji ýylda şol mekdebi tamamlap, Daşkent şäherine okuwa gitdim.
Ýediýyllyk mekdepde okan döwrümde 6-njy synpdakam drama gurnagyna gatnaşdym. Biz Bekge Pürliýewiň «Myhman» atly bir perdeli oýnuny sahnalaşdyrdyk. Şol meniň ilkinji gezek sahna aralaşyşymdy.
Men şu ýerde bir zady bellemekçi. Şol wagtlar, sahna eserini artistleriň özleri ýazýandyr diýen düşünjäm bardy. Özümem ýazmaga höwesekdim. Kiçiräk habarlary ýazyp raýon gazetine ýollardym. Çap bolup çykardy. Esasy maksadym bolsa, artist bolup, sahna eserini ýazmakdy.
Sahnada çykyş etmek höwesi onýyllyk mekdepde okaýarkam dowam etdi. Mekdep okuwçylary bolup ýaşlaryň Bütindünýä festiwaly mynasybetli oba ýerlerinde degişme sahnalary, goşgy okamak bilen çykyş ederdik. 10-njy synpda okaýarkak bizde Marynyň aýal-gyzlar mugallymçylyk institutynyň talyplary tejribe geçýärdiler. Ana, şolar hem bizi özleri bilen bile sahna eserinde çykyş etmäge çagyrdylar.
Biz dört oglan bolup, şol instituta gatnap, «Bagbanyň gyzy» sahna eserine taýýarlyk görüp başladyk. Guseýin Muhtarow bilen Gara Seýitliýewiň aýdym-sazly bu eserinde maňa Çokganyň keşbini döretmekligi ynandylar. Sahna eserinde synpdaşlarym Baýram Seýdyllaýew Şadynyň, Osman Saparow Sarynyň, Muhammetmyrat Nurmuhammedow Mergeniň keşbinde çykyş etdiler. Baýram Seýdyllaýew atly režissýor bolup, Türkmenistanyň halk artisti derejesine eýe boldy. Osman Saparow kino operatory we režissýory bolup ýetişdi. Onuň «Gorkak batyr» filmi köpleriň ýadyndadyr. Onuň «Şükür bagşy» filminde ikinji operator bolandygyny hem ýatlap geçeliň.
Şol döwürde Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda «Arşin mal alan» sahna eseri goýuldy. Onuň jemgyýetçilik gözden geçirilişinde, men 16 ýaşymda çykyş edip, öz pikirimi (belligimi) aýtdym. Telliniň kir ýuwýan taňňyrynyň dükanlarda satylýan alýumin tas bolman, mis tas bolmalydygyny aýtdym. Şol çykyşdan soň mugallymçylyk institutynyň prorektory meniň elimi gysyp:
— Inim, sen şu ugurdan okuwa git, sen çöregi sungatdan taparsyň — diýdi.
Şol sözler meni ganatlandyryp teatr ugrundan okuwa gitmäge has-da höweslendirdi. Baýram Seýdyllaýew ikimiz Daşkendiň teatral institutyna girmäge höwes bildirip, synagdan geçmek üçin Aşgabada ýola düşdük.
Ajap görk-görmekli, hoş owazly, gözleri ýanyp duran Baýramy artistçilikde okamaga ýüzugra kabul etdiler. Meni: «Boýuň kelte, özüň hor, sesiň gyryk» diýip, synagdan geçirmediler. Ýöne synagçylaryň arasyndan iki kişi maňa edebiýat we sungat ugrundan gaty köp sowal beripdi. Ol sowallar ýazyjylar, artistler, aýdymçylar hakdady. Olaryň ýazan eserlerini, çykyş eden sahna eserlerini soraýardylar. Sungata gaty höwesek bolamsoň, men ol sowallaryň köpüsine dogry jogap beren ekenim. Şol hem meni teatry öwreniş bölümine girmäge synanyp görmäge getirdi. Menem artistçilige girýänler bilen bile Daşkent şäherine ýola düşdüm.
Daşkendiň A. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň teatry öwreniş bölümine girmek üçin synanýanlary öňi bilen gürrüňdeşlige çagyryp, olaryň edebiýat we sungat baradaky düşünjesini barladylar. Men ondan üstünlikli geçdim. Ikinji synag, düzme ýazmaly. Özem rus dilinde. Sebäbi, bu bölüme dürli halklaryň wekilleri kabul edilip, okuwlar diňe rus dilinde okadylýar eken. Men oba oglany bolamsoň, rus dilini juda ýaramaz bilýärdim. Onda-da düzme ýazmaly, öz düşünjäňi beýan etmeli. Alaç ýok, ýazaýmaly. Okajagyň çynyň bolsa, bilýän zadyňy beýan etmegi başarmaly. Düzme ýazmak üçin üç sowal bar. Birinjisi Şekspiriň «Otello» pýesasy hakynda, ikinjisi Gogolyň «Derňewçi» komediýasy barada, üçünji sowal bolsa, «Men näme üçin teatry söýýärin?» diýip atlandyrylypdyr. Men «Otello», «Derňewçi» barada azda-kände bilýärdim, emma düzme ýazarlyk derejeden pesdi. Şonuň üçin birinji we ikinji sowal boýunça ýazmaga güýjüm ýetjek däldi. Men üçünji sowaly saýladym. «Näme üçin teatry söýýärin?»
Azrak pikirlendim-de, ýazyp başladym.
... Meniň kakam ikinji jahan urşunda wepat bolansoň, ejem bilen ýaşaýardym. Biz teatra köp giderdik. Bir gezek şeýle waka boldy. Görýän sahna eserimizde türkmen ýigidi ýaralanyp, faşistlere ýesir düşýär. Emma sorag edilende hiç zat aýdanok. Dymyp durşy faşistleriň gaharyny getirýär. Nemes serkerdesi ony «Ataryn» diýip gorkuzýar. Ýigit onda-da dymyp dur. Tüpeň ýaraly ýigide çenelýär. Men bu ýagdaýy synlap oturan ýerimden atylyp sahna çykypdyryn. «Atmarsyň nejis» diýip, serkerdäniň tüpeňine ýapyşypdyryn. Tomaşaçylar birbada bolýan zada düşünmändirler. Eserde şeýle bolmalydyr diýip çaklapdyrlar. Dymyşlyk.
Yzy nähili bolarka? Artistleriň biri:
— Inim, bu sahna eseri, bar ýeriňde otur — diýende, zaldakylar gülüp başladylar. Men aljyrap, näme etjegimi bilmän, zaldan çykyp gaýtdym. Ýolda ejem maňa igendi. Men agladym. Sojap durşuma-da:
— Eje, gör teatryň güýjüni. Ol meni tolgundyrdy. Men bolýan zatlara ýüregim bilen ynandym. Teatr gaty güýçli zat. Adamlaryň aňyna täsir edýär. Ulalsam, men hökman artist bolaryn — diýdim...
Synagyň jemi jemlenende, toparyň başlygy ilkinji meniň adymy tutdy. Ol şeýle diýdi:
— Türkmen obasyndan gelen ýaş oglan saýlan sowalyna takyk jogap bermegi başarypdyr. Näme üçin teatry söýýändigini açyk aýan edipdir. Biz ol ýigdekçäň üstünligine guwanýarys. Ýöne onuň düzmesinde ýekeje-de dogry ýazylan sözlem ýok. Durşuna grammatiki ýalňyşlyk. Şol jähtden baha kesseň, oňa ikilik däl, birlik goýmaly. Ýöne ýigitde zehin bar. Ol öz saýlan ugruny söýýär. Şoňa hyzmat etmäge-de taýyn. Toparyň agzalary bolup, biz ol ýigidi goldamaly, okuwa kabul etmeli diýen karara geldik.
Men diňe ýyrşaryp otyryn.
Ine, şeýdip men teatr ugrundan okamaga hukuk gazandym. Şol gündenem teatry öňkümdenem beter söýüp başladym. Şeýdip men ykbalymy medeniýet bilen baky bagladym.
* * *
1957-nji ýylyň sentýabrynda okuw başlady. Men 20 sany ýaş talybyň biri bolup, Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň teatry öwreniş bölüminde okap başladym. Dürli milletleriň wekillerinden (rus, özbek, täjik, uýgur, türkmen, ermeni, gyrgyz, ýewreý, garagalpak...) ybarat bolan ýigrimi oglan-gyz şol bölüme kabul edilse-de, 1962-nji ýylda biz institutyň şol bölümini diňe 8 adam bolup tamamladyk. Biziň toparymyzda özbek gyzy Emma Kariýakubowa, rus ýigidi Wiktor Iwanow, gyrgyz Awas Syrymbetow, uýgur Ahmetjan Kadyrow, özbek ýigitleri Toir Yslamow, Buradar Isgenderow, garagalpak Beksoltan Tursunow bardy. Bäş ýyllap bileje okanlarymyzyň içinden ylmy işgär bolup ýetişenleri, medeniýet ministrliklerinde işlänleri, kinostudiýada zähmet çekenleri, institutymyzyň özünde mugallym bolup işlänleri boldy.
Teatry öwreniş bölüminde okadyp, bizi teatryň edebiýat bölüminde, Ylymlar akademiýasynda, redaksiýalarda, kinostudiýalarda, medeniýet öýlerinde işlär ýaly, teatryň taryhy, şu güni bilen gyzyklanýan hünärmenler edip ýetişdirdiler. Özüm barada aýdanymda bolsa, 1962-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde biregne 42 ýyl zähmet çekdim. Ministrligiň sungat bölüminde, repertuar-redaksion kollegiýasynyň hatarynda işledim. Häzir bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň dramaturgiýa bölüminiň müdiri bolup zähmet çekýärin. Teatrda tejribe geçýän talyplara bilýän zatlarymy öwredýärin. Drama eserlerini, degişme sahnalaryny ýazýaryn. Terjimeçilik bilen meşgullanýaryn. Gazet-žurnallarda sungat işgärleri baradaky ýatlamalar bilen seýregrägem bolsa çykyş edýärin. Bularyň baryny maňa institutda öwretdiler.
Men talyplyk ýyllarymdan, metbugatda çykyş edip başladym. «Özbek sahnasynda türkmenleriň keşbi», «Şeýle synplar kime gerek?» diýen makalalarymy okuwyň soňky ýyllarynda ýazdym. Gazet maňa galam ýöretmegi, arhiw resminamalary bilen iş salyşmagy, adamlar bilen mylakatly gürleşmegi öwretdi.
Daşkentde okan bäş ýylymyň içinde rus teatrynyň, sowet teatrynyň, daşary ýurt teatrynyň taryhyny 5 ýyl ,özbek, täjik, gyrgyz, ukrain halklarynyň teatrlarynyň döredijiligi boýunça alty aý okatdylar. Özbek teatryny professor Mamajan Rahmanow, täjik teatryny dosent A. Nurjanow, türkmen teatrynyň taryhyny ylymlaryň doktory Guwanç Kerimi okatdylar. Guwanç Şamsutdinowiç Keriminiň öwreden zatlarynyň esasynda, soňky synpda men artistçilikde okaýan türkmenlere türkmen teatry boýunça sapak berdim.
Özbek sahna ussatlarynyň çykyşlaryna kän gezek gatnaşdym. Tamara hanymyň, Mukarrama Turgunbaýewanyň, Batyr Zakirowyň, Halima Nasirowanyň sungatynyň şanyna köp gezek çapak çaldym.
Şol döwürde SSSR-iň halk artisti diýen hormatly adyň eýesi bolup öz döredijiligi bilen tomaşaçylary aňk eden Abrar Hidoýatowyň Otellosyny, Sara Işanturaýewanyň Jemilesini, Şükür Burhanowyň Brutyny, Alym Hojaýewiň Gamletini synladym. Olar Hamza adyndaky akademiki teatryň abraýyny arşa çykaran artistlerdi. Olardan öwrenmäge zat kändi.
Özbek teatry hakda söz açylanda öňi bilen ýadyma Kamil Ýaşeniň «Ýolçy ýyldyzy» düşýär. Bu eserde Öwez atly ýaş türkmen ýigidiniň (onuň keşbini Zakir Muhammetjanow ýerine ýetiripdi) we Oraz serdar atly pitneçiniň keşbi görkezilýärdi.
Ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Özbek teatrynda türkmen talyplary okuwyň daşyndan işleýärdiler. Baýram Seýdyllaýew, Aman Kömekow, Baýram Mämmedow dagy Gorkiý adyndaky teatrda çykyş etseler, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň gyzy Maýa Gulmämmedowa, okuwynyň daşyndan Mukymi adyndaky sazly drama teatrynda zähmet çekip, tejribe toplaýardy. Ýokary ýyllykda okap ýören Baba Annanow bolsa «Leniniň tabşyrygy bilen» diýen «Özbekfilmiň» önüminde türkmen ýigidiniň keşbini döredipdi. Megerem, şol film onuň kinodaky ilkinji synanyşygydyr.
Ýeri gelende, Türkmen medeniýetiniň Özbegistandaky günleri mynasybetli Mukymi adyndaky teatrda Berdi Kerbabaýewiň «Magtymguly» eseriniň goýlandygyny bellemelidiris. Sahna eserini Özbegistanyň halk artisti Rozzak Hamraýew goýupdy. Bu waka talyplyk ýyllarymdan soňrak (1966 ý.) bolan hem bolsa, özbek teatry hakynda söhbet açylanda belläp geçesim geldi.
Institutda okan ýyllarymyzda bize teatrlarda muzdsuz oýun görmäge ýörite çakylyk bererdiler. Biz agşamlaryna oýun görüp, ertiri ony ara alyp maslahatlaşardyk. Mugallymlarymyz, ikinji jahan urşy döwründe uruş gidýän ýurtlardan Daşkende göçüp gelen kandidatdyr doktorlar, atly professorlar Ýakow Salamanowiç Feldman, Aleksandr Iwanowiç Rybnik, Konstantin Dawydowiç Berezin dagy şol maslahatlara ýolbaşçylyk ederdiler. Biziň ýalňyşlyklarymyzy düzedip, dogry ýola ugrukdyrardylar. Olar öz bilim-düşünjelerini paýlaşardylar, sungatyň inçe syrlaryna ýol açardylar.
Men ýadymda galan bir ýagdaýy belläsim gelýär. Men we gyrgyz ýoldaşym Awaz Syrymbetow ikimiz rus dilini gowşak bilenimiz üçin bize rus dilinden goşmaça sapak bererdiler. Iller sekiz sagat okap öýe gaýtsalar, gyrgyz dostum ikimiz ýene iki sagat galyp, rus dilini öwrenerdik. Şol çekilen azaplar, mugallymymyzyň irginsiz zähmeti netijesinde biz dört ýylyň içinde rus dilinde ýazmagy, arkaýyn gürleşmegi öwrendik. Mugallymymyza alkyş baryny aýtdyk. Ol hem bizden razy boldy. Diňe 5-nji ýylda bizi rus dilinden okatmadylar. Biz eýýäm ol dilde okap, gepläp bilýärdik.
Okap ýörkäk Türkmenistandan gelýän wekiller bilen duşuşyklar geçirilýärdi. Gelenler biziň okaýşymyz bilen gyzyklanyp, bize Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleri aýdyp bererdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenler we okuw jaýlary müdirliginiň başlygy Nutdy Nurmyradow bizden her ýyl habar tutardy. Artistler Artyk Jallyýew, Hojaw Annadurdyýew, režissýor Muhammetnur Gurbangylyjow, dramaturg, teatry öwreniji Aşyr Mämiliýew dagy bilen bolan duşuşyklar häzirem ýadymda.
Teatry öwreniji bölümine okuwa girmekçi bolanymda, özüm ýalylardan «Şol kär näme bolýar, kim bilýär?» diýip soranymda, aýny bolmasa rus dilinde gürleýän bir ýigit (ony men soň görmedim, okuwa girip bilen däl bolaýmasa), «şol kärdäkiler sahnaň aňyrsyndan it bolup üýrýän, horaz bolup gygyrýanlar öýdýän» diýdi. Şonda aňyrdan gelen ýaş ýigit:
— O how, ýalňyşma, beýle kär ýok. Teatry öwreniji teatryň tankytçysy, taryhçysy bolýar. Meň özüm şol ugurdan okap ýörün – diýdi. Soň görüp otursam, şol meniň göwnümi göteren kişi, belli teatr tankytçysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, dramaturg Aşyr Mämiliýew ekeni. Men soň nesibäm çekip onuň bilen bile bir bölümde-de işleşdim, ýazan eserlerimizem okaşdyk.
Daşkendiň teatr ugrundan ylym berýän okuw jaýyny tamamlan türkmen hünärmenleri juda köp. Men olaryň käbiriniň atlaryny tutasym gelýär. Artyk Jallyýew, Akmyrat Hümmedow, Öwezdurdy Garaýew, Illi Poladow dagy instituty 1956-njy ýylda tamamlapdyrlar. Režissýorlar Maşdy Gulmämmedow, Çary Myradow, Durdymämmet Oraýew, Öwlüýäguly Kulyýew, Baýram Seýdyllaýew, Aman Kömekow, Gurban Hotçyýew, Halmyrat Gylyçdurdyýew, Öwlüýäguly Hojagulyýew, teatry öwrenijiler Lýubow Annadurdyýewa, Serdar Gurbanow, Çary Gullaýew, teatr suratçylary Annadurdy Almämmedow, Baýram Gulmämmedow, Daňatar Çaryýew, suratkeşler Mäterguly Orazberdiýew, Baýram Lallykow... şol instituty tamamladylar. Soňky ýyllarda okan Welmyrat Amanow, Nury Hudaýgulyýew, Annamyrat Saparmuhammedow, Hudaýberdi Baýryýew, Orazjemal Hotçyýewa dagy hem şol okuw mekdebiniň uçurymlarydyr.
Meniň bilen bir wagtda okan, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gökje obasynda ýaşaýan Alty Garaýewdir. Biz onuň bilen käte duşuşýardyk, geçen günleri, talyplyk ýyllarynyň gaýtalanmajak wakalaryny ýatlaýardyk.
Ine, şol wakalaryň biri.
Baýram Seýdyllaýew (ol zehinli režissýor, Türkmenistanyň halk artisti bolup ýetişdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun) köriçege bolup, hassahana düşdi.
1950-nji ýyllaryň ahyrlarydy, dokluk däldi. Ýurt uruşdan soň, gaty bir aýňalyp bilmändi. Talyplar, onda-da ata Watanyndan uzakda okaýanlar horluk çekýärdiler. Baýramyň yzyndan hassahana elter ýaly zadymyz ýokdy. Özümiz günümizi zordan görerdik. Näme etmeli? Ýoldaşymyzdan habar tutmasak bolmaz ahyry. Uzak gije oturyp maslahat etdik.
Ertesi ir bilen Taňryguly Seýitgulyýew («Ýuwaş gelin», «Ýanýan furgonyň ýoly» atly filmlerde surata düşen artist), Alty Garaýew (Türkmen telewideniýesinde uzak ýyllaryň dowamynda režissýor bolup işledi), Kakajan Ataýew (Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda işläp, köp ajaýyp keşpler döredipdi) dagy Baýramy tanaýan daşkentli talyplara (üns beriň, başga ýerden gelen bolmaly däl, şäherde ýaşap ýören, oturymly bolmaly) onuň operasiýa edilendigini, ýörite aýlanyp habar berip çykdyk. Özem, kimiň ýanyna barsak, «Seni göresim gelýär» diýdik. «Kyn görmeseň baryp gaýdaý, göwni biter» diýerdik. Onsoň, olar «Näme iýýän-içýän zady bar?» diýip soranlarynda: «Hemme zadam iýýär, zat dannanok» diýşip, ýerli-ýerden seslenerdik.
Türkmen milli medeniýetimize uly goşant goşan, mugallymçylyk edip ençeme artist ýetişdiren (Baýram Seýdyllaýew öz okan institutynda mugallymçylyk hem edipdi), onlarça şowly sahna eserlerini goýan, sport desgalarynda, meýdançalarda, köçelerde uly dabaralary geçiren, çagalar bilen dil tapyşyp işlemegi başaran, «yhymmyl» diýip, il içinde at alan folklor ansamblynyň tomaşalaryny ilkinji bolup taslan, Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdyllaýewiň durmuşynda şeýleräk bir waka-da bolupdy. Ol waka biziň durmuşymyzda-da öçmejek yzyny galdyrypdy.
Talyplyk ýyllaryny ýatlap gutaryp bolmaz. Ol döwrüň her güni barada uly eser ýazyp bolar. Onsoň bäş ýylda näçe wakalar bolandyr öýdýärsiňiz? Gaty köp zadyň başyny agyrtmaly bolar. Şonuň üçinem, şol bäş ýylyň netijesi hökmünde okuwy Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň taryhyndan ýazan diplom işim bilen tamamlandygymy ýatlamakçy.
Instituty tamamlanymda maňa türkmen-özbek medeni gatnaşyklary barada ylmy iş ýazmagy we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň sungaty öwreniş ylmy-barlag institutyna aspirant bolup geçsem, köp iş bitirjekdigimi aýtdylar. Ýöne okuwa Türkmenistanyň Medeniýet minisrtligi tarapyndan iberilendigim üçin iki ýyl Medeniýet ministrliginiň iberen ýerinde işlemeli boldum. Şeýdip 1962-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Baş sungat müdirligi bölüminde hünärmen bolup işe başladym.
Işe başlan döwrümde şol müdirligiň başlygy, 1960-njy ýylda okuwy tamamlap gelen, zehinli teatry öwreniji Aşyrmyrat Mämiliýewdi. Ministrlikde iki aý tejribe geçipdim. Aşyr bilen okuwa girjek bolanymda tanşypdym. Ol Daşkende hem barypdy. «Edebiýat we sungat» gazetinde bölüm müdiri bolup işlände meniň ýazan makalalarymy hem redaktirläpdi.
Aşyr Mämiliýew ilki ministrlikde, sungat bölüminiň başlygynyň orunbasary bolup işe bellenildi. Bir ýyla ýetmänem ony «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna bölüm müdiri edip ugratdylar. Soň ol ýene yzyna ministrlige bölüm başlygy wezipesine işe kabul etdiler.
Şu ýerde men ençeme oglan-gyzlary okuwa iberen, döwletimiz üçin köp sanly hünärmenleriň ýetişmegine goldaw beren Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärler hem okuw jaýlary bölüminiň müdiri bolup işlän uruş weterany Nutdy Nurmyradow hakynda kelam agyz söz aýdasym gelýär.
Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda doglan. Onuň ministrlikde işlän döwründe daşary ýurtlara okuwa ugradylan talyplaryň sany gaty kän. Artistler, režissýorlar, suratkeşler, teatry öwrenijiler, sazandalar, tansçylar, aýdymçylar, kompozitorlar, kino işgärleri, kitaphanaçylar, medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleri we ýene-ýeneler, diňe bir okuwa ýollamak bilen çäklenmän, olaryň hal-ýagdaýyndan, okaýyşlaryndan häli-şindi habar tutup duran N. Nurmyradow talyplaryň çyn howandaryna öwrülipdi. Häzir şol hormatly ýaşulymyzyň ýetişdiren hünärmenleriniň köpüsi halypalyga ýetişip, onlarça şägirt ýetişdirdi.
Ol barada söz açanymdan soň, onuň birje gylygyny ýatlap geçesim gelýär. Ol işgärler bölüminiň başlygy bolansoň, her bir işgäriň geýnişi, özüni alyp barşy bilen içgin gyzyklanýardy. Sakgalyňy syrman gelseň gyr jynydyr. Bellik eder, ýatladar, ikinji gezek gaýtalansa, seniň iş stoluň üstünde ýekeje almazy goýup gider. Üçünji gezek gaýtalansa, eliňe 50 teňňe (ol wagtlar şoňa sakgal syrdyryp bolýardy) berip, sertaraşhana ugradar-da:
— Indi gaýtalansa, işe çykjagam bolup ýörme, arzaňy ýollaý – diýerdi. Käýinerdi, emma dözümsizdi. Düşündirjek bolar, haýbat atar, ýalbarar. Janygyp, her barana onuň uly işgärdigini, jogapkärçilikli iş alyp barýandygyny aýdar. Käte-de:
— Düşün, sen indi çaga däl, eňegiňe ata sakgaly çykypdyr. Bilseň, sen uly adam bolmaly öz ugruňdan — diýip, ruhlandyryp goýberer. Käýäninde welin, gaty utandyrardy. Ana, şol wesýetler, terbiýe bizi çagalykdan saýlap, uly adam, jogapkärçilikli işgär edip ýetişdirdi.
Meniň iş öwrenmegimde, kärdeşim, sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty, dramaturg, iň esasam seniň gynanjyňa gynanyp, begenjiňe begenip bilýän ajaýyp ynsan Aşyr Mämiliýewiň bitiren hyzmaty gaty ulydyr. Ol her gezek sapara gitmeli bolanyňda, «Sen ministrligiň wekilisiň, şony unutma. Adamlary diňlemegi başar, soň gürle. Aýtmaga sözüň bolmasa, çykyş etmän hem bilersiň. Ýöne aýdylany gaýtalama, öz pikiriň bolsun. Göwnüýetmezçilik bilen gürleme, tarapgöýlik etme» diýip sargardy. Aşyr Mämiliýew ministrlikde ýönekeýje hünärmenden ministrlige çenli ösen adam. Köp jemgyýetçilik işlerine gatnaşdy. Makalalar ýazdy. Tankyt etdi, maslahat berdi. Uly dramaturg bolup ýetişdi. Men oňa halypam hökmünde hormat goýýaryn.
Turuwbaşdan bile işläp başlanlarymyň biri hem belli ýazyjy, ençeme hekaýadyr powestleriň awtory, «Tagan paňk», «Husyt», «Harsydünýä», «Diri jesetli tabyt», «Seýdi»... dramalarynyň awtory, garagalpak dramaturgy Sapar Hojanyýazowyň «Söýmedigiňe süýkenme» komediýasyny hut türkmençe ýazylan ýaly edip türkmençä geçiren, uruş weterany, ajaýyp adam Nazar Geldiýewdir. Ol medeniýet ministrliginde saklanýan drama eserlerini tertipleşdirip başlan ekeni. Soňra bu işi dowam etdirmegi maňa tabşyryp: «Bir bendäň çeken azaby köýmesin, eserleri gözüň göreji ýaly saklamaly. Onsoňam, bular taryh ahyry, häli-şindi bulardan peýdalanylar» diýip sargardy.
Medeniýet ministrliginiň garamagynda gaty köp edara bardy. Kino, metbugat ugurlary hem bize degişlidi. Şonuň üçin öwrenmäge zat kändi. Ulgamda işleýän, köp çarşenbäni başyndan geçiren ýaşulylaram köpdi. Ýaş ýeleňlerem az däldi. Şolaryň haýsy biri ýüz tutsa-da, mylakatly gürleşip, isleýän zadyny anyklamalydy, gozgaýan meselesini adalatly çözer ýaly, ony içgin öwrenip, ýolbaşçylara öz gelen netijäň bilen ýetirmelidi. Bir söz bilen aýdanyňda, her ädimiňde, her sözüňde jogapkärçiligi duýmalydy. Adamlar saňa kömek sorap ýüz tutýarlar, goldaw bermegiňi isleýärler. Sen olaryň ykbalyna goşulýaň, soraýan zadynyň adalatly çözülmegine ýol açmaly.
Her pursat ministrlikde işleýäniňi, jogapkär işgärdigiňi duýmaly. Özüňi pespäl alyp barmaly. Şol bir wagtda-da, oýlanyşykly çözgüt tapmaly. Sen ministrligiň jogapkär işgäri. Saňa köp zat bagly.
Şonuň üçin bolsa gerek, her gezek ministr ýygnak edende, berk tertip-düzgüne, özüňi medeniýetli alyp barmaga, adamlar bilen hoşamaý bolmaga çagyrardy.