Krasword
-
Harmandali
16 years ago
- Kim krasword duzmegi halayan bolsa bash ustune :) Yone muny kimin duzendigini bilemok ansat bolany uchin barde goydym.
Kim okdeka goreli :)
-
Maxat
16 years ago
- şuwagtlykça şular
dikligine
5-kitaphana
6-apat
23-roma
19-adyl
keseligine
4-atakama(Atacama)
12-tahya
14-yapyk
19-awaza
22-ezrayyl
-
garabekewul
16 years ago
- dikligine2-haly5-kitaphana6-apat 8-kine9-tomasha16-hekim18-mary19-adyl25-ybrayym27-italiya28-kakilik30-kanagat31-dutar39-ring41-injil44-zekat49-lukman46-azan47-kowusnama48-port45-berre53-pynhan56-kadi57-hüwiayna
-
garabekewul
16 years ago
- 61-nji ayna dikligine
-
garabekewul
16 years ago
- keseligine4-atakama10-şaly12-tahya14-yapyk15-nyrh22-ysrapyl23-roma25-ymam26-pesi30-yrak35-aristotel42-raja43-karz45-bent46-ayakgap49-lagl50-lacyn55-kyrk62-nesimi52-edep57-halyl61-ahun64-abadan
-
garabekewul
16 years ago
- sagbol harmandali!!!!!! turkmenchani unudup baryan ekenim,sheyle gowja zatlar yazyp dur.bilmediklerimi hem yazaryn hazir kellam agyrdy.dowamy bardyra sheylemi
-
kakabay
16 years ago
- dikligine
23.roma
58.peru
keseligine
39.real
galanynam garabekevul yazypdyra.
has kynyragyny yazsaňyzla...
-
garabekewul
16 years ago
- kakabay gardash.salowmaleykim.yitmeda beydip.barmyn senem.harmandali....senin mowzygyny biraz chat-a owirjek bolyas.:) bellik-mowzykdan dashary yazgym u/n bagyshlan.
-
kakabay
16 years ago
- vay-vayey gardaşym kim yitday bu yerden,ony harmandali bilyandirle...
harmandali bizi bagyşlarla(gövni giňdirle,halta yaly)
-
Harmandali
16 years ago
Garabekowul aga tuweleme kopusini bilipsiniz. Birazyrajyk galdy galanjasynam biljek bolun hany agzalar! “Ansat” diyen Kakabay aga shundaky chozulmediklerini chozjek bolun son has kynyrajygyny goyayaryn :)
-
garabekewul
16 years ago
- yenede azragyny bildim oydyan,mana telpek berersinda harmandali:)21-datly,42-resul?38-nama41-injil,32-heser?keseligine..............36-idrisbaba,21-dana,33-alma,37-inen???40-mati,bellik-ay shu krossword duzseniz ichine himiki madda garmasanyz gaty gowy boljak.birhili renki b/n tagamyny üytgetyar:) (himik-fizika gömüklay ol ugurdan,shonun u/n)
-
kakabay
16 years ago
- ay dost yetişikläy sen .galanynam yazayyn diyip geldim b\\n tüveleme sen eyyam yazypsyň.
agajan herkimiň bilmeyan tarapyny yazdyrmasa krossvordyň gyzygy gaçaymasa.
harmandali saňa hayyş maňa aga diymesene (sylap yazyansyňla)o-hov men sendenem kiçä!
-
garabekewul
16 years ago
- ay kakabay harmandali görmankä adminlere hayysht edip menkini öçürip,senin jogaplaryny goyayarys bolmazmy:)bellik--harmandali bibim,mana-da aga diymesene menem name kakabay dost yaly \"garram bolsam göwün yashdyr\"diyyanlerden.:)indi aga diysen,menem eke diyerin,:)
-
kakabay
16 years ago
- yok dost. kategoriçeskiy zapreşeno vsyo taki sen uzagrakda tm-dan.onsoňam sen menden ulysyň!!
ertir harmandali gyzyp gelmesin,ikimizem soň burçda duzuraymasyn(senä eke diyjek ekensiň mena apa diyjekdim)
-
garabekewul
16 years ago
- 1)kakabay dost,kim uly kim kichi hazir bileris--menin boyum 1.81a sen?2)ata aganyn salamlary bar.ol hem \"s\" harpdan bir soz aytsan,bashlaya \"soygi\" diydinmi,\"sallah\" diydinmi diyip,ay yzam name gole,sygyr,duye,at,pishik,eshek,we shagal mojekler,3)bizde \"eke\"diyip ozinden uly gyz doganyňa hormat goyulup aydylyshy,apa diyip diyip yok,gyansagam bizde.
-
kakabay
16 years ago
- agajan tüveleme ekensiňä ,görogly boyyny alypsyň,öyerebermeli bolupdyra.
,näçe sany metre bar yanymda, yöne boyymy ölçemek yadyma düşenok.
ata agaňam salamyna aleykum salam!
agajan ikiňiz bir zad edip oňuşyň.inşalla işim azalsyn,onsoň ikiňizem ugruna çykaryn...
sizde eke diyilse.turkmenabatda apa diyip ozinden uly gyz doganyňa hormat goyulup aydylyar.(turk\\ň bolnisasynda yatamda ol yeriň dillerini govy ögrenipdim)(yöne beydiyenim b\\n turkmen diliniň üstünden gülya diymäň.her velayatyň öz degişik dilleri bar.)
ay dost nomerleri goymana unutdum zyyany yokdyrla,düşünersiňle...
ay indä konkretno harmandali bize ştraf yazar.
harmandali bagyşla movzuguňy çata döndürdigimize.
indi gaytalamaryssss!
-
Harmandali
16 years ago
shu krossword duzseniz ichine himiki madda garmasanyz gaty gowy boljak
Menem himiya bilen fizikadan olen. Yone bu krasword menki dala men oz duzenim bar weli chylshyrymly hem ullakan yone SUPER :)
harmandali saňa hayyş maňa aga diymesene
Men yashyny bilmamson aga diyip goyberyan hemem mana ansat dushya dineje adyny tutqanymdan. Ay bolya-da kichi bolsan onda jijush diyayerin ya-da “inim Kakabay” :) Oyun edyan.
harmandali bibim,mana-da aga diymesene
Wiy dash etsin name bolya size! Name bolupdyr aga sozune?! Garabekowul aga siz menden uly ahyry aga diymeli bornda agam bolmasanyzam! Mana eke dal-de uyam diyayin :) Sizin hayyshynyzy hasaba alamok size men shonusyzam aga diyern a Kakabay aga wiy Kakabay diyayerin.
Apa- eke, hala- dayza Charjewde sheyle diyilya.
-
Harmandali
16 years ago
- Dogurdanam bu tema edil ikiniz uchin achylan yaly bolayypdyr. “ursh gutaranyndan son batyr kopelipdir” diyyalermi Kakabay agmyzam Garabekowul aga yazanyndan son “wiy men yazjakdym weli eyyam yazypdyrlar” diyayya :)
-
kakabay
16 years ago
- ay bor-hov harmandali bir köşeşä,arasynda dem dynçam al!
indi gaytalamarys diydimä,ya olam azmy?
uyam hany öz krosvordyňdan sypdyrsana!
-
garabekewul
16 years ago
- harmandali uyamjan,menem senin super diyeninine garashyp otyryn!:)
-
Harmandali
16 years ago
- Ay agam ol gaty ullakana yone wagtym bolan wagty goyayaryn chozmage yaltanmasanyz :)
-
kakabay
16 years ago
- uyam seniňa bize gövnüň yetenok öydyan!
seniň krosvordyňa garaşyas!!!
-
kakabay
16 years ago
- harmandalem gitdi krosvordom!!!!!!!!!
-
garabekewul
16 years ago
- ay kakabay dostjan ilki bilena sana salowmaleykim,mana-da waleykim.bey dost senin ynanyan adamyny bilenokmy :dalinin müň gepi telek,bir gepi gerek\"diyleni,bu hem müň gepin biridir da:)
-
ata
16 years ago
- neme, salowmaleýkim agzalar, aýratynam, kakabaý :)
bäh, men krasword çözýän haryt däl ekenim-eý çagakam , beh, hamala häzir uly ýaly ýazan boldummy :)
Aý, indi Harmandäliniň täze kraswordyna garaşaýarys:)
Hä, Garabekewül, beýtme-dä, şu \"düýeli\" gürrüňleri ikiçäkligine galdyraly-how, ýogsam bärde heläk edýäler!
-
kakabay
16 years ago
- nemelay,salavmaleykumlarlay!
ay beytmäňlerdanay,nätdiňizay bärik düyeli-köşekli gürrüň etmäna geldiňizmi ya-da krosvord çözmänemi?(eger inşallah uyamam bir yerden tapylyp krosvordyny goysa)
-
garabekewul
16 years ago
- ay men degishyan howww.\"harman dana\"uyamyz amyderya yaly gindir,hazar denzi yaly,parahatdyr,ol bu ulalyp oňalmadyk agasy b/n deň bolup durasy yoklayyy.eyyy alllam.bu gyzyn kellesindaki erte yazylmaly mowzyklary yzyrak suyshirip,yerine krossword goymana komek et,ichinde himiki zäherli maddalar hem bolsa owarram,zyyany yok.:)
-
kakabay
16 years ago
-
Harmandali
16 years ago
eyyy alllam.bu gyzyn kellesindaki erte yazylmaly mowzyklary yzyrak suyshirip,yerine krossword goymana komek et,ichinde himiki zäherli maddalar hem bolsa owarram,zyyany yok.
Alla sizin dileglerinizi kabul etdi!!
Haha sizin beyle krasworda garashyandygynyzy bilmandirna :D Chagajyk agamchiklar… Hazir goyayaryn bashga bir krasword hezil edip chozuberin!
-
Harmandali
16 years ago
-
Harmandali
16 years ago
- KESELIGINE:
1) Gazagystanda bir şäher.
3) Düýäniň üstündäki öý
5) Baldaklary tikenli bir ýyllyk ösümlik.
7) Çapyk sözüne manydaş söz
11) Planetalaryň biri
12) Gazylyp alynýan baýlyk.
13) Tebigy suw bölegi
14) Ussanyň iş guraly
15) Uzynlyk sözüne manydaş söz
17) Tertipli sözüne manydaş söz
19) Igiň gowy pyrlanmagy üçin aşak ujuna geýdirilýän içi deşik konus pisint agaç
20) Gorkunç sözüne manydaş söz
22) Düýeden alynýan ömüm
23) Özbegistandaky şäher
24) Lebap welaýatyndaky tebigy gaz ýatagy
25) Ahal welaýatynda bir etrap
27) Haýwanyň süňki
28) Guş
29) Arap ýurtlarynyň biriniň paýtagty
30) Goýun sürüsiniň öňbaşysy
31) Afrikada bir dag
32) Mekgejöweniň dänesiniň gowurlany
33) Sakgal-murt bejerilýän gural
34) Gara öýüň ýapynjasy
35) Atyň görnüşi
39) Lebap welaýatyndaky oba we goraghana
40) Gazylyp alynýan baýlyk
42) Ýag berýän ösümlik
45) Ygalyň bir görnüşi
47) Sähel zada gahary gelýän
48) Türkmen halkynyň janyny orta goýan galasy
49) Marynyň gadymy ady
50) Ussanyň iş guraly
51) Küşdüň bir maly
52) Iýmit önümlerini uşadyjy enjam
54) Afrikadaky ot iýýän haýwan
55) Düýäniň görnüşi
56) Ene doňuzyň atlandyrylşy
58) Türkmen dilinde işlikleriň biri
59) Dünýäde iň uly ada.
DIKLIGINE:
1) Iki ýaşar öküzçe
2) Guş
3) Ýüpüň bir görnüşi
4) Kawkazda bir millet
5) Ot dörülýän taýak
6) Şekillendiriş sungatynyň biri
7) Türkmen gyz-gelinleriniň geýýän geýimi
8) Gurluşykda ulanylýan zatlaryň biri
9) Gymmat zatlary saklanylýan enjam
10) Senagat pudaklarynyň biri
16) Dünýäniň iň uly ýarym adasy
18) Göroglynyň hossarlaryndan biriniň ady
21) Ýurdumyzda jinsi matany dokaýan kärhanalardan biriniň ýerleşýän ýeri
26) Ussanyň iş guraly
36) Küşdüň bir maly
37) Ýer üstüniň bir görnüşi
38) Pasyllaryň biri
41) Çölüň süýrenji haýwany
43) Daglarda ösýän derman ösümlik
44) Miwesi ýag berýän agaç
46) Aşgabat şäherindäki köşkleriň biri
54) Içine saman salnan göle
55) Çägeli ýerler
57) Çopanyň kömekçisi
-
rebuilder
16 years ago
- bäýbäää!!!:O:O:O munçany jogaplamalaymy hä?aý menä ýaltanýan!!)))
-
Harmandali
16 years ago
- Hehe yaltanmayanlar jogaplaya muny! Aslynda krasword bosh wagtyn gowy yaman.
Wiy Cendrillon men shu wagt bir ors krasword edip otyrn weli \"fransiyada miliselere name diyilyaray?\"
Amerikada kop, tm ment,
-
rebuilder
16 years ago
- jandarma!!harmandali
-
rebuilder
16 years ago
- menem krossword çozmani halayan,emma internetde başga işim yokmay??alaryn elime bir gazet çozer oturaryn)))bilgisayargozni yadadya ahyryn!!((
-
garabekewul
16 years ago
- ey way uyamjan sagja boley. men muny dash ederin.keseligine-1almata3kejebe11 yer12 gaz14 cekic20 elhenc17 edepli22 agaran23buhara 32 patrak48 gokdepe49 merw56 mekejin
-
kakabay
16 years ago
- keseligine
40)gaz
54)zebra
dikligine
7)keteni
41)zemzem
53)çöl
57)it
agajan gazagystanyň şäheriniň ady üytganine epesli vagt boldy.alma-ata bolmaly dalde akmala bolmaly.onsoňom maryň köne ady diyip sorag bar bilen sen merw diyipsiň ol yerde bolsa alty harp bar.çynym aytsam menem hiç bulamadym alty harply marynyň köne adyny...
-
garabekewul
16 years ago
- kakabay salam dostum epesli wagt boldy gorushmalimize. dirimisin yagdaylar gowumy. harmandana uyamyz bamy, gornenoklay bu gunler. jany sagmyka. ya internete girip ish yerini batyran bolaymasyn how. kakabay dostjan menin taze adresim agajanmusa83@hotmail.com habarlash howw
-
ata
16 years ago
- men krasword-ä çözmedim welin, maryň köne atlaryndan merwiň bar bolşy ýaly, "marguş, margiana, maru-şahu-jahan" atlary hem bar, synap görüň :)
krasword ugrundan men gömük :)
Kakabaý bn Agajan ikisi alyp çykarmyka diýýän :)
-
ata
16 years ago
- aşakdaky linkde-de bar ekeni 1 krasword"
http://www.tkm.8m.net/kros-bayram.htm
Harmandali 16 years ago- DIKLIGINE:
1) Simden örülen gadymy uruş eşigiç demir don
2) Zenanlarymyzyň el hünäri
3) Ýewropada bir derýa
4) gyrymsy agaç
5) Kitap okalýan ýer, okalga
6) Bela-beter, howp-hatar
7) Owadan görmegeý gözel
8) Göwne degmeç öýke
9) Oturylşyk, toý,dabara
16) Ibn Sinanyň ady
17) Ak göwünli, päk ýürekli, rehimdar
18) Ýurdumyzda bir welaýat
19) Adalatly, dogrucyl adam
20) Gök-önüm
21) Lezzetli gowy tagamly
23) Italiýanyň futbol topary
24) Himiki element
25) Pygamberleriň biri
27) Ýewropada bir döwlet
28) Daglarda duş gelýän guş
30) Sabyr takat
31) Saz guraly
32) Gam-gussa, gaýgy, alada
38) Hat, ýazgy
39) Boks meýdançasy
41) Mukaddes kitaplaryň biri
42) Wekil, ilçi, çapar
44) Malyň baýlygyň mukdaryna görä degişli bölegi tölenýän salgyt
45) Süýtden çykan ýaşajyk guzy
46) Namaza çagyrmak
47) Keý-Kowsyň eseri
48) Gämileriň duralgasy
49) Adamyň saglygyna seredýän adam, tebip
53) Gizlin, ýaşryn
56) Bakja ekini
57) Tokaý guşy
58) Perunyň paýtagty
59) Ir iýmiş
60) Mynasyp görmek, laýyk görmek
61) “Aýgytly ädim” filiminiň baş gahrymanlaryndan
KESELIGINE:
1) Sap poladyň bir görnüşi
4) Çilida bir cöl
7) Dowzahda bitýän we ajy miwesi günälilere berilýän agaç
10) Arassalanmadyk tüwi
11) Däneli ekin
12) “Börük” sözünüň başgaça atlandyrylşy
13) Hile, usul, ýeserlik
14) Açyk däl
15) Harydyň bahasy
17) Allatagallanyň bir ady
19) Hazaryň kenarynda ýerleşýän dynç alyş ýer
21) Dogry mamla
22) Dört perişdäniň biri
25) Jemagat namazyna wekilçilik edýän adam
26) Pis pisi taparç suw …. (Nakyl)
28) Ar, zyýan, zeper
29) Aziýada bir döwlet
33) Miweleriň bir görnüşi
34) Rysgal, döwlet, bereket
35) Gadymy grek filisofy
36) Magtymgulynyň okan medresesi
37) Üç ýaşyndaky erkek däl düýe
39) Ispaniýanyň futbol toparlarynyň biri
40) Adam ady
42) Hindistanda hökümdaryň atlandyrylşy
43) Haýsy-da bolsa bir zady nesýe bermek
45) Gaçy, raýyş
46) Köwşüň başgaça atlandyrylşy
49) Gymmatbaha daş
50) Algyr guş
51) Namaz okap hemde dürli dini kada-kanunlaryny berjaý edip Alla gulluk etmek
52) Utanç, haýa, ahlak
54) Säheriň mylaýym ýeli
55) San
57) Ybraýym pugamberiň lakamy
59) Iň nurly, iň ýagty
61) Dini dereje
62) Gündogaryň şahyrlarynyň biri
63) Dag keýigi
64) Ahal welaýatynda bir şäher.