8-nji maýdan käbir awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme girizilýär
«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 8-nji maýyndan «Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabadyň käbir awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşmeleri girizýär:
№1 «Awtokombinat — Aeroport»
Awtobus Awtokombinatdan ugur alyp, A.Nyýazow şaýoly – Ankara köçesi – Oguzhan köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Atatürk köçesi – Oguzhan köçesi – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Aeroport boýunça hereket eder. Aeroportdan yzyna A.Nyýazow şaýoly - Garaşsyzlyk şaýoly - Oguzhan köçesi - S.Türkmenbaşy şaýoly - Atatürk köçesi - Oguzhan köçesi - Ankara köçesi - A.Nyýazow şaýoly – Awtokombinat ugry boýunça hereket eder.
№23 «Parahat 7 — Gurtly»
Bu gatnaw Parahat – 7 ýaşaýyş zolagyndan ugur alyp, 10 ýyl Abadançylyk köçesi – Ankara köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Andalyp köçesi – Görogly köçesi – Taslama köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Gurtly ugry boýunça; yzyna bolsa Gurtludan ugur alyp, Gurbansoltan eje şaýoly — Taslama köçesi — Görogly köçesi — Andalyp köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Ankara köçesi — Oguzhan köçesi — A.Garlyýew köçesi — Parahat 7.
№38 «Awtokombinat — Teke bazary»
Awtobus Awtokombinatdan ugur alyp, A.Nyýazow şaýoly — Ankara köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — Oguzhan köçesi — Andalyp köçesi — Galkynyş köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — Magtymguly şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Azady köçesi — A.Gowşudow köçesi — Teke bazary boýunça hereket eder; yzyna bolsa Teke bazaryndan ugur alyp, M.Kaşgary köçesi — Azady köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Görogly köçesi — A.Nowaýy köçesi — Magtymguly şaýoly — S.Türkmenbaşy şaýoly — Galkynyş köçesi — Andalyp köçesi — Oguzhan köçesi — S.Türkmenbaşy şaýoly — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Ankara köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Awtokombinat.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30; 28-60-80.