Smartfonlaryň bazary koronawirus sebäpli taryhda iň uly pese gaçyşlyk görkezdi
Smartfonlaryň dünýä üpjünçiligi 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde koronawirus pandemiýasy sebäpli 13% pese gaçdy. Bu barada Canalys we Counterpoint kompaniýalarynyň analitiklerine salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, Hytaýda smartfonlaryň ýola goýulmasy geçen ýylky bilen deňeşdirilende çärýek boýunça 18-27 göterim pese düşdi, bu bolsa taryhda smartfonlaryň bazarynda iň uly pese gaçyş bolup durýar. Pudagyň liderleriniň arasynda heniz hem Samsung, Huawei we Apple bellige alynýar. Amerikan kompaniýasynyň paýy iň pes gowşamany görkezdi, ol geçen ýyldakydan iki million az gurluşy ýerledi. Samsung bilen Huawei geçen ýylky bilen deňeşdirilende 17-18% pese gaçyşy görkezdi.
Ýöne görkezijini peseltmedik, gaýtam ony ösdüren iki sany kompaniýa hem bar. Ýagny, bu ýerde Xiaomi bilen Realme lider bolýar. Birinji kompaniýanyň smartfonlary ýola goýujylygy 7-9% ýokarlandy. Ikinji kompaniýanyňky bolsa 88% ýokarlandy. Bir zady belläp geçmeli, bu umumy maglumatlar birnäçe analitik hasabatlara daýanýar. Dürli derňew kompaniýalarynda bu görkezijiler tapawutlanyp biler.
Canalys analitikleri kompaniýalaryň köpüsiniň pandemiýanyň iň ýokary derejeli täsirine 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde garaşýandyklaryny belleýär. “Bu ähli senagat üçin synag bolar” – diýlip, materialda bellenilýär.