15 million ulag satdy
Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy tygşytlylygy bilen tapawutlanýan ulaglardan häzire çenli 15 millionyny satdy. Ilkinji gibrid ulagyny 1997-nji ýylda çykaran ýapon brendiniň esasy bazary Ýewropa bolup durýar. Kompaniýa Ýewropa bazaryna 2,8 million gibrid ulag satypdyr. Elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar geçen asyryň başlarynda öndürilen hem bolsa, gibrid görnüşli ýagny iki görnüşli ýangyçdan peýdalanýan ulag öndürmek pikiriniň orta atylanyna entek ýaňy 25 ýyl boldy. Takeşi Uçiýamada tebigata has az zyýan ýetirýän ulagy öndürmek maksady bilen “Prius” modelini işläp taýýarlady. 1997-nji ýylda ilkinjisi çykan ulag üç ýyldan soňra Ýewropa bazaryna hödürlendi. “Toyota” geçen döwürde modelleriniň we müşderilere ýetirýän ulaglarynyň sanyny artdyrdy. Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary geljekde gibrid ulaglar, batareýaly ulaglar, toga ötürmek arkaly zarýad berilýän ulaglar we wodorod ýangyçly ulaglar ýaly energiýanyň alternatiw çeşmesi bilen işleýän ulaglaryň sanyny barha artjakdygyny belleýärler. “Toyota” 2025-nji ýyla çenli täze 40 modeli satuwa çykarmagy maksat edinýär.