Dünýä täzelikleri: Bernar Arnonyň girdejisi bir günde 11 milliard dollar artdy, ýöne...
«Louis Vuitton Moet Hennessy» (LVMH) kompaniýasynyň baş direktory, Ýewropanyň iň baý adamy Bernar Arnonyň baýlygy bir günüň içinde 11,3 milliard dollar köpeldi ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.
«Bloomberg» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, muňa gazna söwdalarynyň üstünlikli ösüşi sebäp bolupdyr. Bu gazanylan peýda taryhy rekord hasaplansa-da, geçen aýky hasaba alnan ykdysady çökgünlik zerarly, Arnonyň ýitiren baýlygynyň öwezini dolup bilmedi. Geçen ýylyň ýazynda Arnonyň umumy baýlygy 100 milliard dollardan gowrak bahalanan bolsa-da, ol üstümizdäki ýylyň fewral aýynda baýlygy 100 milliard dollardan geçýän milliarderleriň sanawyndan çykypdy. 25-nji mart ýagdaýyna görä, onuň baýlygy 70 milliard dollar bahalanýar.
Şeýle-de gazna söwdalarynyň netijesinde, amerikaly maýa goýujy Uorren Bafetiň baýlygy 6,5 milliard dollar, «Zara» dükanlar toplumynyň eýesi Amansio Orteganyň baýlygy 5,9 milliard dollar ýokarlanypdyr.