Dünýä täzelikleri: «BMW» logosyna üýtgeşme girizdi
Golaýda Germaniýanyň «BMW» awtomobil kompaniýasy täze nyşanyny tanyşdyrdy. Täze nyşanynyň üýtgeşik tarapy — onda gara reňk açyk reňk bilen çalşylypdyr ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.
Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, açyk reňkdäki täze nyşan sanly tehnologiýa bazaryndaky ýaş telekeçileri özüne çekmegine garaşylýar. Häzirlikçe täzelenen logo kompaniýanyň diňe «BMW i4» awtomobilinde ulanylar. Öňümizdäki ýyldan «BMW i4» awtomobil modeli köpçülikleýin işläp çykarylar.
Maglumat üçin aýtsak, «BMW» kompaniýasy Karl Fridrih Rapp hem-de Gustaw Otto tarapyndan 1916-njy ýylda esaslandyrylýar. Kompaniýa öz logosyny mundan öň 1997-nji ýylda täzeläpdi.
Satlyk 4 years ago- BMW masyn Turkmenistanda aljak bolsanyz shu yerde gorup bilersiniz:
https://satlyk.org/vasita/arabalar/bmw_2