Gaçmak
Sidhasa atasynyñ ýanyndan çykyp, öz köşgüne ugrady. Ol öwüşgünli ýasalan gözel köşk-eýwanlart aralap, kümüş diwarlaryñ ýanyndan ýatýan jaýyna tarap ýöredi. Her ädimde ökde sazandalar ony garşy alýardylar, her ädimde gözel kenizekler eñilip salam berýärdiler. Ýöne şazada olaryñ hiç-birine-de garaman, geçip gidýärdi. Köşgi terk etmek pikiri onuñ ähli duýgusyny gurşap alypdy. Şol agşam köşge üýtgeşik bir güýç aralaşan ýaly boldy. Sazandalardyr tansçylar, hyzmatkärler ilki agşamdan uklap galdylar. Soñ çagasy Rahulany bagryna basyp, Ýasadhara hem uka gitdi. Şazada: ''Gitmezimden öñ çagamy bir gujaklap öpsem ýaman bolmazdy. Emma nädeýin, birden Ýasadharanyñ oýanmagy mümkin. Onda men mundan gidip bilmerin. Gowusy, hiç kim oýanmanka gideýin'' diýip oýlandy. Şazada uklap ýatanlaryñ arasyndan emaý bilen geçip, jaýdan jaýa geçdi. Soñra tamdan pese düşdi. Göni atbakaryñ ýatakahanasyna baryp ony oýatdy. Ol:
ㅡ Çanna, tiz aty eýerle. Men tizden-tiz ýola düşmeli ㅡ diýdi.
Çanna şazadanyñ ýarygije ýola şaýlanmagyna geñ galdy. Ýöne buýrugy derrew berjaý etdi. Kantankany eýerläp, şazada gowşurdy. Şazada aty sypap-sypalap, onuñ gulagyna: ''Kantaka, ezizim, biz örän seresap bolmaly. Sakçylar oýanmasyn. Bu gije meniñ takdyrymyñ çözülýän gijesi ㅡ diýip pyşyrdady.
Olar Üçoglan bagynyñ uly derwezesine tarap ýörediler. Olar golaý baran badyna, derweze öz-özünden açyldy. Hiç kime bildirmän tümlügiñ gujagyna girip gitdiler. Şäherden çykyberende, şazada bir dem saklanyp, yzyna öwrülip:
ㅡ Azar-horluklardan gutulmagyñ ýoluny tapmaýançam, bu gözel şähere ㅡ Kapilawasta dolanmaryn ㅡ diýip, öz ýanyndan ant içdi. Olar gijesi bilen ýol ýörediler. Daña ýakyn derwüşleriñ ýaşaýan syrly tokaýyna gelip ýetdiler. Şazada hoşaldy. Ol: ''Hakyky syýahatym indi başlanýar'' ㅡ diýip oýlanýardy. Soñ ol Çanna bakyp:
ㅡ Dostum, eden kömegiñ üçin tüýs ýürekden sag bol aýdýaryn. Men özümiñ isleýän ýerime gelip ýetdim. Indi atymy al-da köşge dolan ㅡ diýdi.
Çanna şazadany bu ýerde ýeke galdyryp, köşgi-saraýa ýalñyz özüm dolanaryn diýip pikirem etmändi. Şonuñ üçin hem ol geñ galyp, Sidhasa seredip, gözünden boýur-boýur ýaş akdyrdy. Şazadanyñ oña rehimi gelip, ýagşy sözler bilen oña teselli berdi:
ㅡ Wepaly Çanna, sen aglama, barybir iru-giç hoşlaşmak pursaty gelýär. Ine, şu ýakut-merjenleri sen al, olar indi maña gerek däl, köşge dolanyp atama-da aýt, men hiç kimden närazy däldirin. Ata-enesini hoş görmeýän ekeni'' diýip, men hakda ýaman pikir ermesinler. Gaýta, men olary çyn ýüregimden gowy görenim üçin şeýle iş etdim. Azap-horluklardan gutulmagyñ ýoluny tapanymdan soñ, köşge-maşgalama dolanaryn. Bardy-geldi, şol ýoly tapyp bilmesem, onuñ hem zeleli ýok. Barybir, iru-giç ölüm bizi birekden jyda edýändir. Hoş, sag bol, bar, indi ýola düş, men hem öz ýoluma rowana bolaýyn.
Çanna şazadanyñ berk karara gelendigini bilip, atyñ jylawyny yza öwrüp, göwünli-göwünsiz ýola düşdi. Uzaklaşyp barýarkalar, Çanna bilen Kantaka birnäçe gezek öwrülip, gözlerini ýaşardyp şazada bakdylar. Ahyry olar Kapilawasta ýetip geldiler. Çanna gaýgy-gama gark bolup, şazadanyñ täji-tagtdan bütinleý geçendigini hemmelere habar berdi.
(dowamy bar)
Awtory: Jonatan Landau.
Terjime edenler: A. Atabaýew, D. Kerimow.