Awtomobil şinalaryny (tekerdaşkylary) her bir adamyň gündelik ulanýan aýakgaplary bilen deňeşdirmek bolar. Ulag serişdesini ygtybarly ulanmakda möhüm şertleriň hataryna hereketlendirijiniň, transmissiýanyň şeýle hem ulagyň gurluşyna girýän beýleki elementleriň tehniki ýagdaýy degişlidir. Awtoşinalaryň ýagdaýy hem möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem olary dogry saýlamak meselesi elmydama ýörgünlidir.

Dogry saýlanyp alnan şinalar ýolda wagtyň ep-esli bölegini tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende bellesek, ýol-ulag hadysalarynyň aglaba bölegi awtoulaglardaky şinalaryň hiliniň pesdigi ýa-da ýaramazdygy netijesinde bolýandygy ýüze çykaryldy.

Awtomobil şinalary satyn alnanda nämä üns bermeli?

Öz awtoulagyň üçin laýyk gelýän şinany dogry saýlap almak üçin şu şertleri berjaý etmeli:

1. Şina haýsy möwsüm üçin satyn alynýar;

2. Tekerleriň gurluşynyň we protektorlaryň görnüşleri;

3. Montaž diametri;

4. Awtomobil şinalarynyň ini;

5. Tizlik we agram indeksi.

Bular dogrusynda durup geçeliň. Möwsümlilik babatda, esasan, 2 görnüş bar: tomusky we gyşky şinalar. Awtomobil tekeriniň protektorynyň gurluşy 2 görnüşde bolup bilýär — simmetrik we assimmetrik. Şeýle hem bir ugra gönükdirilen we gönükdirilmedik protektorlar bar. Protektorlaryň belli bir ugra gönükdirilmegi suwy sowmaga bolan ukyplylygy we durnuklylygy ýokarlandyrýar.

Şinalaryň ini

Şinalaryň ini ýörite san bilen belgilenýär. Mysal üçin, 185 mm. Reziniň ininiň ölçegi diskiň inine deň bolmalydyr. Eger-de olar deň bolmasa, onda teker dogry düşmez. Ulag serişdeleriniň ähli görnüşleri diýen ýaly, disk diametrleriniň we awtomobil şinalarynyň dürli görnüşlerini kabul edip bilýär. Bular babatda ulagy ulanmak boýunça berlen gözükdirmede bilip bolýar. Awtoulagyň ýörite ulanyş boýunça gözükdirme resminamasynda awtomobiliň haýsy modeli üçin haýsy indäki şinalaryň maslahat berilýändigi görkezilendir.

Tizlik we agram indeksi

Belläp geçmeli zatlaryň biri, tizlik indeksi saýlanyp alnan şina üçin rugsat edilen maksimal tizligi görkezmäge mümkinçilik berýär. Eger-de awtomobil bellenilen tizlikden has ýokary tizlikde hereket eden ýagdaýynda, onda awtoşinalaryň ulanyş görkezijileri ýiter. Bir diametri bolan şinalar beýleki görkezijilere baglylykda dürli tizlik indekslerine eýe bolup biler. Ilkinji nobatda, gürrüň profiliň ini, reziniň garyndysynyň düzümi, şeýle hem bahasy babatda barýar.

Agram indeksi diýlende, awtomobil şinasyna rugsat edilen maksimal agram ölçeg göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji san bilen belgilenýär. Mysal üçin, eger-de, «195/75 R15 88Н» belgilenmäni alyp görseň, bu ýerde «88» — agram indeksini aňladar. Şina satyn alanyňda, üns bermeli möhüm zatlaryň biri hem, awtomobiliň maksimal agramy şinanyň agram indeksiniň 4-e köpeldilmeginden alnan görkezijiden geçmeli däldir.

Jemleme

Awtomobil şinasynyň dogry saýlanyp alynmagy, wajyp ähmiýete eýedir. Awtoulagy dolandyrmakda howpsuzlyk, ýolüsti örtüklerine durnuklylyk hut şuňa baglydyr. Bu babatda ýörite hünärmenlere ýüz tutup, maslahat sorap bolar.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir