NYZAMY GENJEWI
(1141 – 1209)
XII asyryň beýik şahyry Ylýas ibn Ýusup Nyzamy yslam gündogary edebiýatynyň taryhynda deňsiz-taýsyz şahsyýetleriň biridir. Mesnewi görnüşinde ýazylan uly göwrümli eserleri boýunça ol ussatlykda Sagdy, Firdöwsi hem Jelaleddin Rumynyň belentliginde, gazal ýazmakda bolsa Hafiziň belentliginde durýar. Nyzamynyň şahyr hökmündäki artykmaçlygyny hem beýikligini, aýratynlygyny hem gaýtalanmazlygyny haýsy nukdaýnazardan düşündirip bolar?! Bu sowala, megerem, şeýle umumylaşdyryjy jogap bermelidiris: Nyzamy özüniň ylmy hem pelsepewi dünýägaraýşyny dolulygyna hem çuňňurlygyna çeper eserlerinde beýan edip bilen şahyrdyr. Ylmy hem pelsepewi dünýägaraýşy çeper galyplara salmak, çeper galyplary boýun egdirmek üçin üýtgeşik zehin gerek. Bu şahyryň syry şundadyr. Munuň hötdesinden gelen azdyr. Ylmy pikirleriň howaýy hem guraksy tebigatyny üýtgetmezden şygra salanyň bilen, çeper eser döremeýär. Eser gyzyksyz bir zat bolup galýar, okyjynyň estetiki höwesini oýarmaýar, duýgularyna täsir etmeýär. -Nyzamy Genjewi ylmy-pelsepewi pikirini hut çeper pikir ýaly janly zat hökmünde ýürekde duýmagy hem ony özüne laýyk çeper usullarda bermegi başarypdyr. Edebiýatyň juda beýik wekili barada aýdylýan şeýle jümle bar: «Pylany şahyrlaryň şahyry». Munuň manysy degişli şahyryň öz döredijiligi arkaly şeýle bir köp täzelikleri açandygyny, şeýle bir köp açyşlary edendigini, bu täzelikleriň hem açyşlaryň şondan soňky şahyrlar üçin egsilmez döredijilik çeşmesi, tükenmez hazyna bolandygyny aňladýar. Edebiýatyň mazmun we forma ösüşiniň şunuň ýaly fenomeni bilen baglanyşdyryp, Nyzamynyň beýikligi barada şeýle diýesim gelýär: Nyzamy Genjewi alymlaryň şahyrydyr! Çünki onuň eserlerinde gündogar filosofiýasynyň irfan we sopuçylyk ýaly ugurlarynyň, gündogar ylmynyň astronomiýa, astrologiýa, geometriýa, geografiýa, mineralogiýa, taryh, edebiýat ýaly ugurlarynyň ähli gazanan pikir gymmatlyklary çeper mazmuna hem forma uýgunlaşdyrylyp, dolulygyna beýan edilendir. Şonuň üçinem onuň pikirleriniň hakyky çuňlugyna ýetäýmek her kime başardýan zadam däldir. Emma muňa ýetmände-de, okyjy üçin hiç hili utulyş ýokdur. Çünki Nyzamynyň eserleriniň mazmuny gatlak-gatlak bolup, okyjy öz sowadynyň hem akylynyň ýetişine görä, ol eserlerden hökman bir zatlary alyp bilýär. Nyzamynyň intellektuallygy hem baý erudisiýasy soňky asyrlaryň Gýote, T.Mann, A.Azymow ýaly läheňlerini ýatladýar. «Gýotäniň alymlygy güýçlümi, şahyrlygy?!» diýen meseleden okyjylaryň käbiri habarlydyr. Nyzamy babatda bu sowala, gürrüňsiz, onuň alymlygy hemişe şahyrlygyna doly tabyn bolýar diýip jogap berip bolardy. Alymlyk hem şahyrlyk onuň eserlerinde şeýle bir alyşýar welin, şeýle hadysa edebiýat taryhynda juda seýrekdir, hatda başga ýok diýerliklidir.
* * *
Nyzamy häzirki Azerbaýjanyň Genje şäherinde eneden bolupdyr. Onuň eserleriniň göwrümi umman ýaly bolsa, terjimehaly barada bilýän zatlarymyz bary-ýogy damjanyň ululygyndadyr. Soňkulary biz gündogarda ýazylan dürli tezkirelerden hem şahyryň öz berýän maglumatlaryndan ýygnap bilýäris. Şahyryň ömründe hiç hili geň-taňlyk ýa täsin wakalardyr ýagdaýlar bolmandyr. Bütin ömrüni ol Genjeden hiç ýere çykman diýen ýaly ýaşap geçipdir. Onuň aslynyň Ajam (eýran) Yragy diýilýän ýerdendigini çaklamak mümkin. Genje öňki Arran diýlip atlandyrylan, soň Garabag diýlen welaýatyň paýtagtydyr. Beýik şahyr 1141-nji ýylda doglupdyr. Garry atalarynyň atlary Zaky hem Muaýid bolup, ejesi kürtlerden eken. Onuň ady Ramsa bolupdyr. Öz aýtmagyna görä, Nyzamy üç gezek öýlenipdir. Ilkinji aýalynyň ady Ap-ak, şahyr ony gaty ýürekden söýüpdir. «Hosrow-Şirin» dessanyny tamamlap barýarka, şahyra bir ogul dogrup beren Ap-ak aradan çykypdyr. Öz dessanlarynda Nyzamy ogly Muhammede köp öwüt-nesihatlar edýär. «Hosrow-Şiriniň» baş gahrymanlarynyň biri Şiriniň obrazynda Ap-akyň şahsyýetinden alnan zatlar köpdür. Şahyryň döredijiligine düşünmek üçin, onuň döwrüni bilmeli. Nyzamynyň şäher senetkärleriniň maşgalasyndan çykandygyny çaklamak mümkin. Öz dessanlarynda ol eliniň ýukalygyndan köp zeýrenýär. Emma bu garyplyk däl-de, eýsem arkaýyn hem aladasyz döredijilik etmäge mümkinçilik bermeýän golyýukalykdyr. Onuň döwründe şahyrlyk aýratyn we ýörite kär bolman, şahyrlar şol bir wagtda hem mugallym, hem hekim, hem münetjim bolupdyrlar. Nyzamynyň esasy eklenç çekmesi-de, megerem, mugallymçylyk. Onuň deňsiz-taýsyz dessanlarynda şäher keşbi, durmuşy – şol döwrüň uly şäheriniň aýratynlyklary giňişleýin hem anyk suratlandyrylýar. Onuň çeper metaforalary-da orta asyr gündogar şäheriniň durmuşyndan we şol ýerde ýaşan şäherliniň duýgy-düşünjesinden alnandyr. Nyzamy bütin ömrüni pukaralykda, hatda zahydlykda geçiripdir. Onuň dost-ýarlary köp bolupdyr, şahyr, hekim we ulama hökmünde onuň abraýy gaty ýokary eken. Gumanitar hem tebigat ylymlaryndan oňat baş çykaran Nyzamy şol ylymlary talyplara-da öwredipdir. Sopuçylykda bolsa ol iň öňdäki alymlaryň biri hasaplanypdyr. Dessanlarynda hezreti Alynyň şahsyýetine juda hormat bile garaýandygyna seretseň, şahyryň şafygy mezhebinden bolandygy görünýär. Bilermenler Nyzamynyň şahsyýetiniň ahlak nukdaýnazardan üýtgeşik hem çirksiz bolandygyny ýazýarlar. Bu meselede ony Firdöwsi bilen bir derejede goýýarlar. Çünki bularyň tom-tom kitaplarynda başdan-aýak ýekeje-de paýyş söz ýokdur. Nyzamy Genjewi gündogar edebiýatynda alty sany uly göwrümli mesnewi-dessan galdyrypdyr. Onuň «Hamsa» (Bäş eser) atlandyrylýan esasy eseri aslynda bäş däl-de, alty dessandan ybaratdyr. «Isgendernama» eseri iki aýry-aýry dessandan – «Şerefnama» we «Ykbalnama» dessanlaryndan ybaratdyr. Tutuşlygyna bolsa onuň dessanlar toplumy «Hamsa-ýe Nyzamy» atlandyrylýar. Orta asyr Gündogarda däp bolşy ýaly, muňa girýän dessanlaryň hersi döwrüň aýry-aýry häkimleriniň haýyşy boýunça ýazylypdyr. 1. «Mohzan ul-esrar» – «Syrlar hazynasy» Mälik Fahr ed-din Bähram şahyň – Arzynjanyň häkiminiň adyna ýazylyp, 1157 – 58-nji ýyllarda tamam edilipdir. 2. «Hosrow-Şirin» Abu Talyp Togrul ibn Arslanyň, seljuk patyşasynyň hem-de Jahan Pälwan atly Abu Japar Muhammet Ildeňiz bile onuň dogany Atabeg Gyzyl Arslanyň adyna ýazylyp, 1180 – 81-nji ýylda gutarylypdyr. 3. «Leýli-Mejnun» Abul-Muzafar Şirwan şahyň haýyşy boýunça ýazylyp, 1190 – 91-nji ýyllarda tamam edilipdir. 4. «Heft peýker» (Ýedi gözel) ýa-da «Haft gümbed» (Ýedi gümmez) ýa-da «Bähramnama» Alaeddin Körpe Arslana bagyşlanyp, 1196 – 97-nji ýyllarda gutarylypdyr. 5. «Şerefnama». Muhammet Jahan Pälwanyň ogly Atabeg Agzam Mälik Nasred-din Abu Bekir Seljuka bagyşlanypdyr. 1196 – 97-nji ýyllardan soň ýazylypdyr. 6. «Ykbalnama». Mälik Izeddin Mahmyt Arslan Seljuka bagyşlanyp, 1202 – 03-nji ýyllarda ýazylypdyr. Eseriň ahyrynda şahyr golýazmany Mälik Izeddine öz ogly Muhammetden iberýändigini ýazýar. Nyzamy 1203 – 1205-nji ýyllar aralygynda 64 ýaşynyň içinde aradan çykan bolmaly. Ony uly il bolup, at-abraý hem hormat bile jaýlapdyrlar. Asyrlarboýy onuň mazary zyýarat edilýän ýere öwrülipdir.
* * *
Nyzamy Genjewiniň «Hamsasyna» girýän dessanlaryň wakalary köne çeşmelerden – rowaýatlardan we taryhlardan alnandyr. «Hosrow-Şirin», «Ýedi peýker» we «Isgendernama», umuman, Ferdöwsiden alnan, şeýle-de soňkuda şahyr Gurhandan we grekleriň kitaplaryndan täsir alypdyr. «Leýli-Mejnun» bolsa Üzra atly arap kabylasynyň rowaýatlarynyň edebiýat taryhynda ilkinji gezek bir uly esere birikdirilmegi bolup durýar. Edebi däpler aşa güýçli orun eýelän Gündogar edebiýaty-ha däl, hatda Günbatarda hem özünden öňkülerden almak geň zat däldir. Bu ýerde uzaga gitmän, Şekspiri ýatlamak ýeterlikdir. Almasyna alýar, şeýle hem Nyzamy bu sýužetleri şeýle bir ussatlyk bile özgerdýär, tanalmaz derejä ýetirýär weli, «aperin» diýýärsiň. Sýužet şahyr üçin bary-ýogy ugur alyş nokady bolup hyzmat edýär, eseriň mazmuny bolsa diňe we diňe Nyzama degişli bolup çykýar. Çünki mazmun sýužetde däl-de, şahyryň döreden çeper formalarynda ýaşaýar. «Hamsanyň» çeperçilik derejesi juda ýokarydyr. Onda assosiatiw obrazlaryň, many hem ses assosiasiýalarynyň birgiden ummany bardyr. Şol çeperçilik ummandan gark bolman, özüňi ýitirmän çykaýmak her bir okyja başardybam durmaýar. Tolstoýyň «Men aýratyn dünýä döredýärin we okyjyny şol dünýäniň içine salyp goýberýärin» diýen tutumly sözlerini Nyzama-da degişli etmek bolar. Hakykatdan-da, çäksiz gabarasy hem biserhet göwrümi, düýpsüzligi taýdan «Hamsa» aýratyn bir dünýä. Bu dünýäde onlarça gahrymanlar – şalar, wezirler, akyldarlar, aşyk-magşuklar, senetkärler, alymlar, daýhanlar, gojalar hem ýaşlar ýaşaýarlar. Bu dünýä ýedi asmandan, planetalardan, daglardan hem deňizlerden, çöllerden hem ýaýlalardan, şäherlerden hem obalardan ybaratdyr. Adam köňli bolsa bu giňişlikleri görmegiň hem görkezmegiň nokatlarydyr. Ähli dessanlar bir zat – Wagt üsti bilen bir sapaga düzülendir. Wagt hemme zady – giňişlikleri we wakalary birleşdiriji, kompozisiýa taýdan bitewi ediji barlykdyr. Beýle kompozision bitewülik biziň aňymyz öwrenişen many ýa-da simmetrik kompozisiýa, ýagny many ýa-da wakalar yzygiderliligi bilen asla-da bir zat däldir. Juda ünsli hem üşükli bolmadyk okyjy üçin eseriň mazmuny dagynyk ýaly bolup görünmegi-de daş däldir. Okyjy estetiki taýdan sowatly hem tejribeli, inçeden düşünýän bolmasa, her hili öwüşginleri, gatlaklary duýubam bilmeýär, wakalary ýa-da detallary gaýtalama hasaplap, ýalňyşmagy-da mümkindir. Nyzamy Genjewiniň «Hamsasy» ýokary sungatyň, beýik edebiýatyň nusgasydyr. Şonuň üçinem onuň derejesini we aýratynlyklaryny düşündirmek üçin, edebiýat baradaky iň ýokary garaýyşlara we pikirlere ýüzlenmeli bolýar.L.Tolstoý «Anna Karenina» romany hakynda ýazanynda, mazmun bitewülikde – romanyň bölekleriniň arasyndaky «uly baglanyşyklardadyr» diýip düşündirýär. Nyzamy hem öz eserini ýazmak bilen wakalaryň ýönekeý yzygiderliligini däl-de, estetiki ähmiýeti taýsyz bolan şol «uly baglanyşygy» gazanmak isläpdir. «Hamsanyň» manysy onuň wakalyk göwrüminde, söz düşeginde däl-de, şol «uly baglanyşyklardadyr». Şahyr şol bir örän düýpli pikiri okyjynyň aňyna belli-külli ornaşdyrmak üçin, ony dürli çeper öwüşginlerde, jähetlerde – kä gönümel, kä tymsal arkaly, kä metaforalarda, käte bolsa tutuş sýužet bilen beýan edýär. Islendik eseriň çeperçiligine düşünmek üçin, ilki bilen, şahyryň pelsepewi dünýägaraýşyna seretmeli. Nyzamynyň döwründe nähili ylmy dünýägaraýyş bolupdyr?! XII asyrda ýaşan, geosentrik garaýyşly Nyzamynyň düşünjesinde asman gümmezi gymyldysyz Ýeriň daşynda aýlanyp dur. Şahyryň köp çeper obrazlary hut şu düşünjä esaslanýar. Asmanda – pelekde «seýýaralar» – ýedi sany planeta baky aýlaw edýär. Ýer bolsa balygyň gerşine münen öküziň üstünde dur. Emma beýik Nyzamy muny göni – fiziki manyda aýdýar diýip bolmaz. Onuň bu diýýänleri mifdir. Mifde Asman – okean, Aý – balyk, öküz – Gündür. Diýmek, şahyr göçme manyda gürleýär. Eger ol öz garaýyşlaryny açyk aýdan bolsa, megerem, bütinleý başgaça gürlärdi.
* * *
Nyzamy Genjewiniň «Hamsasynyň» birinji dessany «Syrlar hazynasy». Özüniň gurluşy taýdan bu eser «Hamsanyň» beýleki dessanlaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Çünki munda beýlekilerdäki ýaly bitewi sýužet hem, başdan-aýak hereket edýän gahrymanlar hem ýokdur. Eseriň bitewüligi yzygider hem gutarnykly sýužete däl-de, tematiki birlige esaslanýar. Tematiki birlik akyldar şahyryň dünýäni duýşundan gelip çykýar, dünýäduýuş hem poetikany kemala getirýär. Bu hakda entek aýdarys. Häzir bolsa Nyzamynyň döredijiliginiň bir häsiýetli aýratynlygyny bellemek ýerlikli zerurlyk. Aýry-aýry eserleriniň biri-birine gatnaşygy taýdan ýazyjylary iki topara bölmek mümkin. Bir topar ýazyjylar bolýar, bularyň galamy astyndan çykan hemme eserleri birmeňzeş we bir galypda bolýar. Düýbüne seredeniňde, şu hili ýazyjy ömürboýy ýekeje eser ýazýar. Onuň ähli ýazanlary, seredip otursaň, şol bir eseriň dürli, aýry-aýry nusgalary bolup çykýar. Ikinji bir topar bar, bularyň ýazanlary asla biri-birine meňzemeýär, her bir eser başga dünýä. Hersi başga gurluş, başga pikir, başga hakykat. Bularyň hersinde başga tema, başga stil, başga kompozisiýa. Dogry, ýazyjynyň şahsyýet bitewüliginden gelip çykýan hem-de bularyň baryny birleşdirýän umumylygyň bardygy hakdyr. Emma şol bir wagtda-da, her bir eser gutarnykly, hersinde täze, üýtgeşik esaslarda gurnalan hem beýan edilen durmuş hakykaty bar. Nyzamy Genjewi ikinji topara degişlidir. Bu aýratynlyk onuň şahsyýetiniň ruhy-pikir taýdan uçursyz baý, iň esasy-da köpdürli hem köp reňkli bolandygyny görkezýär. Beýle dörediji şahsyýet – tebigaty boýunça dinamiki, çalt üýtgäp-özgerýän, her özgerişde-de dünýäniň bütinleý täze, köplenjem, özi üçinem, okyjy üçinem garaşylmadyk taraplaryny açýan şahsyýetdir. Her gezek ýaşaýşyň täze tarapyny, dünýä hakykatynyň täze mazmunyny açyp bilýän şeýle dörediji çäksiz döredijilik hem açyjylyk potensialyna eýedir. Dinamika – onuň zandynyň aýratynlygydyr. Onuň talant baýlygy bimöçber hem çäksiz. Beýle adam müň ýyl ýaşap, müň ýazsa-da, içi gowzamazdy, baýlygy egsilip gutarmazdy. Pikir baýlygy – mazmun baýlygy onuň döredijilikdäki forma baýlygy bolup ýüze çykýar. Her täze eser bolsa bütinleý täze bir formadyr. Birinji topardaky ýazyjy gaty düýpli, juda çuňňur bolsa-da, ýekeje mazmuny tapýar, şuny-da her eserinde diýen ýaly çuňlaşdyryp, aýdyňlaşdyryp gidip otyr. Ikinji topardaky bolsa bir eserinde düýpli mazmuny laýyk düýpli forma bilen gutarnykly äşgär edýär, egisýär. Çünki indiki eserinde oňa eýýäm başga bir düýpli pikir garaşyp otyr. Nyzamynyň her dessany bir dünýädir. Çünki olaryň hersiniň aňladýan baş ideýasy-da, açýan beýik hakykaty-da, eseriň içki gurluşy we howasy-da, hatda beýan edişiň hörpi we depgini-de başgaçadyr we başgadyr.
* * *
«Syrlar hazynasynyň» poetikasy barada şuny aýtmalydyrys: eser «çemen prinsipinde» gurnalypdyr. Dürli güllerden bir ajaýyp, köp reň, köp ysly çemeniň baglanylyşy ýaly, şahyr ýigrimi sany temany bitewi dessana birikdiripdir. Ol Nyzamynyň mazmun taýdan alanyňda, iň pelsepewi, has dogrusy ýarym pelsepewi, ýarym şahyrana – çeper – edebi eseridir. Munuň özi eseriň Nyzamynyň okan ylmy-pelsepewi-sopuçylyk kitaplaryndan daşlaşmadyk wagtynda, awtoryň janly durmuşyňkydan beter kitabyň täsirinde has köp bolan wagtynda ýazylandygyny aňladýar. «Eserde durmuşyň paýy–gatanjy köpmi, kitabyň?» diýen sowala, «Elbetde, ikinjiniňki» diýip jogap berip bolardy. Şonuň üçinem «Syrlar hazynasynyň» baş gahrymany ýa-da gahrymanlary janly, et-gandan, süňkden ybarat adamlar däl-de, pikirlerdir. Emma Nyzamyny beýik edýän zat – şol pikirleriň (ideýalaryň) hut janly pikirlerdigidir. Çünki pikirlerem iki hili – janly we jansyz görnüşde bolýarlar. Bu nädip, näme mynasybetli bolýar?! Ideýalar, pikirler, howaýy hakykatlar daşdan alnanda, şol daşda-da galyp, ýaşaýşyny dowam etdirenlerinde, jansyz bolýarlar. Biz olary taýýar, gutarnykly, eýýäm kesgitlenen halda kitapdan alýarys, özgeleriň gürrüňlerinden alýarys. Olar köplenç biziň bary-ýogy dilimizde orun tutýar, dilimizde barlyk bolup dowam edýärler. Olar biziň ýüregimiziň, süňňümiziň, janymyzyň hem tenimiziň, biziň zandymyzyň – tüýsümiziň hakykatyna öwrülmän, bularyň daşynda, bularyň üstüne ýetne, goşmaça, gatanç hökmünde bar bolýarlar. Biziň janly barlygymyz bulary öz içki, çyn hakykatlarymyza – gowy ýa erbet hakykatlarymyza, gerek pursadynda we ýerinde, delil, esas hökmünde, özüniňkini «dogrudygyny» «subut etmek» üçin ulanýar. Munuň özi iş ýüzünde köplenç perde, ýuwmarlama, aklama bolup durýar. Beýle barypýatan adaty hem-de gündelik hadysa bir zada – öz aýdýan sözleriniň hakdygyny diňläp oturanyň biriniň asgyrmagy bilen subut edildi hasaplaýanyň bolşuna meňzeýär. Aslynda welin gepiň haklygynyň asgyrma bile hiç hili baglanyşygy ýok ahyryn! Içden-daşdan alnan taýýar ideýany – hakykatlaryň şeýle ýaramaz oýnuny men durmuşda köp gördüm. Dowzah – jennet, hak – nähak, adalat – adalatsyzlyk, Alla – şeýtan ýaly meselelerdäki «umumy», «ortalyk», «jedelsiz» hakykatlar – pikirleri adamlar özleriniň hereketlerini, boluşlaryny, zandyny bary-ýogy dilde perdelemek, ýuwmarlamak, aklamak, delile getirmek üçin işledýärler. Şeýdibem, dil bile ýüregiň, dil bile hereketiň arasyna çaprazlyk düşýär. Şeýdibem, edeninde bir zady etmek, diýeninde başga zady diýmek, şol bir wagtda-da özüňi birkemsiz, aňrybaş kişi hasaplamak ýaly ýaşaýyş dowam edýär. Nyzamy, Magtymguly, Nesimi ýaly beýikleriň pikir-maksat gatnaşygy düýbünden başgaça. Olar hemişe dogry bolan, hiç mahalam nädogry hasaplanmajak pikirleri (ideýalary) daşdan alanoklar. Has dogrusy, olaryň daşdan alan ideýa-hakykaty daşlykda galanok-da, içine – süňňüne, ýüregine ornaşýar. Içde şahsyýetiň janyndan jan alybam, janly, diri hakykata öwrülýär. Netijede, olaryň öz hakykaty döreýär. Janly, diri bolansoň bu hakykatlar – ideýalar özgelere-de täsir etmek ukybyna eýe bolýar. Şahyr bolsun, alym bolsun, aryf bolsun, – genileriň gudratynyň sebäbi şondan ybaratdyr.
* * *
Sözüň aňyrsynda pikir gizlenýär. Pikiriň aňyrsynda bolsa syr ýatýar. Beýik Nyzamynyň öz eserini «Syrlar hazynasy» atlandyrmagynyň manysy şondan ybaratdyr. Näme üçin syr? Çünki munda özgeleriň görmeýän, özgeler üçin ýapyk bolan, özgeleriň tapmaýan hakykatlary bardyr. Eger gudrat adatdan daşarylyk bolsa, syr – munuň özi adatdan içerilikdir. Nyzamy ýaşaýşyň adata hem endige öwrülen kanunlarynyň içki manysyny açmaga meşgul adam. Durmuş göräýmäge baky ruhy hakykatlara orun goýmaýan ýaly. Eklenç, güzeran, rozugär, keýp-sapa, dünýä gyzykmak bakylyk hakykatlaryny ýalana çykaran ýaly. Asyl adamlaryň ýetişiksiz gara günde, bular barada pikir etmäge-de wagtam ýok ýaly. Onsoň olar şu güni bilen ýaşaýan adam üçin asgynjaň bir zat, päsgel berip duran bir zatlar ýaly. Ýok, beýle däl. Adam dünýäde diňe gününi, ömrüni geçirmek üçin däl-de, has beýik maksatlar üçin ýaradylan mahlukdyr. Bu maksatlar bilmeýänler üçin uly syrdyr. Nyzamy öz eserinde şol syrlary açýar. Syrlary pikirler açýar, pikirleri bolsa sözler aňladýar. Söz – keşdeli perde, perdäniň aňyrsynda bolsa syrlar hazynasy gizlenip ýatyr. Dessanyň girişinde şahyr eseriniň gymmatyny düşündirmek üçin, ony kä ganda, kä güle, kä çeşmä, kä düre, käte-de altyna deňeýär. Aslynda-da Nyzamyny beýik şahyr edýän zadyň assosiatiw pikirlenmedigini bellemek juda zerurdyr. Megerem, bu Nyzamynyň iň güýçli ýeri, onuň şahyr hökmündäki iň esasy aýratynlygydyr. Assosiasiýa – zatlaryň hem hadysalaryň arasynda göräýmäge asla bolmadyk baglanyşyklary gurnamakdyr. Assosiasiýalaryň netijesinde durmuşa, hakykata öň asla bolmadyk täzeçe garaýyş, täzeçe görüş peýda bolýar. Bu görüş biziňem gözümizi açýar. Dünýäni täzeçe görýänligini şahyryň özem bilýär. Şonuň üçinem ol diňe şu dessanda däl, beýleki eserlerinde-de öz sözüniň terligini – täzedigini hem hiç kimiňkä meňzemeýändigini öwran-öwran aýdyp geçýär. Söz gnoseologik akt däl, ontologik barlykdyr. Munuň özi sözüň ýaradylan zat, ýaşaýşyň ösüşiniň netijesi däl-de, barlygyň özüdigini, barlygy döredýän asylbaşkylykdygyny aňladýar. Söz adamzadyň elindäki haýsydyr bir serişde däl-de, adamzadyň özüni döredijidir. Söz bolmasa adamzat diýilýän hadysanyň özi-de bolmazdy. Dünýäde söz ýok diýip bir pursat göz öňüne getireliň! Diýmek, adamzat hem ýok! Adam ýokmy – biziň dünýä diýýän barlygymyzyň özi hem ýok. Dünýä sözden ýaradylandyr. Söz – ýaşaýşyň başlangyjy, söz ýokluga öwrülende, barlyk hem ýokluga dönjekdir. Söz bolmasa, ýürek özüni aňladyp bilmezdi. Ähli zatlara söz arkaly ýetilýär. Söz ähli zatlara çenli baryp ýetýär, barlyk diýmek sözde aňladyp bolýan zat diýmekdir. Sözüň häkimligi iň hakyky häkimlikdir. Sözüň şeýle ontologik gymmatynyň barlygy üçin, Nyzamy öz eserini ýigrimi sany söze bölýär. 1-nji makala – söz – «Adamyň ýaradylyşy barada». Söz arkaly ýokluk barlyga öwrülenden soň, bu barlykda Adam ýaradyldy. Adam külli zatlaryň patyşasydy. Emma ol gadagan iýmitden – bugdaýdan dadyp, baky jennetden kowuldy. Ýerde toba edip, ybadat edip, Ýere patyşa boldy. Ony jennetden bugdaýa bolan yşk mahrum etdi. Şu hili pelsepewi pikirler şahyry täze many älemine iterýär. Bugdaý yşgyna düşüp, adamyň özi-de bugdaýpisintlige eýe boldy. «Bugdaý yşgy» pelsepewi aňlatmasy Nyzama adamzadyň zemini ýaşaýşyny hem-de zemini barlygyny täzeçe mana getirmäge pelsepewi-ahlak hem estetiki esas berýär. Asmany barlykdan zemini barlyga geçen adam bugdaý yşgyna düşdi, onuň filogenezi şundan ybarat! Adam edil bugdaý ýaly ata-enesiz ýaradyldy. Onuň ontogenesizi bolsa şundan ybarat: adam edil bugdaý ýaly ýaşaýyş-ewolýusiýa degirmeninde üwelip, ukyplaryň hem-de başarnyklaryň kämilligine ýetmeli. Adamyň estetiki barlygy-da bugdaý bilen baglanyşyklylykda aňladylmalydyr. Adamyň reňki-de bugdaýreňkdir. «Bugdaý» esasdaky many assosiatiw zynjyry dowam etdirip, Nyzamy muny Ýaradan babatda-da, Ýaradanyň dünýä gatnaşygy babatda-da ulanýar. Allatagala edil bugdaý eken ýaly, külli barlykda syr baryny ekip çykypdyr. Adamzadyň wezipesi bu syr bugdaýynyň çäjini almakdan ybaratdyr. Nyzamynyň assosiasiýalara baý çeper-pelsepewi dilindäki «dünýä ýeli», «şemala gurlan dünýä», «akar dünýä» ýaly formulalar şahyryň pikirlenmesiniň ähli döwürler üçinem ähmiýetli we haýran galdyryjy çuňluga eýedigini görkezýär. Ol durnuksyz dünýäden çekilip, esasly hem durnukly «dünýälik däl» barlyga ymtylmagy adamzadyň hakyky kämilliginiň esasy şerti diýip bilýär. Şu ýerdenem biziň nusgawy pelsepämiziň hem nusgawy sungatymyzyň adamzadyň ýaşaýşy diýilýän meselä nähili many belentligini berendigi äşgär bolýar. F.Dostoýewskiniň bir gahrymany «Adam ýaly wagşy jandaryň Hudaý ideýasyny tapmagy akylyňy haýran ediji zat» diýen manyda bir pikir aýdýar. Elbetde, taryhy maglumat bu ýerde çepbesine çöwrülip görkezilipdir. Ýöne gep munda däl, esasy zat adamzadyň eline çuňňur hem beýik ruhy binýady we gözükmeleri berýän sungatyň beýik sungatdygyndadygy. Şeýle pelsepewi çuňluklara ýeteni üçinem, Nyzamy-da biziň tutuş klassykamyzda hiç mahal pikir hem çeperçilik ähmiýetini ýitirmejek mirasdyr. «Syrlar hazynasynda» awtor akyldar hem dana hökmünde öňe çykýar. Ol şahyrana sözleýän akyldar. Akyldarlyk ara düşensoň, gündogar edebiýatyna akylyň şygryýeti hökmünde seretmek kada bolup galypdyr. Şeýle garaýyş öz-özünden diýen ýaly gündogar edebiýatynda hamana duýgynyň ornunyň çäklidigini, ikinji derejededigini göz öňünde tutýan ýaly. Şygryýetde akyl bilen duýgynyň gatnaşygy baradaky bu köne heňiň meseläni nädogry şekillendirýändigini aýdasym gelýär. Gep akylda-da, duýguda-da däl. Şygryýetiň tebigatyny bularyň haýsydyr biri däl-de, başga zat – çeper pikirlenme formalary hasyl edýär. Bu formalar kimdir biri, haýsydyr bir döwür üçin ýat, keseki, düşnüksiz bolsa, muňa formalar günäkär däl. Şonuň üçinem kesekilik, ýatlyk ara düşende, duýgy azlygy hakyndaky igençlere ýüz urmaly däl-de, şygryýetiň başga bir taryhy tipiniň aýratynlyklaryna düşünjek bolmaly. Biziň XX asyrda dörän şygryýetimiz dünýewilik dünýägaraýşyň sungatydyr. Nyzamy ýaly klassyklarymyz bolsa bütinleý başga eýýamyň – dini-ruhy medeniýetiň wekilleridir. Şu aratapawutdanam gaty uly zatlar we meseleler gelip çykýar. Biz dünýä bilen göni gatnaşykda ýaşaýarys. Biz özümizi dünýäniň bir bölegi hökmünde aňlaýarys we duýýarys. Biz şu dünýägaraýşa we dünýäni duýuşa esaslanýan şygryýeti duýgularyň şygryýeti diýip atlandyrýarys. Klassyklarymyz bolsa özüni dünýäden başgalyk, dünýä babatda metapozitiw aňlaýyşda duýýan medeniýetiň adamlarydyr. Ýok, gep bu ýerde diňe dünýägaraýyşda däl, şeýle bolanlygynda mesele has ýönekeý bolardy, gep dünýäni duýuşda. Dünýäni duýuş bolsa has inçe, has çylşyrymly, has tebigy hadysadyr. Düşnükli bolmagy üçin, men şu ýerde taryhy ösüş diýilýän zada düşünişimiň bir tarapyny aýdyp geçeýin. Ösüş diýilýän zat adamzadyň gazanany däldir. Ösüş – üýtgeýiş adamzadyň erkinden daşdaky zat. Biz taryhy ösüşiň sebäpkärleri däldiris, biz onuň içindäkilerdiris. Şaglap barýan sil suwunyň içindäki zatlaryň şol siliň akymyna erk edýändigini, ol akymyň ugruny, depginini kesgitleýändigini tassyklamak akyllylyk bolarmydy?! Biziň taryh diýilýän hadysadaky ornumyzam şonuň ýalydyr. Ine, onsoň bir dünýäni duýuşdan başgasyna geçiş – munuň özi bir pasyldan başgasyna geçiş ýaly adam erkiniň daşyndaky zatdyr. Şuňa göz ýetirmezlik adamzatda men-menlik döredýär. Her bir döwür özüni öňki döwürden ýokarda, ösen hasaplaýar, öňkülere hamana ulynyň çaga seredişi ýaly seredýär. Sebäbi adamzat netijeleri ösüş, öňküden ýokary bir dereje hasaplamakdan başga-da, bular adam zähmetiniň hem tagallasynyň netijesidir öýdýär. Netijede bolsa ol özüniň öňkülerden aýratynlyklaryny bary-ýogy diňe aýratynlyk däl-de, eýse hakyt artykmaçlyk hasaplaýar. Çünki diňe aýratynlyk – baý-bow, bu juda az bolýar, bu men-menlige hoş ýakanok, ony apalanok! Bu asla az bolýar! Gündogar klassykasy akylyň poeziýasy, ýagny duýgy az bolan poeziýa däl-de, ruhy dünýäduýuşyň poeziýasydyr. Munuň özi dünýäni ahlak-filosofiki nukdaýnazardan ret etmeklige esaslanýan dünýäduýuşdyr. Şonuň üçinem ol poeziýa biziňki ýaly beden duýgularynyň lezzetiniň poeziýasy däldir. Tersine, ol munuň ideologik antipodydyr. Biz bolsak – poeziýadan öz dünýälik duýgularymyzyň apalanmagyna garaşýan adamlar bolamyzsoň, klassyka bize guraksyrak, gereginden artyk, aşa akylly ýaly bolup görünýär.
* * *
Şonuň üçinem Nyzamyny we beýleki klassyklary kabul etmegiň baş şerti – olaryň döwrüniň dünýäduýuşyna gaýybana bolsa-da gaýdyp barmak ukybydyr. Şuny başarmasak, onda biz olara doly düşünip bilmeris, onda bize hakykatdanam olaryň beýikligine göz ýetirmek, özüň bolup göz ýetirmek däl-de, olaryň beýikligi hakyndaky özgelerden eşiden pikirimizi totuguş kimin gaýtalamak garaşýar. Bu bolsa, boýun alaýalyň, mertebe däldir. Meniňçe, öňkülere hakyky düşüniş – munuň özi olaryň dünýäsine düşmek, şol dünýäde dünýäni duýup görmek, soňra bolsa olaryň pikir-duýgularynyň içine girip, ondan soňam ol pikir-duýgulary öz döwrüne «terjime etmegi» başarmakdyr. Nyzama, Sagda, Fizula, Nesimä, Magtymgula kim düşünýär – kim olaryň aýdanlaryna hut şu döwürde aýdylan zat ýaly hilde we derejede düşünip bilýän bolsa, kim şolaryň aýdanlaryny öz döwrüniň dilinde ýekeje ýerinem ýoýmazdan, ýöntemleşdirmezden aýdyp bilýän bolsa, diňe şolam düşünýän adamdyr. Men özümem ýazyjy bolamsoň, şeýle janykýaryn. Çünki, köneleriň äheňinde sözlesem, men garybam taryhy wagtyň öwrüminden aňyrda ýatan başga döwürde-de özüme edil öz döwrümdäki ýaly düşünilmegini, ýagny özümiň okalmagymy isleýärin… Bolýar, bu zatlary goýalyň, Nyzama gaýdyp baralyň. Nyzamy külli ýaşaýşy Hakyň sözi hökmünde görensoň, dessanynyň ýigrimi sözünde – makalasynda – bölüminde bir dünýäni suratlandyrýar diýdik. Ýigrimi makalanyň hemmesiniň tematikasy, gürrüňsiz, dünýä we adamzadyň oňa gatnaşygy barasyndadyr. Her makalada öz düýpli pelsepewi düşünjelerini çeper formalarda kesgitländen soň, şahyr şol düşünjeleri tassyklaýan, olary «janly durmuşda» janlandyrýan anyk wakalary beýan edýär. Şunuň bilenem onuň çeper-şahyrana pikir ýöredişi, aýdaly, Sagdynyňkydan tapawutlanýar. Sagdy ilki wakany beýan edýär, soňra onuň pelsepewi umumylaşdyrmasyny berýär. Nyzamynyňky tersine. Ine, birinji makaladaky «bugdaý yşgy» formulasy «arpa oňňudy» diýen durmuş pelsepesini döredýär. «Arpa çöregini iý» diýen aforizm dünýäden jennete gaýdyp barmagyň hökmanylyk şerti hökmünde eşidilýär. Şu sözleri hut aforizm hökmünde aňlamak üçin, Nyzamy dünýäduýuşda bolmak gerekdir, ýogsa olar bimany ýa-da ýöntem manyly söz bolup eşidiler. Makalanyň ahyrynda «Namut bolan, emma günäsi geçilen şa hakynda hekaýat» berlipdir. Ikinji makala – «Şaha adyllyk nesihatlary». Adyl bolmak syýasatyň ýörelgesi däl, ol bakyýet şerti we bakyýet talaby. Çünki, şahyr aýtmyşlaýyn, adamzadyň ýaşaýşynyň kökleri we esaslary o dünýäde gurnalandyr, bu dünýä bolsa şolaryň amaly dowamyýetidir. Şeýlelikde, klassyka her bir meseläni bakyýet esasda goýýar we çözýär. Belki, biziň üçin klassykanyň «aşa» akylly görünýändigi özümiziň dünýäni duýşumyzda o dünýä orun ýoklugyndadyr?! Eýse, dogrudanam, siz biziň üçin o dünýäniň janly ýaşaýşyň fakty, edil Aý, Gün, agaçlar, jaýlar, köçeler ýaly duýgynyň fakty däl-de, bary-ýogy ideýanyň, pikiriň faktydygy hakynda böwrüňizi diňläp gördüňizmi?! Jedelsiz – bizi şu dünýä özüne çekýär, ýürek şunda, onsoň «o dünýä» galýan zat diňe – ideýa, pikir, pelsepe. Beýik Nyzamy o dünýäniň barlygyny ýüregi, öz duýgulary bilen çyn zat hökmünde duýup bilýär, biziňem şeýle duýuşa eýe bolmagymyzy isleýär. Onuň «syrlar» diýmegem şundan gelip çykýar. Aslynda «Syrlar hazynasy» kesgitlemesi, ýürekdäkini aýtsaň, biziň käbirimiz üçin ýuwantyk eşidiläýýän bolmagy-da mümkin. Çünki biziň dünýäduýşumyz üçin «syr» gaty bir arzyly zat däldir, biziň üçin köplenç bary-ýogy tapmaçalar bar. Tapmaça – entek açylmadyk, ýöne ylym tarapdan indi açylmaly düşnüksizlikdir. Syr – bu eýýäm gudrat! Eýse, kämahal klassykany teswirläniňde, kyn ýagdaýa düşýärsiň. Garşyňda diňleýäniň ýokdugyny duýup, hopugýarsyň! Diňlemeli kişi nirede?! Ol başga dünýäduýuşda – häzirki döwrüň içinde gezip ýör. Klassykany düşündirjek bolmak, aýdaly, nemes dilini bilmeýän adam bilen nemesçe gürleşjek bolmak ýaly umytsyz hem netijesiz synanyşyga meňzeýär. Düşünip otursaň biçak beýik zat! Üçünji makalada – «Nowşirwan we onuň weziri barada hekaýat» berlipdir. Örän gyzykly hekaýat ondan öň getirilýän pelsepelerden soň okyja özboluşly ýazylganlyk bermek usuly bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda klassykamyzyň esasy estetiki kanunlarynyň birini agzap geçmek gerek. Bu kanun eseriň ilkinji nobatda gyzykly, özüne çekiji bolmalydygy baradadyr. Gyzykly bolmagy üçin bolsa çeper, owadan hem täsin öwrümlerden ybarat bolmaly. «Syrlar hazynasynyň» ýigrimi makalasynyň on birisi dünýä, altysy adamzat, üçüsi bolsa patyşa hakyndadyr. Patyşa baradaky gürrüňler, bir tarapdan, pelsepewi mana eýe bolsa, beýleki tarapdan, şahyryň eserini patyşaha bagyşlaýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Patyşa, seniň dünýäň bar, indi iman gazan! Dünýä – daş, iman – göwherdir. Nebis şemini öçür, diňe şonda iman şemi ýakylar! Ömür kerweni ýolda. Dünýä gümmezi aýlanyp dur, nebsiňi besläp, rahat ýatma. Özge mekanyň aladasyny et! Asman zynjyry üzülip, ýer-gök tapyşanda, agşamda – reňk, säherde – anbar galmaz! Dünýä ýagyndyr! Ölüm köçesine çykýan ömür derwezäňi gulplap goýup bilmersiň. Dünýä bilen dost bolma, toprak läşiňe guwanar! Ýol azygyn edin! Eliň boş barsaň, waý günüňe! Mynafyk bolma, biweç bolma, hylwata hem ybadata gel! Nyzamynyň beýik syrlara esaslanýan şu nesihatlarynyň gury öwüt däldigini aňlamak üçin öz döwründen el üzüp, geçmişiň duýgularyna dolanmak gerek.
* * *
«Hosrow-Şirin» atly sözüň hak manysyndaky söýgi dessanyny ýazmak üçin beýik Nyzamy «Şanamanyň» degişli ýerlerini okamakdan başga-da, şol döwrüň köne kitaplaryny öwrenipdir. Medain şäheri, Bisütün ýazgylary, Perhadyň ýaby bilen baglanyşykly zatlary doly öwrenipdir. Eseriň sözbaşysyndaky durmuş wakasy dessanyň gymmatyny göz öňüne getirmekde ähmiýetlidir. Şahyryň täze dessany barada eşiden takwa hem ulama dosty alňasap gelip, awtora igenipdir. «Syrlar hazynasy» ýaly yslam gymmatlyklaryny ýaýýan eserden soň, otparazlaryň taryhyna ýüzlenmek nämäňe gerek diýipdir. Emma eseriň şahyrana gözelligini, çeperçilik deň-taýsyzlygyny görüp, igenjini gaýdyp alypdyr. Eýsem-de bolsa, dogrudanam, dessana gyýa göz bile garanlar ony okap, tiz pälinden gaýdýarlar. Diňe bir metaforalar, troplar, simwollar – many assosiasiýalary däl, eýsem owaz assosiasiýalary-da aňk edýär. Ýöne, arman, olary terjimede saklap bolanok. Umuman, geçmişde tutuş gündogaryň edebi dili bolan pars diliniň owaz mümkinçilikleriniň taýsyz bolandygyny bellemek hökmandyr. Owazyň düýpli gözellik, labyzlylyk amatlyklara geçmegi biziň edebiýatymyzyň köp artykmaçlyklaryna sebäp bolupdyr. Çeper eser söz sungatynyň häsiýetini özüne çekip, okyjy eseri diňe diňlemekden uçursyz lezzet alypdyr. «Hosrow–Şirin» ýöne we diňe edebi eser däl, hut söz eseri ýaly maýyl edýär.
Eseriň edebi çeperçiligi munda onuň owaz çeperçiligine gönüden-göni garaşly zat bolup galýar. Terjime edilende ýitýän owaz terjimede «aman galýan» metaforalar ulgamynyň estetiki ekiztaýydyr. Yşk eseriň baş temasydyr. Yşk mekanynyň nemi bolmasa, ölüm barlygy guradardy. Barça zat – ýalan, diňe yşk – permandyr. Dünýäde yşk oýnundan özge ähli zat oýundyr. Yşk bolansoň, daş göwhere öwrülendir. Dessanyň wakasyny gürrüň bermek naýynsap başdansowmalyk bolardy. Beýtmek bilen Nyzamynyň öňünde aýy dostlugyny etmek bile des-deňdir. Onuň gahrymanlary Eýranda araplar gelmezden öň höküm süren sasanylaryň taryhyndan alnan. Medainly Hosrow ermenistanly Şirine aşyk bolýar. Emma diňe eseriň ahyrynda oňa gowuşýar. Şu iki aralykda, gör, näçe wakalar bolup geçýär, näçe adam gatnaşýar. Şahyr Hosrowyň kimdigini açmak üçin şeýdýär. Ol Şirine aşyk bolubam, iki gezek başgalara – rum kaýsarynyň gyzy Merýeme we Şirine öýlenip ýetişýär. Dessanyň sýužeti gaty dykyz, wakalar şeýle köp weli olary ýatda saklaýmagam aňsat däl. Umuman, Nyzamynyň epiki dessanlary gündogar küşt oýnunyň prinsipinde gurnalypdyr. Munda esasy maksat tiz-tizden hereket edäge-de, garşydaşyňy utup oturybermek däl. Tersine, näçe uzaga çekseň, şonça-da oňat, çünki sen uzak oýnuň dowamynda öz ussatlygyňy doly açýarsyň – ähli emelleriňi ulanyp bilýärsiň. «Hosrow-Şirinde-de», «Ýedi peýkerde-de», «Isgendernamada-da» şol prinsip sýužet gurnamagyň esasynda ýatýar. Şahyr uzaga çekýän wakalaryň dowamynda özüniň ähli liriki, epiki hem dramatik talantyny doly ýüze çykaryp bilýär. Muňa pelsepe-de, mistika-da, edebiýat hem, astronomiýa-da, geografiýa-da – bary sygýar. Ýazyjy hökmünde şu tarapdan Nyzama gözümiň gidýändigini aýtman biljek däl. Özüňi egseňde-de Nyzamyňky ýaly egsip biläýseň! Emma şonça uzaklykda okyjyny gaçyrman, ürküzmän, irizmän, yzyňa düşürip alyp gitmekde iş bar! Munuň esasy şerti –gürrüň gitdigiçe, has gyzykly hem özüne çekiji bolmaly. Sýužetiň gyzyklylygyndan başga-da, şahyryň teksti juda tagamlydyr. Şu ýerde epik Nyzama beýik lirik Nyzamy kömege gelýär. Şahyr her söz höregini çeperçilik balyna batyryp berýär.
Bilim guşunyň ganatlary göge ýaýyldy.
Bilim deňziniň düýbünde merjen çümdi.
Gün tylla tegelek bägül alysa ýüzüp gitdi
– Gije zülplerinden anbar saçanda,
Tümlük ýagtylygy ýuwdanda,
Tümlük ýagtylygy gujagyna ýygnanda, Uky käsesinden köp içdi agşam.
Eseriň esasy gahrymanlarynyň biriniň – Şapuryň hudožnik bolmagy dessana haýran galdyryjy çeperçilik belentligini berýär. Yşk gözellik hadysasy. Nyzamy – beýik söz suratkeşidir. «Hosrow-Şirini» äpet epiki eser hökmünde häsiýetlendirmek zerurdyr. Hosrowyň Şirine gowuşmagy az wagtlyk bolýar. Tizden Hosrow öz ogly Şiruýäniň elinden wepat bolýar. Şirine söz aýdýar. Şirinem aldawa ýüz urýar, özüniň razydygyny, ýöne Hosrowyň üstüne gümmez galdyrmagyň şertdigini aýdýar. Soňam şol gümmeziň astynda özüni gurban edýär. Yşgyň özi bagt. Ýöne ol hemişe tragiki tamamlanýar. Ýaşaýşyň lezzeti onuň dowamatyndadyr. Tamamda diňe hasrat bar. Ine, Nyzamynyň dünýewi yşga düşünişi şeýle. * * * Bagtly tamam yşgyň başga hilinde – ylahy-mistiki yşkdadyr. Nyzamynyň «Leýli-Mejnun» dessany şu hakykaty açmaklyga bagyşlanypdyr. «Leýli–Mejnun» – gussaly lirizmdir. Bu dessan Nyzamynyň iň liriki dessanydyr, munda röwşen gussa bar. Eserden görnüşi ýaly, şahyr sopuçylygyň filosofiýasyna, ylaýta-da gnoseologiýasyna gaty belet bolupdyr. «Leýli – Mejnunyň» gahrymanlary şahyryň söýgüli adamlary. Mejnun bolsa awtoryň estetiki ideýasyny aňladýan gahrymandyr. Mejnunyň obrazyny döredende, ol, megerem, köp zady özünden gahrymana geçirendir. Beýleki dessanlarynda bolşy ýaly, şahyr eseriň başynda ýa-da täze babyň başynda öz sungat, durmuş baradaky pelsepewi oýlanmalaryny berýär. Şu babatda, ylaýta-da, «Isgendernamanyň» formasy geňdir. Bölümleriň başynda şahyr saňa ýa-da aýdymçy-sazanda ýüzlenýär. Munuň özi esere özboluşly ritmiki dem berýär. Şahyr rawy – beýik epik hökmünde çykyş edýär.
Zer çaýylan şemiň perwanasy dek,
Bardanyň gijeki bagynyň bilbili dek,
Sözleriň diňinde baýdak parlatdym,
Galamymyň ujun almaza çalyp,
Ony syýa batyrdym.
Nyzamynyň «Leýli-Mejnunyna» düşünmek üçin sopuçylyk dünýägaraýşyndan we dünýäduýuşdan habarly bolmak gerek. Ylahy yşgyň gnoseologik manysy bar. Hakykata göz ýetirmek üçin akyl däl, ýürek gerek. Akyl diňe dünýä ýetip biler, hakykat bolsa, dünýäde, dünýäň içinde däl-de, dünýäleriň serhetindedir. Çünki dünýä – materiýa, materiýanyň soňy bar, başy bar. Hakykat fiziki däl, ruhy barlykda ýaşaýar. Ol barlyga ýürek – süňňüň bile barmaly. Dünýä ýaşaýşynyň önümi bolan akyldan ýüz döndereniňde, hakykata baryp bolar. Eseriň baş gahrymanynyň Mejnun – akylyndan azaşan bolmagy-da şol sebäplidir. Mejnunlyk wagtdan çykyp, adaty akyl ölçeglerini taşlap, durmuşa bakylyk tarapdan seretmekdir. Geň görünmegi mümkin, ýöne Mejnunda Nissşeden gaty köp zat bar. Ýok, ýok, bu pikiri tersine aýtmaly: Nissşede Mejnundan gaty köp zat bar. Dessanda pelsepewi beýan hemişe liriki suratlandyrma bilen gezekleşip gidýär. «Mejnunyň agysy», «Leýliniň duýgulary» liriki sahypalardyr. Öz mülki dünýäden başga dünýädäki adama dünýä – bary-ýogy düşelgedir, watan däldir. Yşk adama gara ýere girýänçä hemradyr. Mejnuna çäksiz yşk – akyl ýetirme berlipdir. Onuň özi üçin bagty – şunda, il gözüne betbagtlygy-da şundadyr. Nyzamy Aý obrazynyň üsti bilen Leýliniň näzik duýgularyny beýan edipdir. Bu setirler gündogar edebiýatynda liriki duýgulanmanyň iň ýokary derejesidir. Mejnunyň çöle çykmagy dünýä sopuçylyk düşünilişiň simwoly bolup galypdyr. Sähra – hakykata akyl ýetirmek mekany. Çünki sährada, birinjiden, sähra ýyldyzlary bar. Sähra gijesiniň asmany – dünýäleriň açyk gapysydyr. Ikinjiden bolsa, sährada ýalňyzlyga mümkinçilik bar. Ýalňyzlyk bolsa akyl ýetirişiň esasy şertidir. Mejnun sosiumdan sähra – barlyk uniwersumyna geçýär. Şonuň üçinem oňa uniwersal akyl ýetirme ukyby berilýär. Ol haýwanlar bilen ysnyşýar. Haýwanlar uniwersumyň kanunlary bilen ýaşaýan jandarlar, olarda adamzat jemgyýetiniň ösüşinde döreýän akyl men-menligi ýok. Olarda eklenç, ýaşaýyş ugrundaky göreşde döreýän nebis, göriplik hem-de güzeran akyly ýok. Mejnun bilen Leýliniň sährada tötänden gabat gelmegi sopuçylyk pelsepesi nukdaýnazardan gyzykly hem köp zat aňladyjydyr. Bular bir-birine golaýlaşmaýarlar. Çünki Mejnunyň yşky teniň däl, ruhuň yşgydyr. Munda aýralyk yşk güýjüni kesgitleýjidir. Onuň ruhy beýikdir hem üýtgewsizdir. Ol – ylahy aşyk, oňa magşuk hasratly hem miweli yşk ýoluny geçmäge bahana. Ruhy birlikden ötri ten aýralygyny gazanmak gerek. Iň soňunda Mejnun Leýlini tapýar, emma ol özüni ýitirdi. Indi, «men» we «sen» ýok. Indi diňe tükeniksiz barlyk bar. Mejnun «hal» ýagdaýyna düşdi. Dünýä – panylyk, baky barlyk bolsa diňe aşyklar üçin açykdyr. «Ýedi peýker» Nyzamynyň iň syrly eseridir. Onda wakalar her hili alamatlardan, yşaratlardan doly. Eserde astrologiýanyň orny uly. Asman eseriň mazmuny merkezinde durýar. Asman adam ýaşaýşyny kesgitleýän barlykdyr. Şu eserden Nyzamynyň münetjimlikden düýpli baş çykarandygy görünýär. «Isgerdernamada» Isgender ýedi sany grek filosofyny çagyryp, olara: «Dünýä nädip ýaradyldy?» diýen sowaly berýär. Aristoteliň, Filesiň, Platonyň… hersi bir jogap berýär. Isgenderiň özi iň soňunda «Dünýäniň nädip ýaradylanyny bilsem, menem dünýä ýaradardym» diýýär. Diýmek, dünýäniň düýbüne ýetmek mümkin däl! «Hamsanyň» nädip döredilenini bilsem, menem «Hamsa» dörederdim. A akyl ýetirme?! Eýse otuz ýylda ýazylan zada birnäçe sagadyň içinde akyl ýetirip bolarmyka? 30 müň beýtlik mazmuny 20 sahypalyk ýazgyda aňladyp bolarmyka?!
Osman ÖDE