Myrat hakda iki goşgy
I
Dur daşarda gar syrap,
''Daşaryk gitjek!'' diýip,
Öýde aglaýar Myrat.
''Daşarda örän hezil,
Daşary durşy gar'' diýýär.
Daşarda hiç kim ýok'' diýsem,
''Daşarda hiç kim bar!'' diýýär.
II
Daşary garañky,
Daşary tümlük
Myrat öýe gelip,
Ýorgana sümlüp,
Ýatyr ''Daşary
garañky'' diýýär.
''Ertir daşarda
Ýananda çyra,
Rugsat ber, kaka,
Daşada çykara''
Diýip, häzir ol
Irkilýär ýene,
Çümýär düýşleriñ
Hezilligine.
Atamyrat ATABAÝEW