Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Söýgi hakda-aşyk ýigdiň nalasyn
Gowy dälmi göwnüň biraz güýmesem
Ýöne haýyş-soňlananda setirim
«Aý,munyň-a erteki-le!» diýme sen
Syna-da göräý!
-----
Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Gaýgy hakda-Leýlisine zar bolan
Aşyk ýigdiň kalba salan agysyn
Özüňden gör hasratyny duýmasaň
Ýöne,haýyş-soňlananda setirim
«Aý,munyň-a erteki-le!» diýme sen
Gyna-da göräý!
-----
Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Duýgy hakda-bir aşygyň duygusyn
Aşygyna beýan edip berişin
O gözeliň özge närse sözlemän
Söýgüsini kabul edip alyşyn
Hem olaryň soňra bagtly boluşyn
Men nädeýin şundan soňam söýmeseň
Ýöne,haýyş-soňlananda setirim
«Aý,munyň-a erteki-le» diýme sen
Diýme-de göräý