Türkmenlerde çaga at dakma dessury
Türkmenler çaga at goýanda, haýsydyr bir zady niýet edinýärler. Ogullarynyň batyr, edermen adam ýetişdirmek arzuwy olara güýçli, çalasyn haýwanlaryň, berdaşly, çydamly ösümlikleriň, metallaryň, ýaraglaryň adyny dakan bolsalar, abraýly, mertebeli adam ýetişdirmek maksady bilen halkyň, taýpanyň at-abraýly, şöhrat gazanan är kişileriň atlaryny dakypdyrlar. Allatagala boýun egýändikleriniň we yslam dinini ykrar edýänliginiň kepilnamasy hökmünde Allatagalanyň, onuň pygamberleriniň we yslam dininiň görnükli wekilleriniň atlaryny dakypdyrlar. Dini atlary dakmaklyk nohurlarda has giň ýaýrapdyr. Şeýle hem ―ady ýerde ýatmasyn diýip ata-enesini, dogan-garyndaşlaryny hatyralap olaryň atlaryny dakmak adaty bolupdyr. Gyzlarynyň owadan, mähirli, edep-ekramly, ejaply bolmaklaryny niýetläp olara owadan hem ýakymly ysy bolýan gülleriň, miwesi datly agaçlaryň we jandarlaryň atlaryny dakypdyrlar.
Türkmenlerde iki ýa-da köp sözden durýan goşma, uzyn atlary dakmaklyk dessury ýörgünli bolupdyr, hatda ýeke sözden durýan gysga atlara adamyň şahsyýetini kemsidýän zat hökmünde garalypdyr. Goşma atlar şol bir obada birmeňzeş – atdaş atlylaryň biri-biri bilen bulaşdyrmazlyga hem kömek edipdir.
Däp boýunça çagalara iki at (―çyn we ―ýalan at) hem dakylypdyr. Köplenç bu ýagdaý ―at dakylan dessury bilen baglanyşykly bolupdyr. Kakasy çagasyna ata-enesiniň, ýa-da başga bir ýakyn garyndaşynyň adyny dakanynda (meselem, hakyky atlarynyň daşyndan Kakamyrat, Kakajan, Atamyrat, Atajan, Agamyrat, Agageldi, Ejegül, Ejebaý, Enegyz, Enejan, Mamajan we ş.m.) biedeplik hasaplanmaz ýaly we merhumyň sarpasyny saklamak niýeti bilen iki at dakmak dessury ulanylypdyr. Köplenç çaganyň ―ýalan ady ýörgünli bolupdyr. Gyzlarda dakylýan ýalan atlar gyz döwründe, çyn atlar durmuşa çykanyndan soň gaýynlary tarapynda ýoredilipdir.
Şeýle hem kakasy, atasy çaga dünýä inende birnäçe sebaplere görä golaýda bolmasa, ol gelýänçä garaşmak zerur bolupdyr. Şeýle ýagdaýda, onuň enesi ýa-da göbek enesi çaga ―ýalan at dakypdyr.
Türkmenleriň arasynda çagany gözden-dilden, dürli betbagtçylykdan gorar diýen düşünjä eýerilip, oňa gelşiksiz atlary dakmaklyk adaty bardy. Çagasy durmaýan, ata-eneler öz perzendine Italmaz, Çör, Kürre, Eşek, Porsy we ş.m. atlary goýardylar. Bu atlar Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýygy gabat gelipdir. Maşgalada yzly-yzyna diňe gyz çaga doglanda täze dünýä inen çaga Ogulgerek, Doýduk, Bessir, Boldy kimin atlary dakýardylar. Tejen etrabynyň Amaşagapan daýhan birleşiginde Akgözel, Täjigözel, Gülälek, Boldy, Kakageldi, Towşan we Jumagözel atly çagalary bolan maşgala muňa mysal bolup biler. Täze bolan çaga göz degmesin, ölmesin diýip, ony ölümden ―halas etmek yrymy, ―satlyk dessury hem bolupdyr. Emma bu dessur Ahal türkmenlerinde kän gabat gelmändir. Ol Demirgazyk türkmenlerine mahsus bolupdyr.
Bu döwürde türkmenlerde familiýa bolmandyr. Diňe rus häkimiýetiniň raýat we harby gullugynda bolan örän az sanly türkmenleriň familiýalary bolupdyr. Olaryň familiýalary kakalarynyň, atalarynyň (G.Atabaýew, S.Öwezbaýew, Ç.Geldiýew, D.Artykow, B.Çary, N.Gara, Ö.Mämmetsähet, A.Çaryýar we ş.m.) we taýpalarynyň (N.Ýomudskiý, T.Tekinskaýa, G.Şyh, K.Şyhly) atlaryna rus familiýa ýasaýjy – ow, -ew goşulmalary arkaly hem-de goşulmasyz ýasalyp ulanylypdyr. Şonuň üçin hem türkmenler familiýanyň deregine adam adynyň yzyna onuň kesbi-kärini (Durdy zergär, Annamyrat pälwan, Annamyrat dilmaç, Şükür bagşy we ş.m.), tire-taýpasyny (Gulhan Soltanyz, Geldimyrat Şyh, Öremet Burkaz we ş.m.), wezipesini (Atahan arçyn, Mergen togsaba, Magtymguly han, Rahmanguly töre we ş.m.) ýa-da häsiýetindäki (Durdy kör, Ata girrik, Baba ýaňra, Sähet galdaw we ş.m.), daş keşbindäki (Myrat sakaw, Baýram köse, Jumageldi gyşyk we ş.m.), sypatyndaky (Baba gyzyl, Akmyrat sary, Çary hepbik we ş.m.), akyl-huşundaky (Han jyn, Bäşim däli, Myrat gekgaw we ş.m.) haýsydyr bir alamaty görkezýän sözi, lakamy goşulyp ulanylypdyr. Kähalatlarda onuň lakamy ýa-da tahallusy (Jüneýit han, Körmolla, Mollamurt we ş.m.) öz adyndan has ýörgünli bolupdyr. Adamlara lakam dakmak we lakamlary bilen ýüzlenmegi şerigat gadagan edýän hem bolsa bu däp türkmenleriň arasynda dowam edipdir.
Ýokarda mysal getirilen lakamlar, esasan, erkek adamlara degişli bolupdyr. Sebäbi türkmenlerde aýal-gyzlaryň adynyň yzyna lakam dakmak oňlanylmandyr. Erkek adamlar üçin esasanam aýal-gyzlaryň atlaryny lakam bilen tutmak aýyp görlüpdir. Erkek adamlaryň arasyndaky gürrüňlerde zenanlaryň lakamyny aýtmaga däl, eýsem-de kişi maşgalasynyň adyny tutmak hem biedeplik hasaplanypdyr.
Türkmen maşgalasynda diňe bir doglan çaga däl, hatda täze gelen gelne gaýyn tarapyndan täze at dakmaklyk däbi bolupdyr. Bu däbiň ýüze çykyşynyň sebäpleri – gelniň gaýynlary üçin ýaramsyz Boldy, Bessir, Doýduk ýaly ady bar bolsa, onuň adyny gelşikli at bilen çalyşmak, gelniň atasy öýünde ýalan ady tutulan bolsa, onuň ―çyn adyny tutmak, gelen ýeriniň gyz-gelinleri bilen atdaş bolmazlygy, gaýynlarynyň ondan öňdäki gelinleri bilen utgaşykly atlary ýöretmek dessury bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen maşgalasy türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelen ählihalk milli baýramçylygy bolan Gurbanlyk baýramy, Oraza baýramy, Nowruz baýramy we adamynyň durmuşyndaky wajyp pursatlar bilen baglanyşykly tutulýan maşgala toýlary bolan bäbek toýy, ogul öýermek toýy, öý-tam toý, sünnet toýy, diş toýy, galpak toýy, «ak goýun toýy» («Pygamber ýaşyny bellemek») dabara bilen belläpdir. Ady agzalyp geçilen toýdur baýramçylyk däpleriniň dessurlary maşgalanyň taýpa aýratynlygyna we gurbuna görä ýerine ýetirilipdir. Bu döwürde maşgalada tutulýan toýlar gyzlar babatynda geçirilmändir.
Toýlar türkmen maşgalasy tarapyndan örän şowhun- şagalaňly geçirilipdir. Meselem, ogul öýermek ýaly uly toýlarda at çapdyryp, pälwan tutluşdyrylypdyr, ýaglyga towsulyp «owlak gapdy» geçirilipdir, «ýüzük bukdy» oýnalypdyr, bagşy aýtdyrylyp deprek kakylypdyr, tüýdük we gyjak çalnypdyr we ş.m. geçirilipdir. Ogul öýermek toýy, esasan, 3 günläp («ýalan çelpek», «çyn çelpek», gelinalyjy günleri) dowam edipdir.
Türkmen maşgalasynda toý tutup ogul öýerilensoň, täze dörän maşgala özbaşyna öý dikip bermek onuň ata- enesiniň ýerine ýetirmeli borjy bolupdyr.
Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA