Ýadymda
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň…
-----
Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.
-----
Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň
Diýdiň “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa
Goý,men bu dünýäden bagtsyz öteýin”
-----
Gepiňe “hä” berip otyrdym menem
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp
Şol günden soň ne oýundan,ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym.
-----
Ýollar aýra düşdi-
Ýodalar gaýra
Meni gör nireden çykardy ykbal,
Eger,ilki söýgi ýakmadyk bolsa
Sen meňki bolardyň,bolardyň ahmal
-----
Ýadymda,şol gije aýyň yşgynda
Ilkinji söýgüňi ýa-da salanmam,
Şonda ökündim men,ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl,dostuň bolanma…

Edebiýat, htkursant tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir