Maşgala agzalarynyň özara gatnaşyklary


Türkmenlerde maşgala mukaddes ojak hasaplanýar. ―Maşgalam, baş galam diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň kiçijik özenidir. Ol jemgyýetde möhüm sosial we terbiýeçilik orny eýeleýär. Şeýlelikde maşgala ykdysady we sosial ösüşiň tizleşmegine täsir edýär. Sebäbi millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiň esasy birligi, jemgyýetiň esasy daýanjy bolsa maşgaladyr. Haçanda maşgala ahlak we edep taýdan kämil bolanda, jemgyýet hem şonça kämil bolýar.
Türkmençilikde maşgala yaşaýşyna aýratyn üns berilipdir. Tükmeniň maşgala gurmak däp-dessury, adaty müňýyllyklaryň dowamynda ösüp kemala gelipdir. Bu däp- dessurlaryň esasynda gurlan maşgala agzybir, abadan, durnukly maşgala bolupdyr.
Aslynda maşgala bolmak üçin iki sany ynsanyň goş birikdirip, durmuş gurmaklygy zerurdyr. Çünki biziň bilşimiz ýaly ynsan ilkibaşda ýaradylanda hem özüniň taýy bilen ýaradylypdyr. Adamata Howene ynsan jübütliginiň we nesil öndürmekligiň göreldesi bolup, bütün ýer ýüziniň ilatyny kemala getiripdir. Ynsan tebygatynyň zerulygy bolan öýlenmek, ony gurmak we maşgala gurmak bilen baglanyşykly bolup, şahsyýetiň duýgy we düşünjeleriniň, arzuw-islegleriniň kada-kanunlarynyň berjaý edilmegidir. Öylenmegiň, durmuş gurmagyň asyl maksady nesil öndürmekdir. Nesil bolsa adamyn dowamat dowam etmeginiň gönüden-göni şertidir. Şonuň üçin maşgala gurulanda daşky gözellige, sosial ýagdaýlara görä däl-de, içki, ruhy gözelligine, ahlak düşünjesine seredip maşgala gurmalydyr.
Maşgala gurýanlar maşgala bolmagyň ullakan borçdygyna doly düşünmelidir. Sebäbi maşgalada erkegiň we aýalyň (ene-atanyň) öňünde uly wezipeler durýar. Şol wezipeleri berjaý etmäge taýyn bolmaly. Maşgalabaşy bolmaly ýigit geljekde maşgalasyny eklemäge, goramaga çagalaryna arassa, halal, dogry terbiýe bermäge borçly bolupdyr. Öy bikesi boljak gyz bolsa bir öýün keşgini çekmäge, adamsyna söýget bolmaga, sagdyn nesil ýetişdirmäge taýýar bolmalydyr. Şeýlelikde aň-duüşünjeli, oýlanyp gurlan maşgala mukaddes ojakdyr. Ol ojak ömürboýy mekdep bolup, ýetişdirilen nesilleri bilen jemgyýetiň edepliliginiň we dowamlylygynyň girewidir. Şonuň üçin maşgala gurmagyň şahsyýete peýdasy bir bolsa, jemgyýete müňlerçe peýda getirýär.
Türkmenlerde maşgala agzalarynyň ählisiniň däp- dessura, edep kadalaryna laýyklykda maşgalada tutýan orunlary, wezipeleri we borçlary bolupdyr.
XX asyryň başlarynda maşgala gatnaşyklarynyň arasynda zähmet bölünişigi şeýle bolupdyr. Erkekler oba hojalykda işläpdir we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olaryň zähmet paýy ekin ekmek, suwarmak, kanal gazmak, hasyl ýygnamak, gallany arassalamak we saklamak işleri bolupdyr. Şeýle hem erkek adamlar oba hojalyk önümlerini satmak bilen hem meşgullanypdyrlar. Olar mallara seretmek, idetmek işleri bilen meşgullanypdyrlar.
Öý hojalyk hünärmentçiliginiň dowam edýän ýerlerinde erkekler demir ussaçylygy, gara öýleri gurmak, taýýarlanak deri eýlemek, possum we telpek tikmek, aýakgap tikmek we bejermek, tanap ýüpleri örmek, işmek bilen meşgullanypdyrlar.
Erkekler ýaşaýyş we hojalyk üçin jaýlary salypdyrlar, çatmalary, ýerkümeleri, ýer ojaklary, telärleri gurmak bilen meşgullanypdyrlar, odun ýygnap, odun taýýarlapdyrlar. Alym K. Öwezberdiýewiň aýtmgyna görä Mary sebitinde erkek adamlar gara öýleriniň gamyşlaryny örüpdirler, ony gurnamak bilen aýal maşgalalar meşgullanypdyrlar(1). Emma bu işler Ahal sebitiniň tekelerinde tersine bolupdyr. Ýagny gamyş örmek bilen aýallar, gara öýleri gurnamak bilen erkekler meşgullanypdyrlar(2). Ýöne öý gurulanda elbetde aýal maşgalalar hem çetde durmandyrlar. Olar ärleriniň gapdalyndan kömekleşipdirler. Munuň üçin birnäçe däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler. Şonuň üçin hem aýallar köplenç ýagdaýda, mümkin bolan ýagdaýda maşgalada erkek adamlaryň hem zähmetine kömekleşipdirler.
Aýallaryň zähmetdäki orny hem edil erkekler ýaly kesgitlenen bolupdyr. Olar hem oba hojalyk işlerinde işläpdirler. Erkeklere ekin ekmekde, otag etmekde, ideg etmekde we hasyl ýygnamakda kömekleşipdirler. Mysal üçin hoşa çöplemek işi aýallara we çgalara degişli bolupdyr. Olaryň paýyna el degirmeninde un üwemeklik düşüpdir. Emma zenanlara düşýän ýeke-täk agyr iş degirmende un üwemek işi bolupdyr. Şeýle hem hasyl ýygnamak we ir-iýmişleri kakatmak işini hem ýerine ýetiripdirler. Olardan kak we sök etmek, üzümden kişmiş, alma, erik we beýleki iýmişlerden kişde etmek , toşap gaýnatmak bilen meşgullanypdyrlar. Aýallar mallara iýmit beripdirler (köplenç bu iş bilen erkekler meşgullanypdyr) we süýt önümlerden dürli görnüşdäki tagamlary taýýarlapdyrlar. Ýüň işläp bejeripdirler. Olar öý mallaryna hem seredipdirler.
Aýallar öý senetçiligi bilen hem meşgullanypdyrlar. Ýagny dokmaçylyk haly dokamaklyk, keçe basmaklyk, örüjilik, keşde bejermek we tikin-çatyn işleri bilen meşgullanypdyrlar. Öý hojalyk işlerini alyp barmakda esasy agram aýallara düşüpdir. Sebäbi ýokarda aýdylyp geçilen zatlardan daşary hem zenanlaryň gündeki öý işleri bolan biş- düş (nahar taýýarlamak) işi, öý içeriniň arassaçylgy, kir ýuwmak, gap-gaçlary ýuwmak, artmak, saçak ýazmak we ýygnamak işleri hem-de çaga seretmek ýaly hysyrdyly işler zenanyň gerdeninde bolupdyr.
Şeýlede bolsa, köp maşgalalarda (baýlardan başga) zenanyň hukugy kemsidilmändir. Zenanlar maşgalada näçe köp işleseler-de, olar öz maşgalasynyň abadançylygy we agzybirligi üçin edipdir. Erkek adamlaryň görkezme bermegi bilen dälde, zenanyň özüne degişli bolandygy üçin şeýle işleri ýerine ýetiripdir. Erkekler hem öz gezeginde öz maşglasyny
ekläp, olary gorap, olara kaka bolupdyr. Geljekki maşgala durmuşynda Abadan durmuşy gazanmak ücin olar işiň zenanlar bilen erkekleriň arasynda bölünendigine garamazdan Ahal türkmenlerinde ýylyň belli bir wagtlary ekiş döwri, otag döwri, hasyl döwri meýdan döwründe umumy bilelikde işläpdirler(3). Emma ol Türkmenistana ruslaryň gelmeginden
soň pagta ekinleriň giň ýaýramagy bilen bagly döwürde şeýle bolupdyr. Türkmen maşgalasyndaky zähmet bölünişigi
kadalarynyň bozulmagyna ýagny, erkek adamynyň öý işlerini etmegini (meselem, erkek kişi kir ýuwsa, nan bişirse, haly- palas kaksa we ş.m.) türkmençilige sygyşmaýan zat hökmünde garalyp, hatda aýal maşgalalar tarapyndan hem ýazgarylypdyr ýa-da aýal maşgala erkek adamynyň etmeli işini etmäge synanyşsa (meselem, çaganyň saçyny syrsa we ş.m.) ―näme, ol öýde erkek göbekli gyrlypmydyr?! diýlip erkek adamlar tarapyndan ýazgarylypdyr, ýaňsa alnypdyr we adatdan daşary hadysa hökmünde garalyp, aýp görlüpdir, çünki türkmen jemgyýetçilik aňy ony kabul etmeýärdi.
XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda rewolýusiýadan öňki döwürde maşgalada zenanyň gerdenine düşýän işiň köplügi barada etnograf alymlarynyň köpüsi ýazýar. ‖Oba hojalyk işi bolan meýdan işlerinden soň gelip öýüň ähli işini zenanlar ýerine ýetirýär diýip olar öz sözlerini tassyklaýarlar. Dogry, ýöne bu babatda zenanlara hiç kim zorluk etmeýär, buýruk bermeýär. Muny zenanlaryň özi maşgalanyň abadanlygy üçin edipdir diýip düşünýärin. Sebäbi meýdan işlerinden geleninden soň erkekler hem gol gowşuryp oturmaýarlar. Olar hem howlydaky duran mallara, esasan atdyr, düýelere iş mallara seretmek bilen, hojalygyň döwük-ýenjik zatlaryny bejermek, zähmet gurallaryny ýasamak we ýitilemek bilen meşgullanypdyrlar. Dogry aýallaryň gerdenine düşýän has agyr iş degirmen üwemek bolupdyr. Aýallar taýýarlaýan naharlarynyň ununy özleri üwäp geçiripdirler. Bu bolsa zenanlaryň işiniň artykmaçlygyna olaryň günüň dowamynda ýadap, surnukmaklaryna getiripdir.
Emma sowet hökümeti dikeldilenden soň Türkmenistanda birnäçe zawod-fabrikler gurlup başlansoň maşgalada zenanlaryň hem işleri ýeňläp başlapdyr. Her bir maşgala dükanlardan hazarda üwelen taýýar unlary satyn alypdyrlar. Şeýlelikde özbaşdak yzagalak usulda bugdaýy üwemek işi durmuşdan ýitip başlaýar. Emma oba hojalykda pagta ekinleri bilen baglanşykly meýdan işleri bolan ekiş, otag, ýekleme, çürtüm, ýygym döwürlerindäki we bagçylyk obalaryndaky ir iýmişleri we gök önümleri ýygmak işleri şu günki güne çenli erkekler bilen deň hatarda zenanlar hem işleýärler. Işden soň öýe gelip ýokarda agzalan öý işleriniň ählisini ýerine ýetirýärler. Emma bu ýagdaý türkmen maşgala durmuşynyň ählisinde deň bolmandyr. Garyp we ortaça ýaşaýan maşgalalarda erkek adamlar aýallar bilen deň, hatda köp işleýän wagtlary az bolmandyr. Emma baylaryň durmuşynda başgaçarak bolupdyr. Baýlarda öýüň erkek adamsyna degişli işleri batraklar, günlikçiler edipdirlerde, maşgaladaky erkek adamlar işsiz wagtlary köp bolupdyr. Maşgalada erkek adamlar öz aýallarynyň adyny göni tutup ýüzlenmäge namys edipdir. Erkekler öz aýalyna ―öýdäki, ―hatyn, ―heleý, ―keýwany, ―kempir we ş.m. sözler bilen ýüzlenen bolsalar, olar ýaşuly döwründe ―enesi, ―hojaýyn, ―başlyk diýip ýüzlenipdirler. Emma aýallar öz ärlerine hemişe hormat-sylagy aňladýan ―atasy, ―Pylanynyň atasy ýaly sözler bilen ýüzlenipdirler. Türkmen maşgalasynda gelin gaýynlarynyň we gaýyn tarapyň erkek adamlarynyň gös-göni atlaryny tutmak biedeplik hasaplanany üçin gelin olara ―atasy, ―enesi, ―Pylanynyň atasy ýa-da ―Pylanynyň enesi gaýyn tarapyň erkek-aýal adamlaryna bolsa, esasanam gaýyn agalaryna, gaýyn ekejisine, eltilerine ―Pylanynyň kakasy ýa- da ―Pylanynyň ejesi diýip ýüzlenipdirler
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi iň ähmiýetli meseleleriň biri bolupdyr. Edil ene –atanyň öz borçlary we wezipesi bolşy ýaly maşgalada çaganyň hem tutýan orny wezipesi bolupdyr. Perzent ene –atanyň we ulylaryň öňünde köp zada borçlanypdyr.
Uly maşgalalarda çagalar köp gatnaşyklarda agasy bilen baglanşykly bolupdyr. Agasy bolsa öz inisi bilen baglanşykly bolupdyr. Bu ýerde aga kakasynyň dogany hökmünde, ini agasynyň ýada jigisiniň ogly jigisi hökmünde getirilipdir. Türkmenlerde jigi sözi diňe öz süýtdeş jigisi dälde, agalarynyň, inileriniň çagalaryna aýdylypdyr. Ol doganymyň ogly diýen sözi aňladypdyr. Şol süýtdeş doganlaryň çagalary biri-birine doganoglan bolupdyr.
Maşgalada çaga terbiýesi esasy meseleleriň biridir. Çaga terbiýesi hem aňsat, hem kyn meseledir. Onuň aňsatlygy maşgalada çaga sany az bolsada, köp bolsada çaga öz terbiýäňe seredip terbiýe alýar. Turkmenlerde edep bakydyr diýip bellenişi ýaly edepli maşgaladan edepli perzentler öňüp-ösýär. Onuň üçin düşbi perzendiň terbiýesi babatda ene-ata ullakan zähmet çekmeýär diýen ýalydyr. Perzent terbiýesiniň kynlygy bolsa perzendiň dürli ýaşda, dürli döwirde terbiýesine aýratyn üns bermeli döwirleri bolýar. Sebäbi çaganyň dürli ýaşda öz gyzyklanmasy bolýar. Her bir ene-ata ony duýup, ol gyzyklanmalar bilen özleri hem gyzyklanyp durmaly. Ene-ata çagasynyň her bir hereketini gözden salmaly däldir.
Maşgalanyň esasy wezipeleri çaga terbiýesi bolup, ösüp gelýän nesline özlerinde bar bolan gujur-gaýratyny, maşgala bilimini, sowadyny, hünärini we maşgala edebini çagalaryna geçirmekden ybaratdyr. Türkmen halky asyrlardan-asyrlara aşyp gelen milli däp-dessurlary, ahlak we edep kadalary esaslarynda çagalaryna edep- terbiýe beripdirler.
Maşgaladaky çagalaryň arasynda zähmet bölünişigi hem şeýle (jynsy tapawut bilen) guralandy. Bu döwürde türkmen jemgyýetinde oglanlara - erkek oglan, gyzlara—gyz oglan, erkeklere—erkek kişi, zenanlara—aýal maşgala diýip atlandyrmak ýaly adalgalar ulanylypdyr. Türkmen halky adamyň hemala gelmeginde uly ünsi onuň terbiýesine beripdir. Şonuň üçün hem maşgalada çaga terbiýesine örän eserdeň çemeleşipdirler. Bu babatda ene-ata zähmet terbiýesine köp ýykgyn edipdirler. Maşgala zähmetiniň çagany terbiýelemekde ähimeti uly bolupdyr. Çagany ýaşlygyndan zähmete uýgunlaşdyrypdyrlar. 6-7 ýaşlaryndaky gyzjagazlar çaga seretmek, gap-gaçlary ýuwmak, nahar taýýarlamaga kömekleşmek ýaly işleri edipdirler we öý işlerine işeňňir gatnaşdyrylypdyr. Maşgalada oglan ýok bolsa oglanlaryň etmeli işlerini gyzlar ýerine ýetiripdirler. Gyzjagazlar 10 ýaşynda eýýäm çagalykdan çykyp, diňe öý işleri bilen meşgullanyp başlapdyr. Indi hojalykda kir ýuwmak, nahar taýýarlamak, tikin-çatyn işlerini etmek bilen özbaşdak meşgullanypdyrlar. 12-13 ýaşlaryndaky gyzlar eýýäm özbaşdak egin-eşik tikmegi, bejermegi, haly dokamagy başarýan, durmuşa doly taýýar maşgala bolupdyr. Ol öý işlerini etmek, bukjasyny taýýarlamak bilen meşgullanyp başlapdyr we ―telpek bilen uranyňda ýykylmaýan ýaşa ýetende ähli zady başarýan edip terbiýeläpdirler.
Erkek oglanlara bolsa çagalykdan gyzlara höküm etmeklik öwredilipdir we erkek oglanlaryň gyz oglanlardan derejesiniň ýokardadygy baradaky pikir olaryň aňyna guýlupdyr. Şonuň üçin hem käbir erkek oglanlar gyzjagazlaryň hojalykdaky işini etmekçi bolsa ony daş-töweregindäkiler utandyrypdyrlar. Erkek oglanlar 9 – 10 ýaşaýança, ýagny, ―süňňi bekeýänçä erkin ýaşapdyrlar, soňra bolsa güýjüniň ýetdiginden hojalygy alyp barmakda kakalaryna kömek edipdirler. Maşgalada oglanlar hem erkekleriň zähmetlerini ýerine ýetiripdirler. Oglanlar meýdan işini edipdirler. 9-10 ýaşlaryndan başlap ulularyň tabşyrygy boýunça mal bakypdyrlar, mallary iýmitlendiripdirler, ýatak arassalapdyrlar, ot ýygypdyrlar we ş.m. işleri ýerine ýetiripdirler. Ekin meýdanlarynda ekin-dikin işlerinde ululara kömekleşipdirler, ýagny pelleri arassalapdyrlar, otag edipdirler, orum ormaga kömekleşipdirler. 12-13 ýaşda ýer agdarmak, suw tutmak, çil çekmek,hojalyk işlerinde döwük-ýenjik gurallaryny bejermek işlerini alyp barypdyrlar. Şeýdip maşgalada oglanlar hojalygy dolandyrmak we eklenç işine, gyzlar bolsa öý bikesi, enelik durmuşyna taýýarlanypdyrlar.
Maşgalada çaga terbiýesi bilen köplenç çaganyň 5-6 ýaşyna çenli döwründe ejesi meşgullanypdyr. Emma çaganyň ondan soňky döwründe gyzlaryň terbiýesi bilen ejesi, oglanlaryň terbiýesi bilen kakasy meşgullanyp başlapdyr. Ene- ata her haýsy öz hünärlerini öz çagalaryna öwredipdirler. Hatda aýratyn zehinli çagalaryň öz gyzyklanmalary güz öňünde tutulyp, olara bilim bermek, hünär bermek işinde ýörüte ussatlara ýüz tutypdyrlar. Olary şägirtlige beripdirler.
Maşgalada çaganyň terbiýesi meselesinde eje- kakadan hem ene-atanyň ähmiýeti uly bolupdyr. Sebäbi ýaş çatynjalar, ýaňy durmuş ýoluna aýak basmagy bilen çaga terbiýelemekde has ýaş bolupdyr. Şonuň üçin uly maşgalada enesi we atasy agtyklaryny hemişe diýen ýaly ýanynda saklap, olara öwüt-ündew, edep-ekram, zähmet çekmegi öwredip durupdyrlar. Halal zähmetiň manysyny düşündiripdirler. Şeýle durmuşda terbiýelenen çagalar zähmetiň gadryny bilmegi, zähmete bolan söýginiň oýanmagy ýaly duýgylara gaplanypdyr. Olar ula hormat goýmagy, edep-ekramy berjaý edipdirler. Türkmenlerde şeýle terbiýelenen çagalara ―ulydan kiçeldilen ýaly diýipdirler.
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýelemekde zähmet terbiýesi bilen bir hatarda öwüt-ündewleriň, tymsallaryňdyr rowaýatlaryň, yrymlaryň, şahsyýetleriň we beýlekileriň ähmiýeti uly bolupdyr. Tymsallardyr rowaýatlaryň üsti bilen
çagalarda halal-haram, haýyr-şer, ýagşy-ýaman, yhlaslylyk- ýaltalyk ýaly düşünjeler ösdürilipdir. Şeýle ýagdaýlaryň durmuşda her bir adamyň başynda bardygy, yamandan gaça durmagy, yhlaslylygyň, ýagşylygyň ýolunyň aklygy ündelip durulypdyr. Çöregi zyňmaly däl, iýip-içeňde nan owuntygyny gaçyrmaly däl, tagama at dakmaly däl, mukaddes zatlaryň (çörek, saçak, duz-tagam, namazlyk, çaga we ş.m.) üstunden ätlemeli däl, eger-de şu aýdylanlary ýerine ýetirmeseň gözüň kör bolýar, yrsgalyň gaçýar, uruş-sögüş bolyar diýen yaly yrymlar hem maşgalada mukaddeslige hormay goýmagy, arassaçylygy, isrip etmezligi ündäpdir.
Ýetginjek ýaşa ýeten oglan-gyzlar türkmen şahsyýetleri bolan Görogla, Jelaleddine, Alp Arslana, Agaýunusa, Gülruha, Banu Çeçege we beýlekilere meňzemäge çalyşypdyrlar. Ol bolsa olarda watançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, söýgä wepalylyk duýgylaryny terbiýeläpdir. Ýigitleriň we gyzlaryň gelejekdäki durmuşynda kär, hünär saýlamagyna belli bir derejede täsir edipdir. Türkmen serkerdesi Jelaleddin hem Isgender Zülkarneýin baradaky eseri hemişe ýanynda göterip, oňa meňzemeklige çalyşar eken. Onuň bu höwesi Jelaleddiniň beýik serkerde bolmagyna getiripdir.
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýelenende şerigatyň düzgünlerinden däl-de, esasan, adatyň düzgün-kadalaryndan ugur alypdyrlar. Türkmenler ahlak we edep-ekram terbiýesine uly üns beripdirler. Maşgalada, maşgala ara gatnaşyklarynda we jemagatda öz ornuňy bilmek, özüňi nähili alyp barmalydygy, uly we kiçi ýaşlylar, erkek we aýal adamlar babatyndaky, däp-dessurlary dogry berjaý etmek, tebigata aýawly garamak, özüniň etmeli işini aýtdyrman etmek ―özüňden bilmeli ýaly düzgün-kadalar we çaga terbiýesinde höweslendirmek, ýaňsylamak, kakdyryp gürlemek, ýazgarmak, temmi bermek ýaly usullar maşgala terbiýesiniň özeni bolupdyr. Meselem, türkmen maşgalasynda çaga öz ornuny bilmekligi we özüni nähili alyp barmalydygy baradaky edep düzgünine görä, çaga we ýetginjek 18 ýaşaýança ulularyň gürrüňine goşulmaly däldi we diňe soraga jogap bermelidi, öýde hojaýynlyk etmeli däldi, ulular bar wagty çäşerlip ýatmaly däldi we gaty gürläp, gaty gülmeli däldi we ş.m.
Şeýle hem özünden uly adamyň adyny tutup ýüzlenmäge kiçilere rugsat berilmändir. Özünden ulynyň adyny tutup oňa ýüzlenmek biedeplik hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de birek- birege ýüzlenmekde däbe görä şahsy adyň yzyna sylag-hormat aňladýan goşulmalary goşmaly eken. Meselem, erkek adamlarda ýaşulylara ata, baba, pylan kaka, pylan däde (ýomytlarda), aga, agam, gardaş, agrdaşym (Etek türkmenlerinde, ýagny alililerde dogan, jigi diýen manyny beripdir), akga (saryklarda), daýy, aýal maşgalalara—ene, mama, pylany eje, daýza, gelneje, aýal dogan, bibi, bibim (Magtymguly etrabynyň ýaşaýjylarynda, ýagny gökleňlerde), apa, apam (salyrlarda), uýa, uýam we ş.m. sözler bilen ýüzlenmeli eken. Türkmen maşgalasynda hatda öz süýtdeş doganlaryna hem göni ady bilen ýüzlenmändirler. Olara öz atlarynyň yzyznyň goşulmasy bilen, ýagny Döwlet aga, Myrat akga, Ejeş eje, Maral apa, diýen ýaly sözler bilen ýüzlenipdirler.
Türkmen maşgalasynda önüp-ösýän çaganyň häsiýeti şol maşgalanyň terbiýesi, at-abraýy bilen ölçelýär. Şonuň üçin hem nätanyşlardan habar soralanda ―sen kim? diýip soralman, ―sen kimlerden? diýip soralar eken. Maşgalada nika gatnasyklaryny açmak üçin gyzyň aňyrsy soralanda ýa-da oglanyň aňyrsy yzarlananda ―kimlerdenkä, ―adam çykan yerdenmikä? diýip ýaşlaryň özüni däl-de olaryň maşgalasyny sorap idär ekenler. Eger maşgalasy adam çykan ýer bolsa, ýagny ―döwletli, ―atly-abraýly, ―asylly ýer bolsa, ondan soň ýaşlaryň gylyk-häsiýeti, iş başarjaňlygy soralar eken. Oglandyr gyzyň körk-görmegi kän yzarlanmandyr.
Türkmen maşgalasynda Ahal çarwa tekelerinde we nohurlarda gyzyň dogulmagyna kän bir uly ähmiýet bermän, oglanyň dogulmagyna uly bir waka hökmünde ähmiýet berlipdir. Ogluň doglandygy baradaky habary dogan- garyndaşlara, tanyş-bilişlere buşlanypdyr. Kakasyny gutlamaga ýörite gelipdirler, ogul toýy däp-dessura laýyklykda dabaraly tutulypdyr. Türkmen maşgalalarynda ogul dogulsa, azan aýtdyrylyp, oňa şondan soň at dakylýardy. Günbatar türkmenlerde we Etek hem-de Sarahs sebitiniň türkmenleinde ruhanylaryň, barly adamlaryň ýa-da köp wagtlap çagasy bolmadyk maşgalalaryň gyzy bolanda-da azan aýtdyrylypdyr. Türkmenler çaga doglanda oňa at dakmaklyga aýratyn uly üns beripdirler, sebäbi dünýä inen çaga mynasyp at dakmak adatyň ilkinji talabynyň biri bolupdyr. Türkmenlerde eger çaga 3–10 günläp at dakylman galsa, ol ulalansoň bagtsyz bolýar ýa- da ogry, ýalançy bolýar diýen yrym bolupdyr. Şoňa görä-de her bir maşgalada çaga mümkingadar tiz at dakmaga çalyşypdyrlar.
Şonuň üçin hem çaga at dakylanda ýaşululardyr işan- mollalar bilen maslahatlaşylypdyr we adat boýunça çaga doglandan üç günüň dowamynda, şerigatyň talabyna görä at dakylypdyr. Köneden däp bolup gelşine görä, çaganyň kakasy bilen ejesi öz çagalaryna at dakyp bilmeýärdiler. Täze bolan çaga köplenç onuň kakasynyň garyndaşlary at dakypdyrlar. Olar nähili at daksalar-da, çaganyň ejesidir kakasy şol dakylan ada gürrüňsiz razy bolaýmalydylar. Şeýle hem çaga ady ata- enesi, baba-mamasy, obanyň, iliň sylaýan adamsyna, keramatly saýylýan adamlara, öýüň hormatly myhmanyna, käwagtlar çaganyň ―göbegenesine dakmaga rugsat berlipdir.


Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA

_______________________________
1. Овезбердыев К. Семейные отношения у туркмен Мервского оазиса в конце ХIХ – начале ХХ вв.// Исследования по этнографии туркмен.- Ашхабад, 1965.
2. Meýdan ýazgylaryndan. Rejepowa Ejegyz 1915-ýylda doglan, Tejen etrabynyň Agalaň daýhan birleşigi.
3. Şol ýerde.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir