Dawos, 21-nji ýanwar .
Moşennikler russiýalylaryň bank kartlarynyň elýeterliligini diňe bir internetiň çäginde dälde, eýsem maglumatlary dürli setden, meselem, adamlaryň dürli messenjerlerden biri-birine ugradýan plastiki kartlarynyň suratlary arkaly hem alýarlar.
Bu barada Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda Sberbankyň başlygynyň dolandyryş boýunça orunbasary Stanislaw Kuznesow beren interwýusynda aýtdy.
“Pin kodlary we SWS kodlary internetden tapmak kyn, emma nomerli plastik kartlar babatynda bu beýle däl: olary internetden ýeňillik bilen tapyp bolýar. Bu ýagdaýlar adamlaryň öz şahsy maglumatlaryna jogapkärçiliksiz çemeleşýändikleri üçindir” diýip, Kuznesow düşündirdi. “Hatda siz öz kartyňyzy surata düşürip, kimdir birine ugratsaňyz hem – bu eýýäm uteçka hasabyndadyr. Beýle etseňiz – siz öz aýlykly kartyňyz salnan gapjygyňyzy çukura taşlan ýaldyr”.
Şeýle hem Sberbankyň orunbasary moşennikleriň öz žertwalary bilen gönümel jemgyýetçilik inženerleriniň metodlarynda gürleşip, maglumatlary ýeňillik bilen alýandyklaryny aýtdy
“Düzgün bolşy ýaly, moşennikler göz öňünde tutan adamlaryndan azajyk hem bolsa maglumatlary alyp bilse, olara hüjümini geçirmek üçin diňe onuň familiýasy, ady, atasynyň ady we telefon belgisi ýeterlik bolar. Bu maglumatlary häzirki günde tapmak gaty aňsat, a jenaýatçylar üçin bolsa diňe gürrüňe başlamak ýeterlik. Ine şu hem – ullakan mesele!” diýip, Kuznesow aýtdy.