USB-3 tehnologiýasy 2008-nji ýylda peýda boldy. Häzirki wagtda kompýuterler ýa-da noutbuklar USB-3 gurluşy bilen göýberilýär. Emma bu tehnologiýanyň näme amatlylygy bar? Tizligi nähili? Eýsemde USB-3 ulanmak bilen göterijileri ulananymyzda tizligiň ulalýandygyny görüp bilerismi?
USB-3 gurluşy USB-2 porty bilen ugurdaşdyr, olar biri-biri bilen ukyply, emma diňe USB-2 üçin niýetlenen maksimal tizlikde işlär. Ýeke täk ýetmezçiligi, onuň bahasynyň biraz gymmatlygydyr. Bu günki mowzukda USB-2 USB-3-den näme tapawut edýär?, şeýle hem näme üçin soňky tehnologiýanyň has gowudygyna seredip geçeris.

TIZLIGI ÇALTLANDYRMAGYŇ NAZARYÝETI

USB-bu standartdyr, şeýle hem ol port arkaly signallaryň geçirilişiniň maksimal tizligini kesgitleýär. USB-2.0 standarty nazaryýetde signallary geçirmekde maksimal tizligi sekuntda 480 megabit derejede üpjün edýär. Şol bir wagtda USB-3.0 maglumatlary sekuntda 5 gigabit tizlikde geçirmäge ýardam edýär. Nazaryýetde USB-3.0 USB-2.0-a garanyňda 10 esse çaltdyr.
Eger şu aýdylanlaryň ählisi hakykatda bolan bolsa, onda modernizasiýa baradaky soraglar ýapyldy hasap edilerdi: kim USB göterijisiniň 10 esse tiz işlänini islemez? Emma hemme zat beýle däl. Standart diňe maglumatlary geçirmegiň maksimal tizligini kesgitleýär. A dürli gurluşlarda başgada ejiz ýerleriniň bolmagy mümkin, meselem, köp göterijilerde maglumatlary geçirmegiň tizligi fleş ýadynyň işleýiş tizligine hem bagly bolup durýar.
USB-2.0 göterijieri ýazgylary tizligi 7,9-9,5 Mb/s çenli geçirmäge ukyply, şeýle hem USB-3.0 göterijileri tizligi 11,9-286,2 Mb/s çenli geçirmäge ukyply. Görşümiz ýaly, USB-3.0 USB-2.0-a garanyňda tizligi ýokarrakdyr.
Iň haýal göterijiler iň arzanlary bolýar, şol bir wagtda nähili çalt geçirýänler gymmadrak bolýar. Iň çalt geçiriji şonuň ýaly tizlige öndürijiden ýokary jogapkärçilik talap edýän 4 kanally fleş ýadynyň üsti bilen ýetýär.

TEHNIKI AÝRATYNLYKLARY.

USB-2.0 we USB-3.0 biri-biri bilen ugurdaşdygyna garamazdan, gurluşynda birnäçe tapawutlary bar. Köne gurluşlarda USB-3.0-i goldamak üçin şol bir 4 kontaktyň bolmagy ýeterlik. Bir jübüt maglumatlary geçirmek üçin, beýleki jübüt – iýmit çeşmesi üçin. Ýöne şu ýerden hem USB-2.0 we USB-3.0-iň tapawudy başlanýar. Ýokary tizlikde işleýän guramalar üçin, çalt zarýadlandyrmak we beýlekiler üçin, 1 amper tokda işlemek üçin niýetlenen ýene 4 kontakt goşulýar. Şonuň üçin hem ýene-de 2 jübüt işilen kabel goşulýar. Indi şnuryň özi hem has ýogyn boldy we maksimal uzynlygy 5 metrden 3 metre çenli gysgaldy. Toguň güýjüniň ýokarlanmagy netijesinde indi smartfona çalt zarýad berip bolýar we bir USB razýomyna köp gurluş birikdirip bolýar. Ondan başga hem kabela magnit meýdanyndan gorag goýlan.
USB-2.0 we USB-3.0-iň daşky aýratynlyklary nähili? Birinjiden bu kontaktlarynyň sanynda. Ikinjiden öndürijiler USB-3.0 porty gök ýa-da käbir ýagdaýlarda gyzyl reňli göýberýär. Şonuň üçin hem size razýomyň nähilidigini kesgitlemek känbir zähmet talap etmeýär.

USB-3.0 GÖTERIJINI SAÝLAMAK

USB-3.0 ýokary tizligi üjpün edýär. Ýöne gerekli gurluşy saýlamazdan öň, beýleki parametrlerine hem üns beriň, meselem, fleş ýadyň işleýiş tizligi.
Eger siz uly faýllary geçirmek üçin çalt we gowy USB göteriji gözleýän bolsaňyz, onda biraz köpräk pul çykarmaly bolarsyňyz. Almazyňyzdan öň saýlan göterijiňiziň haýsy markada nähili işleýändigine üns beriň! Bu USB-2.0 ýa-da USB-3.0 saýlamakda möhüm rol oýnap biler.

JEMLEME

Bu mowzukda biz USB-2.0 we USB-3.0-iň aýratynlyklaryna seredip geçdik. Bir zada üns beriň, hemme gurluş USB-3.0 ulanylýandygy üçin çalt işläp bilmez. Meselem, egerde siziň klawiaturaňyz ýa-da syçanjygyňyz USB geçirijili bolsa, onda siz USB-3.0 geçirijiniň tapawudyny kän bir duýup bilmersiňiz. Elbetde, iru-giç hemme gurluşlar USB-3.0 standarta geçer, munuň hiç hili erbet tarapy ýok. Ýöne häzir olar üçin köp pul çykarmagyň geregi ýok. Olara derek siz USB-3.0 porta USB-2.0 gurluşy birikdirip bilersiňiz, ýokarda belleýşimiz ýaly olar biri-birine ugurdaşdyr.
Şeýle hem özüňizden sorap görüň, siz göteriji üçin näçe sarp etmäge taýýar we ony näme maksat üçin ulanmakçy? Size diňe dokumentleri geçirmek üçin amatly, ýönekeý gural gerekmi? Onda size USB 2.0 ulansaňyz hem ýeterlik bolar. Başga tarapdan, egerde tizlik möhüm faýllary geçirmekde uly rol oýnaýan bolsa, mümkin size USB 3.0 almak zerurlygy ýüze çykar.
Peýdasy deger diýip umyt edýän, hormatlamak bilen @htkursant

Tehnologiýa, htkursant tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir