Öňler türkmençilikde gudaçylyga baran
aýallaryň gyzly öýüň saçagyndan bir bö
lek çöregi alyp gaýdandyklary barada bil
ýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyz, köpügören
aýallardan sorap görüň, şeýle yrymyň bolandygyny, käýerlerde entegem bardygyny
aýdarlar.
Her bir yrymyň aňyrsynda anyk maksat
ýatan bolmaly. Maksat bolmadyk ýerde yrymyň manysy gaçýar, howaýy zada öwrülýär.
Gyzly öýüň saçagyndan bir bölek çörek alyp
gaýdýan sawçynyň niýeti düşnükli. Guda
bolunjak öýüň çöregi gyzy öz ýanyna çeker
diýen ynanja eýerip, alyp gaýdan çöregini
öz saçagyna goşýar, keseki ojagyň gyzynyň öz ojaklaryna goşulmagy üçin yrym edýär.
«Türkmen halk yrym-ynançlary» atly kitapda hem bu yrym barada agzalýar. Onda şeýle
diýilýär:«Gyzly öýe sawçylyga gidilende «duzçöregimiz garylsyn, gyz bize ýazylan bolsun»
diýlip, gizlinlik bilen gyzyň öýünden çörek
bölejigi alnyp gaýdylýar».
Bu ynanjyň haçan dörändigini bilýän ýok.
Onuň iňňän gadymylygy şübhesiz. Megerem,
duz-çöregiň ýaşaýyş üçin iň derwaýys zat
hökmünde kultlaşdyrylyp başlan döwürlerinde dörän bolsa gerek. Ýöne men başga bir
ýagdaýa ünsi çekjek bolýan.
Sawçylyga gidilende zat alyp gaýtmak diňe
türkmenlere degişli däl. Dünýä halklarynyň ençemesinde şuňa meňzeş yrym bar. Köp mysaldan iki sanysyna ýüzleneýin.
Birinjisi, Ýewropada ýaşaýan horwatlar gudaçylyga baryp gaýdanlarynda gyzly öýden
bir zatlar ýitirim bolýar. Sawçy baranlar haý
sy-da bolsa, janly bir zady, meselem, towuk,
horaz, ördek ýaly öý guşlaryny alyp gaýdýarlar, getirip, öz keteklerine goýberýärler. Getirilen öý guşy täze keteginde kowumdaşlary
bilen garylyp-gatylyp gitse, öý eýeleri muny
ýagşylyga ýorup, gudaçylygyň oňuna boljakdygyna ynanýarlar.
Ikinjisi, Russiýanyň käbir sebitlerinde
sawçy gelip gidensoň, öýden nämedir bir zadyň tapylmazlygy geň däl. Belli ýazyjy Mihail Şolohowyň «Ýuwaş Don» romanynda Grigoriý Melehow üçin sawçylyga baran Wasilisa
gelinligiň öýünden sübse alyp gaýdýar, ony
koftasynyň içinde gizläp saklaýar. Don kazaklarynyň arasynda gyzly öýden gizlin sübse
alyp bilse, söz aýdyjynyň işi oňuna bolýar di
ýen ynanç bar.
Getirilen mysallardaky yrymlaryň düýn ýa
şu gün döremändigi belli. Gyzykly ýeri, birbirinden üzňe, saýry dilli, dürli medeniýetli
halklaryň gelinlik üçin uýýan yrymlarynda
birmeňzeş maksat bar. Bu ýagdaý bu yrymlaryň bir kökden ýaýrandygyny çaklamaga
esas berýär.
Çeşmesi:biznes reklama 06.01.2020