Ölüm ýassygynda ýatan goja üç oglunam ýanyna çagyryp, olara şeýle wesýet edipdir:
– Ogullarym! Men ölemsoň, öz araňyzda sene-mene edişip ýörmeziňiz ýaly, barja 17 düýämi size paýlap bermek isleýän. Olaryň ýarysyny ulyňyza, üçden birini ortanjyňyza, dokuzdan birini bolsa körpäňize miras galdyrýan.
Kakalarynyň ölüminden soň mirasy onuň wesýeti boýunça paýlaşmak üçin doganlar jemlenişipdirler. Emma nätselerem, belli bir çözgüt tapyp bilmändirler. Mirasy gojanyň aýdyşy ýaly paýlamagyň ebeteýini tapmandyrlar. Sebäbi 17 ne-hä 2-ä, ne 3-e, ne-de 9-a bölünýär.
– Meselämizi çözübilse, obanyň köpi gören, dana ýaşulusy çözäýmese – diýşipdirler-de, onuň ýanyna ugrapdyrlar. Dana olara:
– Meniň bir düýäm bar. Şonam alyň-da, täzeden paýlaşyň – diýipdir. Dananyň bu jomartlygyna haýran galan doganlar 18 düýäni öz aralarynda paýlaşypdyrlar. Ilk-ä 2-ä bölüpdirler. Doganlaryň ulusy 9 düýesini alypdyr. Soňra 3-e bölüpdirler. Ortanjam öz paýyna düşen 6 düýäni alypdyr. Iň soňunda-da 9-a bölüpdirler. Körpeleri hem galan 2 düýäni alypdyr. Ýöne hemme düýeleri paýlaşyp bolupdyrlar welin, bir düýe artykmaç çykypdyr.
Doganlar bu ýagdaýa-da çözgüt tapmagy üçin gaýtadan dananyň ýanyna barypdyr. Dana ýylgyrypdyr-da:
– Oň işi haýyr-la – diýipdir. – Meseläňiz çözülen bolsa, menem öz düýämi yzyna alaýaýyn.
Şeýlelikde, dana pähim-paýhasy bilen bu meseleden hamyrdan gyl sogran ýaly baş alyp çykypdyr. Adamlaryň-a müşgilini çözüp beripdir. Özündenem hiç zat egsilmändir.
Terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew