Tanyşdyrylyş çäresi San-Fransisko şäheriniň Çeperçilik sungatynyň köşgünde geçiriler.
“Samsung” şu ýylyň 11-nji fewralynda her ýyl geçirýän “Unpacked” çäresinde smart telefonlarynyň “Galaxy” kysymynyň täze görnüşi bilen tanyşdyryş dabarysyny geçirer. Bu çäre San-Fransisko şäheriniň Çeperçilik sungatynyň köşgünde geçiriler.
“Samsung” resmi internet sahypasynda goýan wideosynda kompaniýa telefon industriýasynyň geljegini kesgitleýändigi barada belläp geçýär.
“Samsung Unpacked” çäresi 24-27-nji fewral aralygynda geçiriljek “Mobile World Congress” atly dünýäde iň uly telefon söwdasy boýunça serginiň öňüsyrasy geçiriler. Bu bolsa, “Samsung”-yň öz bäsdeşleriniň öňünde 2020-nji ýylda täze mümkinçilikler bilen öndüriljek smart telefonlarynyň arasyndaky abraýyny artdyrar.
Tehnologiýalar neşiri “True Tech”-iň maglumatyna görä, kompaniýa täze smart telefonynyň üç “Galaxy S11”, “Galaxy S11+” we “Galaxy S11e” görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär. Birnäçe maglumata görä, “Samsung” bu görnüşlere “Galaxy S20”, “Galaxy S20+” we “Galaxy S20e” atlaryny berer. Koreý kompaniýasy smartfonyň “Galaxy S20” görnüşiniň şu ýyl hödürlemegi kompaniýanyň “Galaxy S” kysymly smart telefonlarynyň öndürip başlamagynyň ýubileýi bilen baglydyr.
“Galaxy S11/S20” esasy kamerasy 5 optiki modully 108 megapikselli we kuwatty 5000 mAh bolan batareýasy bilen tapawutlanýar. Täze smart telefonyň daşky görnüşi “Galaxy Note 10”-dan alnandyr.
Şeýle hem, kompaniýa tanyşdyryş dabarynyň dowamynda “Galaxy Fold” kysymynyň ikinji görnüşini köpçülige hödürlär.
5G internet ulgamy we eplenýän ekranlar – bu ýokary hilli kameralar bilen bir hatarda şu ýylyň täze trendine öwrüldi.