Köp heleýlileriñ bagty bolarmy?
(M. Atabaýew)
Öz şerigat işlerini bilmezlik we şu jüre aamlyk köp ýaman bolur, ol sebäpden ke, meniñ ýüregim köp işlerge, köp aýal almaklyga. Hemme adamlar, ýagny ogully-gyzly we akylly ýerinde aýally adamlar hem mestliklerine çydaman alsa bolurmy ýa-da bolmany perzentsiz adam alsa bolurmy? Ne ederem ke, mollalaryñ birisi maña rehmi gelip, şu sowallaryma jogap berer diýip.
Nakyl ederler ke, bir ulama işan ahunyñ iki aýaly barmyş. Mezgur ulama iki aýalyny hem şerigat ýoly bilen tutarmyş. Allatagalanyñ buýrugy bilen iki aýaly hem bir günde ölüpdir. Ulama deñ boljak bolup, öýünden iki gapy açypdyr we olaryñ her birisini bir gapydan çykarypdyr. Ondan hem öýüniñ yzyndaky edilen gapydan çykarylan aýal (düýşünde ㅡ g.b.) nadyl bolup aýdypdyr ke: ''Meni yzky gapydan çykardyñ'' diýip. Şundan görner ke, köp aýal kyn we her kimniñ işi däldir. Şerigatda hem juda inçe ýoldur.
Özümge köp rehmim gelür: Şerigatny, behiş(t)ni bilmeýän we şerigatdan gürrüñ etmäge gorkýan günäkär bolaryn diýip. Emma öz gözüm bilen gördüm ke, köp aýally adamlaryñ iýeni janyna siñmez. Maşgalasynyñ içinde hemişe uruş-dawa, galmagal bolýandyr. Hiç wagt agyzlary bir däldir. Äri we aýallary il arasynda masgara bolur, dili asgyn bolur. Özi hem hiç aýallaryny deñ tutman, şerigatdan çykyp, günäkär bolar.
Eger aýalyny ýürek bilen ýagşy görýän adam bolsa, üstüne aýal almaz. Eger alsa, hiç wagt ikisini hem bir gözde tutabilmez we görjek hem bolmaz. Eger aýalyñ göwni hoş bolsa, özi-de ogul ýerinde ogly we gyz ýerinde gyzy bolsa, köp aýal almak köp biynsaplyk we akmakçylykdyr. Eger puluñ köp bolsa we metligiñe çydabilmeseñ, puluñy başga haýyr-doga işler üçin sow we özüñe bu dünýäde abraý we ahyrýetde iman gazan!
''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' gazet
27. III. 1915
Muhammetguly ATABAÝ ogly