Mäti Kösäýew
Köpleriñ mähriban mugallymy, Türkmenistanyñ ylymda at gazanan işgäri Mäti Kösäýew, onuñ manyly ömri, köpgyrañly döredijiligi hakda näçe gürrüñ etseñ edip oturmaly. Onuñ geçen ýoluna ser salyp, ''Bäý-bä, adam başy ㅡ daşdan gaty'' diýleni dogry eken-ow. Durmuşyñ bu ýowuz şatylaryna ol nädip döz geldi-kä?'' diýeniñi duýman galýarsyñ. Her hili ýowuz daralsa-da gowy adamlara bolan ynamyny ýitirmän, başyny belent tutup, mert ýaşamagyñ nusgasyny görkezen bu mähirli, göwnaçyk, rehimli goja bolan hormat-sylagyñ artýar.
Mäti aganyñ ynsanperwerligi, sadalygy, ynanjañlygy, açyk göwünliligi hakda, umuman, kän gürrüñ edilýär. Dana, pukaragöwün gojanyñ ne uniwersitetden, ne-de ýazyjylar soýuzyndan telim sapar hödürlenen jaýlary alman, 40 inedördül metrlik hütdüginde 10 ㅡ 12 baş bolup, agtykly-gelinli ýaşap ömrüni ötürendigi, agyr günleri hemaýatçy, gowy günleri hemdemi Annanabat ejäniñ gazanynda aglaba unaş ýa-da süýtli şüle bişenligi, harsydünýäligi ýigrenen alymyñ öz çagalaryna ''garnitur alman, garyn otyr alyñ'', ''magnetafon almañ, kelle fon alyñ'' diýip, degişmä salyp öwüt berşi, öýdäki ýekeje türkmen halysyny gyzlary diwara kakanda:''Gomparmañ!'' diýip, goparyp aýryşy, iñ soñky şaýysyny, döwüm çöregini ýoldaşlary bilen bölüşişi barada näçe ýazsañ ýazyp oturmaly.
Ine, şonda pähimli türkmen ýaşulysynyñ keşbi göz öñünde janlanýar!
Eger-de şeýle bolmadyk bolsa, onda onuñ bilen köp ýyllap goñşy bolup oturan şahyr Begmyrat Ussaýew:
Her kişiniñ bahasy bar, orny bar,
Onam kesgitleýär adamlañ akly.
Dünýäde bir adam daga meñzelse,
Senem deñemäge hakly biz, hakly.
Ýa-da bolmasa, Gurbannazar Ezizowyñ:
Seniñ ömrüñ, seniñ döwrüñ barada,
Mäti Kösäýewiñ bildini çeken
Şägirdiñ iñ belent baha alsa-da,
Beýik halypasyn bilmeýän eken ㅡ
diýen setirleri döremezdi.
Türkmeniñ uly şahyry Mämmet Seýidow Mäti Kösäýew baradaky ýürek buýsanjyny belli edip şeýle ýazypdyr:
Meniñ üçin sensiñ, ýoldaş mugallym,
Ilkinji ideal ömür ýolumda.
Okadygym durmuş atly dessandan,
Saýlan gahrymanym, Apollonym-da.
Aýdyşyñ dek bu gysgajyk ömrümiñ,
Ykbalyny toprak bilen bagladym.
Ädimlermiñ dogrudygyn, däldigin,
Mydam seniñ sözleñ bilen barladym.
Professor Mäti Kösäýew 1906-njy ýylyñ mart aýynyñ 20-sinde Aşgabat uýezdiniñ Herrikgala obasynyñ Syrtmiriş böleginde daýhan maşgalasynda eneden bolupdyr. Ol Köse aga (Annadurdy) bilen Artykgül ejäniñ ýalñyz çagasy ekeni. Soñ olaryñ maşgalasy eklenç gözläp Tejeniñ Bagşymiriş obasyna, häzirki Agalañ obasyna göçüp barypdyr. 1925-nji ýylda başlangyç mekdebi tamamlaýar. 1926-njy ýylda Mary şäherindäki kämilleşdiriş kursunda okaýar. Ony tamamlandan soñ mekdepde mugallymçylyk edýär. 1928-1930-njy ýyllarda Tejendäki internat mekdebiñ terjimeçisi, mugallymy, soñra müdiri bolýar. 1930-1931-nji ýyllarda M. Kösäýew ilki Tejen etrabynyñ halk magaryf bölüminiñ uly inspektory, soñra pariýanyñ Tejen raýkomynyñ agitasiýa we propoganda bölüminiñ müdiri wezipesinde işläpdir. Ol raýkomyñ karary bilen Aşgabada täze açylan komwuza iberilendigine garamazdan 1931-nji ýylda Aşgabat pedagogiki institutynyñ dil-edebiýat bölümine okuwa giripdir. Soñ ýurdumyzda belli adamlar bolup ýetişen Ş. Batyrow, M. Annagurdow, M. Hydyrow, M. Hamzaýew ýaly adamlar bilen bile okapdyr. M. Kösäýew instituty 1934-nji ýylda oñat bahalar bilen tamamlapdyr. Şol ýerde hem mugallym edip işe galdyrylypdyr.
Mäti Kösäýew institutda işlän ýyllary türkmen edebiýatyny, onuñ halk döredijiligini ezberlik bilen öwrenip, ony öz okuwçylarynyñ añyna siñdiripdi.
Uruş ýyllary Mäti aga ''Sowet edebiýaty'' (häzirki ''Garagum'') £urnalyna redaktorlyk edipdir. ''Sowet Türkmenistany'' gazetiniñ redaktorynyñ orunbasary wezipesinde işläpdir. Bu hakda şol döwürde onuñ bilen gazetde bile işlän baýry £urnalist Myrat Rejebow şeýle ýatlapdy: ''Beýik Watançylyk urşy başlandy. Ähli metbugat organlarynyñ hem-de ýazyjylar soýuzynyñ partiýa guramalary birikdirildi. Meni şol guramanyñ sekretarlygyna saýladylar. Mäti Kösäýew redaktoryñ orunbasary bolup işleýärdi. Redaktory Aşyr Annaberdiýewdi. Adamkärçiligi gowudy, tapbiler adamdy.
Ine, gazetiñ sahypasyny düzüp otyrys. Azajyk ýer galýar. ''Näme bereris?'' diýseñ, Mäti aga Magtymgulynyñ şoña gelşip duran bir bendini tapyp: ''Şuny goýaýyñ'' diýer. Soñ görüp otursañ, şaplaşyp durandyr.
Urşa bizden köp adam gitdi. Gurbanmyrat Eýemberdiýew ㅡ terjimeçi. Muhammet Babaýew ㅡ terjimeçi. Durdy Haldurdy ㅡ sekretariatyñ işgäri, Şaly Kekil ㅡ oba hojalyk bölüminiñ edebi işgäri''...
£urnala ýolbaşçylyk eden ýyllary Mäti aga bu neşiriñ gyzykly çykmagy üçin yhlasyny, zehinini gaýgyrmandy. Bu ýyllarda £urnalyñ esasy aýratynlygy nämeden ybaratdy? Ýurtda nemes-faşistik basybalyjylaryna garşy söweş gidýän wagty her bir adamda duşmana bolan gahar-gazap, ýigrenç döremelidi. £urnalyñ sahypalaryna göz gezdirip otursañ, şahyr Nury Annagylyjyñ, Ata Salyhyñ, Durdy Gylyjyñ, Ruhy Alyýewiñ, Berdi Kerbabaýewiñ, Gara Seýitliýewiñ, N. Pommanyñ, Ş. Kekilowyñ gahrymançylygy wasp edýän goşgularynyñ yzygider çap edilendigini görmek bolýar. Mäti Kösäýewiñ aladasy bilen £urnalda ilkinji gezek türkmeniñ gahrymançylykly eposy ''Gorkut ata'' neşir edilip başlanmagy ýöne ýerden däldi. Çünki Gorkut ata öz topragyñy keseki basybalyjylardan goramagyñ nusgasydy. ''Ýusup-Ahmet'', ''Saýatly-Hemra'', ''Melike-Dilaram'' ýaly halk dessanlary okyjylara ýetirilipdi. Uly rus alymy, gündogarşynas Ý. E. Bertelsiñ, W. W. Bartoldyñ türkmen edebiýatynyñ meseleleri hakdaky makalalary £urnalyñ sahypalarynda çap edilipdi. Muny ''Ideologiýa işine respublikanyñ partiýa guramalary tarapyndan berilýän ünsüñ diñe gowşadylanlygy bilen, syýasy hüşgärligiñ kütelendigi bilen düşündirilýär''. Şonuñ netijesinde, garryýewlere, abdalowlara, kösäýewlere ynama sokulyp girmekligiñ başardanlygy-ha beýle-de dursun, hatda tumşuklaryny ýokary tutup, öz bur£uaz ㅡ milletçilik ''konsepsiýalaryny ýöretmek hem olara başardanlygy, halk döredijiligi bilen hiç hili umumylygy dahyly bolmadyk zatlary (''ÝusupㅡAhmet'', ''Raý ㅡ Çyn'', ''Saýatly ㅡ Hemra'' we başgalar) ''halk dessanlary'' diýen at bilen neşir etdirendikleri üçin ''günä ýöñkelýär''. ''Bu halk duşmanlary halka garşy ganly epos bolan ''Gorkut ata'' eposyny uzak wagtlap propogandirläp gelipdirler'' diýip, töhmet atylýar.
1952-nji ýylyñ ortalarynda sud tarapyndan ''M. Kösäýew we onuñ ýoldaşlary ilkibaşda 25 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
Ýöne türkmen edebiýatynyñ hatyrasy üçin jan çekip ýören Mäti Kösäýew ýene-de birnäçe ýyldan şol wagtlar şeýle gara apatyñ öz üstüne abanjakdygyndan bihabardy. Men ýazgymyñ şu ýerinde edebiýaty öwreniji alym, filologiýa ylymlarynyñ doktory Muhammet Gurbansähedowyñ ýatlamalaryna orun beresim gelýär:
ㅡ Ýalñyşmaýan bolsam, 1950 ㅡ 1951-nji ýyllar bolsa gerek. Ol wagtlar uniwersitet Köşi bagynda, ýer yranmasyndan soñky gurnalan wagtlaýyn jaýlarda ýerleşýärdi. Obadan gelip, uniwersitetde okuwa başlan biziñ deñ-duşlarymyz üçin gadymy edebiýatdan sapak berýän Mäti aganyñ her günki leksiýalary şeýlebir gyzykly geçýärdi welin, biz şol pursatlara edil baýramçylyga garaşýan ýaly bolup ymtylýardyk. Mäti aganyñ jaýa girişem, leksiýa başlaýşam, özboluşly bir häsiýete eýedi. Ol ullakan portfelini goýýardy-da, oturjagam bolman, çalajadan gezmeläp hekaýat şekilli bir wakany ýatlap, studentleri özüne bendi ederdi. Bu saparam şeýle bolupdy:
ㅡ Oglanlar, gyzlar, eger bir ýerde üýtgeşik gowy kitap görüp, ony okajak bolsañ, illere gürrüñ edip berjek bolsañ, ol kitaby birugsat alanam bolsañ, günä etdigiñ däldir ㅡ diýip, ol başyndan geçen bir wakany ýatlady. Papkasyndan çykaryp birnäçe kitaby görkezdi: ㅡ Ine, şu kitaplary ýitirenime birnäçe ýyl boldy. Ynha, şu gün görsem şol kitaplary bir wagtky studentim Sakarçägäniñ Garaly obasyndan ㅡ işleýän ýerinden iberäýipdir. Gapdalyndan hatam ýazypdyr. Ötünç sorapdyr, hemem: ''Indi bu kitaplaryñ Garaly obasynda geregi ýok'' diýen ýaly. Olaryñ uludan-kiçi hemmesi bulary ýatdan bilýär diýen ýaly. Olaryñ uludan-kiçi hemmesi bulary ýatdan bilýär diýen ýaly. Kitapdaky gyzykly hekaýatlar üçin obadaşlarym size köp-köp Tañryýalkasyn aýdýar'' diýip, minnetdarlygyny bildiripdir.
Ine, şol wagtlaram Çary Çalt diýen bir ýoldaşymyz: ''Men öten agşam Magtymgulyny uzyn gije okadym welin, bir ýerine düşünmedim'' diýdi welin, Mäti aga-da: ''Çary, sen-ä tüweleme, ýagşy ekeniñ, biz-ä entek köp ýerine düşünýän däldiris'' diýdi. Şonda studentler, baý, gülüşdiler-ä, heý goýaý ýöne.
Mäti aganyb şular ýaly hekaýalardyr rowaýatlar bilen utgaşdyrylýan leksiýalary, aýratynam onuñ ''Gorkut atanyñ'' her baby dogrusyndaky pähim-parasada ýugrulan gürrüñleri bizde uly täsir galdyrýardy. Ine, şonda biz Mäti aganyñ taýýarlan ''Gorkut ata'' barasyndaky kitabynyñ neşirlerde çykaryna her gün garaşýardyk, eý görýän mugallymymyzyñ üstüni bolsa her hili soraglar bilen doldurýardyk. Şonda Mäti aga ''Gorkut atanyñ'' kitap bolmagyna bir gün onuñ kleýiniñ doñanlygynyñ päsgel berenligini aýtsa, beýleki gün ýene bir şonuñ ýaly gürrüñler bilen bizi köşeşdirerdi. Ine, birdenem, Mäti aga leksiýa gelmedi, garaşdyk, bolmady. Eger ýalñyşýan bolmasam, bir hepde şeýle ýagdaýda geçdi öýdýän. Endik edilen ýagdaý-da, her gün irden ýygnanyşyp ýörkäk, bir gün jañ bolandan soñ, 5 ㅡ 10 minut geçen soñ, gapy ýuwaşdan açylyp, inçemik bir ýaş ýigit gapydan girdi-de,bizden ötünç sorady. ''Mäti aga ýaly halypanyñ turuzylan kreslosynda oturmaga het edip bilmejegimi duýdursamam bolmady, gelmeli boldy'' diýdi-de ep-esli wagt dymyp oturdy Soñ ''Gorkut ata'' eposy barasynda gürrüñ edip başlady. Görüp otursak, ol ýigit şol ýyla çenli Mäti aganyñ tälimini alyp, uniwersiteti tamamlap, aspirantura kabul edilen Rahman Rejebow bolup çykdy.
''Gorkut ata'' eposy barasyndaky ýygnaklaryñ biridi. Aşgabatda ideologiýa işgärleriniñ ýygnagy bolup, onda ''Gorkut atadyr'' onuñ propogandasy bilen baglanyşykly adamlaryñ ýazgarylyşy Mäti Kösäýewiñ, Baýmuhammet Garryýewiñ hem Orazmämmet Abdalowyñ ýazgarylyşy bilen gutarýar. Ine, şol ýygnaga gatnaşan ýaş ylmy işgär Rahman Rejebow oturanlara ýüzlenip: ''Siz häzir ''Gorkut ata'' eposy dogrusynda nähili netijelere gelseñiz geliñ, ýöne ol türkmen halkynyñ ajaýyp geçmişidir'' diýip aýdypdy''.
Ine, biz bu gürrüñleri ''Türkmen arhiwi'' £urnalyndan aldyk. Bu zatlaryñ apyla-sapylasy sowlandan soñ, ýetmişinji ýyllaryñ ortalarynda men Aşgabatda Mäti Kösäýewe duş geldim. Onuñ saglygy iş ýagdaýlary bilen gyzyklandym. ''Eger gazet-£urnal satylýan butkada işlärin diýseñ ýa-da kerpiç guýup, jaý salaýyn diýseñ, işe ýerleşmäge kömek ederis, ýogsa-da entek garaşmaly bolarsyñ'' diýipdirler. Bu döwür Mäti Kösäýewiñ Berdi Kerbabaýew barasynda söz açýan ''Turan aksakaly'' atlandyrylan makalasynyñ ''Mydam taýýar'' gazetinde çap edilen döwrüne gabat gelýär.
Bu zatlardan soñ menden M. Kösäýewiñ ''Turan aksakgaly'' atlandyrylan makalasy barasynda öz garaýyşlarymy ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Belki, ol zatlaryñ hem kömegi ýetse ýetendir, halypa mugallymyñ çagalary maña gabat gelende kakalarynyñ ''Mydam taýýar'' gazetinde çykan makalasynyñ gürrüñini edip, maña minnetdarlyk bildirdiler.
78 ýaşy arka atyp, 1984-nji ýylda dünýäden öten professor Mäti Kösäýew hakda ýatlara, gürrüñ edere zat köp. Ýöne, her niçigem bolsa, £urnal sahypasynyñ çäkliligine eýerip, ol hakdaky gysgajyk gürrüñimizi tamamlamakçy. Eýsem-de bolsa, onuñ ylmy derñewleri, Magtymguly Pyragyny ilik-düwme edip öwrenişi hakda, mekdep okuwçylary üçin edebiýatdan okuw kitaplarynyñ awtory hökmünde bitiren işleri, ýarym asyrlyk mugallymçylyk işi hakda gürrüñ edere zat köp. Sözümi belli gündogarşynas Ý. E. Bertelsiñ: ''Mäti Kösäýew türkmen edebiýatynyñ janly ensiklopediýasydyr'' diýip, aýdan juda jüpüne düşen sözleri bilen tamamlamagy göwnemakul bildim.
Allaýar ÇÜRIÝEW,
şahyr.