Türkmen aýallarynyñ zehini

Köp aýallar her bir işlerde erkek adamlardan asgyn däldir. Okuwly aýallaryñ içlerinde her bir işleri her erkekden kem etmeýän köp akylly şägirtleri (?) köpdür. Aýallarymyz akylsyz bolsalar, günä özümizdendir. Ol sebäpden ke, biz olary ynsan hasap etmeýäs, okatmaýas. Elbetde, okuwsyz hiç bir iş ýola gitmez. Her bir zady işletmeseñ, poslap, çüýräp, zaýa bolup gider. Zehin hem şoña meñzeşdir. Eger ony her sagat işletmeseñ, akyl hem köpelmez, ýiter, batar gider. Biziñ türkmen aýallaryñ köp zehinliligi şundan mälim bolýar ki, haly işi köp kyn, çetin işdir we ony hem(me) aýallar (d)okabilmez. Emma biziñ türkmen aýallarymyz, Hudaýa şükür, haly-dokma işinde hemme milletlerden öñdedir we ökdedirler. Men ýazmyşdym: ''Türkmenler her bir işlerde başga milletlerden asgyn we yzdadyr'' diýip. Elbetde, erkeklerimiz dogrudan hem gaýradyr. Aýallarymyz hem bir-ýeke haly dokamak işlerinde artykmaçdyrlar. Şuña hem Alla müñ gaýta şükür.
Indi şu işlerden meniñ pikirimçe gelýär: biziñ aýallarymyz köp zehinlidirler we eger olaryñ akyl-zehinlerini işletsek, ýagny okatsak, olar hem her bir işlerde bize kömekçi bolup, sag elimiz bolar. Ahyrky gep şudur ke, aýal maşgalany hem ynsan hasap edip, erkekler ýaly deñ tutup okatmalydyr. Her kim aýala: ''Saçy uzyn, akyly kem'' diýip, ynsan hasabynda görmän okatmas, özi akylsyz boldugydyr. Gyz maşgalalary okatmak Kuran-y Şerifde hem wajypdyr diýip aýdarlar. Çelekende köp gyzlar, Hudaýa şükür, okap, hat ýazmak-bozmagy bilýärler. Bir molla aýdandyr: ''Gyzlaryñ hat bilmegi mekrudyr'' diýip. Özge birniçe akylly mollalar Kurany - Şerifde deliller tapdylar, ol hem sesini goýdy. Hudaý Tagala hemme ynsana aýdypdyr: ''Et-talib-ul ilm-u minel-mehdi ilel-lahdi''

(17. III. 1915)

Muhammetguly Atabaý ogly



''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' atly türkmen gazeti

(Hadysdan alnan soñky arapça jümläniñ türkmençe manysy şeýle: ''Sallançakdan tabyda-gabra çenli ylym öwren''. ㅡ A. S.)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir