Galyñ jähtinden, ýagny ynsan söwdasy türkmenler arasynda (Muhammetguly Atabaý ogly)
Gadym zamanda, birnäçe ýyl mundan owal baý-baýarlaryñ elinde köp gullar bolarmyş. Şol gullary eýeleri satsa satarmyş, öldürse we her zat etse, eýesiniñ ygtyýary ýetermiş we gullarynyñ hiç bir sorag-idegi bolmazmyş. Şu wagt şol zamanlary alylly adamlar ýada salyp, köp biynsaplyk diýip aýdarlar we geñ görerler. Başga milletler öz aýyplaryny bilip, geñ görseler, emma biziñ türkmenler aralarynda aýyp gün-günden beter tutaşar we aýyplarymyzyñ üsti gömlüp, gözümize görünmez we: ''Ne kär edermiz ke, Hudaý Tagala bizleri kemsiz we aýypsyz ýaradypdyr!'' diýip, özümizi hemme jahan halkyndan uly tutarmyz.
Her bir aamlyk, aýyplar bilen bizler ögrenişip, hiç bir aýyp ýerlerimizi gözümize görünmez we aýyplarymyz bardyr diýip, adamlarymyz ýada salmazlar we ýagşy, dogry ýol görkezýän adamlarymyz ýokdur. Aýyplarymyzyñ iñ ulusy we köp ýamany we ynsansyzlygy öz gyz maşgalalarymyzy haýwan ýaly söwdalaşyp, golundan tutup, bir ýere satmakdadyr. Gyz maşgalalaryñ yzyndan bir adam almaga gelse, añry-bäri çekeleşip, ahyry kim ýokary pul berse, gyzymyzy şoña satarmyz. Gyzymyzyñ ýüregi beriljek adamyny ýagşy görýärmi we gyz şol adamyny tanaýarmy ýa ýokmy diýip, ol azary biz çekmeýäs we her kim ýokary baha berse, onuñ näjüre adamdygyny dannaman, gözi kör, gulagy ker, her jüre aýyply, 3 aýally adam hem bolsa, puly köp berse, gyzymyzy şoña berermiz. Gyzlarymyz ''Kim ýokara?'' düşer we her kim ýokary çyksa, gyzymyzyñ mülkiýa eýesi şodur. Baý adamlar gyzyñ bahasyny söwda bilen 7 ㅡ 8 müñ manada çykardy we mesliklerine çydabilmän, özlerine 4 aýal alarlar we köp jahyl adamlarymyz özlerine şol baha aýal alabilmän, köp zaýa bolup, ýagny jelephanalara baryp, arak-şerap içip, ýaman bolup dünýäden öterler.
Maşgalasyz, bir pul, ugur tapmaýan pakyr adamlar biri-birine gyz almaga gitseler we gyzyñ bahasyny ýokary görüp: ''Azalt!'' diýip aýtsalar, gyz eýeleri aýdarlar ke: ''Pylanyñ gyzyny pylan baý pylança müñ manada alypdyr. Biziñ gyzymyz hem şondan kem we erbet däldir'' diýip aýdarlar we öz gyzlaryny mal ýaly utanman öwmäge başlarlar we pukara adamlar içini tutup, öýlerine gaýdarlar. Men özüm bir aam kişi we mollaçylykdan we Şerigat ýolundan bilýän zadym ýok. Emma ýüregim bilen ynanarmen ki, musulman Şerigaty köp ýagşy dogrudyr we hiç şuña meñzeş biynsaplyk zatlary kabul etmezmen. Eşitdim Şerigatda gyzyñ bahasy 10 teññe diýip we ony hem gyzyñ özüne şaý-sep bermelimiş diýip. Indi, eý molla, ahun agalar we ýaşuly adamlar, eger meniñ gepim rast bolsa ýüregiñize oturyp, kabul etseñiz, meniñ şu sowallaryma jogap beriñ: Kim, öýi ýykylmyş. Şerigatdan çykyp, gyzlarymyzy ''Kim ýokary?'' bilen şeýle ýokary baha we satmak düzgünini çykarypdyr we näme üçin şeýle ýaman düzgüni çykarypdyrlar? We ýene gyzlarymyzy satjak bolan wagtymyzda öz köñlümizi özlerimiz aldarmyz we Şerigat ýoluny tutan adam bolup, gyzlarymyzdan soraşarmyz ke, satjak adamymyza razymy diýip. Özlerimiz köp ýagşy bilermiz ke, gyzlarymyz hiç wagt bir adama barmaga närazy diýip aýtmajagyny. Ol sebäpden öz aralarymyzda şeýle düzgün bolup galypdyr we şeýle ýaman düzgünlerimiz bilen biçäre gyzlarymyz hem ögrenişipdirler. Müñde bir akylly gyz satyljak adamsyny halamasa, öz köñlüni tutan jahyly bilen gaçar. Birnäçe adamlarymyz şeýle sypaýyçylyk etseler, birnäçelerimiz biynsaplyk bilen gyzlaryny zor bilen, her näçe aglasa-eñrese we barmaga närazy diýse hem, gepine gulak asman, puly kim ýokary berse, şoña berer.
Iki aý mundan owal bir maryly Ahal tekesinden köp pul berip, bir gyz alypdyr. Şol gyz mezkur maryla 3 aýalyñ üstüne barmaga köp närazymyş we gidende, atasyna aýdypdyr ke: ''Meniñ bahamdan alan puluñ haram bolsun!'' diýip we ''Meni indi gyzym diýip ýadyña salma we ölen hasap et!'' diýipdir. Şuña meñzeş köp gyzlarymyz satylýandyr.
Eý, ýetişen uly gyzlaryñ atalary! Beýle biynsaplyk etmäñ! Gyz malyndan döwlet tapyp doýmarsyñyz! Gyzlaryñyzy ýagşy ýere jaýlañ! Olaryñ öz köñüllerine bakyñ! Olar köp näzik bolarlar we gyzlary ýagşy ýere bermeseñ, köp horlukdyr. Oglan maşgala her tüýsli, bir tüýsli oñar, emma gyz maşgala her ýerde kim bilen bolmagy köp çetin geler.
Ýene hem hemme türkmen jemagatlary! Sizlerden towakga ederem, ýañlyş diýsem, ýañlyş diýip aýdyñ we ýañlyş ýerimi görkeziñ. We eger dogry diýsem, şu ýaman düzgünlerimizi goýdurmak maslahatyny tapmalydyr. We agzybirlik bilen ýaşuly adamlarymyz, ahun-mollalarymyz şu pikiri çeksek, enşalla, ýaman düzgünleri ýok edermiz. Eý doganlar! Şu pikiri çekiñ we uguryna tizlik bilem düşüñ! Hudaý sizlere bu dünýäde abraý, ahyrýetde iman bersin! Amin, ýa Rebbul alemin!
24. II. 1915
Muhammetguly Atabaý ogly