Täze çykan türkmen okuwy


Şagadamda gamgyn bolup oturan wagtym maña gürrüñ berdiler: ''Çelekende ýomutlar aralarynda 60-dan köpräk gyz we gelinler täze okuw düzgüni bilen okap, hat ýazmakny we pozmakny ögrenýäler'' diýip. Gam-gussa ýadymdan çykyp, ýüregim para-para açylyp, derýanyñ ortasyga, Çelekene gitmäge howlukma başladym. Gelip görsem, dogrudan hem şeýle eken. Täze ýazuw düzgüni bilen Çeleken obasynda türkmenler arasynda mekdep açypdyrlar we ol açylan mekdepde 7 ýaşyndaky gyzlar hat ýazyp, Kuran-Şerifni, Rownagy, Sopy (Allaýary) bäş-alty aýyñ içinde okap çykarlar. Şo(nuñ) ýaly olar oglan saklamak terbiýetlerini okyýandyrlar. Hudaýa şükür, ahyry haýyr bolsun!
Çeleken(de) adamlary hem özleri köp okuwnyñ gadyryny bilerler. Şu wagtky meniñ bolýan şkolymy (açmak üçin) olar özleri on-on iki müñ manat pul harç edipdirler. Ýene hem şol şkola her aýda iki müñ manat harçlary boljakdyr we ýene özleri üçin täze çykan düzgüni okatmak üçin bir musulman molla tutupdyrlar. Şol şkol açylanda, hemme jemagatlar bolup, köp uly hudaýoly berip, toý-tomaşa etdiler. Çeleken obalarynda oglandan ulularyna çenli köp höwes edýärler, emma ozalky mollalarymyzyñ okadylyşy kyýamata çenli galdy. Täze düzgüne (görä) ýagşy okamak hem bolýar we tiz ýazmak hem bolýandyr. Ýa Hudaýym! Biziñ Ahal, Mary we Tejen türkmenlerimiz(iñ) hem aralarynda şol düzgün bilen okar ýaly mekdep bolsun! Amin, ýa Rebbul-Alemin!

''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' atly türkmen gazeti

(23. I. 1915)

Muhammetguly Atabaý ogly

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir