KUBRANYŇ KÖLI
Şeýh Nejmeddin Kubranyň ady Ürgençde doga ýaly görülýärdi. Ýogsam näme, ol hem edil Ibn Sina, Beruni, Muhammet al Horezmi ýaly Ürgenjiň bagtyna gonan ajaýyp ýyldyzlaryň biridi ahyry. Ýiti paýhasy, çakdanaşa ylymlylygy üçin soltanada hem onuň sarpasy uludy. Şonuň üçin hem Ürgendçdäki ähli alymlaryň, şahyrlaryň kitaplaryna reşat (ýaýratmaga, medresäniň programmasyna girizmäge berilýän rugsat) basmagy oňa ynanypdyrlar.
...Kiçijik mawy köl asmanyň bir bölegi ýere gaçaýdymyka diýdirýär. Kölüň içindäki bir adamlyk ak gaýyk bolsa, edil köle gonan ýalňyz gazy ýada salýar. Muňa Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli diýýärler. Ol şol gaýyga münüp, öz talyplaryna ders berýär. Açyk howada, gözel tebigatly ýerde berilýän sapagyň talyplaryň aňyna gowy girýändigi üçin şeýdýärmikä? Ýok, beýle däl. Onuň köli täsin häsiýete eýe. Allambaý Towsa diýilýän bir baýyň dünýäsi ýere-göge syganokdy.
Ürgençde özüni iň baý adam saýýardy. Özüni Ürgençde tanamaýan bardyr öýdenokdy. Meşhur alym Fahreddin Rzany dagy aýagyna ýapyşan palçykça-da görenokdy. Ýöne kiçijik bir waka Allambaý Towsa Fahreddin Rza ýaly adamlaryň kän mertebe özünden ýokarda durýandygyna göz ýetirmegine sebäp boldy duruberdi. Uzak ýurtlaryň birinde bazarda duşan bir adam Allambaý Towsanyň ürgençlidigini bilip, ondan Fahreddin Rzany sorady. Allambaý Towsanyň gözi bilesigelijilik bilen ýyldyrady:
-Sen näme ony tanaýarmyň?
-Heý, ony ylym dünýäsinde tanamaýan barmy? Özüni göremok. Kitaplaryny okadym. Gaýybana tanap, adyna aşna bolup ýörün. Duşsaň salam aýt.
Ine, şu ýerde-de Allambaý Towsanyň kalbynda Fahreddin Rzanyň şöhratyna bolan göriplik duýgusy oýandy. Özüniň däl-de nirede bir çöregini patyşalykdan alyp ýören alymsumagyň tanalmagy onuň degnasyna degdi. Gelibem «Şolaryň ýazýan zatlaryny men ýazyp bilemokmy?» diýdi-de kagyz-galama ýapyşdy.
Allambaý Towsa öz kitabyna «Akylnama» diýip at goýdy. Daşyny gymmat bahaly matadan jezwerledi-de, mahmala orap, Mahmyt Ýalwajyň ýanyna ugrady. Mahmyt Ýalwaç Allambaý Towsanyň kitabynda hiç zadyň ýokdugyny aýdyp, oňa reşat bermekden ýüz dönderdi.
Başga alaç ýok. Näçe islemese-de Şeýh Nejmeddin Kubranyň ýanyna barmaly boldy. Şol başyna selle oran alymsumagy ähli ýerde tanaýarlar. Özem Fahreddin Rzanyň hem ýene köpleriň hem halypasy. Allambaý Towsanyň ony näler ykrar edesi gelenok. Ýöne ýene şoňa ýüz tutmaly. Allambaý Towsa ýaly adam haýyş bilen ýüz tutsa, ol hökman bitiräýmeli ýaly. Ýok, ol beýtmedi. Nejmeddin Kubra Allambaý Towsany güler ýüz bilen garşylady. Habaryny aldy. Allambaý Towsa zer jezwerli kitabyny oňa uzatdy. Habaryny berdi. Şeýh Nejmeddin Kubra:
-Okap görerin diýdi.
Allambaý Towsa üç günden dolandy. Ýanyna sowgatjyk hem aldy. Gyrmyzy dony goltugyna saldy. «Nädersiň haramzada ýyrşaryberse». Ýok Şeýh Nejmeddin Kubra ony kanagatlandyrmady.
-Siziň kitabyňyz reşada mynasyp däl. Bu hili zady islendik çalasowatly adam çyrşap biler. Munyňyz dürüşde ýaly bir zat. Okan kitaplaryňyzdan ýadyňyzda galan ýerlerini hem çyrşaberipsiziň. Göçüren ýeriňizem bar. Ynha, meselem ... diýip, ol birin-birin düşündirmäge durdy.
-Näme üçin beýle?
-Manysy ýok.
-Ony sen maňa subut edip bilermiň?
-Subut edip beräýerin. Ynha, şu kitap kimiňki? Sen sowatly adam.
-Ibn Sinanyňky?
-Ine, bu seniňki.
Ol Allambaý Towsany köle eltdi. Iki kitabam suwa oklap goýberdi. Ibn Sinanyň kitaby suwa çümdi. Allambaý Towsanyň kitaby bolsa suwuň ýüzünde gaýyp geziberipdir.
-Indi gördüňizmi? Kitabyňyzyň gara şaýylyk agramy ýok. Men kitaplary okanyma kanagat etmän, şu kölde barlap görýän.
Şondan soňra Allambaý Towsa ýaly, aňsat ýerden şöhrat gözleýänler ýok bolanmyş. Ylmyň, edebiýatyň agramyny adyllyk bilen ölçeýän Kubranyň köli gadymy Ürgençde dürli ugurlardaky uly ösüşlere sebäp bolanmyş.
Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli... Kubranyň mawzoleýi bar hem bolsa, onuň kölüniň edil häzir haýsy ýerde bolanlygyny kesgitlemek kyn. Belki, şeýle köl bolan hem däldir. Emma sunagtyň, edebiýatyň, ylmyň agramyny adyllyk bilen ölçemek baradaky şol röwşen ideýa barha giň gerim alyp, körzehinleriň, zoraýakdan ylma baş goşýanlaryň örüsini gün-günden daraldýar.