KÖNEÜRGENÇ



Ak sakgally, ýüzi peşeneli ýaşuly hasasyny ýere diräp, skameýkada otyr. Köçeden geçýän maşynlaryň yzy üzülenok.
-Baba, näme üçin biziň şäherimize «köne» diýýärler? Onuň nämesi köne?
-Ýok, oglum, biziň şäherimiz täze. Görýäňmi, heý, köne zat barmy? Köne zat bolsa derrew aýryp, täzesini gurýarlar-diýip, goja jogap berýär.
-Eýsem, minarany, Törebeg hanymy, Soltan Alyny hem ýykyp, täzeden gurarlarmy?
-Ý-ok, olary remont edýärler. Heý, olary hem ýykyp bolarmy? Olaryň gurlanyna azyndan 600-800 ýyl bolupdyr. Birwagt biziň şäherimiziň ýerinde iňňän uly paýtagt şäher ýerleşipdir. Oňa Ürgenç diýip at goýýarlar. Iki Ürgenç bolansoň, muňa «öňki, gadymy» manysynda «Köneürgenç» diýip at goýupdyrlar. Bu ýerde her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bardyr. Ine, meselem ... diýip, goja gürrüňe başlaýar.



TOTY GUŞ

Oglanjygyň eline «Totynyň hekaýatlary» diýen kitap düşüpdi. Ol kitapda özüne düşnüksiz sözler baranm bolsa ony zalp bilen okap çykdy. Ine, häzir babasy gürrüň berýärkä-de şol kitapdaky Toty guş göz öňüne gelýär. Ol hakykatda Toty guşy bir gezegem görmedi. Ýöne telewizorda tomaşa etdi, suratyny gördi. Emma häzirki gürrüň berýän Toty guşy düýbünden başgaçady.
Toty guş edil kitap okaýan ýaly gürrüň berýär. Oglanjyk käte meýmireýär. Şonda Toty guş onuň gözlerine has aýdyň görünýär. Hereketlerem has aýyl-saýyl.
Toty guş Köneürgenç baradaky rowaýatlary aýdyp berýär. Hawa, babasy däl-de Toty guş aýdýar. Özem şeýle bir gyzykly, şeýle bir şüweleňli gürrüň berýär welin, oglanjyk agzyny açyp galýar. Toty guş ilki rowaýatyny «Merdiň gözýaşy» diýip atlandyrdy.

Şöhrat Abdyýew

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir