ATDA TAPAGANY GÖREN HATAM TAÝ ÝÖNE BAŞYNY ÝAÝKAP DURMUŞ Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar ýaşaýar. Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar söýüşýär. Bu dünýäde ynançlar gürleşýär, ynançlar düşünişýär. Bu dünýäde ynançlar garpyşýar. Adamlar — ynançlaryň isleglerini ýerine ýetirijiler. Ynanç söýgä-de, ýigrenje-de baha kesýär. Ynanjyň kesen gutarnykly bahasy bilen beden herekete gelýär. Ynançlar asyrlaryň dowamynda adamlary şeýle bir galyba salypdyr welin, başgaça ýaşamak bolýandyram öýdülenok. Adam görgüli ynanç galybyndan sähel çyksa, ähli kişi oňa geň galýar. «Bu işi etmek bolmaýar, bu işi etmek gelşiksiz, bu işi etmek gadagan», «Bu eden işiň gowy, bu eden işiň ýaramaz» — ine, adamlar şu ynanç galyplarynyň içinde ýaşaýarlar. Özem olar şu güne çenli biz örän dogry ýoldan barýarys diýen ynanç bilen ýaşap geldiler. Ertesi şol dogry hasaplan ýollaryny nädogry ýol hasaplap, täze ýol tutundylar, täze ynanç edindiler. Allatagala her bendesine bir ynanç beripdir. Golagam, çolagam, agsagam, towsagam, akyllam, akylsyzam öz ynanç galyplarynyň içinde öz-özlerinden göwnühoşlukda ýaşaýar. Ähli bendesini dar galybyň içinde özünden göwnühoş edip bilen Hudaýa, hany, geň galmanam bir gör-dä! Ynanç galybyndan çykan kişini akylyndan azaşan hasaplaýarlar. Saganaly obasynyň adamlary Atda tapagan barada hem şeýleräk pikirde: Atdanyň akyly ýerinde däl. Owganystanda gulluk edende gapdaljygynda aýylganç bir partlama bolanmyş. Ana, şol partlamada hem Atdanyň kellesine birazajyk zeper ýetenmiş. Şol ýeten zeperem aýda bir gezek bildirýärmiş. Gybatda owadan gyzyň mähiri bar. Gybatda iki däl, kyrk dagy aýak bar. Gybat adamlaryň arasyna şemaldan çalt ýetýär. Göterip getiren ýalan habarynam derrew adamlara ynandyrmagy başarýar. Atdanyň akylyna zeper ýetipdir diýen myş-myş habaram adamlar çyna berimsiz habar hökmünde kabul etdiler. Ýöne onuň üýtgeşik bir eden etmişinem bilmeýärler. Bir myş-myş bar, ol myş-myşam Atda tapaganyň jan ýaly doganlary oturan-turan ýerlerinde aýdyp ýörler. «Ýamanlyga uzakdan garaşma, ol seniň aýagyň aşagyndan çykar» diýýär Atdanyň kakasy. Atda kakasynyň bu sözüne ynandy. Ýöne ol doganlaryndanam kän bir gaty görüp ýörenok, ol doganlarynyň ýamanlyklarynam bal bilen şeker hasaplaýar. Janlarynyň saglygy — dünýä baýlygy ahyryn! Doganlarynyň «Atdanyň kellesine zeper ýetipdir» diýen myş-myşy ýaýratmaklaryna bir däl, üç sany sebäp bar. Şol sebäpleriň birinjisi: Atda tapagan goşun gullugyndan gelensoň, myhmanlar üçin diýlip gurlan otagda ýaşaýar. Otagyň ini bäş metr, uzynlygy on iki metr. Şol giň otagyň içinde bir aýnaly şkaf bar. Atda, ana, şol aýnanyň öňüne baryp, edil diwana ýaly, öz-özi bilen gürleşýärmiş. Gülýärmiş. Heý, akyly ýerindäki adam hem aýnada öz keşbini görüp, gürlärmi? Şol sebäpleriň ikinjisi: Atda tapagan gije aýnada öz keşbi bilen gürleşip durka, birden owadan gyz peýda bolanmyş. Özem ol gyz juda asyllymyş. Seredip, mähirinden bir günde, iki günde ganar ýaly dälmiş. Atda ol owadan gyzy görüp, gürläp bilmän sandyrap, sakawlap durmuş. Şeýle bolansoň, owadan, nätanyş gyzyň özi dillenipdir: «Sen Atdamy?» «Hawa, hawa, men Atageldi. Atda men. Seniň adyň näme?» Owadan gyz adyny aýtmandyr. Atda ýalbarypdyr: «Adyňy aýdaý-da!» «Juk». «Aýdaý!» — Atda bu owadan nätanyş gyz bilen gürleşişine geň galypdyr. Geň galmaz ýalam däl-ä! Onuň dili gymyldanogam welin, olar gepleşip durlar. Olaryň ikisindenem ses çykanok. Olar dil bilen däl-de, ýürekleri bilen gürleşip oturan bolsalar nätjek asyl. Ýüreklerde hem dil bar eken-ä! Gör-ä, bu owadan gyzyň ýüreginiň owazynyň mähremdigini, ýakymlydygyny! Onuň saçlarynyň uzynlygyny diýsene! Ine, iki örüp öňe atan saçlary ýerde ýüregiň keşbine meňzäp, tolkun atyp ýatyrlar. Ine, her örüm saç bir ýürege meňzäp ýatyr. Ol ýürekleriň sagyndaky Atdanyňky bolmaly, solundaky bu owadan gyzyňky. Atda ol örüm saçlary eline alyp sypalasy geldi, ýöne owadan gyzdan utandy. «Men bu obaly däl-ä». «Onda sen nireden?» «Men uzakdan gelýän. Agamyň ýanyna barýan». «Agaň kim?» «Agammy? Görseň tanarsyň? Men onuň ýanyna barýan». «Gije gorkaňokmy?» «Gorkmasyna gorkýan. Gorksam nädeýin?! Maňa kömek etjek adam barmy näme. Men ýaňy «şog-şog» köpriniň ýanyna baryp yzyma gaýtdym. Ol ýerde bir äpet it bar eken. Ol şeýle bir üýrdi welin, depe saçym üýşüp gitdi. Soň yzyma gaýtdym. Ol itden nädip geçjegimi bilmän, seniň ýanyňa geldim». «Itdenem gorkarlarmy heý-de. Men barkam itden gorkmagyn. Men hiç wagtam itden gorkmaýan. Men iň hyrsyz itiň maňlaýyna-da ýumrugym bilen düňk etdirýän welin, Bugaç begiň ediberişi ýadyma düşäýýär». «Köpriniň ýanyndaky it gaty uly...» «Uly bolanda näme? Meni görse, ol it gaçyberer. Ynha, görersiň. Ýör, görkez maňa şol waspyny ýetiren itiňi». Atda tapagan owadan nätanyş gyzyň yzyna düşüp gidiberdi. Atdanyň aýagy aýakýalaň, başy açyk, egni maýkaly. Ol dünýäni unudyp, nätanyş gyza maýyl bolup gidip barýar, gidip barýar. Bäri-bärde «şog-şog» kopri barmy näme! Ýöne ol garaňkylygyň içinde ýöräp däl-de, edil ýüzüp barýan ýalydy. Ýok, ol uçup barýan ýalydy. Nätanyş gyzyň nädip ýöreýändigi bildirenokdy. Ol şeýle bir eda bilen uçup barýardy. Garaňkylyk olara hiç hili garalla däldi. Olaryň ýöreýän ýoluna süýt sepilen ýalydy. Özüne imrindirýän nätanyş gyza ýaranmak üçin ol entek-entekler ýörejekdi. «Şog-şog» köpriniň ýanynda Hakykatdan hem nätanyş gyzyň aýdan şol äpet hyrsyz iti bar eken. Ol äpet hyrsyz it Atdany gördi-de, guýrugyny ýamzyna gysyp süzüberdi. It üýrmäge-de het edip bilmän dur. Ýöne oňa derek, bir haýbatly ses eşidildi: «— Akylyňdan azaşdyňmy? Gijäň içinde ýalaňaç entäp ýörmäň näme? Atda tapagan haýbatly sese birden tisginip gitdi. Görse, gaşynda göwün beren owadan gyzy däl-de, bir nätanyş peşeneli kişi dur. — Hany, o gyz? — Haýsy gyz? — Ýaňky nätanyş gyz? — Eý, Hudaý-a! Bütin ömrüme seniň gudratyňa haýranlar galyp ýaşadym. Indi seniň gudratyňdan aýal-gyzlaryň gudraty aňyrdan gelýär. Gör-ä, gül ýalak ýigitleri ediberişini olaryň! Bir gyz bu dag ýalak ýigidiň egin-eşigini sypyryp, ileri-gaýrany tanamaz ýaly edip goýberipdir-ä! Atda ýat bir obanyň orram-ortasynda ýarym-ýalaňaç halda durandygyny görüp haýykdy. Nämäniň-nämedigine düşünip bilmedi. Ol owadan nätanyş gyzyň birden gürüm-jürüm bolmagyna gynandy. Ol gynansa, özüňiň düşen gününe gynanmalydy. Ýok, ol düşen gününe-de begenip baranokdy. Gynandy. Ýöne şol aşyk bolan owadan nätanyş gyzyň gözden ýitmegine hemme zatdan beter gynandy. — Inim, sen haýsy obadan? — Men Saganaly obasyndan. — Baý-bow! Bu ýere nädip düşdüň? Egin-eşigiňi kim sypyryp galdy. Bilýän, şol owadan diýýän gyzyň sypyryp gidendir. — Ýok, ýok, men oňa hiç zat bermedim. — Inim, sen kimi aldasaňam, meni aldap bilmersiň? Heý, bir zatjyk emlemedik bolsaň, gijäniň içinde seniň ýanyňa ýat, özem owadan gyz gelermi? Gelmez. Ol senden birgiden zat hantama bolup gelýär. O gyz maksadyna ýetipdir: egin-eşikleriňe çenli sypyryp alypdyr. — Agamjan, ynanaý, men oňa hiç zat beremok. Ol maňa kömekleş diýdi. Menem onuň ýüküni-sumkalaryny göterişdim. — Ýalaňaç bolupmy? Atda näme jogap berjegini bilmän, dymdy. — Hä, näme ýalan sözlejegiňi bilmediňmi? Ýa ýalanyň üstünde tutulaýdyňmy? Saganalydan sekiz kilometr uzaklykda şeýdip ýalaňaç duranyňy kakaň dagy görse näme diýer? — Agam, men-ä akylymy etegime gaçyrdym. Özüň bir çykalga tapyp beräýmeseň... Nätanyş kişi Atageldä eýe çykdy. Ony öz öýüne eltip geýindirdi. Soňam maşynyna mündürip, Saganaly obasyna getirdi. Atageldä ýagşylyk eden üýtgeşik bir adam eken. Ol hum tapan dek, bolan wakalary ilki Atdanyň kakasyna, soňam tötänleýin gelen agasy Oraza gürrüň berdi. Bu wakany kakasy hiç ýerde gürrüň etmezdi. Ýöne Atageldiniň dogany Oraz welin, bu wakany içine sygdyryp bilmedi. Atageldiniň ile tarhandökerlik edip, barja zatlaryny ile paýlaýşy ýaly, Oraz hem sahylyk bilen inisiniň düşüp ýören gününi, eden işlerini isleýäne-de, islemeýäne-de gürrüň berdi. Şeýdibem, Atageldiniň kellesine zeper ýetipdir diýen gürrüňi oba içine pytradyp goýberdi. Indem, nirä barsa şol pytradan gürrüňini özüne gürrüň edip berýärler. Iki dogan — Mämmet bilen Oraz iki ýerden Atageldiniň daşyna geçdiler: onuň haýyna-waýyna bakman, lukmana äkitdiler: «Şu inimiziň kellesini bir barlap ber» diýdiler. Lukmanlaram kellesine zeper ýeten ýigitleri bu gün görmeli däl. Olar Atdanyň gözleriniň gabaklaryny çöwrüp gördüler. Agzyny uludan açdyryp, gyzylödegini barlap gördüler. Çalt-çaltdan jogap ber diýip, her hili oslagsyz soraglary ýagdyryp gördüler. Ylgadyp gördüler, ýylgyrdyp gördüler. Soňam şu ýigit biziň özümizdenem sag diýen netijä geldiler. Doganlar lukmanlara ynanmadylar. Atageldini Aşgabada getirip, bir ynamdar tanyş tapyp, ruhy hassahananyň baş lukmanyna barlatdylar. Baş lukmanam raýon lukmanlarynyň edenlerini gaýtalady. Atageldiniň ähli synasyny birlaý barlap çykdy. Gözüne lupa bilen seretdi. Gabagyny çöwrüp, edil gözlerini eline alaýjak-alaýjak ýaly edip barlady. Soňam Atageldide hiç hili kem ýok diýen netijä geldi. Atageldiniň doganlarynyň gara çynlary: olara beýle netije gerek däl. Oraz baş lukmanyň jübüsine iki penje puly dykdy. Pul bir gowy zat. Hana, baş lukmanyň iki jübüsi hem çuwalgyzyň göwsi deýin tümmeripjik dur. Iki jahan owarrasy bolup dur görgüli. Ol galyň bir kitap tapyp getirdi. Şol kitapdan gözüni aýyrman, Atageldä sorag üstüne sorag berýär. Özem ol Atageldiden oýlanman, derrew jogap bermegini talap edýär. Atageldiniňem iň gowy görýän zady ekzamen tabşyrmak. Baş lukman kitapdan okap sorag berýär. Atda tapagan mähetdel etmezden jogap berýär. Baş lukman ýene sorag berýär, Atageldi jogap berýär. Galyň kitapdaky soraglar gutardy. Alty sagada çeken sorag-jogap iki doganam, baş lukmanam ýadatdy. Ýadamadyk diňe Atageldi. Soraglara jogap berip bilýändigine göwni göterilip, ol ýene sorag beriň diýen ýaly baş lukmana seredip dur. Baş lukmanyň Atageldiden garaşan tamasy çykmady. Jübüsindäki pullaryň alynmagyndan gorkup, ýene bir ýerlerden kitap tapyp geldi. Soňky getiren kitabynyň soraglaryna jogap bermek Atageldi üçin hasam ýeňil düşdi. Garaňky düşdi. Baş lukman görgüli tözlenip duran jübülerindäki pullary çykaryp, doganlara gelen netijesini aýtdy: — Gynansagam, iniňiz sag. Kellesinde kem zady ýok. Moskwa gidip barlatsaňyzam, size meniň sözlerimi aýdarlar. Bu ýigitde özem üýtgeşik zehin bar. Dogrymy aýtsam, bu ýigidiň bilýän zatlaryny men-ä bilemok. Bu ýigit meniň ýerimde oturmaga-da mynasyp ýigit. Siz bu ýigidiň gadyryny biliň. — Haý, diýseňem-ä, lukman jan, inimiziň bir şarigi-hä ýetenok — diýip, Oraz iki penje puly goltugyna gysdyrdy. — Men bilýän-ä, munuň akyly ýerinde däl. Munuň edýän zatlary akyly ýerindäki adamyň etjek işleri däl. — Näme etmiş etdi bi görgüli? — Özüni Hatam Taý däldirin öýdenok-how bu. Adamlara pul paýlaýar bu. Munuň Hatam Taýdan hem geçiresi gelýär. Hatam Taý bolan adam däl-how. Il: «Wah, şeýle bir kişi döresedi!» diýip, arzuw edipdir. Hatam Taý halkyň döreden idealy. Bu samsyk bolsa, eline bir zat düşse, çem gelene paýlap ýör. Bu sözi eşiden baş lukmanyň gahary geldi: — Beýdýän bolsa, muny myžžygyny çykaryp, uruň! Heý, jübiňdäki pulam ile beräýmek bolarmy! Halys beresiň gelýän bolsa, bermeseň, oňup bilmeýän bolsaň, doganlaryňa paýla. — Wah, dogan jan, ýürejigim bolduň. Menem şony aýdýan-da! — Hudaý jan muňa tapaganlyk ukyp beripdir. Bu her gün dünýäň zadyny tapyp, köçede «Kim pul ýitirdi, kim pul ýitirdi, kim pul ýitirdi?!» diýip zowladyp dur. (Ine, doganlaryň «Inimiziň kellesine zeper ýetipdir» diýmekleriniň üçünji sebäbem şu! Hany, aýdyň, kim bir zat tapsa, eýesi niredekä diýip, uzynly gün köçede kaňkar?! Kim tapan zadynyň eýesini bir aýlap agtarar?! Kim?! Ýok, ýok, aýdyň, kim Atageldi ýaly tapan zadynyň eýesini tapjak bolup jöwlan urar?! Akyly ýerindäki adamyň etjek işimi onsoň şu?! Ýok, ýok, çekinmän aýdyň?! Siz näderdiňiz?!) — Men-ä tölpüsini çykaryp urardym. Heý, akyly ýerindäki adam hem jübüsindäki zady kesekä berermi? Jübiňdäki zady berse bolar, ýöne onuň üçin düýpli esas bolmaly. Aý, ýigitler, siz iniden-ä oňmansyňyz. Beýle ini boldy-bolmady. — Wah, bizem şony aýdýas-da! — Iniňiz fiziki tarapdan sag, ýöne adamkärçilik tarapdan näsag. Iniňizi lukmanlar bejerip bilmez. — Bize näme maslahat berýäň? — Tarhandökerlik, gylyk-häsiýet tarapdan döreýän zat däl. Bu ýigidiň tarhandökerligini siz Owganystandan görmäň. Munuň günäkäri siziň özüňizde. — Bizde näme günä bar? — Siziň tohumyňyzda ata-baba gelýän bir tarhandöker bardyr. Bu tarhandökerlik gan üsti bilen gelen tarhandökerlik bolmaly. Kakaňyz nähili? — Kakamyzmy? Kakamyz, Hudaýa şükür, gowy. — Kakaňyz hem tarhandökermi diýip soraýan. — Hä, olmy? Aý, onuň pulunyň sanyny bilýän adam ýok. — O nähili bilýän adam ýok? — Ol bütin ömrüni kolhozyň baş buhgalteri bolup oturan adam. Adamlar-a: «Kakaňyz milliarder siziň» diýýärler. Biz-ä öýde üýtgeşik baýlyk göremzok. Belki, ol milliardyny gyzyla öwrüp, gizläp goýandyr. Adamlar-a oňa «jalaý» diýibem lakam goýupdyrlar. — Hä, onda bary düşnükli. Kakamyzda gizlengi baýlyk bardyr diýip pikir etmäň. Elekde suw, jalaýda pul durýan däldir. Iki dogan — Mämmet bilen Oraz inileriniň tarhandökerligine hiç kaýyl bolup bilenoklar. Gelip inilerine takal okap görýärler. Ony birki gezek güýçli diýilýän tebibe äkitdiler. Inilerini düzetjek bolup pul baryny çykardylar. Çykarylan puluň öwezini kim dolmaly? Atda bolsa, etjegini edip ýor. Ol doganlarynyň islegi boýunça ýaşanok. Ýoldan geçip barýarka, ýaşulurak bir obadaşynyň ýer depip duranyny görse, oňa nebsi agyryp, onuň elinden pilini alar-da işläberer. Ýa biriniň işläp duranyny görse, olam baryp kömekleşiberer. Oňa möhüm ýumuş buýrup goýber. Öňünden biri çykyp, «Maňa kömekleşsene» diýse, şol möhümden möhüm ýumşuňy unudyp, gidiberer. Öýüň işem edilmän galar. Garaz, il üçin dörän ýigit-dä! Kertik aga körpe ogluny eý görýär. Aýjan eje körpe ogluna iýmedigini iýdirjek, geýmedigini geýdirjek. Atageldi hem kakasynam, ejesinem, doganlarynam janyndan eý görýär. Ýöne doganlary welin, Atageldiniň tarhandökerligini goýdurmak üçin gaty köp yhlas etdiler. Olaryň ýüz tutmadyk lukmany, ýüz tutmadyk tebibi galmady. Aşgabatly lukmanyň öwredişi ýaly, doganlar inilerini aldap-ogşap obadan uzaga çykaryp, suwasalma ýenjibem gördüler. Ýöne Atda üýtgemedi. Gaýtam, «Birden üşäýmäň» diýip, egnindäki penjegini çykaryp, agalaryna geýdirjek bolup gara günde. Doganlar Atageldä käte öýden çykmagy gadagan edip gidýärler. Atda olara ýok diýenok. Öýden çykma diýseler, öýden çykanok. Asyl Atageldi ömründe ýok sözüni aýdyp gören adam däl. Ýok diýse, ähli kişi näletläýjek ýaly duýýar ol özüni. Atda obadaşlaryny biçak söýýär. Atda adamlary biçak söýýär. Söýýän, ezizleýän adamlaryňa-da ýok diýip bolarmy? Bolmaz! Ol öz-özi bilen gürleşmegi, içini hümledip, arzuwa, hyýala çümmegi gowy görýär. Atda geçen günlerini ýatlamagy gowy görýär. Atda Owganystanda dogan okaşan dosty Kakowy ýatlamagy, onuň bilen hyýalynda gürleşmegi gowy görýär. Islän çagy Kakow onuň gaşynda häzir bolýar. Ol, köplenç, sapýorçylyk hakda ýatlaýar. Sapýorçylyk gullukda onuň esasy ugry bolupdy ahyryn. Atda tapagan — bu Atageldi Kertik oglunyň üç-dört aý mundan öň alan oba arasyndaky ýörgünli lakamy. Öň ýöne Atda diýýärdiler, Ata diýýärdiler. Ataşka diýýärdiler, Atageldi diýýärdiler. Atda ýene iki aýdan dünýä inmeli wagty kakasy Moskwa on günlük gezelenje gidýär. On gün däl, ýigrimi gündenem Atdanyň kakasy gelmeýär. Oba şum habar ýaýraýar. Kertik Moskwada tramwaýyň aşagynda galyp ölenmiş. Onuň jesedini demir sandyga salyp getirjekmişler diýip. Demir sandygy açmak gadaganmyş. Sebäbi Kertik görgülini tanar ýaly dälmiş. Aýjan gelni çaga dogrulýan öýe şähere äkidipdirler. Irden Atageldi jägildäp dünýä inipdir. Aýjan gelin şonda: «Kakaň seni görüp bilmedi» diýip aglapdyr. Bir owadan şepagat uýasy: «Kakasy entek ogluny kän görer, uraram» diýipdir. Owadan şepagat uýasynyň aýdyşy ýaly bolupdyr. Şol gün begenjine gözýaşyny saklap bilmeýän Kertik: «Hany, maňa oguljygymy görkeziň» diýip, palatanyň penjiresinden boýnuny uzadyp özelenip durmuş. Aýjan gelin hoş habar aýdan owadan şepagat uýasyna ýüzlenip: «Sen meni begendirdiň. Oglumyza-da ady özüň dakaý. Kakasam razy» diýipdir. Şepagat uýasy hem: «Ogluňyzyň ady Atageldi bolsun» diýipdir. Şol şepagat uýasynyň saýlan adynam dakypdyrlar. Atageldi Kertik ogly 1961-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda doglan. Sentýabrda doglanlar aýratyn zehinli bolýarmyş. Tolstoý, Nýuton, Ýesenin, Napolýon, Magtymguly, Atageldi Kertikow we ş.m.-ler sentýabrda doglanmyş diýip ejesiniň ýanynda öwünýär. Ejesi görgüli onuň bu aýdanlaryny barlajak bolup duranok. Atda-da ýalňyşyny ejesiniň bilmejegini bilensoň öwünýär. Ejesi oňa sen daňdanlar dünýä inipdiň diýýär. Ol her gün 5,55-de turmasyny hem çagalyk instinkti hasaplaýar. Ir tursa-da, beýlekiler oýanýança arzuwdan başga edýän işi ýok. Orta mekdebi sap bäşlik bahalara tamamlady. Mydama klasdaşlarynyň barlag işlerini işläp, olara kömek berdi. Şol barlag işleri işlenýänleriň içinde bir gyza — Bahargüle sylagy hasam aýratyndy. Ähli kişiden öň, ilki bilen, Bahargülüň barlag işini işlemeli, soň başgalaryň, iň soňunda özüniň. Başgalara kömek etmek bilen ber-başagaý bolup, özüne wagty bolmadyk gezekleri kän bolupdy onuň. Meniň barlag işimi wagtynda edip gutarmadyň diýip ondan mydama närazy bolardylar. Atda hem olary razy etjek bolup gara gündedir. Mekdepde ony klaslara aýlap, ine, şu ýigit ýaly okamaly diýip öwerdiler. Bu öwgi oňa, köplenç, gaty gymmat düşerdi. Ýokary klasyň okuwçylary: «Näme üçin gowy okaýaň, sen sebäpli biz mugallymlarymyzdan käýinç eşidýäs» diýip, onuň aňkasy aşýança urardylar. Ol urulmajak bolup, käte bilýän zatlaryna-da bilemok diýmeli bolýardy. Klasyň gapysynyň aňyrsynda birki sany okuwçynyň içerde näme gürrüň bolýandygyny diňläp durandygyny bilipjik dur ol. Taýak iýeninden gowşajyk jogap berip, üçlük bilen sypanyň müň paýdanam has köp esse gowy. Ýöne bar zat mekdep bilen gutaraýanok. Taýagyň ulusy öýde garaşýar. Agalary Mämmet han bilen Oraz han onuň üstüne tüýs han. Olaryň özlerine-hä Mämmet han, Oraz han diýip bilenok. Ýöne içinden-ä diýme kemini sähelçe-de goýanok. Öýe gelip ol kakasynyň buýran işini etmeli, ejesiniň buýran işini etmeli. Sapakda öýe berlen işlerem etmeli. Özem bir adamlyk däl, dört adamlyk etmeli. Ilki bilen, Bahargülüň öý işini etmeli. Ol öýkelese, gepleşmez. Atda üçinem şundan uly jeza ýok. Bahargülem Atdany nädip jezalandyrmalydygyny bilipjik oturandyr. Ondan soň agalarynyň depderlerdäki öý işlerini görüp, gowuja edip işlemeli. Matematikadan barlag işi ýazylan günleri-hä ol agalarynyň okaýan klaslarynyň penjiresiniň ýanynda durup, klas tagtasyna ýazylan ýumuşlary derrew agajanlary üçin işlemeli, nähilidir bahanajyk tapyp, mugallymyň gözüne güýdüşdirip, çözen meselelerini hökmürowanlara ýetirmeli. Bu hyzmaty üçin sagbolsun ýok. Ol sagbolsuna garaşybam duranok. Urulmasa, sögülmese onuň depesi gök direýär. Agalary ondan mydama närazy. Meseleleriň çözgütlerini wagtynda ýetişdirmediň diýip iňirdemek iňirdeýärler. Öýde Mämmet han bilen Oraz han elini sowuk suwa urmazlar. Olara öýde näme iş buýrulsa, ony ýerine ýetirmeli Atdadyr. Käteler Mämmet han bilen Oraz han ejesine, kakasyna gowy görünmek üçin: «Pylan iş edilse-hä gowy bolardy, kaka. Rugsat berseň, men-ä şony edäýjek» diýer. Kakasynyň depesi gök dirär. «Ine, ogul diýeniň şeýleräk bolar» diýip, ogluny öwer. Ýöne ol işi etmeli Atdadyr. Sagbolsuny bolsa agalarynyňky. Mydama iş bilen başagaý bolup ýören, bolar-bolgusyz ýerde görünmeýän Atdany kakasy-da, ejesi-de, mugallymlary-da, goňşy-golamlar-da gowy görýärler. Onuň berekellasyny ýetirýärler. Ana, şol berekellalar üçinem han agalaryndan almytjagazyny almaly bolýar. Köp işlän, köp ejir çeken girdenek bolýar diýýärler. Ýok, Atda dag ýaly ýigit bolup ýetişdi. Her han agasyny bir goltugyna alyp gidip biljek ol. Han agalar şeýle Pilmahmyt inilerinden birjigem eýmenenoklar. Olarda Atda güýjümiz ýetmez diýen pikir ýok asyl. Mekdebi tamamlandan soň käbir okuwçylar deýin tanyşlyk, pul bilen okuwa girjek bolup ýörmeli däldigini subut etmek üçin Aşgabat şäherindäki politehniki institutyň awtomobil ýol-gurluşyk fakultetine okuwa giren Atageldi gelip okuwa girdim diýse, oňa ynanmadylar, para berensiňiz diýdiler. Soňky kursda okap ýörkä obadan aýylganç bir habar barypdy: Bahargül durmuşa çykýar. Beýle agyr urgyny çekip-çydap bilmerin öýtdi. Umumyýaşaýyş jaýyndaky otagynyň içinden gulplap iki günläp daşary çykman aglapdy. Otagdaşlary gapyny kakyp-kakyp ýadapdylar. Olar Atdany köşeşdirjek boldular. Olaryň köşeşdirjek bolup aýdan sözleri onuň agysyny tutdurypdy: «Wah, Bahargülüm, Bahargülüm» diýip, aglapdy. Gapy üçünji günem açylmansoň, Atda içinde ölüp galandyr öýdüp gapyny döwüp içeri girdiler. Görseler, öňki äpet Atda bir gysym bolup krowatynda ýatyr. Gürlejegem bolanok. Aglap-aglap gözleri köz deýin bolup gidipdir. Onuň ýatan düşegi bolsa, gözýaşdan ýaňa öl-myžžyk. Ýarym ýyllap Atdany gepledip bolmady. Içini hümletdi ýördi. Ony tas okuwdan çykarypdylar. Talyplaryň biri Atdanyň ýagdaýyny mugallymlara düşündirendir-dä, ondan sapak sorajagam bolup durmadylar. Şonda Atda gaýdyp oba barmaly däl diýen pikire gelipdi. Oba barmazlyk üçin hem Goturdepä işe gitdi. Eziz obasyny, ejesini, kakasyny göresi geldi. Ol Goturdepede işlemeli iki ýylyny işläp obasyna gaýtdy. Oba gelip raýonyň ýol-gurluşyk edarasynda brigadir bolup işe başlady. Işläp başlan ikinji hepdesinde naçalnigi Alty Öräýewiç bilen mäşi bişişmändir. Hiç mahal ýekeje towugyna tok diýilmedik, raýonda özüni han hasaplap ýören Alty Öräýewiç ýaş hünärmeniň işe ökdeligini görüp, gonjuna gor guýlupdyr. Sebäp oblastdan gelen başlygam Atdanyň eden işini öwüpdir. Ana, şolam Alty Öräýewiçiň Atdany halamazlygyna sebäp bolupdyr, öz ýerini Atdanyň almagyndan gorkupdyr. Şonuň üçin, nädibem bolsa, Atdadan dynmagyň ýoluny gözläp ugrapdyr. Onuň gözlän ýolunam Atdanyň özi salgy beripdir. Owganystana internasionalistik borjuny berjaý etmäge gitmek isleýändigini aýdypdyr. Owganystana SSSR-iň dürli künjeklerinden internasional kömek bermäge meýletinler ýygnalyp ugraldy. A.Kertikow agalaryna, ata-enesine sala salman, harby komissariata arza beripdir. Şol arzanyň kanagatlandyrylmagy üçin raýonyň ýol-gurluşyk edarasynyň naçalnigi haş-haşyň samany ýaly pul tölemekdenem gaýtmandyr: «Atda jan üçin puluň gürrüňi ýok. Onuň möhüminiň bitmegi üçin pul gaýgyrsam, mendenem bir naçalnik bolarmy» diýipdir. Bir maýyny tapyp, A.Kertikowyň işden çykýandygy baradaky arzasynam ätiýaç üçin alyp goýupdyr. Atda meýletinlik bilen goşun gullugyna gitdi. Daşary ýurtda — Owganystanda meýletin gulluk etdi. Onuň arza berip Owganystanda gulluk etmäge gidenine obanyň bir gyzam ynananok. Diýmek, obanyň başga adamlaram ynanmaýar. A.Kertikow Owganystanda söweşjeň medallaryň ikisi bilen sylaglandy. Ýöne onuň medallaryny şäherde ýaşaýan agasy Oraz çildi. Binobat täzeje «Žiguli» aldy. Ol şol medallary dakynyp, dört otagly öýi hem nobatsyzja aldy. «Žiguli» almazdan öň awtobusa-da kör köpük tölemeýän eken. Näme üçin tölesin, döşündäki medallary gören haýsy kontrolýor oňa bilediňi görkez diýsin. Atdanyň Owganystanda gulluk edendigi baradaky kinişgesini agalary Oraz bilen Mämmet gezekleşip peýdalanýarlar. Olaryň ylalaşygy şeýle: kinişgäni hersi bir aý götermeli. Kinişgedäki surata seredip meňzeş däl diýip ekspertizlerem aýdyp bilmez. Kertik aga üç sany ogul döredipdir welin, inkubatordan çykarylanda-da, ussat hudožnige suratlary çekdirilende-de şeýle meňzeş edip bolmaz. Ýüzüne seredip, haýsynyň Atda, haýsynyň Oraz, haýsynyň Mämmetdigini şu üç ýigidi döreden Kertik aganyň hakyt özem parhlandyryp bilenok, ýaşynyň könelişip, gözleriniň çöňňelişendigini tutaryk edinen bolýar görgüli. Atageldi Kertikow Owganystanda gulluk edende diňe bir medally gelmedi. Üýtgeşik başarnyk hem edinip geldi. Ýüz-keşmerinde üýtgän zat ýok. Ýöne onda tapaganlyk ukyby ýüze çykdy. Atageldi Kertikowiç özüniň bu üýtgeşik ukybyny raýonyň içeri işler bölümine gapdalynda granat ýarylyp, söwer dosty Kakowyň wepat bolandan soň dörändigi barada dürli sebäplere görä, ýedi gezek düşündiriş ýazyp bermeli bolupdy. Atdanyň kakasy Kertik aga tapaganlyk nesil yzarlaýar diýýär. Ýaşuly özüniň ýedinji arkasyna Adylla tapagy ýatlaýar. Adylla hem juda tapagan eken. Ol hem edil Atda ýaly tapaganlygyndan ezýet görüpdir. Ol içi altyn-kümüş puldan doly ullakan bir haltajyk tapypdyr. Bazardan eýesini tapmandyr. O görgüli tapygyny eýesine gowşurjak bolup, tas bir ýyl bazara gatnapdyr. Her bazarda haltajygyny tapan ýerinde goýup eýesine garaşypdyr. Obadaşlary, ýaşulular indi şu tapygyň saňa halal, özüň alaý, öýlen diýselerem Adylla alman eýesine garaşanmyş diýip Saganaly obasynda ýaşulular häzirem ýatlaýarlar. Atageldi şol Adyllanyň neberesi. Atageldi Kertikowiç ýigrimi alty ýaşandygyna seretmezden öýlenmedik, öýlenjek bolup juda bir urunmadyk ýigit. Söýüşmek babatdaky iki gezekki synanyşygy birazajyk masgaraçylykly, şowsuz gutardy. Oňa tapaganlyk ukyby sebäp boldy. Öýdäkiler ony öýermek isleýärler. Ýöne oňa durmuşa çykjak bolup duran gelinlik öň bolan bolsa, belki bolandyr, indi ýok. Onuň birnäçe sebäbi bar... Atda tapagyň bir häsiýeti bar: ol häsiýetini oba adamlar-a gowy görýär, ýöne onuň doganlary, uýasy, kakasy, ejesi hiç halanok. Ol halanmaýan häsiýetiň adyna elaçyklyk diýilýär. Doganlary-ha oňa elaçyk diýenoklar, «Atda syrtaçyk» diýýärler. Doganlarynyň gaharyny getirýän syrtaçyklygy nämeden ybarat? Atda mydama adamlara ýagşylyk edesi gelýär. Egni ýukarak geýnen kişini görse, şu kişi birden üşäýmesin diýip egnindäkini çykaryp berýär. Soňam özi eşiksiz kösenip ýörendir. Biriniň melleginde ekinler suwsapdyr diýip suw tutandygynam, bir goňşusynyň guýusyna gapak ýasaýşynam, «unum gutardy» diýen bir kişä öýlerindäki ýarty halta uny eltip berşinäm oba adamlary geň galyp, bir niçeler bolsa ýaňsy bilen ýatlaýarlar. Öýdäki delräk zatlaryny kakasam, ejesem Atdadan daşrakda saklanyny kem görenoklar. Ýogsam: «Şu zat pylany agada ýokdy» diýip, öýden äkidiberýär. Kakasy görgüli onuň öýden pylana gerekdi diýip äkiden, gör, näçe zadyny yzyna alyp geldi. Gullukdan gelensoň, öňki işlän ýeri ony boş ýeriň ýoklugy sebäpli işe almady, boş ýer bolsa heziller edip aljakdygyny Alty Öräýewiç örän bir ynançly habar hökmünde aýtdy. Boş ýer boldugy, özüniň Atdany hökman tapjakdygyny öwran-öwran nygtady. Soň Atda başga birki sany gurluşyk edarasyna işe baryp gördi. Ol ýerde-de ony gara işe-de, boş ýeriň asla ýokdugy üçin, almadylar. Şonuň üçin ol indi üç-dört aý bäri işsiz. Öýde ejesiniň ol-bu işine kömekleşäýmese, oňly edýän işi ýok. Ýöne onuň aladasy ýetik. Onuň tapaganlygyny eşidip Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan adamlar gelýärler. Olar ýitiglerini tapyp bermegini Atdadan haýyş edýärler. Penje-penje puly gerek däl diýse-de, Atdanyň jübüsine salyp gidýärler. Onuň ýanynyň adamsyz güni ýok soňky döwürde. Obanyň bir topar adam-a Atdalaryň öýünden uzaga gidenoklar. Olardan nirede işleýändikleri soralanda örän sada jogap berýärler: «Atda tapagyň ýanynda». Atda tapagan ýola çykdygy, köplenç, bir zatlar tapýar. Şonuň üçin Mihail Sergeýewiçden baýamaga rugsat alan kolhozda maňlaýyny derledip işläsleri gelmeýän birnäçe salpaýaklar onuň ýörejek ýolundan öň geçip zat tapjak bolýarlar. Tapýarlaram asyl.
(dowamy bar)