Söýgi näme diýip soradym taldan
ol diýdi söýgümi gidirip goldan,
örtenip miwesiz galdym men guzym,
indi miwäm ýok-da
boýum bar uzyn...

söýgi näme diýip soradym Hozdan
hoz diýdi ýenilip bir ajap gyzdan
gabygym gatady çüruşdi maňzym
ondan beýlesinem
özüň bil oglum...!


söýgi näme diýip soradym bir gara garga
ol diýdi: Sataşyp yşk diýen urga,
garalyp galdym men bişirdi hazan
edil pamyk ýali
ak guşdum ozal....


söýgi näme diyip ýüzlendim serçä
ol diýdi: Entedip gijeden gijä
agrammy myşgala getirdi yşgym
men ozal dunýäde
in uly guşdum....


Söýgi näme diýdim zynjyrly Dalä
pikiriň bilmek aýip zat däl-ä !
Dali jogap berdi elhenç ses bilen
men men men !!!
ynha söýgi men....


söýgi näme diýdim bir ajap GYZA
ol iki elini uzadyp yza,
diýdi: soygi meniň edebim haýam
ýogsa şol ýigidi
Gysardym eýýäm...

söýgi näme diýdim şahyra garap
şahyr bir ýilgyrdy kellesin yrap
diýdi: sorag bar-da jogap ýok yşka,
jogap bir basgadyr
söýgi bir başgaa..

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir