Biri ýalňyşlyk bilen başga telefon belgisine 300 manat geçirýär. Şol geçiren belgisine SMS ýazýar:
- Bagyşlaň, ýalňyşlyk bilen size geçipdir, gaýtarmagyňyzy haýyş edýärin.
1 sagat geçýär - habar ýok, 5 sagat geçýär - habar ýok.
Ikinji SMS-i ýazýar:
- Gutlaýaryn! Biziň ilkinji pul sowgadymyzy kabul edeniňiz üçin Size örän minnetdar. Siz IGIL-iň hataryna kabul edildiňiz. Ertirden başlap siziň söweşjeň taýýarlygyňyz başlaýar, irden sagat 6.00-da gapyňyzyň öňünde HILUX durar...
30 sekunt geçmäkä 300 manat yzyna geçýär we SMS gelýär:
- bagyşlaň, meň telefonym beýleki otagda zarýatda durdy, sesi hem ýapykdy, özümem maýyp bolamsoň wagtynda görmändirin .....

--------------------------

aýaly:
- ezizim, ynha bu ýerde eşiklerimizi asarys, bärde nahar edineris, a bärde bolsa ýatýan ýerimiz bolar..
adamsy gaharlanyp:
- bize 25 ýyl bermediler, bary-ýogy 15 sutka berdiler...

-----------------------------

sülçi güman edilýänden soraýar:
- şu pyçagy tanaýaňyzmy?
- hawa tanaýan...
- anaaa... boýun alýaňyzmy onda eden jenaýatyňyza?
- ýok.
- näme üçin, pyçagy tanaýan diýidiňizä...
- 3 hepde bäri günde görkezseňiz nirden tanamaýyn men bu pyçagy...

-----------------------------

jebir-jepa berilip öldürilen adamlaryň 45%-ti öz ganhorlary bilen öň tanyş eken...
NETIJE: näçe az adam seni tanadygyça, şonça-da seni öldürmek isleýänler azdyr...

---------------------------------------

- Wasýa salam
- bar gitsenaý kozýol...
- özüň kozýol, ýadyňdan çykardyňmy 3 ýyl öň men seni polisiýadan çykaranym?!
- ýadymda... seň şol arzaň bolmadyk bolsa men bu wagt maýor bolmalydym...

------------------------------

- günä bildirilýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- oň özi ilki başlady....

-------------------------------
Gadym zamanda howany pal atyp bilýän palçylary peýdasyzdyklary üçin kellelerini kesjek bolýarlar. Halkyň arasyndan biri gygyrýar:
- duruň entek, olaryň kellesini kesmäliň, olary asalyň, goý bolmanda howanyň ugryny bir görkezsinler..

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir