- Siz tussag edildiňiz. Siziň dymmaga hukugyňyz bar. Siz näme gürleseňiz ol siziň garşyňyza ulanylyp bilner.
- owadan zenan
- näme owadan zenan???
- meň garşyma owadan zenan ulanyňda boluň...
------------------------------------
Teatryň garderobyndaky bildiriş:
" Jübiňizde gymmat bahaly zatlary goýmaň. Garderobçy daýza 200 manat aýlygy bilen özüne jogap bermeýär"
--------------------------
Sygany at ogurlandygy üçin sud edýärler. Sudýa:
- sud edilýän, size ýöňkelýän günäni nähili aklap biljek?!
- köçeden barýarkam köçäň ortarasynda at ýatyr, çepinden geçjek boldum ýer ýok, sagyndan geçjek boldum ýer ýok, üstünden ätläp geçeýin diýip ýaňy bir aýagymy ätledim weli at tutup ylgap başlady, entegem ýoldaş uçastkowoý saklaýdy...
-----------------------
Palçyda:
- maňa ýamanlyk edýän adama näme etsem bolar.
- oňa öz närazylygyňyzy bildirip hat ýazyň we otlaň...
- düşnükli... a haty näme etmeli soň?
-------------------------
- bagyşlaň men sizi galstuksyz kazino goýberip bilemok.
- a bu barýana asla ýalaňaç...
- hawa, ýöne ol çykyp barýar...
ýene täze
-
Gürgençli
5 years ago
- 😂😂👍
Gürgençli 5 years ago- 😂😂👍