Ýazylan wagty: 14 декабря 2019 Ýazan Orazguly
Türmeden gaçany tutup yzyna getirýärler, türmäň başlygy ondan:
- näme üçin gaçdyň?
- öýlenesim geldi...
- bäh... seň azatlyk barada geň düşünjäň baraýt...

------------------------------------

Sorag wagty:
- siz bu ýokary hilli ýasalan, ýokary bilim baradaky diplomy nirden satyn aldyňyz?
- ýoldan tapdym.
- siz öz adyňyz familiýaňyz ýazylgy diplomy ýoldan tapdyňyzmy?
- hawa...
- siz bu gabat gelmekligi nähili düşündirip bilersiňiz?
- gabat gelmek däl... men bu at we familiýa pasporty soň satyn aldym.

---------------------------------
Ýol ugrundaky kafe dalnoboýşik baryp gowurylan et zakaz edýär. Bir salymdan 3 sany baýker gelip onuň zakaz eden etini alyp iýmäge oturýarlar. Dalnoboýşik sesini çykarman etiň bahasyny töläp çykyp gidýär. 3 baýker ofisianty çagyryp: - ýaňky etiň bahasyny töledimi?
- hawa...
- nähili gorkak ekeni, öz-özünem oňaranok...
ofisiant:
- hawalaý, o diýen maşyn hem sürüp bilmeýän eken, ýaňy ugranda 3 sany motosikleti hem mynjyradyp gitdi...

---------------------------

"Hormatly Aýaz baba men dünýä belli bolasym gelýär diýip ýazanymda "halkara gözlegde" bolmak barada asla pikir etmändim"

----------------------------------

telefonda:
- alo, salam, ejeňiz ýa kakaňyz öýdemi?
- salam, ýok, ejem morgda, kakam hem türmede...
- bagyşlaň
- zyýany ýok, kakam adwokat, ejemem patologoanotom...

----------------------------
Gowy buhgalteriý tapmak kyn... şonuň üçin öňki baş buhgalterimizi polisiýa eýýäm 5 ýyl bäri gözläp ýör....

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir