Sanly marketingiň esasy elementleri

Sanly marketing degişli köp düşündirişler bar, olaryň ilkinjisi: interaktiw marketing, onlaýn marketing, internet marketing ýa-da e-marketing. Sanly marketingiň esasy dört ädimden ybarat. Olar: almak, gazanmak, ölçemek we optimizirlemek, eýeçilik etmek we ösdürmek. Şu dört usul bir-biriniň dowamy bolup, sanly marketing arkaly müşderisine eltilmäge çalyşan amallar üçin strategiki ähmiýetine eýedir.
Almak usuly: müşderini satuw edýän saýta ýa-da sahypa çekmek üçin ulanylýan hereketler. Gazanmagyň esasy usullary – gözleg taýdan optimizirlemek (SEO), sosial ulgamlarynda marketing, e-poçta marketingi, girdejiler boýunça hyzmatdaşlyk, wirusly marketing we mobil marketingi (Chaffey et al., 2013:379). Gözleg taýdan optimizirlmek (SEO: gözleg taýdan optimizirlemek) gözleg ulgamynyň netijeleriniň sahypasy web sahypasynyň ýokarky setirlerinde bolmagy üçin amala aşyrylýan işleriň toplumydyr. Gözleg ulgamyna bir söz ýazylanda, göwrümli algoritm hereket edip başlaýar we bagli ähli web sahypalary bilen işläp başlaýar. Şu algoritm netijesinde ýazylan söz topary bilen iň köp baglanyşygy bolan web sahypalary birinji sahypanyň iň ýokarky setirinde bolýar. Gözleg ulgamynyň gözleginde haýsy sahypalary ýokarky setire goýmak kararyny kabul etmegi üçin köp sanly görkezijileri bardyr. Web sahypasynda bolan mazmun we beýleki web sahypalaryndan alnan mazmun şu görkezijilerden käbiridir. Gözleg ulgamyny optimizirlemek şu görkezijileri optimizirläp, ady belli gözleg ulgamlarynda öňdäki setirlerde bolmagyny üpjün edýär(Giomelakis and Veglis, 2016:380). Sosial ulgamlaryndaky marketing – sosial ulgamlaryny, ýagny ol ýa-da beýleki önümi ýa-da hyzmaty ilerledilmegine, marka hakynda habarly bolmagyny ýokarlandyrmagyna we tanadylmagyna mümkinçilik berýärn sosial ulgamlaryny, bloglaryny, sosial çyrag;aryny we kontenti alyş-çalyş etmek ýaly gurallary ulanmak arkaly gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn marketing işi (Gunelius 2011:22). E-poçta marketingi: firmalaryň sanly gurşawdan ulanyp, önümi tanatmak, aragatnaşykda bolmak, satuw we marketing işinde e-poçta usullaryny ulanmakdan ybaratdyr. Marketing işleriniň iň çalt, öndürijilikli, göwrümli we işjeň görnüşde ulanylmagyna ýardam edýär. E-poçta marketingi täjirçilik tarapyndan önümi ösdürmegiň dowamynda sarp edijileriň pikirlerini we isleglerini ýygnamakda, müşderi aragatnaşyklarynda, marka imijini üpjün etmegine çenli marketing prosesiniň her tapgyrynda göwrümli görnüşde ulanylýar (Deniz 2002). Girdeji boýunça hyzmatdaşlyk: firmanyň önümlerini we hyzmatlaryny ylalaşygyň kömegi bilen berilýän elektron söwdasy saýtyna gelýän adamlara satmak arkaly ýüz çykýan komission pul serişdeleri esasynda satuwyň marketing usuly. Agzalyk üçin töleg (Cpl: Cost-Per-Lead), satmak üçin töleg (Cps: Post-Per-Sale) we basmak üçin töleg (Cpc: Post-Per-Click) (Broussard, 495495 2000:440) görnüşinde bolýar. Beýleki sözler bilen aýdylanda, wirusly marketing – ösüp barýan tehnologiýalar bilen “birinden eşitmek” marketinginiň sanly görnüşi. Wirusly marketing – harytlary we hyzmatlary ilerletmek üçin, markanyň imijini berkitmek we satuwlary köpeltmek üçin sarp ediş kommunikasiýalaryň ulgamyny ulanmak. Kompaniýa hakynda Internet ulgamynda haryt ýa-da hyzmat barada maglumatlar ýaýradylmagy sebäpli, ýüze çykdy (Argan, 2006:235). Mobil marketing – täjirçiligiň önümlerini we hyzmatlaryny mobil aragatnaşygy kanallary netijesinde bolup geçýän marketingdir. Maksady – ilata gönüden-göni, gytaklaýyn ýa-da öňünde goýlan ýol arkaly iberilýan wagt hem-de ýer sebäpli amala aşyrylýan işlerdir (Hofacker et al., 2016:27). Satyn al usuly bilen ulanylan işler netijesinde maksady – müşderini gazanmak we onuň islegini ýüze çykarmak.
Gazan usuly bilen satyn almak tehnikasyndan soň web-saýtyna çekilen müşderini gazanmak tapgyrynda ähmiýetli hasaplanýar. Munuň üçin başga işler hem zerur bolar. Gözleg ulgamyndan ýa-da dürli sanly kanallardan web saýtyna gelen alyjylar potensial müşderi bolup durýar we şu potensial müşderileri gazanmak bilen hakyky müşderä öwürmek gereklidir. Bu işlere ulanmak

Sanly marketingiň artykmaçlyklary

Sanly özgeriş sanly, sosial, mobil we täze tehnologiýalary ulanmak bilen müşderini gazanan, iş prosesiniň ösdürilmegini üpjün edýän we firmalaryň kämilliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik berýän täze iş döreýiş we düşüniş görnüşlerine geçmegiň prosesidir. Sanly marketing müşderileriň, kompaniýalaryň, pudaklaryň we beýleki zynjyrlaryň özgeriş tizligine görä has çalt we dürli üýtgetmä mahsus bolmakdyr. Şu özgeriş kompaniýalaryň iş modellerinde, strategiýalarynda, önümlerinde we hyzmatlarynda, karar almak wagtynda, müşderi tejribesinde, guramaçylyk gurluşlarynda we guran hyzmatdaşlygynda özüni görkezýär. Çalt ösýän tehnologiýa netijesinde şu günümizde sanly dünýä, maglumata, önümlere we hyzmatlara öňküsine görä has köp kanal netijesinde örän çalt derejede elýeterlilik üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Akylly telefonlar we tabletleriň adamlaryň durmuşynda ähmiýetli bir bölegini alan wagtynda, bu serişdeleriň sosial media, mobil goşundylar we ösen analitiki kämillikler ýaly maksatnamalar bilen birleşmegi sarp edijileriň satyn almak we buýurmak işlerini amala aşyrýan wagynda, ulanyp biljek çäksiz maglumaty gazanmagy mümkin edýär

Sanly marketing, adatça, internet marketinginde ähmiýetli bolmak bilen internet ulanmagynda gerek bolmadyk beýleki kanallary ulanmak bilen amala aşyrylýar. Öý telefony, öýjükli telefon, MMS we SMS, banner mahabatlar we sanly açyk bölüm ýaly tehnologiki serişdelerinden hem peýdalanýar we sarp edijileriň gönüden-göni önümlere we hyzmatlara elýeterliligini goldaýar
Firmalarda hemişeki marka bolmagyň daşyndan bolýan döwrümizde sanly marka imijini döretmek we markanyň nyrhyny artdyrmak işleri uly ähmiýete eýedir. Sanly gurşawyň üpjün edýän mümkinçiliklerinden ulanyýan kompaniýalar şu kanallar netijesinde uly toparlary gazanyp, önümleri we hyzmatlary tanatmakda, satuwlary we buýurmalary amala aşyrmakda, satuwdan soňky müşderi gatnaşyklaryny dolandyrmakda we müşderiniň pikirlerini arkaýyn iberip bilmeginde mümkinçilikleri öňe sürýär

Adaty marketing häzirki döwürde gün-günden öz täsirini ýitirip başlady. Ösýän tehnologiýalar adamlaryň durmuş standartlaryny üýgetdi, şonuň bilen birikde sarp ediş adatlaryny hem üýgetdi. Kärhanalar üçin üýtgedilmek we aýratynlandyrylmak has kynlaşyp başlady. Şu üýtgetmäni kabul eden kompaniýalar sanly kanallar arkaly maksat goýlan toparlaryny has çalt gazanyp we mahabat harçlamalarynyň uly bölegini şol ugra ugrukdyryp başlady. Käbir ýagdaýlarda giň toparlara seslenmek ýerine dogry maksatly topary belläp, aragatnaşyga geçmek has öndürijilikli bolup biler. Sanly marketingiň ölçenmek ýaly häsiýeti hem adaty marketing gatnaşygyna görä has ýokary bolmagy sebäpli, kompaniýalar sanly marketing işlerine has köp ähmiýet berip başladylar. Sanly marketing firmalara iki wajyp artykmaçlygy üpjün edýär. Maksat goýlan topara amala aşyrmak we çärelere, maksatlara elýeterliligiň ölçenilýän bolmagydyr. Şu gazananlardan gelip çykýan sanly marketingiň manysy firmalar üçin her gün gün-günden artýar

Sanly marketingiň kemçilikleri

Köp sanly artykmaçlyklar bilen bilelikde sanly marketingiň hem täjirçilik, hem-de sarp edijiler üçin kemçilikleri bar. Olardan birinjisi we täjirçilik taýdan seljerilende, awtorlyk hukugy diýlip bellenilýär. Öz tebigatyna görä kärhanalar tarapyndan taýýarlanan sanly marketing kompaniýalary kynçylyksyz kopirlenip, imitirlenip bilner we hatda bäsdeş kompaniýalar marka atlaryny we logotiplerini kopirläp biler

Internet esasly bir marketing işi bolmagy sebäpli, internetde ýüze çykan bökdençlikler we kesilmeler käwagt müşderiniň köp wagty ýitirmegine sebäp bolup, sanly marketingiň gyzykly gurluşyny bozýar. (Tudor, 2016:51). Mundan başga-da, sanly marketingiň dolulygyna tehnologiýalara esaslanandygyny nazara alsak, käwagt tötänleýin bökdençlikleriň ýüze çykmak mümkinçilikleriň bolmagyny bellemelidir.
Sanly kanallar, gynansak-da, önümleri satyn almakdan öň ellemek, el bilen barlamak mümkinçiligiň bermeýändigi sebäpli, aýratyn hem, adaty kanallar arkaly satyn almagy söýýän uly ýaşly adamlar üçin özüne çekiji bolmaýar

Ýene bir kemçiligi – elektron gurşawynda edilen pul serişdelerini geçirmek amallarynyň howpsuzlyk we gizlinlik sebäpli (kart maglumatlarynyň kopirlenmegi, ogurlanmagy, satylmagy we ş.m.), ynanmak duýgusynyň dolulygyna döretmekde we ynanmagyň 100 % üpjün edilmegi sebäpli, aýratyn şahslaryň sanly pul serişdelerini geçirmek nokadynda howatyr etdirýär

Täzelikler, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir