Birnäçe wagt mundan öň, bir adam öz 3 ýaşly gyzyna dolagly duran gymmat baha kagyzlaryň daňysyny biderek ýere harçlany üçin temmi berýär. Olaryň pullary azdy we çagasynyň Krismas agajynyň aşagynda goýmak üçin guty bezejek bolşy onuň halys gaharyny getirýärdi. Muňa garamazdan, ertesi irden gyzjagaz kakasyna niýetläp sowgat getirýär we şeýle diýýär:,,Bu saňa, kaka!” Kakasy muny görüp, öz başdaky bolşundan utandy. Emma gutynyň içiniň boşdugyny görüp, ol ýene-de gaharlanyp başlady. Ol:,,Sen kimdir birine sowgat bereniňde onuň içinde hökman bir zadyň bolmalydygyny bileňokmy?” diýip, gyzjagazyň üstüne gygyrdy. Gyzjagaz gözüni ýaşdan dolduryp kakasyna bakdy we:,,Kakajan, bu düýbünden boş däl. Men gutyny öz posalarym bilen doldurdym. Olaryň bary seniň üçin, kakajan” diýip aglady. Kakasynyň muňa ýüregi gyýylyp, kiçijik gyzyny gujaklady we ondan öz günäsini geçmegini sorady.
Gysga wagtdan soň, ulag heläkçiliginde şol çagajyk ýogalýar. Soň-soňlar hem , gyzjagazyň kakasy köp ýyllar şol gymmatly gutyny krowadynyň ýanynda goýupdyr we gamgyn wagtynda hyýaly posany alyp, şol ýere salnan çaga söýgüsini ýatlaýar diýip aýdýardylar. Hakykatdan hem, biziň her birimiz adamzat hökmünde öz çagalarymyzyň, maşgala agzalarymyzyň, dostlarymyzyň we Hudaýuň söýgüsinden we posalaryndan doly altyndan guty bilen sylaglanandyrys. Şundan başga adamyň eýe bolup biljek gymmatly emlägi ýokdur.

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir