Dilewarlygyñ peýdalary hakynda (dowamy)

— Pespälligi özüne bezeg edinen adamdan ulumsylyk çykmaz.
— Iň akmak adam diýlip, öz dostlarynyň ondan gaçanyna begenýän we elinden gelýän ýagşylygy gysganýan adama diýerler. — Jomart adam at-abraý gözlär, emma bahyl adam elmydama baýlyk gözlär. — Her bir zady gowa ýormak jomart kişileriň adatydyr we her bir zadyň erbedini görmeklik bolsa pes adamkärçilikliligiň we erbetligiň alamatydyr. — Maňlaýyňa ýazylan takdyra närazy bolup, onuň tersine gitjek bolmaklyk duşmanyň tersine giden ýaly kyndyr, emma oňa razy bolmaklyk dostuň nesihatyny alan ýaly ýeňildir. — Mätäç wagtyň peýdasy degýän dost hakyky dostdur. — Dostlaryň iň erbedi seniň eden ýagşylyklaryňy unudyp, seniň köp gaharyňy getirýänidir we dostlaryň iň gowusy bolsa, seniň ýalňyşlyklaryňy bagyşlap, her bir işde tamaňy ödeýänidir. — Dostlaryň iň erbedi seniň mynasyp bolan at-abraýyňy senden gysganyp, mynasyp bolmadyk erbetlikleri saňa ýöňkejek bolýanydyr. Eli açyklyk we berimlilik adamlaryň arasynda söýgini we ynamy döreder, emma bahyllyk we gysgançlyk adamlaryň arasynda göripçiligi we duşmançylygy döreder. — Bir topar alymlar bardyr, olardan adamlar birnäçe sebäplere görä ýüz öwürýändirler. Şonuň ýaly hem adamlar bir topar jahyllaryň sözünden peýdalanýandyklary üçin oňa gulak salýandyrlar. — Bir topar akylly adamlar akyllaryny peýdaly ulanyp bilmeýändikleri üçin yza galýarlar we bir topar nadanlar bolsa nadanlyklary sebäbinden öňe düşýärler. Eger süýthorlar baştutan bolsa, jomartlar heläk bolarlar. — Seniň aýbyňy örtmeýän we ýok ýeriňde yzyňy goramaýan dostdan dost bolmaz, ondan hiç haçan peýda garaşma. — Adamynyň görki gowy işleri etmekligi bilendir, diňe owadan eşikleri geýmekligi bilen däldir. — Adamynyň mertebesi onuň boýy we syraty bilen däl-de, onuň dogruçyllygy we halallygy bilen ölçelýändir. — Adamynyň hormaty onuň aýypsyzlygy bilen däl-de, onuň edebi bilen ölçelýändir. — Adamynyň abraýy edýän işine we gowy ahlagyna görädir, onuň mal-mülküne we il ýüzüne edýän işine görä däldir. — Köp durmaklygyň ýadadyşy ýaly, köp gürlemeklik hem ýalňyşdyrýandyr. — Seniň özüňe degişli bolmadyk işlerden daş durmaklygyň salamatlylyga getirer we köp dawa etmekligiň bolsa ökünje getirer. — Bereket geçirimlilik bilen, üstünlik bolsa dogruçyllyk bilendir. — Daýanyşmaklyk bir haýyr işiň başydyr, agzalalyk bolsa şeriň başydyr. — Birnäçe sebäplere görä, hyýanatkär adamlar emin bolan dürs adamlaryň hataryna we dürs adamlar bolsa hyýanatkärleriň hataryna goşulýandyr. — Birnäçe sebäplere görä käbir adamlaryň edil seniňki ýaly işleri edip, seniňkiden has beýik şan-şöhrat gazanýanlygy seni gazaplandyrmasyn, çünki ol Taňrynyň ýazan takdyryndan daşgaryn däldir. — Käbir baý adamlar bardyr, oňa garyplar mätäç bolsalar hem ondan daş durýandyrlar. — Käbir adamlar iliň hakyna göz dikip öz hakyny hem elden giderýändirler. — Bir adamynyň edepsizligi we özüni gowy alyp barmazlygy ol adamynyň ata-babasyny akylsyz we geljek neslini bolsa biabraý görkezer. — Geçirimli, ýumşak ahlakly adam bilen dawalaşan ýa-da bolmasa akmak adam bilen oýun eden kişi elmydama utulýandyr. — Hakyky beýik we hümmetli adamlary il halkyň öwgüsi ýa-da bolmasa başyna düşen bir kynçylyk üýtgedip bilýän däldir, olary diňe ýazgyt we wagtyň geçmekligi üýtgedip biler. — Berilýän sowgadyň we peşgeşiň öňünde kiçelýän adam, başyna düşjek kynçylygyň we ryswalygyň öňünde-de kiçelmeli bolar. — Mal-mülk diýip nebsi artan adamynyň adamkärçiligi hem peselýändir. Esasy aladasy garny bolan adamynyň köp gazanjy haramdandyr. — Diýjek zadyny pikirlenip diýýän kişi hatadan aman bolar. — Köp lakgyldamak barypýatan akmaklykdyr we onuň emi bolsa az gürlemeklikdir. Eden işiňi göz üçin etmek utançdyr, emma gybat etmekligiň soňy otdur. — Iň ýiti ýarag dildir we iň pes duşman bolsa gorkaklykdyr. — Çyny bilen topulan tilki özünden güýçli bolan haýwany hem awlap biler. — Bir adam özüni gowulykda tanatsa, gowulyk we erbetlikde tanatsa bolsa erbetlik elmydam oňa ýöňkeler, çünki her bir adam endik eden zadyndan aňsat-aňsat aýrylyp bilýän däldir. — Garşydaşynyň delilini gowy öwrenen adam ýeňlişe sezewar bolýan däldir. — Ýüregi tämiz adamynyň dilinden dür döküler. — Dinini we adamkärçiligini bek tutan adam hormata we malyny bek tutup, ony gysganan adam bolsa biabraýlyga duçar bolar. — Adamyň gadyry başyňa bir iş düşende bilinýändir. — Adamlaryň arasynda gep gatnatmaklyk olaryň arasynda agzalalygy we duşmançylygy döreder. Çünki bu zady aňrybaş akmakdan ýa-da bolmasa dostsurap ýören duşmandan başga kişi ulanýan däldir. Elinden gelýän ýagşylygy we haýyr-yhsany ilki ata-ýenesine etmeýän kişä garyplyk we betbagtçylyk garaşýandyr. — Gaharyňy köşeşdirýän zatlaryň iň gowusy sabyrlylykdyr. — Nahary gijikdirip iýmeklik onuň tagamyny artdyrar we ukyny gijikdirmek bolsa onuň lezzetini artdyrar. — Iň süýji zat arzuwyňa ýetmeklikdir we iň ajy zat bolsa duşmandan ýeňilmeklikdir. — Haýsy bir adama nebsi galyp bolsa, ol kişiniň säwlikleri onuň başyna ýeter. — Köp gürlemäni söýýän adam elmydama özgeleriň käýinjine sezewardyr. — Sögüşmekligi söýýän adam uruşdan aman bolmaz. — Özüniň mynasyp bolmadyk ýerinde oturmaklyk öz-özüňi kemsitmekdir. — Akylly adam diýlip geçen günlerinden ybrat alyp, özüniň kemçiliklerini düzedip bilýän kişä diýerler. — Akylly adam diýlip pendi-nesihatyny hiç kimden gysganmaýan we hiç kime zyýanyny ýetirmeýän kişä diýilýändir. Ejizden ýardam islemeklik ejizligiňi we akmakdan ýardan islemeklik bolsa akmaklygyňy ýüze çykarmaklykdyr. — Durmuşda üstünlik isleýän adam ikiýüzlüligi terk etsin. — Iň gowy baýlyk özgäniň elindäki däl-de, öz eliňdäki baýlykdyr. — Iň gowy hünär şerigata dogry bolan hünärdir. — Iň hormatly ymmat diýlip hümmeti bilen abraý gazanan ymmata diýilýändir. — Özgeleriň hile etmeklerinden arkaýyn bolýan adam kynçylyklara sezewar bolar. — Kimde-kim özüne geljek şer gapylaryny ýapmasa, ol adama özgeleriň ýalan töhmeti deger welin, hökman olaryň zyýany ýeter. — Haýsy adam ýaşyryn bolan kiçi günälerdenem özüni saklamasa, ol adam halal zatlaryň lezzetindenem mahrum bolar. — Döwletli we hormatly bolup ölmeklik, ejiz we abraýsyz bolup ýaşamakdan gowudyr. — Dostunyň syryny açmak isleýän adam ilki bilen öz jahyllygynyň üstüni açýandyr we soltanynyň aýbyny açmak isleýän kişi bolsa öz ajalynyň üstüni açýandyr. — Patyşalar bilen dawalaşmak adamdan nygmaty giderip, ýerine her dürli bela-beteri getirýändir, akmaklar bilen dawalaşmak bolsa araňda duşmançylygy oýarýandyr, alymlar bilen dawalaşmagyň bolsa seniň akylyň üstüni örtüp, akmaklygyňy ýüze çykarýandyr. — Garyplygyň ajysyna kiçi ölüm diýilýändir we oňa sabyr edip bilmeklige bolsa aňrybaş asyllylyk diýilýändir. — Iň gowy dost diýip, seniň begenjiňe begenip, elinden geldigiçe-de saňa haýryny ýetirýän dosta diýerler. — Ýagşylygy hem ýagşylygy unutmaýan kişä etmeklik gowudyr. — Iň gowy amal parzlaryňy ýerine ýetirmekdir we iň gowy mal-mülk bolsa hajatyňy bitirýänidir. Eliňden gelýän ýagşylygy ilki öz ýakynlaryňa et, soňra özgelere. — Gowy dost diýlip, seniň oňarýan işleriňe ýardam edýäne diýler, emma ondanam gowusy seniň oňarmaýan işleriňde ýardamyny gysganmaýanydyr. Eger bir adama boýun bolup, onuň diýenini etjek bolsaň, onda seni diňe ýagşylyga ündäp, ýamanlykdan alyp galýan kişiniň diýenini etginiň. — Biraz begenmekligiňe sebäp bolýan ýalanlykdan zyýanam bolsa hakykat ýagşydyr. — Malyňy gerekmejek ýere sarp etmeklik we maňlaýyňa ýazylan ýazgytdan gaçan bolup ýörmeklik iň erbet zatlaryň biridir. — Birnäçe atly-abraýly adamlar bardyr, ýöne olaryň käbirlerinden adamlara hiç bir ýagşylyk gelýän däldir we birnäçe kemsidilýän adamlar bardyr welin, näme ýagşylyga garaşsaň-da, şolardan garaşaýmalydyr. — Az geçirimlilik aýypdyr, emma hiç geçirimlilik etmezlik bolsa uly günälerdendir. — Gahar-gazap nebsiňe buýrup bolmaýan bir duşmandyr, emma günä işler geýip bolmajak bir don ýalydyr. — Dostlaryňy hormatlap, olaryň eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilseň, sen hem ýagşylyga mynasyp bolarsyň. Eger sögse-de, ýakyn hossarlaryňdan aýrylmagynyň we eger öwselerem, duşmanyň hilesinden arkaýyn bolmagynyň. — Iň erbet ökünç pursady elden gidermeklikdir. — Myş-myş düşünmek ýaly däldir we ilden habar eşitmek hem göz bilen gören ýaly däldir. — Gözüň ýetip duran zat ilden eşidilen zat ýaly däldir we bir zady gözüň bilen görmeklik hem diňe onuň eserini gören ýaly däldir. — Özünden beýiklerden üstün çykjak bolýan kişi gahar-gazaba duçar bolar, emma özünden ejizlerden üstün çykjak bolýan kişi biabraý bolar. — Gereginden artyk islemeklik mahrumlyga we howlukmaklyk bolsa ýalňyşlyga elter. — Bähbitsiz zatlara üns bermeklikde hiç peýda ýokdur. — Geçen gününden ybrat alan, geljeginden tejribe aldygydyr. — Ynamsyzlyk şek döreder, emma gowşak pikirlilik seniň geljegiňi harap eder. — Aýagyň taýmagy aýagyňy agyrdar, emma ýerliksiz gürlemegiň senden ähli nygmatlaryň gitmegine sebäp bolar. — Aýagyň taýsa, agyrsy basym gider, emma diliň taýsa, onuň agyrsy uzaga çeker. — Ylymsyzlyk seniň deliliňi gowşadar, emma malsyzlyk we takwasyzlyk seniň tutjak ýoluňy gowşadar. — Doganynyň garşysyna ilden ýardam islän kişi duşmanynyň güýjüni köpelder. — Nebsini şer işlere öwreden adamdan haýyr işler daş galar. Şonuň üçin nebsiňe diňe gowy işler etmekligi öwret, çünki şeýle eden ýagdaýyňda eden işiň ugruna bolup, saňa sogap ýazylar, emma erbet işlere hiç ýakynlaşmagynyň, çünki ol seniň adyňy ýamanlaryň içine goşup, günäkär bolmaklygyňa getirer. — Gylyjyňy aýlap durmaklygyň seni käbir duşmanlaryň hilelerinden halas edýändir. — Günä iş edip, hiç zat gazanylmaz we akmak adamam hiç haçan dana bolmaz. — Ahlaklylyk asylzadalygyň alamatydyr. — Soltany zulum etse-de, oňa şükür etmeklik we dosty el göterse-de, oňa ynsaplylyk bilen jogap bermeklik ol adamynyň beýik adamkärçiliginiň we gowulygynyň alamatydyr. — Kim dinine ýapyşsa gorandygydyr we kim adam bolsa güýçlendigidir, şonuň üçin din-ä eliň bolsun, adalatlylygam gylyjyň. Şeýle eden ýagdaýyňda hemme beladan daş durup, duşmanyňdan üstün çykarsyň. Eger adamyň ýüregi gatasa, ol adamyň ýüregi günä işleri etmekligi sebäbinden hiç ýumşaýan däldir.  

KITABYŇ SOŇY

Öwgüler we her bir gözel sypatlar beýik we jomart bolan Allatagala bolsun we gije-gündiz gidip geldigiçe we her bir baglar ýaprakladygyça, salawatlarymyz pygamberimize we onuň maşgalasyna we dostlaryna bolsun. Şu kitaby ýazyp gutaran wagtym 17-nji Muharram (Aşyr aýy) 846-njy hijri 1442-nji milady ýyly Allatagala pygamberimiz Muhammediň we onuň maşgalasynyň hormatyna biziň ahyretimizi gowy etsin. Şu kitaby Allatagalanyň rehmetine mätäç bolan Muhammet bin Muhammet bin Senjaby Şafygy mezhepli Aşary ynançly garybyň elinde tamam boldy, goý Allatagala meniň we enemiň-atamyň we barça musulmanlaryň günäsini geçsin. Ämin. Ämin. Ämin. Alym ymam abu Mansur Abdul Mälik bin Ismagyl Saglebiniň «Lutuf we Lataýyf» («Gymmatly sowgatlar») atly eseri. Allatagaladan bu kitaby ýazanyň we okanyň we hemme musulmanlaryň günäsini geçmekligini doga edýäris. Ämin.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir