SEKIZINJI BAP: DILEWARLYGYŇ PEÝDALARY BARADA —  Kim Allaha ynansa, Allatagala ol adamynyň islänini berer we kim oňa töwekgellik etse, Allatagala onuň her bir işini ugruna eder. Kim Allatagaladan gorksa we oňa ybadat etse, ol adama başga zadyň gorkusy täsir etmez we Allatagalany dogry tanan kişiniň hiç bir kemçiligi bolmaz. — Dogruçyllyk diniň başydyr we adamlaryň elindäki zada göz dikmezlik bolsa Allaha bolan iň beýik ynançdyr. — Adamlary biri-biri bilen iň berk baglaýan zat ýagşylykdyr we doganlyk hem iň gowy daýanyşmaklykdyr. — Iň haýyrly zat takwalykdyr we iň ynamly zat bolsa dindir. — Iň güýçli goragçy tagat we ybadatdyr, iň baky hormat bolsa kanagatdyr. — Adamzadyň nebsi iň ýaşyryn şerlerindendir we onuň öwünmekligi bolsa iň ýaman ýoldaşydyr. — Iň güýçli daýanç hakykatdyr we iň gowşak söz bolsa ýalan sözdür. — Ilde görende ondan ybrat alyp bilmedik kişi şol bela öz başyna geleninde-de ondan baş alyp çykyp bilmez. — Tamakin kişiniň ýetmezi köp bolar. — Gorkusy azyň ömri gysga bolar. — Erbetlik eken, erbetligem orar. — Şükür edeniň nygmaty dowamly bolar, sabyr edeniň bolsa her hili kynçylyklary asan bolar. — Özüni sylamadyk adamdan özgäni sylamaklygyna garaşmaň. — Başgalar üçin güler ýüzli bolmaklygy kyn görýän adamdan ýagşylyga hijem umyt etmäň. — Adamynyň aýagynyň dogry ýoldan taýyp çykmaklygy ol kişiniň ýüreginiň dogryny görmeýänliginden we akylsyzlygyndandyr. — Haýsy bir adam gowy ahlakly bolsa, onuň geljegi hem gowy bolar. — Haýsy bir adam öz takdyryna razy bolsa, onda ol adam arzuwyna ýeter. — Howlugyp edilen iş hasyl bermez. — Takdyrdan gaçyp gutulma ýokdur. — Maňlaýyňa ýazylan zatdan ätiýaçly bolmak bilen gutulyp bolmaz. — Isleg-arzuwlaryň iň gowusy öz zähmetiň bilen gazanan zadyňdyr. — Adamlaryň iň ätiýaçlysy namysyny goraýan adamdyr. — Her bir gazanjyň ýok bolup gidýändigine we her bir nygmatyň hem wagtlaýyndygyna, soň başga birine geçýändigine, şonuň üçin hiç bir zadyň baky däldigine göz ýetirmek gerek. — Käwagtlar ýigrenýän zatlaryň seniň üçin peýdaly bolup, gowy görýän zatlaryň hem seniň üçin zyýanly bolýan wagtlary bardyr. — Käwagtlar adamlaryň şu günüme bolsa bolýar diýip edýän zatlary olaryň geljegi üçin zyýanly bolýan wagtlary hem bardyr. — Ýerlikli aýdylan söz ýalaňaç gylyç ýalydyr. — Hiç bir adam dostlarynyň söýgüsinden we göripleriň igenjinden uzakda bolup bilmez. — Öz iýjek-içjegiňi gazanmak üçin horluk çekip, aç-suwsuz ýörmekligiň bir namardyň minnetli aşyna boýun bolmakdan gowudyr. — Jomart kişi mähriban bolar, sylagly kişi hem pespäl, mähirli bolar. — Dostlaryna gödeklik edip, olardan ýüz öwren adam tiz wagtyň içinde dostsuz galar. — Bir zada yşarat bilen düşünýän adama gönüläp aýtmak zerur däldir. — Özüne tapmaýan zadyny il üçin nädip bersin. — Her bir gowy zadyň öz hyrydary bardyr. — Soltany erbetlikde ýatlamak özüňi oda atmaklykdyr we doganlaryňy ýamanlamaklyk bolsa ardyr we binamyslykdyr. — Il-halkyň içine ýaýran erbetligi şikaýat etmeklik iň uly we möhüm şikaýatdyr. — Iň dogry söz diýip adamynyň daşky agzalarynyň we şekiliniň sözlän sözüne diýilýär. — Bir kişiniň özüni alyp barşyndan oňa baha bermeklik ol kişiniň ant içip aýdan sözüne ynanmakdan has gowudyr. — Az gürleýäniň günäsi hem az bolar. — Manysyz ýere köp gürleýän kişiniň ýalňyşan ýeri köp bolar. — Ýerliksiz işlere köp wagt sarp edýän kişä adamlaryň käýinji hem köp deger. — Ýalançy adam dili bilen dogryny aýdyp, dogry subutnamalar getirse-de, ol adam ýalançylyk bilen töhmetlener we onuň diýenine ynanylmaz. — Ýagşylygyň miwesi dostlaryň köpelmegidir. — Diline eýe bolmany başaran kişi häkimiýetine hem eýe bolmany başarar. — Gören zadyna dilini uzadýan adamdan doganlary hem gaçar. — Az gürlemekligi özüne adat edinen kişi adamlaryň gazabyndan aman bolar. — Iň gowy zatlaryň biri bagtyň çüwüp, duşmanyňadan üstün çykmaklykdyr. — Zamana käýinip, ondan närazy bolýan kişiniň käýinji uzak bolar we ol zamanadan diňe ýagşylyk umyt edýän kişiniň hem umytlary puç bolar. — Soltanyň baýlygynyň öňünde baş egen kişi il-halkyň gözünden düşüp, at-abraýdan we hormatdan daş düşer. — Il içinde diýmesiz zatlary diline alan adam olardan islemeýän zadyny eşider. — Özüňkilere bildirmän duşmanlaryň bilen dilleşmeklik andyňdan dänmeklikdir. — Başa barmajak zady soraýan adam geljekde soramaklykdan hem mahrum bolar. — Halanmaýan zady sorana halanmaýan jogap berler. — Peýdasyz ýere manysyz gürläp ýörmeklik samramaklykdyr we pikir etmän, ýöne dymyp ýörmekligem lallykdyr. — Şu dünýäde dirikä şatlykly, hoşamaý ýaşamagy söýmeýän adam öleninden soňam gamgynlykdan aman bolmaz. — Soltanyň aýbyny gözlemek diliň kesilmekligine alyp barar. — Kimde-kim öz doganlarynyň bilmän eden ýalňyşlyklaryny bagyşlap bilmese, onda ol adam duşmanlarynyň bilip eden ýamanlyklaryny bagyşlamaly bolar. — Iň uly günä aýyp zatlary gowy görmeklikdir. — Iň erbet söz nadan, biderek adamyny öwmeklikdir. — Günäkär adamyny öwmeklik erbetligiň alamatydyr. — Şerçi adamlaryň arkasyny almaklyk günäniň aňry başydyr. — Nebsi howasyna eýeren kişi erbetligiň üstünden barar. — Elinden döwletlilik we at-abraýy giden adam üçin ýeriň üstünden asty ýagşydyr. — Bütin ömrüňi peýdasyz ýere sarp etmeklik taýýarlyksyz ýerden ölüme howlukmaklykdyr. — Öz eden ýalňyş işi üçin özgelere igenýän kişä özgelerem ýerliksiz ýerden igenerler. — Käwagtlar alňasamaklyk hem ölüme alyp barýandyr. — Käwagtlar adamlaryň göwün berip ynananlarynyň şerçi we biderek adam bolup çykýan wagtlaram bolýandyr. — Abraý we sylag-hormat ata-babaň bilen däl-de, beýik hümmetiň bilen gazanylýandyr. — Ahlagy gowy adamynyň ýagşylygy hem köp bolar. Jomardyň baýlygy tükeniksiz baýlykdyr. — Husydyň baýlygy boş arzuwlardyr. — Ýaman adamlaryň ýolbaşçy bolmaklyklary ýagşylary heläk eder. — Namartlara wezipe ýetse, jomartlaryň gadyry bolmaz. — Jomartlaryň käri nygmaty ýerlikli edip adamlara ýetirmeklikdir. Eger bihepbe adamlar başa geçse, gowy arzuwlar puja çykar. — Iň erbet bela döwletsiz bihepbeleriň baýamagydyr. — Beriljegine güman edýän zadyňa ýa-da bolmasa, soňundan ötünç soramaly boljak zadyňa hiç haçan tamakin bolmagynyň. — Hyýanat etmeýän kişä erbet gümanda bolmaklyk halanýan zat däldir. — Beýik mertebeler we wezipeleri islemeklik daglara dyrmaşan ýaly kyndyr. — Ýaşuly bolmaklyk hassalyga boýun bolmaklykdyr. — Bir adamyny akmaklyk we ejizlik bilen kemsidip, ony äsgermeseler, ol adamlaryň özleri hem äsgerilmezler. — Bir topar adamyny ynjytmagyň günäsi bir garypja, ýetim, ejiz çagajygy ynjytmagyň günäsinden azdyr. — Täze, arassa eginbaş tapýan adamlaryň elmydama köne-küşül, kirli eşikler bilen gezip ýörmeklikleri gatybir dogry iş däldir. Eger bir kişä ýagşylyk etseň, sen hem irde-giçde ol kişiden ýagşylyk görersiň. — Bir adamynyň endik eden adatyny goýmaklygy onuň üçin elindäki malyny ýitirmeklikden has agyr düşýändir. — Jahyllygyň we nadanlygyň ody agzalalygyň odundanam has beter we ýakyjydyr. — Agzybirlige sebäp bolýan biri-birinden daş durmaklyk agzalalyga sebäp bolýan ýakynlykdan gowudyr. — Gowy görmekleriniň alamaty gerek wagty saňa gowy nesihatlar bermeklikleridir. — Özüňde bar zatdan bir kişä gysganman bermekligiň ol kişiniň seniň hyzmatyňda durmaklygyna sebäp bolar. — Akmak adamyny diňe ajy söz düzedýändir, nadan adamyny bolsa gylyjyň agyrysy düzedýändir. — Nesihaty kabul edýän adam husyt, gysganjy hem ýola getirer. — Bir adamynyň öz ahlagyny düzetmekligi hem görip adamlara ýaraýan däldir. Erbet işlere baş goşýan kişi köp ýerde ötünç soramaly bolýandyr. — Köp ýagşylyk edeniň köp dosty bolar. — Gowy zatlara äht edip, söz bermeklik hormatlylygyň alamatydyr. — Beren sözüňde durmaklyk jomartlygyň alamatydyr. — Dogry hem gowy görülýän işleri etmeklik akyllylygyň alamatydyr. — Sogap işleri söýmeklik dindarlygyň alamatydyr. — Ähdiňden dänmeklik hyýanatkärligiň alamatydyr. — Sözüňde durmak imandandyr we ähdiňi bozmak şeýtandandyr. — Sözüňden dönüp ähdiňi bozmak iň ýigrenilýän zatlaryň biridir. — Bir kişi hakynda erbet gümanda bolmaklyk we minnet etmeklik erbetligiň alamatydyr. — Akylly adamynyň sözi saňa kuwwat berer, emmä jahyl adamynyň jogaby dymmaklykdyr. — Dili uzynlyk adamy heläk edýändir. — Hyýanatkärligi özüne saýlap alan adam ömürboýy il-halkdan daşda bolmaly bolar. — Käbir kişiler eneleriniň söýgüsi bilen bagtly bolýan bolsa, käbirleri sirke içip gamyny gidirmek bilen bagtly bolýandyrlar. — Käwagtlar üstünlik gazanmaklyk bir ymmaty ýok edýän bolsa şonuň ýaly käbir bihepbe perzentlerem nygmaty ýok edip giderýändirler. — Käwagtlar saglyk käbir adamlara mesligi getirýän bolsa, başga birlerine döwletliligi getirýändir. — Saglygy gowy adam ony gorap saklaman, har tutup, seretmese, ol adam saglygyny ýitireninden soň köp ökünmeli bolar. — Seniň eden ýagşylygyňy inkär edip, saňa ýamanlyk etjek bolýan kişä sen hem ýagşylyk etjek bolup ýörme. Eden ýagşylyklaryňy unudyp, diňe seniň ýamanlyklaryňy ýadynda saklaýan adamyny sen hem dost tutunjak bolup ýörme. Erbet işleri edip, köp ötünç soraýan adamdan daş durgunyň. — Hakykaty söýmeýän adamyny halkam söýmez. — Elinden hiç ýagşylyk gelmeýän adamyny dostlary hem kän söýmezler. — Dostlarynyň her bir eden işlerini berk hasaba çekýän adam iň soňunda ýoldaşsyz galar. — Peýdaly az zat zerur bolmadyk köp zatdan gowudyr. — Göriplik teniňi çüýredýändir, teniň hem ýüregi çüýredýändir. — Görip kişini Hudaýam halaýan däldir. — Göriplik bir keseldir, ony ölümden başga zat aýyrmaýar. — Göriplik döwlet duşmanlarynyň hemem pis adamlaryň işidir. — Gödeklik ýürek agyrysy ýaly bir zatdyr, emma göriplik bolsa aýyp işleriň başydyr. — Günä işler bilen meşgul bolmaklyk egniňe utanç we biabraýlyk donuny geýmek ýalydyr. — Edýän işleriň  adamkärçilige kybap we diýýän sözleriňem dogry sözler bolsun, şeýle bolan halynda seniň gadyryň artar we edýän işleriňem gowy netijeler berer. — Gybat unudylmaýan günädir we sögünç bolsa bitmeýän ýaradyr. — Dil kesiji ýiti gylyç ýaly hiç kütelýän däldir we söz bolsa atylan ok ýaly yzyna almaklyk mümkin däldir. — Köp dymmaklyk salamatlylygy we köp gürlemek bolsa ökünji ýüze çykarýandyr. — Synap görmän dosta ynanma we öz güýjüňi bilmän hem duşmana topulma. — Ilki erbet bolup, soň gowulaşýan zat ilki gowy bolup, soň erbetleşýän zatdan gowudyr. — Mähribanlyk alymyň bezegi we salamatlygyňam sebäbidir. — Agzybirlik salamatlygyň we dogrulygyň iň esasy sebäpkäridir. — Hiç haçan yzynda durup bilmejek zadyňa söz berme. — Hiç haçan gerekmejek ýerlere başyňy sokup, özüňe artykmaç iş gözlenmeginiň. — Gerek bolmadyk zatlara gulagyňy gabardyp, eşitjek bolup ýörmeginiň. — Soňundan düzedip bilmejek zadyňy bozmagynyň we soňundan açyp bilmejek gapyňy hem ýapmagynyň. — Ýüregiňde kine saklamaklyk agzalalygyň, sögüşmek bolsa urşuň başlangyjydyr. Eger başyňa kyn gün düşse, akyl eýle we eger bir işe baştutan belleseler, adyl bol. Çünki akyl pikiriňi goýaldar we adalatlylyk bolsa raýatlary düzelder. — Gowy adamlara eýermek seniň niýetiňi gowular, emma şerçi adamlara eýermeklik seniň gowgaňy köpelder. — Haýyr işlere baş goşaňda, edil hasyl ýetişdirýän ýaly yhlas etginiň, emma şer işlere duşaňda, oty gylyç bilen düýbünden oran ýaly edip ýok etginiň. — Ýaltalyk adamyny isleg-arzuwlaryndan alyp galýandyr, emma rowaçsyzlyk her bir işiň başa barmasyzlygyna sebäp bolýandyr. — Akylly adam öz pikiriniň üstüne ulamalaryňam pikirini we danalaryň hem akylyny goşmalydyr. Elmydama olardan dogry ýoly görkezmekliklerini isläp durmalydyrlar. Çünki bir adamynyň akyly ýa-da bolmasa pikiri elmydama dogry bolman, käwagtlar ol adamyny heläkçilige hem alyp barýan wagtlary bolýandyr. — Kimde-kim etjek işlerinde alymlara maslahat salsa we akylly adamlardan onuň ýoluny salgy alsa, ol adamynyň işi ugruna bolar we onuň berekedi başga raýatlara-da ýetip, olaryňam ýürekleri nurlanyp işleri rowaç tapar. — Gödeklik adamyň jahyllygynyň we bozuk pikirlilik bolsa onuň ejizliginiň alamatydyr. — Özgeler bilen pikir alyşmak we danalaryň nesihatyna eýermeklik adam üçin uly derejedir, emma elmydama özdiýenli bolup, özgeleriň pikirine we nesihatyna gulak salmaýan adam elmydama hümmetsiz bolup, garaňkylykda we ökünçli günlerde ýaşamaly bolar. Eger başyňa bir kyn iş düşse ýa-da bolmasa bir topar adamlar seniň garşyňa çyksalar, şol wagtda sen hökman alymlaryň akylyna we danalaryň nesihatyna uý-da, jahyllaryň agzyna bakma, çünki olardan saňa akyl berenem bolmaz, nesihat berenem. Şeýle hem alyma maslahat salyp aman galmaklyk öz diýeniňi tutup, soňam ökünip ýörmekden gowudyr. — Gowy adamlara eýermeklik her hili gowulygyň üstünden elter, erbetlere eýermeklik bolsa, seniň işleriňi bulaşdyryp, şowsuzlyga elter. — Jomartlara eýeren üstünlik gazanar, haýynlara eýeren kişi bolsa, elmydama ökünje sezewar bolar. — Jomartlyk abraýlylykdyr we dogrulyk bolsa üstünlikdir. — Gowy ahlaklylyk dogruçyllygyň we ösmekligiň alamatydyr. — Güýç-kuwwatyňy jemläp, ony peýdaly ýere sarp etmeklik dogruçyllygyň alamatydyr. — Ýagşylygy adat edinmeklik eli giňligiň özenidir. — Syýasaty gowy ýöretmeklik öňdebaryjylygyň hem-de ýolbaşçylygyň şamçyragydyr. Erbet işlere gümra bolmaklyk öz durmuşyňy ýumurmaklyga alyp barar. — Jahyllyk elmydama adamyň aýagynyň taýmasyna we zalymlyk bolsa ondan nygmatyň gitmegine sebäpdir. — Bir adamyň seniň bilen ynanyşyp, seniň bilen dogry sözli bolmaklygy ol adamynyň seni dogry ýola gönükdirdigidir. — Bir adamynyň saňa gowy nesihatlar bermekligi saňa goldaw bermekligidir. — Saňa wagyz-nesihat edýän kişiden uzaklaşmagynyň we ony özge dostlaryňdan has gowy görgüniň. —  Saňa nesihat edene ýagşylyk etginiň we saňa wagyz edene bolsa mähirli bolgunyň. — Haýsy bir adam hyjuwyny we edermenligini elden giderip, biperwaý işler bilen meşgullansa, ol adamynyň hormaty gaçyp ejizlik ondan üstün çykar we şu gününi zorluk bilen geçirer, ertirini bolsa başagaýlyk bilen  geçirer. — Özüne peýdasy degmeýän adamyň saňa peýdasy degmez. — Öz maşgalasynyň ar-namysyny goramaýan kişi seni hijem goramaz. — Adamkärçiligi bolmadyk adamynyň dini hem bolmaz we utanç-haýasy bolmadyk adamynyň hem hiç bir peýdasy bolmaz. — Adamlara rehim etmeýän kişiniň özi hem rehmetden mahrumdyr. — Baky däl zatlara bakydyr öýdüp ýapyşmaklyk ummaty heläk eder. — Patyşalygyň täji halallykdyr, ynsaplylyk onuň galasydyr, onuň güýji agzybirlikdedir we baýlygynyň gözbaşy bolsa halkydyr. — Para almaklyk hünärmenlere aýyp bolşy ýaly, olaryň işlerini hem puja çykarýandyr. — Wezirleriň iň gowusy seni günä işlerden alyp galýany we gowy işlere höweslendirýänidir. — Akmaga maslahat salan dogry ýoldan çykar we basýan ýerine üns bermeýän kişi bolsa çukura düşer. — Nesihatdan ýüz öwren kişi mekirligiň oduna gurban bolar. — Iki adamyň agzyny alartmak duşmanyň olara bolan iň erbet ýamanlygydyr. — Özüňden ejiz adamlary göreňde, sen olaryň hemaýatkärleri ýaly bol, emma özüňden güýçli adamlary göreňde, sen olaryň alyp barýan syýasatyna görä olar bilen gatnaşyk sakla. — Syýasatyň bilen bir adamyny ynandyryp bilmeseň, ol adam seniň wezipäňe tamakin bolar. — Iň ejiz duşmanyňam güýçli ýaly gör we iň gorkak duşmanyňam batyr ýaly gör-de, äsgermezlik etmeginiň, ýogsam, olaryň hilesine düşäýmeginiň. — Adamlardan şeriň saklasaň, sen hem olaryň hilelerinden aman bolarsyň. — Uruş isleýän adam öz raýatlaryny zaýalar we özüni dogry alyp baryp bilmeýän adam özgeleri hijem dogry ýola alyp baryp bilmez. Öz maşgalasyny aldaýan adam öz dost-ýarlaryny aldamakdanam saklanmaz. — Raýatyna ata bolup bilen adam goşunlaryny-da terbiýeläp biler. — Iş oňarmaýan adamlar bilen bir beýik işiň başyny tutsaň, ol başlan işiň-ä bir başa barmaz, gaýtam araňyzda agzalalyk peýda bolar. — Baýlygyna daýanan adamynyň emeli az bolar, emeline daýanan adamynyň bolsa baýlygy köp bolar. — Howlukmaklyk ýalňyşlyga elter, sabyrlylyk bolsa üstünlige. — Her bir işi akylyna we paýhasyna göwnüň ýetýän ussadyňa tabşyrgynyň, şeýle eden ýagdaýyňda zelelden aman bolup, arzuwyňa ýetersiň. — Şärikli bolnan maýa — agzalalyga we maslahatly bolan her bir pikir bolsa üstünlige elter. — Gowy ýolbaşçylyk ýagşy adatlara endik etmeklik bilen we güler ýüzlülik bolsa gowy syýasaty bilmeklik bilen bolýandyr. — Diliňi uzadyp ynjytmajak ýeriňe gylyjyňy hem gynyndan çykarmagynyň we ýagşylygyňy duşmanyňdanam aýamagynyň. — Baýlaryň baýy diýip harsydünýä däl kişä diýiler we iň uly emir diýip bolsa öz nebsi howasyna boýun bolmadyk kişä diýerler. — Öz nebsine buýrup, oňa eýe bolan adam duşmanlarynyň halyny keç eder. — Bir işe çyny bilen ýapyşan arzuwynyň hasyl bolanyny görer. — Syýasatçy adam duşmanyny terbiýelemezden öň özüni terbiýelesin we duşmanyna galyp bolmadan öň öz nebsi howasyna galyp bolsun. — Ýagşylygy ýamanlyk bilýän adam erbetligi hem gowylyk diýip biler. — Ýolbaşçy adamlar iki topar bolýandyrlar. Olaryň birinji toparyny olaryň edýän ýagşy işleri hormata we at-abraýa göterip olaryň pespälligini we gülerýüzlüligini artdyrar. Emma olaryň ikinji toparynyň edýän işlerine görä, kemçilikleri we erbetlikleri artar we olardan ulumsylykdan başga zada garaşylmaz. — Haýsy-da bolsa bir adamynyň duşmana garşy batyrgaý urşup, ony ýeňip, ýeňiş gazanyp bilmekliginden ýa-da bolmasa ýüreginde kine saklap, Hudaýyny närazy edip, hemme malyny we güýç-kuwwatyny onuň ýolunda sarp etmekliginden we mundan soňra-da men-menlik satyp ýörmekliginden ol adamynyň duşmanlary bilen ýumşak dil tapyşyp, gowy gatnaşyklary orta goýup, olaryň haýryny hem şerini deň paýlaşyp, olaryň başyna kyn gün düşende, eliňden geldigiçe ýardamyny gaýgyrman, kömek edip ýörmekligi bu adamynyň dünúesi we ahyreti, şu güni we ertiri üçin gowy bolardy. — Öz aslyna we pederlerine hyýanat edeni we akylsyz kişini dost tutmagynyň. Çünki hyýanatkär nesihat berýän ýaly bolup, saňa hyýanat we mekirlik eder, emma akylsyz kişi saňa ýagşylyk etjek bolup, bilmän ýamanlyk eder. — Duşmanyny dost edip bilýän adamynyň akylly-paýhasly işlerinde biraz duşmançylygy saklaýan adamlary taşlap, ýüzüne gowy gören bolup ýören akylsyz nadan kişileri gowy görmekligi örän geň zat. — Akyllylara meňzemek iň gowy hormatdyr, akmak, nadanlara meňzemek bolsa baryp ýatan nadanlykdyr. Çünki akylly kişilere eýermek akyllylygyň we akmaklara eýermeklik bolsa jahyllygyň alamatydyr. — Her bir adam öz deňine we her bir guşam öz meňzeşine meýil eder. — Akmak adamynyň akmak adamyny dost tutmagy geň däl, geň bolan zat akylly adamynyň akmak adamyny dost tutmagydyr. Çünki her bir zat öz jynsyndan bolan zat bilen baryşyp, başga jynsdaky zatlardan gaçýandyr. Şonuň ýaly akylly kişi hem akmak bilen dostlaşanda, ondan geljek ýamanlykdan we günä işlere girişmeginden we her bir düşünişmezligiň ýüze çykmagyndan heder edip, ondan daşlaşmalydyr. — Saňa ejiz, nadan, jahyl kişileri dost tutmaklygy ündeýän kişi ýa-ha seniň jahyl dostuňdyr ýa-da akylly duşmanyňdyr. Çünki ol saňa zyýanly bolan zady ündeýändir we seniň zyýan çekmegiňi isleýändir. — Özüňe wezir ýa-da maslahatçy saýlanyňda, olaryň köplügine däl-de, haýsynyň peýda getirip biljegine seretginiň. Çünki olaryň bir peýda getirip biljegi müň sany emelsizden ýagşydyr. — Bir adamynyň göwresiniň we bedeniniň daýawlygy we boýy-syraty seniň göwnüňi aldamasyn, belki kiçem bolsa akylly-başly bilimli we dogruçyllygyna seret. Çünki, mekgejöweniň birje dänesem bolsa, bir uly gaty daşdan peýdalydyr we ýene-de halkyň eli patyşanyň eli boldugydyr we halkyň baýlygy patyşalaryň baýlygydyr. Wezirler hem patyşalaryň gözleri ýalydyr we olaryň ynamdarlygy bolsa patyşalaryň habardarlarydyr. Olaryň kätipleri patyşanyň sözi boldugydyr we goragçylary onuň ahlagy, ilçileri patyşanyň akyly boldugydyrlar. Eger birine bir işi tabşyrjak bolsaň hem, olaryň wepadaryny we edermenini, halkyň içinde abraýlysyny we her bir işiň içini, daşyny bilýänini, iş oňarýanyny saýlagynyň. Çünki her bir iş tabşyran adamyň patyşalaryň daýanjy we hazynasynyň sakçysy, döwletiniň galasy ýalydyrlar. Çünki ol adamlar iş oňaryp, patyşalaryň hazynasyny köpeldip, onuň hökümini bekeldip, ýurduny bina edijilerdir. Haçan-da şolar gowy bolsalar, halkyň her bir işleri hem gowy bolar we eger şolar işlerini oňarmasalar, halkyň içinde hem oňuşmazlyklar ýüze çykar. — Ýurduň harap bolmagynyň we patyşalaryň heläk bolmagynyň sebäbi gowy iş başarýan adamlaryň gadyry bilinmän bihepbe, dereksiz adamlara orun berilmegidir we danalaryň nesihatyndan ýüz öwrülip, ýalançylaryň öwgüsine aldanylmaklygydyr. — Haýyr işleri etmän taňryýalkasyn, şer işleri edibem ýagşylyk umyt edýän we duşmanlarynyň süýji sözlerine ynanýan hem dana kişileri ýigrenýän adam iň jahyl we nadan kişidir. — Patyşalyk ukyby bolman, ol wezipäni eýelän adam urşa ýaragsyz giren ýalydyr. — Adamlardan tamakin bolmasaň, olaryň eden ýagşylygynyň gadyryny bilseň, olar hem hiç haçan saňa nesihatlaryny gysganmazlar, hormatyňam saklarlar. Emma sen olardan bir zerre ýalyjak zat tamakin bolsaň, olaram senden ummasyz zady tama ederler ýa-da bolmasa sen olardan birje dinar tamakin bolsaň, olar seniň malyňdan bir çuwal hajatyny bitirmeseňem seniň hemme eden ýagşy işleriňi unudyp, seniň diňe erbetlikleriňi ýatlarlar. Eger bir adam bilen dostluk açmak isleseň, ilki bilen onuň ata-babasynyň aklyna we paýhasyna hem-de olaryň adamkärçiligine seretginiň. Çünki ata-babasynyň akyly we adamkärçiligi olaryň perzentleriniň wepadar we dogruçyl bolmaklyklaryna we hyýanatkärlik we ýalan sözlülik ýaly erbet gylyklardan hem daş durmagyna sebäp bolup biler, çünki her bir adam öz aslyna meňzeýändir we her bir zat hem öz asly tebigatyna dönýändir, şonuň üçin akylly adam diňe akylly hemem wepadar adamyny dost tutunýandyr. — Bilmän edilen we geljekde başga günä işlere ýol açmaýan günäleri bagyşlamak bolýandyr. Emma bilip edilen  ýa-da başga bir bozgaklyga ýol açýan ýa-da bolmasa hökman jezasyny çekmeli bolan günäler bagyşlanylýan däldir. Çünki şular ýaly günäleri bagyşlamak şerigatyň we kanunyň rugsat berýän zady däldir. — Bir adamynyň saňa eden ýamanlygyny görmezlige we bilmezlige salyp bagyşlamaklygyň ol adamynyň saňa bolan haýbatyny artdyrjak bolsa, oňa geçirimlilik etmeginiň. — Adamlar iki hili bolýandyr, olaryň bir toparyna çala bir närazylygyňy ýa-da bolmasa şol zady islemeýändigiňi bildirseň, ondan gaçar. Emma ol adamlaryň ikinji topary jahyllardyr urmasaň ýa-da käemeseň düşünmezlerem, edýän erbet işlerini terk hem etmezler. — Jeza çekmesi hökman bolan adamynyň günäsini geçmeklik sogap eden adama jeza beren ýalydyr. Eger saňa bir wezipäni ynansalar, sen hem adyllyk bilen höküm et we eger bir zatlar bermek isleseň, onda jomartlyk bilen ber we eger bir zat hakynda gürleseňem dogry we hakykaty gürle we eger bir iş etseňem il-halk üçin peýdalysyny et. Şeýle eden ýagdaýyňda halk içinde orun alarsyň. — Dostlaşsaň, diňe salyh, saňa nesihat berjek adamlar bilen dostlaşgynyň. Eger syryňy birine aýtmak isleseňem, ony diňe ynamly we amanatdar adama aýtgynyň. Eger bir adama ynanyp, oňa haýsydyr bir işiň başyny tutduraýsaň, onuň amanatdardygyny gözüň ýeteninden soň, ol kişä ynamsyzlyk etmeginiň, emma olar işlerinde kemçilik görkezseler ýa-da bolmasa hyýanat edip, özleriniň ejizligini bildirseler, onda olardan ynanylan wezipäni al-da olary hem horlamagyn we olary geljekde jogapkärli wezipelere hem bellemeginiň. Çünki olara öňki wezipäni gaýdyp bermeklik malyňy we tutan işiňi haraba çykarmaklykdyr. — Anyk bilmeýän we güman edýän sözüňe ýa-da bolmasa soňy netijesiz bir işe hiç haçan baş goşmagynyň eger bu işlere girişäýseň hem her hili erbetligiň we biabraýlylygyň üstünden barmakaň, ondan el çekginiň. Ýogsam adamlaryň içinde ýüzügara bolaýmagynyň. Eliňden gelýän ýagşylygy duşmanyňdanam aýamagynyň. Çünki ýagşylyk bu dünýäde baky däldir, ony gije we gündiz iýip ýuwudyp tükedip barýandyr. Eger bir adamyny dostuňdan maslahat soramaga ýa-da bolmasa duşmanyň bilen seniň araňy gowylamaga ibermek isleseň, onuň dinini we amanadyny, wepalylygyny we arassa adamdygyny hem dogruçyllygyny barlap görgüniň. Çünki onuň ýalançylygy ýa-da bolmasa başga bir bozuklygy siziň araňyzyň has hem açylyp, duşmançylygyňyzyň artmaklygyna getirip biler. Şeýle hem ol iberen adamyň akylyna we işine görä saňa baha berilýändir. Şonuň üçin olaryň iň gowularyny saýlap al-da, olaryň hem hormatyny sakla we olaryň ýagşy işleri üçin sylagyny ýetirip dur. Çünki olar seniň döwletiňi bina edijiler we goraýjylardyrlar. Olaryň iň gowulary diýip wepadarlaryna we amanatdarlaryna hem-de hyýanat etmeýänlerine diýilýändir. — Duşmanyň eli saňa uzamazdan öň onuň gamyny iý we bedeniňe çümen tiken azmazdan öň onuň emini et. — Näsazlyga başdan seretmelidir. Ýogsam, ol ulalyp sandan çykanyndan soň ony düzetmek kyn bolar. — Özüňe ýakyn bolan adamlary düzetmeziňden owal özgeleri düzetmekligiň gamyny iýmeginiň. — Adamlaryň iň gowusy adamkärçiligi gowy, amanatdar we hakykaty gözi bilen görüp, gulagy bilen duýýany we ynanylan syrlary saklap, özgeleriň derdine ýaraýanydyr. — Haýyr işlere baştutanlyk etmek üçin birini bellejek bolsaň, adamlaryň hakykaty isleýänini we dogry sözlüsini, takwasyny we parahorlykdan daş durup, Allatagalanyň buýruklaryny berjaý etjek bolup dyrjaşýanyny we amanatdar bolup ýaman sözden gaçýanyny saýlagynyň, çünki şeýle edilen iş ýol alýandyr. — Adamlaryň arasynda gep gatnatmak özüňi oda atmaklykdyr we olaryň diýenine amal etmeklik bolsa ryswalykdyr, oňa ynanmaklyk bolsa samsyklykdyr. Çünki gep gatnatmaklyk takwalygyň ýoklugynyň ýa-da tamakinçiligiň ýa-da bolmasa erbet häsiýetliligiň alamatydyr. Şonuň üçin olar ýaly adamlardan daş dur. Çünki olar adamlaryň arasyny we dinini bozup, olaryň akylyny garyşdyrýandyrlar we adamlar bilen eden ähdi-peýmanlaryndan dönüp, adamlary aldadyp, olaryň aýaklaryny taýdyrjak işlere gönükdirip, ökünje sezewar edýändirler. — Iň gowy adamkärçilik diýlip gowy adamlara ýagşylyk etmeklige aýdylýandyr. — Öz gadyr-gymmaty bilen adamynyň hiç bir işde aýagy taýmaz. — Nesihata eýeren kişi ökünje sezewar bolmaz. — Nesihat bermeýän dostdan çyn dost bolmaz. — Nesihatyny gysganýan adamynyň ahlagy kämil däldir. — Aldatmakda çenden geçen adamynyň çynyna-da ynanylmaz we özgäniň öwülmegini islemeýän kişiniň özi hem abraýa ýetmez. — Goňşusynyň syryny açmak isleýän adamynyň öz syrlarynyň üsti açylar. — Köp, yzygiderli, üznüksiz ders okap ýören bolsa basym irer. — Dostlaryny akmak saýan bela uçurar, soltanyň kastyna çykan bolsa heläk bolar. — Gybata mübtela bolan kişi käýinje sezewar bolar, töhmete ýakyn bolan kişi bolsa günä duçar bolar. — Ulumsylygy we elinden gelmejek zatlary hem oňararyn diýip öwünmäni gowy görýän kişiden sylag-hormat we abraý gider. — Her bir işde öz çenini bilmeýän adam jepany kän çeker. Edebi az kişiniň abraýy hem az bolar. — Içinde duşmançylyk we kine saklaýan adamdan dostlary daş durar. — Harsydünýäligi köpelen adamynyň göripligi hem köpeler. — Kemçiligi köp adamynyň närazylygy hem köpeler. — Adamkärçiligi erbet kişi dünýä bilen çalt hoşlaşýandyr. — Adamlardan biraz üzňeräk bolup, eden işine üns berýän adam öz maksadyna ýeter. — Özüňi garyp görkezmeklik öz hormatyňy gidermekdir. — Köp zat soraýana nadan we köp zady oňarmaýana bolsa emelsiz diýiler. — Köp gaharlanýan adam gowy görülýän däldir. — Birden köp zat islän adam azdanam mahrum bolar. — Köp gaharlanýan adam köp ýalňyşýandyr we köp ýalňyşýany bolsa adamlar dost tutunýan däldirler. — Öwülenine begenmeýän adam ýamanlananyna hem ähmiýet berýän däldir. — Ata-babasyndan daş durýan kişi ýakyn hossarlaryndan hem daşlaşýandyr. — Ata-babaňy ynjytmaklyk adamkärçilikden daş düşmeklikdir. — Ulumsylyk seniň mertebäň pesligine we pespällilik bolsa seniň mertebäň beýikligine alyp barýan gylyklardyr. — Pasyk adamlara goňşy oturan pasyk we şerçilere garyşan hem şerçi çykar. — Dostlaryna ýamanlyk eden özüne ýamanlyk eder we soltanyna ýamanlyk islän kişi bolsa öz başyny bela sokar. — Adamlara nesihat eden olaryň sagbolsunyny alar, emma olary aldadan kişi başyna belany satyn alar. — Hakykatdan utanmaklyk akmaklygyň alamatydyr. — Kalby baý kişi ýeňil we hormatly durmuşda ýaşar, emma kalby dar, gysganç  kişi agyr durmuşda ryswa bolup ýaşar. — Iň akmak adam diýlip dogry işi az bolup, soraga pikirlenmän çalt jogap berýäne diýilýändir. — Iň gözel söz diýlip, az sözli, köp manyly söze diýilýändir. — Çeper söz diýlip, doly manyny berýän we her kişä düşnükli bolan söze diýilýändir. — Iň peýdaly söz diýlip, göçme manydaky sözleri az ulanylyp ol sözleriň başynyň soňuna delalat edýänine diýilýändir. — Akylyny har tutan adam özüni heläk etdigidir. — Bir adam öz edýän işlerini näçe gizlin etjek bolsa-da, şeriň iňňildisi ony paş eder. — Ikiýüzli adam diýlip, özgeleri gowy işlere gönükdirip, özi ondan daş durýana we erbet işlerden gaýtaryp, özi hem ol erbetlikler bilen meşgullanýana diýerler. — Başyňa düşen belaga sabyr etmeklik gaýgy-gamy gidermekligiň iň gowy ýoludyr. — Saňa berlen nygmatlara şükür etmezlik uly günäkärlikdir. — Bir zady köp soramaklyk garşydaşyňy irizýändir we köp diňlemeklik bolsa biynjalyklyga getirýändir. Erbet aýdylan sözlere-de adamkärçilik we mylakatlylyk bilen jogap berilse gowudyr. Erbet ahlaklylyk hapa sözlülige getirer. — Akylsyza edep berme we hyýanatkärdenem gowy netijeli işe garaşma. — Arakhordan edep çykmaz, tikenli agaçdanam üzüm. — Goýy akyllylyk peýdaly işleri ýüze çykarmaklykdyr we gowy edeplilik bolsa her bir erbetlikden daş durmaklykdyr. — Iň gowy zatlaryň biri biderek geplerden daş durup, ýaşulular ýaly agras bolmaklykdyr we ýaşulularyň iň erbedi bolsa keýpi-sapanyň yzyna düşüp, edepsizlik edýändir.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir