ÝEDINJI BAP: ADAMLAR BILEN GOWY GATNAŞYKDA BOLMAKLYK BARADA — Emirleriň apaty edep-ekramsyz we wezirleriň apaty içigara bolmaklyklarydyr, esgerleriň apaty ýolbaşçylaryna garşy gitmekleridir we raýatlaryň apaty bolsa hökümdarlaryna boýun bolmazlyklarydyr, döwlet adamlarynyň apaty syýasaty gowy bilmesizligidir, alymlaryň apaty bolsa, özbaşdaklygy söýmekligidir, kazylaryň apaty tamakinçilikdir, adyl adamlaryň apaty bolsa takwalyk ýetmezçiligi we başdakylara ýaranjaňlygydyr, patyşalaryň apaty öz ýakyn goragçylarynyň hyýanatydyr we edermen kişileriň apaty bolsa gaýratsyzlykdyr, güýç-kuwwatly adamlaryň apaty bolsa garşydaşyny äsgermezlikdir, emma gujur-gaýratly adamlaryň apaty takdyrynyň erbet bolmagydyr, berimli, jomart kişileriň apaty bolsa minnet etmeklikdir we günä işlere meşgul bolýanlaryň apaty bolsa şol günäni gowy işdir diýip etmeklikleridir. — Iň gowy pikir gaýratlylykdyr, iň zyýanly duşman bolsa gapyllykdyr. — Öz gaýraty ýetip duran işleri etmeýänler kynçylyklara uçrar we öz garşydaşyna äşgär duşmançylyk eden kişi bolsa, her-hili hilelere sezewar bolar. — Adamlar kimiň şerinden aman bolsalar, ol kişi hem şol adamlaryň şerinden aman bolar. Kim özgelere ýagşylyk etse, özi hem sogap gazanar. Rehimdarlygy we mähremligi özüne ýol eden kişi mydama sag-salamat bolar. — Kimiň akyly gowşak bolsa, onuň duşmany güýçli bolar we kimiň edýän işleri erbet bolsa, ol işleri onuň öz başyna ýeter. — Ökünmeklik nadanlygyň alamatydyr, tejribe bolsa akyllylygyň. — Gam-gussa sabyr etmeklik adama täze pursatlary getirer. — Hak işleri garyşdyrmak akmaklygyň aşa bolmagynyň alamatydyr. — Azaşandan ýol-salgy almaklyk azaşmaklykdyr we ejiz adamdan ýardam islemeklik bolsa ryswaçylykdyr. — Nesihat ýa-da dogry ýol isläp geleni azaşdyrýan adamyň goňşusy az bolar. — Berekediň we rahatlygyň sebäbi bikärligi we işýakmazlygy azaltmakdyr. — Gyşaryp ýatmaklygy özüne adat edinen adam maksadyna ýetmez we öz başdakylaryna ýardam etmedik kişi bolsa duşman üstüni basanynda gapyllykdan oýanar. — Kimiň ýaltalygy uzaga çekse, arzuwlary hem puç bolar, kimde-kim öz-özüni ýetişdirmese, onuň töweregindäkileriň hem peýdasy degmez. — Eger para beriji razy bolup berse-de, ony alyjy günäkärdir. — Kim öz nebsi höwesine eýerse, onuň duşmanyna bolan gaýraty we garşylygy pese düşüp, onuň öňünde ejizlär. — Ejizligi äşgär bolanyň hormaty gaçar. — Gaýratlylyk bir sungatdyr, töwekgelçilik bolsa baýlykdyr. — Aman bolmaklygyň sebäbi adamlara bolan erbet gümany terk etmekdir. — Allatagalanyň beren näz-nygmatlaryny biderek ýere sarp etmeklik, gujur-gaýratynyň gitmekliginiň sebäbidir. — Öz mynasyp gadyryny bilmeýän adam, öz çenini hem bilmez. — Öz dostlaryň arasyny bozmak, ryswalygyň alamatydyr. — Edepli, edermen adamlary ýetişdirmek öňe gitmekligiň alamatydyr. — Duşmançylygyň esasy sebäbi bir adamyny äsgermezlikdir. — Kimiň Alladan gorkusy köp bolsa, onuň başynyň belasy az bolar. — Döwletiň ösmekliginiň alamatlarynyň esasysy her-hili kynçylyklara döz gelip, baş alyp çykmaklygydyr. — Başyňa düşen gam-gussany ýuwdup bilmeklik, geljegiň üçin bir pursat gazanmaklygyňdyr. — Ýolbaşçylyk islän adam ynsanlaryň arasyndaky syýasaty we gatnaşygy gowy bilmelidir. — Öz dostuň ahlagyny bozmaklyk, seniň bagtsyz bolmaklygyň açarydyr. — Buýrulan işi kemsiz ýerine ýetirmeklik, maksadyňa ýetmekdir. — Jogap bermäge howlugan adamyň dogry jogaby az bolar. — Ýurdy galdyryjy soltandyr. — Ätiýajyny elden berip, ony gijikdiren adamyň ýalňyşy we ökünji basym geler. — Akyl-paýhasy gowşak bolanyň duşmany güýçli bolar. — Her bir işinde howlukmaçlyk edýäniň, aýagy basym taýar. — Adamlar bilen gowy gatnaşyk gowy ahlaklylykdyr. — Ahlaksyz kişiniň dosty az bolar. — Adamlary özüne duşman tutmany gowy görýän adamyň garpyşan ýeri köp bolar. — Öz hojaýynyny äsgermeýän kişiniň duşmanyny ýeňmekligi kyn bolar. — Erbet işler edýän adam, erbetligine-de galar. — Ýagşylygy görüp, ondan peýdalanmaýan adam, elmydama ýamanlygyň içinde galar. — Akyl-paýhasy kem kişiniň büdrän ýeri köp bolar. — Özgelerden ybrat almaýan kişiniň ýalňyşy örän köp bolar. — Özünden ululary äsgermän, olaryň hormatyny hem saklamaýan kişiler duşmanyň gözüne hem ejiz we ryswa görner. — Syryny saklanyň işi ugruna bolar. — Bir adam nesihaty kabul etmek üçin ýüzüni saraltsa-da, bu biabraý bolup, ýüzügara bolmaklykdan gowudyr. — Syýasatly bolup, akyl-paýhas bilen özüni alyp barýan kişi illeri hem şonuň ýaly ýöretmeklige güýji ýeter. — Syýasaty we akyl-paýhasy gowy kişiniň döwleti egsilmez. — Eden işinde ätiýajy elden bermeýän adamyň işiniň netijesi hem gowy bolar. — Işini kemter edýän kişi, arzuwyna hem kemter ýeter. — Eger bir zat etmekligi niýet etseň, ony maslahatly et. Eger bir işe başlasaň welin, hökman onuň soňuna çyk, ony bitirmän taşlama. — Etjek işini gowy bilmän, oňa ýapyşan kişi duşmanyna ýal bolar. — Öňünde goýan maksadyna yhlas bilen ýapyşan kişi, iň soňy maksadyna ýeter. — Başlan işini kemsiz ýerine ýetirip bilmedik adamyň ynsanlaryň ýanynda hiç bir orny bolmaz. — Tejribä daýanyp edilmeýän iş soňunda gowy hasyl bermez. — Eden işinde gaýrat görkezmedik kişiniň işi puç bolup, garşydaşyna ýardam eden ýaly bolar. — Kimiň akyly garyşyk bolsa, ol kişi hiç bir zady elde ede bilmez, şonuň ýaly hem başlan işine çynlakaý topulmadyk kişi, iň soňunda özi zyýan çeker. — Başlan işini oňarjakdygyna ynam bilen ýapyşan kişi üstünlik gazanar, emma özüne ynamy bolmadyk kişi ökünip galar. — Her bir zada ybrat gözi bilen sereden adamyň ýalňyşy az bolar. — Her bir işini akyla we paýhasa görä eden kişi elmydama üstünlik gazanar. Berýän jogabyny oýlanyşykly berýän adam özgeleriň şerinden aman bolar. — Bir işe başlamazyňdan öňinçä, gowuja oýlanmaklyk ol işiň netijesini görkezer we ony özgeler bilen maslahatlaşyp etmeklik bolsa saňa üstünlik getirer. — Akyly kämil bolmadygyň işiniň soňy bozukdyr, ol hiç-haçan gowy netije bermez. — Her bir işinde tejribä daýanan adamyň işiniň soňy gowy bolar. — Çyny bilen ýapyşan adam garşydaşyndan üstün çykar. — Gaýratyna daýanan kişi myradyna ýeter. — Nadany ýoldaş tutunan kişi hiç-haçan aman bolmaz. — Köre daýanan dogry ýol tapmaz. — Bir işe çynlakaý ýapyşanlygyň alamaty onuň gowy netije bermekligidir. — Döwletiň güýçli bolmagynyň alamaty gapyllygyň az bolmagydyr, döwletiň dagamaklygy bolsa erbetlikleriň köpelmekligindendir. — Gapyl adamyň döwleti durmaz. — Malyny gysganan dostlaryny ýitirer. — Gysganç adam nesihatdan mahrum galar. — Ýol görkezýän akmak — nadan bolsa, şol ýola düşen heläk bolar. — Ätiýaçly ulanylan az mal, isrip edilip ulanylýan köp maldan ýagşydyr. — Akyllynyň gümany, nadanyň ynanjyndan ýagşydyr. — Hiç düzedilmeýän dogrudan, düzedip bolýan ýalňyş ýagşyrakdyr. — Geçen azajyk öwgi geljek köp käýinçden gowudyr. — Sabyrly bolmaklyk şer oduny öçürer. — Gowy görýän we isleýän zatlaryňa başyňa gelen her-hili kynçylyklara çydamak we sabyr etmek bilen ýetip bolýandyr. — Gazabyňdan gorkan ölümiňi dilär. — Senden ýagşylyk geljegine gözi ýeten adam, seniň häkimiýetiňe boýun bolar. — Urup düzedip bolmaýan adamyny mal berip düzedip bolar. — Gowy gatnaşyklar edip düzedip bolmaýan adamy gowy sowgatlar bilen düzedip bolar. — Eger jahyl nadana maslahat salsaň, ol saňa batyl, nädogry ýol salgy berer. — Nesihaty kabul edýän kişi her-hili erbetliklerden daşda bolar. — Kä wagtlar nadanlyk geçirimlilikden we goh-galmagal bolsa ýaraşykdan haýyrly bolýandyr. — Wagtyny ýerlikli ulanyp bilen adam pakyrlykdan aman bolar. — Öz deňini saýlan, bela-beterden we duşmançylykdan daş bolar. — Iň gowy zat ýagşy adamlary dost tutunmakdyr, iň erbet zat bolsa ýamanlar bilen gatnaşmakdyr. — Gowy halatynda galmak isleýän adam her-hili hilelerden daş durar. — Gomparyp men-menlik edýän kişi ýagşy işleri az eder. — Döwrüniň diňe ýeňil işlerine daýanyp, agyr günlerini ýadyna düşürmeýän adamyň öňünden kyn günlerem çykar. — Haýsy bir adam öz takdyrynyň islegine görä bolýandyr öýdüp, oňa aldanyp ýörse, ol adam ömürboýy synagdan geçiriler. — Özgeler üçin gapysyny ýapyp, olardan daş durýan adamyň başga kişilere bolan duşmançylygy artar. — Özgeleriň berýän maslahatyndan peýdalanýan adam iň soňy maksadyna ýeter, emma oňa ähmiýet bermeýän kişi özüni heläk eder. — Mylakatly bolan adam dost gazanar, keçjal adam bolsa mydama öküner ýörer. — Adamlaryň arasyndaky bolan söýgini we dostlugy köýdüren adam diňe öz ömrüni kül eder. — Iň erbet zat ýamanlar bilen oturyşmakdyr. — Kimde-kim hötjetlik edip, diňe öz diýenini tutup, özgeleriň diýenine ähmiýet bermese, ol adam azaşar we edýän işinden irer hem ryswa bolar. — Şu dünýäde ahyretiniň gamyny iýen, ol ýeriň gamyny iýmez. — Edýän işlerinde tejribesi az bolan adam aldanar, öz duşmanyny äsgermän, oňa ähmiýet bermeýän kişi bolsa ýeňiler. — Aýak basýan ýeriňe seret, seretmän basýan adam köp ýerde ökünmeli bolar. — Özüne degişli zatlary terk edýän adam özüne degişli bolmadyk zatlar bilen mübtela bolar. — Syýasaty dogry ýöretmän, onda kemçilik goýberen adamyň wezipesi hem kiçeler. — Akylly adamlardan kömek islän adam maksadyna ýetip, üstünlik gazanar. — Paýhasly adamlara maslahat salan kişi, dogry ýola düşer. — Hakykatdan daş düşen adamyň, ýalňyşy köp bolar. — Köp ýerlerde adama garşy gidýän kişi dogry we netijeli işlerden daşda bolar. — Adamlar bilen köp degşip, oýun edýän kişiniň haýbaty gider. — Haýsydyr bir adam duşmanyň bolsa-da, ony gaty ýigrenme, çünki, sen oňa öz ýanyňdan sögersiň we bir wagtam söersiň. — Kim wezirlige mynasyp bolmadyk kişini wezir etse, onuň mülküne howp-hatar abanar we kim dogruçyl bolmadyk hyýanatkäre maslahat salsa, ol hyýanatkär bu maslahat soran kişini ölüme tarap gönükdirer. — Ynamly bolmadyk kişä syryňy saklatsaň, ol seniň syryňy paş eder we iş görmedik adamdan ýardam isleseň welin, ol seniň öňki eden işleriňem puja çykarar. — Akylly adamy eliňden gidermeklik, akylsyzlygyň delilidir we akmak adamyny ýüze çykaryp, onuň bilen dostlaşmaklyk bolsa, aňrybaşy akmaklygyň alamatydyr. — Akmaklyga we nadanlyga endik eden adam akylyndan bizar bolan adamdyr. — Seniň hoş ahlaklylygyňa razy bolmadyk adam seniň erbet gylyklaryňa razy bolmaly bolar. — Öz erkini ýitiren adam hemme zadyny ýitirdigidir. — Öz gadyryny bilmeýän adam hiç zadyň gadyryny bilmez. — Özi üçin işlemedik adam özgeler üçin işlär, zähmet çekmekligiň kynçylygyna çydamadyk adam bolsa garyplygyň, ýoksuzlygyň kynçylygyna çydamaly bolar. — Men-menlik edip öwünmeklik iň soňunda adamy ejizledişi ýaly, özüne ybrat gözi bilen seretmekligem, ol adamy beýik mertebelere ýetirer. — Dostuna ýagşylyk we nesihat etmek islän kişi ony ýaman işlerden alyp galjak bolar, emma oňa ýamanlyk islän kişi ony ýolundan azaşdyrar. — Bir kişiniň syryny paş etmeklik, onuň hemme işlerini puja çykarmaklykdyr. — Iň ýaman görülýän zat şer işleri ýaýratmaklykdyr. — Bir adam üçin iň gowy nesihat ony erbet ýollardan alyp galmaklykdyr. — Iň gowy nesihat ýaraşmaklygy we parahatçylygy ündemekdir, iň ýaman hyýanat bolsa adamlary şer işlere gönükdirmekdir. — Kimde-kim toplan malyny gerekli bolan ýerinde sarp edip bilmän gysgançlyk edip ýörse, onda ol adamynyň özüne mal toplan gününi biderek ýere geçirip ýörenleriň hataryna girjekdigi gümansyzdyr. — Pikirleriň iň gowusy gerekli wagty orta atylyp, soňundan hem gaýgy-gussa sebäp bolmaýanydyr. — Duşmanyňy süýji söz bilen ýeňmeklik ony ömürboýy urşup ýeňmekden aňsatdyr. — Duşmanlaryň bilen ýaraşyp, olar bilen gatnaşmaklygyň dostlaryňy köpelder, dostlaryň bilen tersleşmeklik bolsa duşmanlaryňy köpelder we özüne gereginden artygyna göz dikmeýän adam bolsa il içinde gowy derejelere mynasyp bolar. — Wepadar adam — päk adamdyr. — Başa barmajak bir iş bilen meşgullanmak, biderek ýere özüňi kösemeklikdir. — Haýsy bir adam danalara maslahat salsa we ýakyn dostlarynyň nesihatyna görä, öz işlerini ýerine ýetirse, ol adam hiç-haçan günä işlere ýakynlaşmaz we oňa hiç bir adamynyň käýinji hem degmez. — Her bir işiňde adamkärçiligi gowy bolan dana kişilere daýan, şeýle hem goh-galmagal wagtynda rehimli, batyr kişileriň maslahatyny al. Çünki, dana kişi seni hyýanatkärlerden we ikiýüzli adamlardan gorar, emma geçirimli batyr kişi bolsa ýeňlip gaçmaklykdan gorar. Heran-haçan öz kelläňe gelenini etjek bolup, olaryň nesihatlaryny taşlamagynyň, çünki, beýle etmekligiň başyňy bela sokup, mülküňe howpuň abanmaklygyna getirer, şeýle hem maslahaty gije etmeklik pikirlenmek we ýat tutmaklyk üçin gowudyr. Gözüň ýetip duran akylly we gowy görýän adamlaryňa maslahat sal. Akylly adam gowy görünmese hemem bilmese, saňa maslahat bermez. — Haýsy bir patyşa öz egindeşleri we ýardamçylary bilen gowy gatnaşykda bolsa, onuň mülki we hökümdarlygy uzaga çeker, haýsy bir patyşa öz goşunyna we esgerlerine ýamanlyk etse, onda onuň öz duşmanlaryna we garşydaşlaryna ýagşylyk etdigidir. Haýsy bir patyşa öz hökümlerini we permanlaryny adyllyk bilen ýerine ýetirse, ol patyşanyň goşuna mätäçligi bolmaz we haýsy bir patyşa öz raýatyna zulum etse, onda ol öz mülküniň elinden gitmekligine ýardam etdigidir. Haýsy bir patyşa duşmanlaryna bolan ätiýajy elinden berse, onuň başynda duşmanyň, garşydaşlarynyň gylyjy oýnar we olaryň haýsy biri öz buýruklarynyň ýerine ýetirilşine doly gözegçilik edip durmasa, onda onuň mülki duşmanyň eline geçer we olaryň haýsy biri döwlet syrlarynyň üstüni açdyrsa, onda onuň duşmana garşy etjek hileleri başa barmaz we haýsy bir patyşa döwlet wezipelerini diňe gowy gören dostlaryna we ýakynlaryna berse, onda onuň häkimiýeti çaýkanyp, edýän işleri we syýasaty ugruna bolman başlar. — Haýsy bir patyşa iň gowy lezzetleriň we oýunlaryň keýpine düşüp, oňa gümra bolsa, onda ol duşmanlarynyň hemem garşydaşlarynyň hilelerinden aman bolmaz. — Haýsy bir patyşa eden işlerini diňe at gazanmak we men-menlik etmek üçin etse, onda ol patyşany akmaklaryň we akylsyzlaryň toparyna goşarlar. — Haýsy bir patyşa raýatlarynyň içinde erbet pyssy-pujurlygy we her-hili ýaman işleri ýaýradýan adamlaryň eminden gelip bilmese, onda onuň duşmanlary ol patyşanyň eminden gelerler. — Halkyna gowy seretmeýän we olaryň hallaryna göz aýlaman gününi geçirýän patyşanyň görjegi duşman gazaby we olaryň hilesidir. — Dört zat bolan ýerden patyşalyk gitmez: Dinine we ahlagyna bek bolmaklygy we ýurt parahatçylygy, eden işine ynam we başarjaňlyk bilen ýapyşmak hem başlan işini dowamly alyp barmaklyk. — Dört zat bolan ýerde patyşalyk durmaz: Weziriň hyýanaty, ätiýaçsyzlyk, erbet niýet we raýatyň zulmy. — Dört zat baky däldir: Haramdan ýygnalan mal, günä işlere sebäp bolýan mal, oýlanyşman gelnen netije we ýerliksiz sowrulýan mal. — Şu dört zady akylly adam islemez: Takdyrynyň erbet bolmagyny, duşmanyň nesihatyny, edep-ahlagyň ýok bolup gitmegini we erbet dosty. — Jahyl, nadan adam şu dört zatdan daşda däldir: Manysyz sözden, başlanyp doly gutarylmaýan işden, delilsiz duşmançylykdan we netijesiz çekeleşikden. — Dört zat yzyna gaýtmaýar: Aýdylan söz, atylan ok, ýazylan takdyr we geçen wagt. — Dört zat adamlaryň saňa bolan söýgüsini artdyrar: Güler ýüzlülik, berimlilik, agzybirligi islemek we ikiýüzlüligi terk etmeklik. — Dört zat jomartlygyň nyşanydyr: Eliňdäki zadyňy gysganman bermeklik, özgelere zyýan ýetirmezlik, il üçin eden ýagşylygyňy unutmak we aryň köen ýerinde geçirimlilik etmek. — Dört zat erbetligiň alamatydyr: Syry paş etmek, hyýanat etmek, kişiň gybatyny etmek we ýagşylyga ýamanlyk etmek. — Dört zat imanlylygyň alamatydyr: Günä işlerden daş durmak, Allanyň beren rysgyna razy bolmak, diliňi saklamak we oňardygyňdan ýagşylyk etmek. — Dört zat ikiýüzlüligiň alamatydyr: Dinini gowşak tutmaklyk, köp hyýanat etmeklik, dostlaryňy aldamaklyk we beren wadaňda tapylmazlyk. — Dört zat dört zadyň alamatydyr: Günäden daş durmaklyk dindarlygyň, gowy görmeklik amanatdarlygyň, dymmaklyk akyllylygyň we adyllyk bolsa hormatyň alamatlarydyr. — Dört zat dört zatdan döreýändir: Mal diýip el serip ýörmeklik özüni hiç sylamazlykdan, durmuşda yza galmaklyk gysgançlykdan, gödeklik nadanlykdan we ýalan sözlemek bolsa hyýanatkärlikden ýüze çykýandyr. — Dört zadyň sebäbi dört zatdadyr: Ökünmekligiň sebäbi nadanlyk, jahyllykdany, ýalňyşmaklyk gapyllykdan, eden işiň netijesiz bolmaklygy howlukmaçlykdan, ýadawlyk bolsa irginlikden ýüze çykýandyr. — Dört zat dört zatdan döreýändir: Şer işler oýun edişmekden, gahar biri-biriň ýüzüni almakdan, ýigrenç agzalalykdan we kemçilik bolsa äsgermezlikden ýüze çykýandyr. — Dört zat dört zady giderer: Her bir nygmatyň Allatagaladan gelýändigini inkär etmek nygmaty giderer, duşmançylyk güýji giderer, gapyllyk başyňdaky döwleti giderer, ulumsylyk we men-menlik bolsa adamlaryň arasyndaky sylag-hormatyňy giderer. — Dört zat bilen dört zada ýetilýär: Akyl bilen ýolbaşçylyga, pikir bilen dogry syýasata, ylym bilen öňdebaryjylyga, gowy adamkärçilik bilen bolda abraýa ýetilýär. — Dört topar adam başga bir dört topar adamlara deň bolmazlar: Erbet adam gowy adama, akmak adam dana kişä, günä işleri edýän adam tämiz, arassa, dogruçyl adama we zalym adam bolsa ynsaply adama deň bolmaz. — Dört zat dört zada ýetirer: Dymmaklyk we az gürlemeklik salamata,  ýagşylyk hormata, berimlilik ýolbaşçylyga we şükür bolsa nygmatyň artmagyna getirer. — Dört sany adam dört zatdan daş durar: Akylly, özüne erk edýän adam ýamanlykdan, ýagşylygy gowy görýän adam şugullykdan we gep gatnatmakdan, jomart hyýanatdan, dana gahar-gazapdan daş durarlar. — Dört topar adam dört zat bilen bilinýändir: Ýazyjy kitaby bilen, alym jogaby bilen, jomart edýän işi bilen, rehimli adam bolsa ätiýaçlylygy bilen bilnerler. — Dört zat pähimlilige delalat edýär: Dogryny saýlap bilmeklik, özüňi gowy gylyk-häsiýetler bilen görkezmek, köp pikir etmeklik we syr saklap bilmeklik pähimliligiň alamatydyr. — Dört zat erbetligiň alamatydyr: Ýaman işlere gümra bolmaklyk, malyňy erbet ýere sarp etmeklik, edýän işiňe ähmiýet bermezlik we köp men-menlik etmeklik. — Dört zat akyllylygyň alamatydyr: Ylmy söýmeklik, gowy adamkärçilik,  dogry jogap bermeklik we edýän işleriňi dogry etmeklik. — Dört zat parasatlylyga delildir: Köp gam-gussa çekmezlik, wagtyňy peýdaly ýere ulanyp bilmeklik, öňden görüjilik we duşmanyň emini tapyp bilmeklik. — Dört zat akmaklygyň delilidir: Duşmanyny tanamazlyk we geljek durmuşynyň pikirini etmezlik, dostlary bilen sowukganly bolmaklyk we soltana garşy çykmaklyk. — Dört zat dört zada ýetirer: Sabyr gowy görýän zadyňa ýetirer, eden işiňi çynlakaý etmeklik arzuwyňa ýetirer, iliň elindäkä göz dikmezlik takwalyga ýetirer, kanagat bolsa baýlyga ýetirer.  — Dört zat dört zatdan gorar: Günäden daş durmaklyk haramdan gorar, ylym günäden gorar, adamkärçilik zulumdan gorar we dindarlyk şerden gorar. — Dört zat dört zat bilen kämil bolýandyr: Ylym akyl bilen, din takwalyk bilen, amal ýagşy niýet bilen, abraý hem hormat bilen kämil bolýandyr. — Dört zat dört zatdan aýrylmaýar: Raýatlar syýasatdan, goşun baştutandan, dogry pikir maslahatdan, hyjuw hem oýlanyşmadan aýrylýan däldir.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir