ALTYNJY BAP: GOWY DURMUŞDA ÝAŞAMAGYŇ SYRLARY BARADA —  Gowy häkim bilen halk bagta ýeter, adyllyk bilen bolsa olaryň ýüreklerine soltan bolnar. — Haýsy bir soltan adyllyk bilen häkimlik etse, köp işlerinde adamlara mätäç bolmaz. — Zalymlyk nygmaty gidirýändir, nähak ynjytmak bolsa adamlaryň saňa bolan duşmançylygyny köpeldýändir. — Iň gowy we Allaha ýakyn bolan zat zulum edeni bagyşlap bilmeklikdir, iň ötgür ok bolsa mazlumyň dogasydyr. — Erbetlik we ýaman işler bilen daňyny atyran kişi ýamanlyk we ejizlik bilen gününi batyrar. — Duşmanyny köpelden adam her hili bela-beterleriň abanmagyndan aman bolmaz. Emma ýagşylygy özüne adat eden bolsa, her hili nygmatlardan daşda bolmaz. — Kişiniň adamkärçiligi erbet bolsa, hiç haçan aman bolmaz, kimiň ýüregi tämiz bolsa hiç-haçan adamdan gorkmaz. — Köp duşmançylyk edeniň häkimiýeti elinden basym gider. — Il-halka duşmançylyk etmeklik çagalaryňa zulum etmeklikdir we kişiň hakyny iýmeklik bolsa, öz duşmanyňa ýardam etmeklikdir. Erbet niýet bilen atylan ok öz eýesine deger. Edebi-ahlagy erbet bolanyň durmuşy hem erbet bolar. — Zulumy we duşmançylygy artan kişiniň ölüminiň we heläk bolmaklygynyň ýakynlaşdygydyr. — Özüňe zulum etmeklik özgelere zulum etmeklikdir, özgelere zulum etmeklik bolsa özüňe zulum etmeklikdir. — Ýamanlyk etmeklik ajalyň habarçysydyr, ýagşylyk bolsa her-hili umytlaryň buşlukçysydyr. — Ýamanlyk etmeklik üstüňe belany satyn almaklykdyr, ýagşylyk etmeklik bolsa, sylag-hormaty we her hili alkyşlary gazanmaklykdyr. — Boýun alan erbet işini taşlap oňa kefferat bermeklik ol işi ýerine ýetirip şükür etmeklikden gowudyr. — Kim ýagşylyk etse, özüne edýär we kim ýamanlyk etse, öz janyna kast edýär. — Nähak ýere zulumy artan adamyň duşmany artar. — Emirine ýamanlyk edýän kişiniň heläk bolmaklygy daş däldir. — Öz raýatyna zulum edýän soltan zamanasynyň iň zalymydyr. — Adamlaryň iň erbedi zalyma ýardam edip, mazlumy kemsidýänleridir. — Haktagala meýil eden adama halk hem meýil eder. Hak bilen bolan halkdan üstün bolar. — Betpäl kişi hiç wagt aman bolmaz. — Kim dosty üçin çukur gazsa, oňa ilki özi düşer. — Niýetini erbet zatlara baglan kişi öz-özüni heläk eder. — Dostunyň syrlaryny paş etmeýän kişiniň Allatagala hem erbet syrlaryny paş etmän, müdimilik gizläp saklar. — Zalym bolan hökümdarlary Allatagala öz zulumlary bilen heläk eder. — Kimiň adaty zulum etmeklik bolsa, ol adamynyň ajalynyň ýakynlaşdygydyr. — Kimiň niýeti erbet bolsa, ol adamyň eden işleri hem ýigreniler. — Özgelere hiç bir ähmiýet bermeýän adamyň hormaty hem az bolar. — Kim dostuna zulum etse, onuň eden zulumy öz başyna ýeter.   — Allatagalany aldap, mekirlik etmek islän adamyň özi aldanar, hakykata garşy çykyp, onuň bilen göreşmek islän kişi bolsa elmydama ondan asgyn geler. — Akyl-paýhasa garşy gelýän bir ýaman işi etmeklik akylyň ýok bolup gitmegine sebäp bolýandyr. —  Mazluma ýardam eden kişiniň abraýy artar, emma zalyma ýardam edeniň bolsa hemme ýagşy sogap işleri puja çykar. Beýik soltan bolup halka sütem etse, onuň il içindäki mertebesi peseler  we haýsy bir adam eden ýagşylygyna minnet etse, ony ýamanlyk bilen gaçyrdygydyr. — Öz hojaýynyna betpällik eden kişi olaryň gahar-gazabyna duçar bolar. — Öz maşgalasyna gysgançlyk edýän kişiden başgalar üçin hem zady umyt etmäň, ýamanlyk edýän kişiden bolsa hiç hili ýagşylyga garaşmaň. — Patyşalyk döwrüni adyllyk bilen ýöredýän soltan her hili bela-beterlerden aman bolar. — Öz soltanyny gowy görýän kişi oňa duşmançylygyny az eder. — Ýetime zulum etmeklik öz perzentleriňe zulum eden ýalydyr. Dinini dogry tutmadyk adamyň hem ömrüni biderek ýere köýdürdigidir. — Özüni gowy görýän adam günäden daş durar, çagalaryny gowy görýän adam bolsa ýetimlere rehim eder. — Patyşalaryň iň gowusy ýagşy niýetli, il bähbitli işleri edip, halkyna we gullukçylaryna adyllyk bilen höküm edýändir. — Kim zalymlyk bilen gylyjyny gynyndan çykarsa, gylyjynyň keseni onuň öz kellesi bolar. Kimde-kim täze bir şer işi döretse, ol ilki öz ýakasyndan iner.  — Iň erbet zat häkimleriň rehimsiz, kazylaryň zalym, syýasatçylaryň bolsa gapyl we il içinde hormatly adamlaryň bolsa edepsiz bolmaklyklarydyr. — Wezipeli adamlara ýakynlaşmak islemeklik ol adamyň niýetiniň bozuklygynyň alamtydyr. Zalymlygy özüne adat edinen adam maksadyna ýetmez, hakykaty özüne adat edinen adamynyň bolsa geljek durmuşy gowy bolar. — Arabozarlyk etmek ýaman işdir, adamlaryň arasynda gep gatnatmak bolsa erbet häsiýetdir. Bu ikisi her bir şeriň asly, hyýanatyň hem başydyr. Bu iki häsiýetden we ony edýän kişilerden daş duruň. — Ybrata, wagyz-nesihata ähmiýet bermeýän adam hiç haçan rehmete we sylag- hormata ýetmez. — Bir adam tä öz edýän ýalňyş işlerini azaldýança adamlaryň ýumrugyndan gaçyp gutulyp bilmez. — Bezegiň gowusy şükür we gazanjyň gowusy bolsa alkyşdyr. — Hazynanyň gowusy gizlinlikde edilen alkyşdyr we iň gowy eşik bolsa köp şükürlilikdir. — Iň gowy ýardamçy wepaly dogandyr we iň peýdaly mal bolsa halal zähmet bilen ugruny bilip gazanylan maldyr. — Erbet soltan halkyny gorkuzar, her hili erbet işleri paş eder, iň erbet ýurt bolsa ýaman adamlaryň üýşýän ýeridir, erbet perzent bolsa ýaman işlere ýardam edip, abraýyňy döker, erbet goňşy bolsa syryňy we aýbyňy paş edýändir. — Iň ýaman adam bir zady hak eýesinden alyp, nähak ýere sarp edýän kişidir. — Zulum edeniň başyna zulumy, mekirlik edeniň başyna bolsa mekirligi ýetýändir. — Zulum edeni üçin öwlen adam aldandygydyr we erbet işi üçin  şükür etmek bolsa öz nebsiňi aldadyp ony jadylamakdyr. — Patyşalaryň iň gowy sypaty özüniň gowy gören zadyny halkyna-da gowy görmekligidir. — Her gijede öňki eden günä işlerini täzeden gaýtalap durmaklyk erbetligiň alamatydyr. — Adam eden işine we galdyryp giden yzyna görä tanalýandyr. — Sözleriň erbedi özgeleriň igenjine sebäp bolýanydyr we işleriň erbedi bolsa olaryň käýinjine sebäp bolýanydyr. — Haramy halal etmeklik iň erbet hökümdir, yslama garşy gelýän pikir bolsa iň erbet pikirdir. Şonuň üçin hökümiň hakykaty dogry bolsun we pikiriň hem yslama we dogruçyllyga gabat gelsin. — Hakykat iň gowy ýardamçydyr we dogruçyllyk bolsa iň gowy dost. Ejize rehim etmedik adamdan Allatagala rehmetini üzer we oňa zulum  edeniň bolsa Allatagala güýç kuwwatyny giderer. — Adyllyk Allatagalanyň adamlaryň arasynda goýan terezisidir. Ol terezi Allatagalanyň  mülkünde hiç wagt nädogry işlemez, ol adalatlylyga ýetmeklik üçin takwalygy  we tamakin bolmasyzlygy özüňe ýörelge edin. — Ýagşy edepli, ahlakly adamynyň hyzmatyny etmeklik hökmanydyr, biýedebiň  bolsa il içinde hormaty gider. — Duşmany köp adamynyň elinde häkimeti köp durmaz. — Adyl bolanyň gadyr-gymmaty artar. — Zalymyň ömri gysga bolar. — Hiç-haçan duşmançylyk etmeginiň, ýogsam duşmançylyk bir topar ärleri ýykýandyr we ömrüň soňuna basym ýetirýändir. — Ýaman işlerine guwanýan adam öz durmuşynda ýaman günlere sezewar bolar. — Kim hakykaty pese düşürse we ony kemsitse, batyl işler ol kişini heläk eder. — Bir kişiniň ýardamy üçin bar güýjüňi we baýlygyňy sarp edeniňden soň, kiçijek eden zulumyň üçin seni şikaýat etmekligi gör nähili erbetdir. — Akylly adamda zulum galmaz, adyl adamynyň bolsa hökümi ýerde ýatmaz. — Zulumyň gitmekligi haýyry getirer, adyllylyk bilen höküm etmeklik bolsa durmuşyňy gowular. — Dünúe baýlygy üçin diniňi sarp etmeginiň. Emma diniň üçin dünúe malynyň bahasy ýokdur. — Dünýäni ahyretiňi goramak üçin ulangynyň. Ýöne ahyretiňi dünýäňi goramak üçin ulanmagynyň. — Iň güýçli goşun adyllykdyr, iň gowy ýaşaýyş bolsa amanlyk we parahatçylykdyr. — Adamlara ýagşylyk eden ýagşylyk gazanar we adamlara zulum eden bolsa ökünç gazanar. — Duşmançylyk eden ökünç orar. — Dinini we edebini bek tutýan adamyny özüňe duşman tutma we hakykata ýapyşýan adamdan hem üstün çykjak bolma. Bulary duşman tutan kişi hökman ýeňiler. — Din döwletiň galasy, şükür nygmatyň goragçysy we munuň ýaly nygmat hem hergiz eliňden gitmez. — Allaha daýanýan we onuň pygamberiniň sünnetini ýerine ýetirýän adamy goramak hem hormatlamak hökmanydyr hem onuň gany we mal-mülki özgeler üçin halaldyr. — Özüňden öňki geçenlerden görelde al we senden soňky geljeklere hem erbet görelde bolma. — Arzuw-hyýallaryňy azalt. Ömür gysgadyr we edep-ekramyňy gowula. Ýol ýakyndyr, alymlary hem dana paýhaslylary ýeňil tutma. Kim olary har tutup, olary sylamasa, onuň akmaklygynyň we akylynyň ýoklugynyň delilidir. — Adyllyk etmek, baýa-garyba hemmesine deň höküm etmeklik gowulygyň, adyllygyň alamatydyr. Emma kim öz raýatyna höküminde zulum etse, ol öz raýatyny zaýaladygydyr we öz raýatyna häkimligini elinden giderdigidir. — Beýik adamlara ýakynlaşyp, ejiz adamlaryň hajatyny bitirmeklik dostlugyň alamatydyr. — Takwa bol, çünki, ol baýlygyň habarçysydyr, tamakin bolma, çünki, ol seni heläk eder. — Her bir işiňi sabyrlylyk bilen ýerine ýetir we gazanjyňy özüňki däl ýaly görüp oňa känbir köňül baglama. — Saňa boýun bolmaklyklaryny we sen hakda diňe gowy zatlary gürlemekliklerini isleseň, ýurduňy ösdürip, onda binalar gur we islän adamyňa jomartlyk bilen sowgatlar ber, gowy arzuwlaryňdan hiç dönme hem gowy niýetli bol hemem goşunlaryň we raýatlaryň bilen adalatly bol. — Pasyk we şerçi adamlardan daş dur. Beýle etmeklik adamlaryň saňa bolan söýgüsini artdyrar we emriňe boýun bolarlar. — Iller seniň şeriňden aman bolýançalar, sen olaryň şerinden aman bolmaklygy umyt etme. Şonuň ýaly hem seniň özüň olary söýýänçäň, olaryň seni söýmekligine garaşma. — Öz edýän günä işleriňi başga biri edende, oňa gaharlanyp käýinmegin. — Senden öňki geçenleri ýatla-da, şu wagtky adamlardan ybrat al. Beýle etmeklik seniň at-abraýyňy artdyryp, akylyňy kämilleşdirer. — Haýsy bir kişi zulum atyna atlansa, adamlar ol kişiniň elinden döwletiniň gitmegini islärler we haýsy bir adam ulumsylyk donuny geýse, adamlar onuň il içinde ryswa bolmagyny islärler. — Bir adam illere peýdaly bolsun diýip mal toplasa, adamlar ony gowy görüp, oňa boýun bolarlar. Emma diňe öz nebsi üçin toplan adama bolsa ynsanlar erbet göz bilen gararlar. — Ýagşy işlerde adamlar dört topardyrlar: olaryň käbirleri başdan başlap ýagşylygy söýýärler we käbirleri bolsa başgalara eýerip ýagşylyk edýärler, käbirleri bolsa nesip etmän, mahrum bolup, ýagşylyk edip bilmeýärler we käbirleri bolsa ýagşylyk etmäni halaman terk edýärler. Emma başdan başlap ýagşylygy söýýänler kerim jomart adamlardyr, başgalara eýerip ýagşylyk edýänler bolsa paýhasly dana kişilerdir, mahrum bolup ýagşylyk edip bilmeýänler bolsa erbet bagtsyz kişidir, emma bilgeşleýin ýagşylygy terk edýänler bolsa adamyň erbedi we bideregidir. Biderek adam bolsa özgeleriň hormatynam saklamaz, nygmata-da şükür etmez, hyýanatdanam gaýtmaz we amanat diýlen zadam bilmez. Sen hem munuň ýaly endikli adama hiç guwanma. Eger patyşalar öz mülklerini geçirimliligiň üstünde gursalar we ony akyl bilen ýöretseler hem elmydama şüküri özlerine hemra edinseler we peýdaly işleri etmekligi bolsa özlerine adat edinseler, beýik Allatagala hem olaryň häkimetine ýardam eder we onuň duşmanlaryny ejizleder hem olaryň geljegini gowulap, özgeleriň şerinden aman saklar. — Zulum etmekligiň gowy işleri adyllylyk bilen etmekligiňden köp bolmasyn we zalym häkimiýeti islemekligiň bolsa adyl häkimiýetliligiňden köp bolmasyn, her bir hökümiňde adyl bol we Allatagala seni saýlap häkim edenligi üçin elmydama şükür et. Seniň beýle bolmaklygyň seni Allatagalanyň ýardamyna we adamlaryň hem söýgüsine mynasyp eder. — Patyşalaryň öz nebsini düzetmekleri halkyny düzetmeklikden has zerurdyr we onuň peýdasy has gowudyr. Çünki ol özüni gowulasa, halkam gowular we köp-köp alkyş-sogaplarda galar. — Soltanlar Allatagalanyň ýerdäki wekilleri we onuň dinini hem parzlaryny goraýjylarydyr. Olary Allatagala ýörite adamlaryň arasyndan ýagşylyk etmek üçin saýlandyr we öz ýerdäki soltanlygyna şärik edip, Allatagalanyň dinini ýaýratmak üçin wezipe berendir, eger olar Allatagalanyň buýruklaryna boýun bolsalar, olary Allatagala duşmanlaryndan üstün çykarar. Emma eger Allatagalanyň diýenini etmän, onuň ýanynda günäkär bolsalar, olary öz nebislerine gümrä bolup geçer ýaly edip dürli azaplara sezewar eder. — Soltanlar adamlar üçin her bir işlerinde eýerilýän ymam ýaly we ýol görkeziji dini görelde ýalydyrlar. Eger olaryň biri zulum edäýseler, hiç kim onuň zulumyndan aman galmaz we eger olar adyllyk bilen höküm süräýseler welin, hiç kim zulum diýlen zadyň golaýyna gelip bilmezler. — Kabul bolmaga iň ýakyn dogalaryň biri halkyna nesihat ediji soltanyň dogasydyr we iň gowy sogaply ýagşylyk bolsa Allatagalanyň et diýenine görä buýrup, etme diýenine görä hem gaýtaryp duran soltanyň buýruklary we nesihatlarydyr. — Kim Allatagala üçin öz nebsini terbiýelese, onuň raýaty hem düzüw bolarlar. Kim Allatagalanyň buýruklaryna, etme diýenlerine boýun bolsa, adamlaryň ol soltana boýun bolmaklary hökmanydyr. Kim Allatagalanyň beýikligi üçin pespällik etse, adamlar hem onuň öňünde baş egerler. Şonuň ýaly hem Allatagaladan ýardam isläp, oňa töwekgel etse, ol kişä her bir kynçylyklar asan bolar. — Allatagala ýaradan zatlarynyň öz borjuny ýerine ýetirmeýänlerinden razy bolmaz. Allatagalanyň haky hem onuň nygmatlaryna şükür etmek, ymmata nesihat etmek, il bähbitli işleri etmek  we onuň şerigatyny mäkäm tutmaklykdyr. Allatagala kimden närazy bolsa, ol Allatagalanyň gaharyny getirer. Onuň gaharyny getiren adamdan bolsa Allatagala hemme nygmatlary aýryp, onuň ýerine her hili bela-beterleri we kynçylyklary berer. — Kimde-kim gününi bir adamyň hajatyny bitirmek üçin, ýa-da parz bolan ybadatyny etmek bilen, ýa-da bir sogap iş etmek bilen ýa-da adamlaryň öwgüsine mynasyp boljak bir zady döretmek bilen ýa-da bolmanda ylym öwrenmek bilen geçirmese, ol adam şo gününi biderek ýere giderip, özüne zulum etdigidir. — Günüňi peýdasyz zatlara we malyňy bolsa ýerliksiz ýerlere sarp etme. Ömrüňi peýdasyz ýere sarp eder ýaly uzyn däldir we malyň hem ýerliksiz sarp eder ýaly köp däldir, akylly adam peýdasy, haýry degmeýän ýere gününi sarp etmez we malyny hem sogaby ýetmeýän ýere harçlamaz. — Hakyky şükür Allatagalanyň saňa ýazan takdyryna boýun bolmaklykdyr, bu bolsa Allanyň saňa beren artykmaçlygydyr, ýogsam, ol ömrüň uzyn bolmaklygy bilen gazanylýan zat däldir. — Ömrüňi dört bölege bölgün: bir güni Allatagala ýagşy ybadat et, başga bir günüňi Allatagalanyň beren nygmatlaryna şükür et, başga bir güni bolsa ybratly we öwüt-ündewli zatlara sarp et, iň soňky günüňi bolsa il-halka peýdaly gowy işler bilen geçir. — Haýsy bir kişiniň adamlaryň ýanynda häkimlik wezipesi we syýasy mertebesi bolsa, ol adam öz wezipesiniň we mertebesiniň müdimilik we dininde we dünýäsinde şat bolmaklary üçin olaryň halk bilen gowy gatnaşykda we ýagşy ahlakly bolmaklary hökmandyr. — Haýsy bir adamy Allatagala ýurduň amanadyna, adamlaryň ykbalyna gözegçi edip, oňa mal-mülk, soltanlyk hem her-hili derejeler, malyna bereket berse, ol adamyň amanady ýerine ýetirmesi, dinine mäkäm ýapyşmasy, adamlar bilen gowy gatnaşykda, adyl bolmaklygy we sogap gazanmaklygy özüne destur edinmesi hökmanydyr. — Zalymlyk aýagyňy dogry ýoldan azaşdyrar we nygmatlaryň senden gitmegine, başyňa her-hili bela-beterleriň gelmegine we adamlaryň heläk bolmaklygyna getirer. — Seniň gowy adamdygyňa ynanyp, saňa wepadarlyk bilen dostluk elini uzadan adama garaşyk edip, özi ýaly bolup, oňa wepaly bolmaklygy unutma. — Haýsy bir adam öz wagtyny saňa hyzmat etmeklik we wepadarlyk bilen geçirse, sen hem ol adama eliňden geldigiçe kömek edip, hal-ýagdaýyny sorap, ölenden soňam oňa wepaly bolmaklygyň hökmanydyr. — Wepadar adam hyýanatkär adamyň edenini edip, onuň ýoly bilen ýöräp, eden ybadatlaryny puja çykarmak islemez. — Öz goşunyňa gowy mallar we ýörite gözegçiligiň bilen seret. Çünki, olar watany her-hili kynçylyklardan we duşmanlardan goraýjylardyrlar. Haçan-da soltanyň we goşunlaryň gylyçlary bir ýerden çykanda, ol ýerde duşmanlar görülmez we ýurt hem gün-günden parlap ösmäge başlar hem-de adamlaryň eden işleri ugruna bolup başlar. Öz raýatyň ejizlerine ýardam edip, garyplarynyň hajatyny bitirseň we bir zadyň hajatlary bolanyny bilseň, ony soramaga barsaň we olary keselli wagtlary synap görüp, wepalylaryna uruş wagtynda batyrlyk görkezip, güýç-kuwwatyň adam sanynyň köplüginde däl-de, ýarag-esbabyň we wepalylygyň netijesinde ýeňiş gazanylýandygyny ynandyrsaň we olardan biri watan üçin şehit bolsa, onuň hormatyny saklap, ony ýatdan çykarylmasa, şeýle hem onuň maşgalasyna göz bolup, ady unudylmasa, gaýtam watanyň ar-namysy we baýdagy üçin janyny pida edenligi ýatlanyp dursa, özgeleriniň hem watan hyzmatyna höwesleriniň artmagyna we janlaryny onuň üçin pida etmeklerine hem döwletiň üstünlik gazanmagyna getirer.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir