BÄŞINJI BAP: ÝAGŞY GYLYK-HÄSIÝETLER BARADA — Iň gowy baýlyk adamy özüňe bent edip, ýagşy işlere sowulýanydyr, iň gowy iş bolsa Allanyň edenine şükür etmeklik bilen adamlara peýdaly işlerdir. Eger bir zada käýinseň hem öte geçme, eger janyň sag bolsa hem onuň şeýle dowam etmegini Alladan dile. — Gaýratyň beýik bolsun, hormatly adamlaryň hataryna goşularsyň. — Bir adamyň hajatyny bitirmek aňrybaş hormatdyr. — Allanyň edenine şükür etmeklik oňa ýakynlaşmanyň iň golaý ýoludyr. — Allatagalanyň beren nygmatlaryny eli açyklyk we jomartlyk bilen ile ýetirmeklik ol nygmatlaryň ýok bolup gitmeginiň öňüni alar. — Nebsini öldüren adamyň at-abraýy direler. — Däp-dessura hormat goýsaň, bela-beterden daş borsuň. — Köp ýagşylyk edeniň uzak wagtlap ady dillerden düşmez, kimiň tanşy köp bolsa dosty hem köp bolar. — Saňa ýüzlenip, senden ýardam islän adama ýardam etmeklik parzdyr. — Toba etmegi kabul etmeýän adamyň etmişi köpeler we bir kişiniň tobasyny kabul etmeýän adamyň bolsa günäsi köpeler. — Köpe eçilen adam hormatyň, şükür eden adam bolsa nygmatyň artmagynyň eýesi bolar. — Iň gowy geçirimlilik güýjüň ýetip durka geçirmeklik etmek we iň aňry başy berimlilik bolsa kyn günüňde eçilmekdir. — Adamlar bilen gowy, süýji gatnaşykda bolup, olary öz gününe goý. Olaram seniň bilen süýji gatnaşykda bolup, saňa zyýanlary ýetmez ýaly. — Gowy bolmaklyk gowulara meňzemekdir, erbet bolmaklyk bolsa erbetlige meňzemeklikdir. — Iň erbet zat hünärsizlikdir. — Goňşusyny ynjytmak öz ata-babasynyň erbetligini ýüze çykarmaklykdyr. — Kim hüşgärligini elden berse, ökünen ýeri köp bolar. — Kim öz hojaýynyna gowy hyzmat etse, oňa-da gowy hyzmat ediler. — Iň gowy häsiýet ýagşy adamlara hyzmat etmekdir. — Goňşusyna ezúet beren adam hiç-haçan hormata mynasyp bolmaz. Şonuň ýaly hem dogan-garyndaşyna erbetlik eden hem hiç-haçan bagtly bolmaz. — Adamlaryň seni gowy görmekleriniň alamaty seniň bilen mylaýym gürleşmeklikleri, seniň ahlagyň gowulygynyň alamaty bolsa niýetiň gowulanmaklygydyr. — Özüňi gowy görmeklik we elmydama öz diýeniňi dogry hasaplamak nebsiňi läliksiretmekdir. — Hakyky dost-doganlyk bagtlylygyň açarydyr. — Jomart adam mähriban we gowy adam bolsa, ýagşy ahlakly, mylakatly bolar. — Ýalançylyk adaty bereketi düýbünden ýok edýändir. — Bergiňi erte-birigün bererin diýip gijikdirmek bermejekligiň bir alamatydyr we umytsyzlyk bolsa erbetligiň bir görnüşidir. — Kim ýagşylyga, baýlyga şükür etse, ýoksulluga uçramaz. — Allaha şükür etmeklik at-abraýa ýetirer, öz emirleriňi hormatlamak bolsa dogruçyllyk bilendir we özüňden ejizleri hormatlamak bolsa sylag-hormata ýetirer. — Elmydama şükür edýäniň baýlygy kemelmez. — Berimliligiň iň gowusy soralmaka bermeklikdir. — Iň gowy ýagşylyk öz dost-ýarlaryňa ýagşylyk etmeklikdir. — Sowgat bermek üçin iň mynasyp adam az dilegçilik edýän adamdyr. — Aňrybaşy jomart diýip gysganman berene diýler. — Iň ýagşy söz dogry sözdür. — Kimiň niýeti gowy bolsa, edýän işem şonuň ýaly gowy bolar we adamlaryň arasynda hem söýüler. — Adaty edip ýören ýagşylygyny kemelden adamyň il içinde hormaty gaçar. — Ýagşylygyny keseniň öwgüsi kesiler we jomartlygyny kesen adamyň hormaty kemeler. — Ryýadan daş duran, gybatdan daş durar. — Çyn toba kyýamat azabyny ýok eder. — Gowy niýet sogap getirer. Erbet zatlar bilen saňa ýüzlenen adama hem mylakatlylyk bilen garşylyk görkez. — Malyňy özüň üçin gysgansaň hem, toýuňda ilden gysganma. — Eger bir ýagşylyk etseň hem, ony ryýa üçin etme-de ýaşyryn et. — Jomarda golaý oturan ýoksul bolmaz, nadana golaý oturan hem ýaýnamaz. — Adamyň wezipesi artdygyça adamkärçiligi peselmek bilendir. — Asly tämiz adamyň işi hem päkdir. — Üstüne gelen nygmatyň gadyryny bilmeýän adam sogap işlerden hem kör ýalydyr. — Allatagalanyň gözel sungatyny görüp bilmeýän adam elmydama erbet durmuşda ýaşar. — Daş-töweregindäki nygmatdan peýdalanyp bilmeýän adam elmydama gahar-gazapda ýaşap ýörmeklige mynasyp bolar. — Bir kişä beren sowgady üçin minnet etmek onuň şükürini, bir ýagşy işi üçin tekepbirlik etmek  onuň sogabyny gidirer. — Özüne erbet gylyk-häsiýetleri mynasyp gören adam öz aslynyň erbetligini boýun aldygydyr. Erbet ahlaklylyga razy bolan adam adamlaryň käýinjine razy boldugydyr. — Beren sowgadyňy yzyna almaklyk erbetligiň aňrybaşydyr. — Myhmany üçin gapysyny ýapan adamyň edebine we ahlagyna dil ýeter. — Özi üçin ýagşylyk etmekden gysganan adamdan özgeler üçin jomartlyga garaşma. — Özüni edepli-ekramly tanadan adam, ata-enesiniň hormatyny ýüze çykarar. — Kişiniň malyna göz dikmelik amanata hyýanat etmeligiň alamatydyr. — Gaýratly, edermen kişi adamlaryň gözüne hem beýik görner. — Malyny ýerlikli sarp eden adam geljegine kepil bolup biler. — Garyplykdan gorkan adam malyny özüne siňdir. — Sahylyk bilen elini açan adama ynsanlaryň öwgüsi saçylar. — Bir kişiniň gaýraty artdygyça onuň gadyry hem artar. — Ýagşy ahlaklynyň ryzky kemelmez, emma ahlaksyzyň bolsa elmydama ryzky kem bolar. — Akmaga jogap bermeklik akmaklygyň, ondan ýüz öwürmek bolsa danalygyň alamatydyr. — Kemakyl bilen dilini deňäp dawalaşana kemakyl, ondan sowulyp geçene bolsa dana diýerler. — Hak sözi aýdana ynanylar, oňa amal eden bolsa hormatlanar. — Gürlän gürrüňinde dogry sözleýän kişiniň adamlaryň arasynda abraýy artar. — Aňsat gazanç edýän adamyň arzuw-hyýaly köpeler. — Jomartlyk diýip eliniň aýasyny doly açan adam, elindäki malynyň boşap, özüniň hiç zatsyz garyp galanyny bilmän galar. — Gysganman, malyny ýerlikli sarp edýän adam mydam öwüler, iliň hyzmatyny bitirýän adama bolsa özgeler hem hyzmat eder. — Jomartlyk bilen gysganman malyny sarp eden adam öwgä mynasyp bolar, emma abraýyny hiç kimden gysganman binamys bolsa onda ol adam özgeleriň ýanynda sylagdan gaçar. — Goňşusyna ýagşylyk edýän kişä olaryň söýgüsi artar, emma tamakin bolsa welin, ondan hemmesi gaçmak bilendir. — Ýardamyň iň ýagşysy ýadawlyk wagtynda edilenidir we dogruçyllygyň iň ýagşysy bolsa gahar-gazaply wagtyňda dogry sözlemekdir. — Iň ýagşy mal zerur ýerine sarp edilen maldyr, iň gowy iş bolsa edebi-ekramy bilen edilen işdir. — Malyň ýagşysy halallyk bilen toplanyp, zerur ýerinde adamlaryň hajaty üçin harçlanmakdyr, iň erbet mal bolsa haramlyk bilen toplanyp günä işlere sarp edilen maldyr. — Iň gowy zat garyndaşlaň bilen üznüksiz gatnaşmakdyr we iň ýagşy gylyk-häsiýet bolsa olar bilen daýanyşmakdyr. — Pespällik hormatyň bezegidir, söýgi hem mylakatlylygyň açarydyr. — Iň gowy ýagşylyk gyssanan adamynyň hajatyny bitirmeklikdir. — Bir wagtlar saňa edilen ýagşylygy ýatlap, oňa eden öz ýagşylyklaryňy unutmak we seniň oňa eden uly jenaýatyňy ýatlap, onuň eden kiçijek ýamanlygyny hem unutmak aňrybaş jomartlykdyr. — Algylaryňy unudyp, diňe bergileriňi ýa-da salmak we saňa edilen ýamanlyklary unudyp, olara eden ýamanlygyňy ýatlap bilmek adamkärçiligiň aňrybaşydyr. — Ar almaga güýjüň ýetip durka, ony bagyşlamak  we malsyz wagtyňda hem illere eliň açyk bolmagy we her bir adamyň hormatyny saklap, onuň gadyryny bilmek adamkärçiligiň aňrybaşydyr. Edebiň ýagşysy haramdan saklaýanydyr, ahlagyň ýagşysy bolsa seni adamkärçilige gönükdirýänidir. — Jomart adam soralsa begener, dilegçini görse, oňa hezzet-hormat eder, emma bahyl nadan özi ilden sorar, eger dilegçi göräýse-de, ondan ýüz öwrüp gaçmak bilendir. — Işleriň we isleg-arzuwlaryň iň ýagşysy adamlaryň alkyşyna sebäp bolýanydyr we işleriň hemem isleg-arzuwlaryň iň erbedi bolsa abraýyňy giderip erbetlik bilen ýatlanmagyňa sebäp bolýanydyr. Eliňden hiç zat gelmeýänligi we daýanmaga adamsy bolmanlygy üçin illere islär-islemez mähribançylyk edýän kişä rehimli adam onuň şerinden gutarmaklyk üçin berýän adama-da jomart diýilmez we garşylygyna bir zat isläp ýa-da onuň şerinden gutulmaklyk üçin berýän adama-da jomart diýilmez we ýardamçy bolman ýa-da gaçara ýer tapman çykgynsyz ýagdaýa düşüp, urşan adama-da batyr diýilmez,  diliniň peltekligi ýa-da ýerlikli gürläp bilmeýänligi sebäpli dymyp ýören adama hem köp gürlemeýän akylly adam diýilmez, bedeniniň gowşaklygy ýa-da garşydaşynyň güýçliliginden gorkup zulum etmeýän kişäde adyl kişi diýilmez we bergisini geçendigi ýa-da bir zatlar tamakin bolup dostlaşana hem dost diýilmez. — Biderek   ýere dostuň göwnüne degmeklik onuň duşmanlaryna ýardam etmekligiň we hakyky dostlugy islemedigiňdir. — Jomartlyk duşmanyňy hem dost eder, bahyllyk bolsa seni çagalaryňa hem erbet görkezer. — Ýagşylygy unutmak bişükürlige getirer, şonuň üçin özüňe ýagşylyk edeni unutma. — Kimde kim ýagşylyga ýamanlyk etse, öňküje ýagşylykdan hem kesiler we kimde kim yslama bek ýapyşsa, köp nygmatlar oňa nesip eder. — Näz-nygmaty inkär edýän adam her hili ýagşylyklardan uzakdadyr. Eliňden gelýän ýagşylygy etmezlikden beter erbetlik ýokdur. Eger günä etseň, ötünç sora, eger saňa ýamanlyk etseler, olary bagyşla, ötünç soramak akyllylygyň, bagyşlamak bolsa hormatyň hem paýhasyň alamatydyr. Eli açyklyk, jomartlyk hormatlylygyň alamatydyr, ýagşylygy unutmak, ony inkär etmek bolsa bihepbeligiň we nadanlygyň alamatydyr. — Ýagşy niýet iň gowy ýagşylyk hem gözel pikirdir. — Kim ýagşy niýeti bilen hyýalynda bag ekse-de, miwesini görer. — Hakyky dindar adamyň abraýy artar. Näme üçin diýlende din ony haramdan gaçmaklyga we gowy ahlaklylyga gönükdirýändir.  — Şer işleri gözlemekligi terk etmek günäden daşlaşmanyň iň gowy görnüşidir. — Adyl bolmaklyk akyllylygyň alamatydyr, akylly bolmaklyk bolsa parasatly hemem dogry pikirliligiň alamatydyr. Eger jomartdan bir zatlar isleseňem, hajatyňdan artyk isleme, eger duşmanyňdan üstün çyksaňam, bagyşlamany oňar, eger baýasaň hem, şükür etmäni unutma. — Şerigat ählini hormatlamak şerigatdandyr we senet ählini sylamak bolsa ýagşylaryň adatydyr. — Gowy geçmişi, adamkärçiligi bolan, akylyna göz ýetirip duran, il içinde hormatlanýan adamyňdan uzaklaşmagyn. — Köp gowy häsiýetleriň ýanynda görünmän duran kiçijek aýby ýa-da bolmasa sähelçe günäsi bolany üçin ol adamdan daşlaşmagynyň. Ýogsam, hiç aýypsyz ýa-da bolmasa günäsiz dosty tapmaklyk saňa başartmaz. — Öz nebsiň erbet taraplaryna seredip, ondan ybrat al we onuň haý-höwäslerine eýerme. — Saňa ýamanlyk edeniň hem başardygyňça hormatyny sakla we edepli-ahlakly adamlary özüňe dost tut. Çünki, adamlaryň hormatyny saklap bilmek gowy ahlaklylygyň alamatydyr we ýagşy adamlary özüňe dost tutunmagyň bolsa, seniň il içinde hormatlanýandygyň alamatydyr. — Asly-nesebi, edep-ekramy gowy bolsa, malsyz garyp güni sen ondan ýüz öwürmegiň tersine, onuň bilen gatnaşygyňy mäkämleşdirginiň, çünki dünúe maly eliňden gidişi ýaly gelibem durandyr, ýöne edepli-ahlakly dosty tapmak weli, her kişä nesip etmez. — Ýagşylyk etseň, sogap orarsyň. Kim adamlar bilen aç-açan öýke-kinesiz gatnaşykda bolsa, onda ol kişi adamlaryň şükürine mynasyp bolar. — Adamkärçiligiň esasy şertleri haramdan gaçmaklyk, adamlar bilen mylakatly gatnaşykda bolmak, adyl höküm etmeklik, zulum etmezlik, tamakin bolmazlyk, ynsanlardan diliňi saklamaklyk, dünúe malyňy abraýyňdan öňe geçirmezlik  we saňa günä hem käýinç bilen gutarjak zady etmezlikdir. — Çalt ar almaklyk we eliňden gelýän kömegi etmezlik jomartlygyň alamaty däldir. — Bir adamyň säwlik bilen goýberen ýalňyşy üçin ony bagyşlaman saklap ýörme. Tersine özüňden peslere rehim etseň, özüňden beýikler hem saňa rehim ederler. — Bir kişiniň saňa säwlik bilen bilmän eden ýalňyşlyklaryny seniň Allatagala bilip eden ýalňyşlygyňa deňäp gör, şonuň ýaly hem ol adamynyň seniň rehmediňe mätäçligini seniň Allatagalanyň nygmatyna mätäçligiňe deňäp gör. — Ýagşy pursatlaryňy ganymat bil, dostlaryň abraýyny, hormatyny sakla. Ýagşy pursatlaryny ahmal edip, elden beren kişi nygmaty elden berdigidir. Dost-ýarlarynyň sylag-hormatyny saklamadyk kişi biabraýlygyň hataryndan saýylar.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir